16:50
Goşgular

GOŞGULAR

Öljegime ynamym ýok. Ýene-de ýagmaly diňen.
Gün ýaşandan garaşýaryn täzeden atmaly daňa.
Dogry, maňa duş gelenok “O dünýäden geldim” diýen,
Ýöne “Gelmedim” diýenem heniz-ä duşanok maňa.

Bilip ýa-da bilmän maňa eden bolsaňyz hyýanat,
Gorkmaň, heniz diri wagtym günäňizi geçirerin.
Diýselerem: “Daň atanda hökman gopmaly kyýamat”,
Pul iýip durmasyn diýip, çyralary öçürerin.

***

Hudaýym, bagyşla, parhlylyk et-de!
Men ýaşap bir bilermikäm Jennetde.

Kaýyl bolarmykam almasam jeza?
Oňup bilermikäm çekmesem jepa?

Öz ýalan şatlygym, özgäniň derdi
Maňa ýaşamaga bahana berdi.

Başda girip gam-gussanyň goýnuna
Goşulmadym ýalançynyň oýnuna.

Geň ýeri özümi duýamok erbet,
Ahmyryma ýanap, içýärin şerbet.

Günlerimi sanap manysyz öten,
Kalbymy päkleýän boş şowhun örten.

Göwnüm güman içre, mesgenim çetde,
Men ýaşap bir bilermikäm Jennetde?!

***

Bu mahal ähli zat görünýär maýda
Maýda gülki, şatlyk, adam ykbaly.
Göwnüňe bolmasa, gögem golaýda,
Ýyldyzlaram ýere damaýjak ýaly.

Içeri girýärin, üýtgäpdir jaýym,
Kalbym aýdym aýdýar hem tutýar ýasy.
Bu mahal bir şahyr berendir janyn,
Ýa dünýä inendir jahanyň şasy...

***

Halyň neneň, rahat ýatyrmyň, enem,
Geldim gutlamaga täze jaýyňy.
Arkaýyn bol, seniň günäli ogluň
Sargaýşyň deý iýýär nandyr çaýyny.

Ene, ölmüň manysyna düşene
Dünýeden gitmekde hesretem ýokdur.
Iň soňky ýol – özge azapsyz ömre
Hem özge şatlyga äkidýän ýoldur.

Ene, mundan başga näme diýeýin,
Derkarmy nä gözleriňi ýaşlamak.
Bu täze dünýäňde,
Täze jaýyňda
Saňa nesip etsin baky ýaşamak.

***

Biserhet älemiň jany däldir janymdan aýry.
Şatlygymam, hasratymam bozar älemiň ýüzün.
Bitakat ýüregim bolar ne bäri, ne-de aňry:
Ne kenara gyssanar, ne lezzet alar ýüzüp.

Hantama däl dostdan vepa, duşmandan ýamanlyga.
Sebäbi, soragymyň jogaby başga zatda.
Sebäbi, maýda hasaby salaýsaňam ýanlyga
Ne çalyndan içiň sowar, ne gönenersiň ýagdan.

Men azajyk akylly özgä ýol gorkezerden.
Men azajyk pähimsiz terk ederden şa ýoly.
Ýagşylar, ýamanlar bilen suw içýän bir güzerden.
Bir görseňä ýagşy men, bir görseň ýaman ýaly.

Adamlardan daşda bolsam, bolardym men perişde,
Ýyldyzlardan daşda bolsam, hokman bolardym zalym.
Bilýärin aýan bolmaz kimligim irde-giçde:
Gara duman içinde sessiz bugarar salym.

Özgäniň bagtyny görüp, höweslärin bagtymy.
Özgäniň hasratyn görüp , hasrata ýar bolaryn.
Kä şatlygym göge sygmaz, kä gan öýer bagrymy.
Ilimde ganat baglaryn, ilimde har bolaryn.

Asly owadan kebelek saklamaga janyny
Haşal otuň reňkine boýap gezer ganatyn.
Ýöne men gaýtalanmaz ýüregimi, aňymy
Duşmandan gizlemerin ejiz düşen halatym.

Meniň ýazgymy okap, şa unutsa şadygyn,
Gul öz guldugyny bilse, zerre armanym bolmaz.
Uly ili güldürmäge ýetmez meniň şatlygym,
Ýöne ajy hasratymam özgä agramyn salmaz.

***

Otyryn agaç tapçanda,
Üstümde asman gümmezi.
Käsämdäki ajy çaýda
Içýän ýarym Aýy ezip.

Agşam çagy ýurdum günden
Ýaňy öwürdi ýüzüni.
Haýran edýär günbe-günden
Ýagty jahanyň düzgüni.

Muňa näme diýjek ýeri,
Iýseň, iý-de otur gamy.
Ajy – haýryň miweleri,
Süýji – günäniň tagamy.

Daglaryn, düzün gezmeli,
Bir gün unutmaklyk üçin.
Örän geň – muňa gelmeli
Yzyňa gitmeklik üçin.

Käte kelle döwýäris biz,
Günä näme, näme sogap?
Bar kişiniň soragy bir,
Ýöne her kimde bir jogap.

Köňlüm, şatlanaly biraz,
Muňa gelme ýok täzeden.
...Eräp gidipdir ýarym Aý
Buz bolan çaýly käsede.

GELIN

Miweler ýygnalyp,
Hasyl sowulyp,
Daragtlar gollaryn gerende gyşa,
Deň-duşunyň arasyndan sogrulyp,
Oba gyzy çykyp gitdi durmuşa.

Ol gyz şonda edep üçin aglady,
Gözýaşlary patrak kimin seçildi.
Gyzlyk bilen gelinligiň arasy
Sanaýmaly minutlarda geçildi.

Ynjalanok giň otagda aýlanyp,
Gyzlygyna uçup gidýär hyýaly.
...Otyr gelin durşy bilen şaý bolup
Tokaýy küýseýän arça mysaly.

***

Geçmişimi durmaýaryn ýazgaryp,
Çünki seniň nazaryňdan ýandym men.
Öz kalbyma ýazanymy az görüp,
Bir çynara seň adyňy ýazdym men.

Ondan bäri köp ýyl ötüp gidipdir,
Bezäpdir daragtlar ençeme ýazy.
Seň adyň çynardan ýitip gidipdir,
Galypdyr kalbymda çakgyň yzasy.

GELNIME

Bolar, gülüm, bar zat gülala-güllük,
Bir ömre ýeterlik bolar bagtymyz.
Men aýlykly ýerde ederin gulluk,
Dynç almaga ýeterlik bor wagtymyz.

Bäş otagly jaý bererler merkezde,
Özem ol jaý bolar bazara ýakyn.
Uly ýelpewaçlar işlär her ýerde,
Yssyda ýaşamak bolmaz ýaly kyn.

Gulagmy gorjalap, goýup ezýetde,
Kitap çykartmaga ederler mejbur.
Bu zatlaryň daşyndanam, elbetde,
Halkyň arasynda bolaryn meşhur.

Bir günem ýatyrkam öýüň töründe
Dünýäniň gowgasy başymdan sowlar.
Soňam çäge ýerde gazlan görümde
Maňa azar bermez ýerasty suwlar.

 

Orazgylyç ÇARY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Atayew | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: