17:13
Ýaramaz şahyrlar

ÝARAMAZ ŞAHYRLAR

Ýaramaz şahyrlar,
ýalan şahyrlar,
Goşgularňyz näme beýle ýaramaz?
Sizi beýle palak edip,
Pak edip,
Ýaradyp bildikä nädip Ýaradan?

Okap-da bolmaýan şygyrjyk ýazyp,
(Haýran men) siz onam ýatdan bilýäňiz.
Hudaý talant bermänmiş-dä, Jähennem,
Bolaýmaly dälmi näme kelläňiz?

Wyždanyňyz bolaýmaly dälmi nä,
Bolaýmaly dälmi haýadyr şerim.
Ýok, barybir şahyr bolup bilmersiz,
Gyrp-çyrp edip, çilip kişiň eserin.

Goşgy okaýaňyz çykyp münbere,
Zowladýaňyz, goly kelemenledip.
Akyllylar kesäňizden utanýar,
Ýere girsem diýýär akly kemlerem.

Goşgy çyrşap ýatyrsyňyz her ýanda,
Suwap ýatyrsyňyz gazet-žurnaly.
Gürleseňiz, temegiňiz asmanda,
Ýazýan ýaly „Injil“ bile „Gurhany“.

Gazetde çykdygy bir gowy şygyr,
On görnüşin ýazýarsyňyz gaýtadan.
Siz şygyr mülküne salyp talaňy,
Oljalap,
ýol urup ýören galtaman!

Hiç bolmanda Pyragydan utanyň,
Utanyň siz Gurbannazar, Halyldan.
Nije ýyllap goşgy çyrşap ýörsüňiz,
Ýöne aýdyň, şahyr çykdy haýsyňdan?

Dünýä sygman, şahyr adyn göterip,
Ogurlaň!
At üçin zatdan gaýtmaň siz!
Siz şahyrmy?
Şahyrsumak, musallat?
Il-gün ony bilmeýändir öýtmäň siz!

Nobatguly REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Atayew | Теги: Nobatguly Reiebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Gökböri   [Материал]
Saytda goysañyz hasam gowy bolardy. Bizem okalyñ agam. "Dûnye haçan namart boldy" baram eken welin, yzyny goymandyrlar.

1
1 Şirhan   [Материал]
Nobatguly Rejepowyň, "Guduz", "Dünýe haçan namart boldy" ýaly powestleri, Magtymguly Pyragy hakynda-da bir romany bolmalydy. Şulary ýalňyşmaýan bolsam, ertir.com-da, Kakamyrat aga siz paýlaşypdyňyz. Bärde şolary ýetirseňiz ýa-da kyn görmän shirhanallaberdiyew@gmail.com salga uratsaňyz sizden juda minnetdar bolardym.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: