02:16
Soltan Mälikşa
TARYHY ŞAHSYÝETLER - 18

SOLTAN MÄLIKŞA

Türkmen we dünýä taryhynyñ şanly sahypalaryny ýazan Beýik Seljukly-türkmen imperiýasyndan söz açýan täze "Oýanyş. Beýik Seljukly" teleserialy başlady. Dek ýañy köpüñiz onuñ birinji bölümine tomaşa eden bolsañyz gerek. Tomaşa edeniñizde ruhuña belent ruh goşýan, şan-şöhratly aslymyza, ata-babalarymyza buýsanç duýgusyny döredýän bu saldamly epiki serial heniz başlamanka adyndan söz etdirmegi başardy, gelejekde hem ekşn epizodlardan doly dartgynly sahnalary we ýokary hilli effekti bilen birentek teletomaşaçyny jadylajaga meñzeýär.
Munuñ bilen baglanyşyklykda belli taryhy şahsyýetlerimiz barada hem internetiñ gözleg düwmesine basyp, türkmen dilinde maglumat gözlejekleriñ artjakdygyny çaklaýarys.
Şonuñ üçin hem türkmen metbugatynda we www.kitapcy.com saýtynyñ sahypalarynda seljuklar barada ýeterlik maglumatlaryñ öñem berlendigine garamazdan, ýönekeý okyjylara okamaga amatly bolar ýaly gysga we ýeñilje maglumatlary paýlaşmagy makul bilýäris.
Başyny serialyñ baş keşpleriniñ biri bolan Soltan Mälikşadan başlalyñ.


Ussat aktýor Bugra Gülsoýyñ janlandyran Soltan Mälikşa kim bolupdyr? Mälikşanyñ taryhdaky orny we ähmiýeti...
Beýik Seljukly-türkmen döwletiniñ hökümdarlaryndan Soltan Mälikşa (Mälikşa I) 1072-nji ýylda soltan tagtyna çykandan soñ kakasynyñ döwründe baş wezirlige bellenen Nyzamylmülki öñki wezipesinde galdyrdy. Seljyklylar iñ parlak döwrüni Mälikşanyñ döwründe başdan geçirdi.

SOLTAN MÄLIKŞA KIM BOLUPDYR?

Mälikşa ýada doly ady we ünwanlary bilen bile Ebulfeth Jelalüddöwle wed-din Muizzüd-dünýä wed-din Kasym emirül-möminin Mälikşa ibn Alp-Arslan. Beýik Seljukly-türkmen döwletiniñ hökümdary Soltan Mälikşa 1055-nji ýylyñ 16-njy awgustynda dünýä inip, 1092-nji ýylyñ 19-njy noýabrynda aradan çykypdyr.
Onuñ hökümdarlyk döwründe (1072-1092) Beýik Seljukly imperiýasy öz çäkleriniñ birnäçe esse ulaltdy. Araçäk häzirki Türkiýäniñ ýerleşen ýeri bolan Anadoly ýarymadasyndan Omana çenli, Kawkaz ýurtlaryndan Hindistana çenli (10.000.000 km2) uzady. Mälikşadan soñ seljukly-türkmenler öñki güýç-kuwwatynda bolup bilmediler. Şol döwrüñ iñ meşhur şahslarynyñ arasynda dehistanly Omar Haýýam we Nyzamylmülk ýaly beýik akyldarlar bar.

MÄLIKŞA SOLTAN BOLMANKA

Mälikşa 1055-nji ýylyñ 16-njy awgustynda, ýekşenbe güni dünýä inipdir. Onuñ çagalygy häzirki Eýranyñ çäklerinde galan Yspyhanda we onuñ töwereklerinde geçipdir. Ýokary ukyp-başarnygy we gaýduwsyzlygy bilen kakasy Alp-Arslanyñ ünsüni çekipdir. Mälikşaby uzyn boýly, az-owlak garynlagrak we akýagyz keşpde sypatlandyrypdyrlar.
Mälikşa kakasy bilen bile kiçi ýaşlarda Gürjüstan ýörişine gatnaşypdyr. Şol ýyl garahanly türkmenlerimiziñ hanynyñ gyzy Türkan hatyna öýlenipdir. Alp-Arslan 1066-njy ýylda Mälikşany tagtyñ mirasdüşeri diýip yglan edýär we oña "ykta" (ýa-da "timar") hökmünde Yspyhan şäherini beripdir.
1071-nji ýylda kakasy Alp-Arslan bilen Siriýa ýörişe çykýar. Kakasy Wizantiýanyñ imperatory Roman Diogeniñ Anadoly ýarymadasyndan bäri öñe süýşmesiniñ öñüne böwet basmak üçin demirgazyga tarap ýönelýär (we Malazgirt söweşini edýär). Mälikşa şonda häzirki Siriýanyñ çäklerinde galan Halapda galýar. 1072-nji ýylda kakasy ýene garahanly gardaşlarymyzyñ üstüne ýöriş edende, onuñ ýanynda ýörişe gatnaşypdyr. Alp-Arslan Amyderýanyñ boýunda ýerleşen Berzem galasyny eýelände galanyñ serkerdesi Ýusup Horezmi tarapyndan agyr ýaralanyp, aradan çykýar.
Mälikşa seljukly-türkmen goşunynyñ başyna geçýär we soltanlygyny yglan edýär. Çagry beg Türkmeniñ ogly we agasy Gurt beg Mälikşanyñ soltan tagtyna çykmagyna nägileliginu bildirýär. Mälikşa Nyzamylmülki hem ýanyna alyp, Eýranyñ jümmüşine ýönelýär. Ol Gurt begiñ goşuny bilen 1073-nji ýylyñ 17-nji aprelinde Karaç sebitlerinde (häzir Eýranda bu ýere “Erak” diýilýär) “Karaç söweşine” girýär. Çaknyşykda Mälikşanyñ goşunyndaky türkmenler Gurt begiñ tarapyna geçýär. Muñ garamazdan Mälikşa we onuñ goşuny üstün çykýar. Gurt beg ölüm jezasyna höküm edilýär we onuñ iki oglunyñ gözüne mil çekilip, kör edilýär. Şeýlelikde seljukly-türkmen ýurdundaky emirler Mälikşanynyñ soltanlygyny gürrüñsiz kabul etmeli bolýar. 1074-nji ýylda Bagdatda täze abbasy halyfy hem Mälikşanyñ soltanlygyny resmi taýdan ykrar edýär.

SOLTAN MÄLIKŞANYÑ DÖWRI/b] (1072-1092)

Soltanlygynyñ ilkinji ýyllarynda Alp-Arslanyñ döwründe-de iki gezek gozgalañ turzan we bagyşlanan agasy Gurt beg gaýtadan gozgalañ turuzýar. Gozgalañ basylyp ýatyrylyp, Gurt beg ýaýyñ kirşi bilen boglup öldürilýär.
Garahanlylaryñ ýurduna ýöriş eden Mälikşa Samarkanda çenli aralygt eýeleýär. Iki nesilşalygyñ arasynda garyndaşlyk-gudaçylyk gatnaşygy gurulýar. Gaznaly türkmenler garahanlylar bilen birmeñzeş takdyry paýlaşýarlar we Mälikşanyñ häkimiýetini kabul etmäge mejbur bolýar.
Mälikşa Gutulmyş begiñ ogly Süleýmanşany we onuñ tabynlygyndaky türkmenleri Anadola ugradyp, ony Anadola emir edip belleýär. Gutulmyş ogly Süleýmanşa gysga wagtyñ dowamynda Anadolyny eýeleýär. Izmiti paýtagt edip (1077) Anadoly Seljukly-türkmen döwletiniñ düýbüni tutdy.
Mälikşanyñ döwründe seljukly-türkmen imperiýasy ýetip biljek iñ soñky çäklerine ýetdi. Gündogarda Syrderýadan we Tañry daglaryndan (Týan-Şan), günbatarda Ortaýer deñzinden Bosfora, demirgazykda Kawkaz daglaryndan gündogarda Hind ummanyna çenli ýetildi. Mälikşanyñ döwrüniñ iñ esasy içerki meseleleriniñ birisi-de Hasan Sabbahyñ ýolbaşçylyk edýän batyny hereketidir. Hasan Sabbah Alamut galasynda guran toslama "jenneti" bilen bir tarykat gurýar, ol tarykatyna giren pidaýylary bilen birnäçe türkmen we musulman ýolbaşçylara garşy kast edilşikleri gurnaýar. Soltanlygynyñ soñky ýyllarynda batynylar bilen ymykly gidişen Soltan Mälikşa otuz sekiz ýaşynda zäherlenip aradan çykýar (1092).

■ [b]BEÝIK SELJUKLY-TÜRKMEN IMPERIÝASYNYN DARGAMAGY


Soltan Mälikşanyñ ölüminden kän wagt geçmänkä wezir Nyzamylmülkem batynylar tarapyndan öldürilýär. Daşky görnüşinden Yrakdaky we Horasandaky seljukly soltanlaryna garaşly ýaly bolup görnen Kerman seljuklylaryna, Siriýa seljuklylaryna we Anadoly seljuklylaryna bölünip, imperiýa böleklenýär. Mälikşanyñ ýerine onuñ bäş ýaşly ogly Mahmyt tagta çykarlanam bolsa, Berkýaryk muny kabul etmeýär.
Berkýarygam uzak ýaşaman 1104-nji ýylda bakyýete göç edýär. Onuñ ýerine dogany Muhammet Tapar (1105-1118) Yspyhanda tagta çykýar. Tapardan soñ seljukly-türkmen döwletiniñ iñ soñky beýik hökümdary Soltan Sanjar (1118-1157) tagta çykýar. Sanjar soltan gurly türkmenleri, garahanly türkmenleri we horezmşalary gaýtadan özüne tabyn edýär. Halyfyñ syýasy güýji ele alma synanyşyklarynyñ soñuna gaýtadan nokat goýýar. Oña diñe dini ygtyýarlyklary galdyrýar. Şeýle-de bolsa, Soltan Sanjar 1141-nji ýylda Katwanda garahytaýlylara ýeñilýär. Bu masgaraçylykly ýeñliş Soltan Sanjaryñ ykbalynda öwrülişik sepgidi bolýar we ol şondan soñ özüni dürsäp bilmeýär. 1153-nji ýylda gozgalañ turzan çarwa oguz-türkmenlere ýesir düşýär. Üç ýyla çeken ýesirlikden soñ halas edilen Soltan Sanjar 1157-nji ýylda ýetmiş iki ýaşynda aradan çykýar.

@ Kitapçylar.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 88 | Добавил: Gökböri | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Bizden gaytmasa-da, okyjylardan gaytsyn smile

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Gayrat et Guwanç, özüñ alyp çyk. Indi öñki yaly eliboşluk ýok, makala tayyarlamaga elim degenok.

0
2 Gökböri   [Материал]

0
1 Gökböri   [Материал]
Taryhy şahslaryñ dowam etmegi maña ynanandygyñyz ûçin minnetdarlygymy bildiryärin smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: