17:12
Ýaz-ha, ýaz

ÝAZ-HA, ÝAZ

Oňat döwür boldy, indi goşgyny
depder-depder edip, çem gelen ýazýar.
Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy,
Zehinden binesip çöňňeler ýazýar.

Her ýyl yglan edilende bäsleşik,
Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip,
Utanç-haýaň serhetinden ätleşip,
Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar.

Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň,
Bulanan beýniler durlanar belkem,
Dälihana girip çykandyr görseň,
Aklyndan azaşan telbeler ýazýar.

Gowy goşgam çap edilýär çendanlar,
Hiç kim oňa baha bermez, geň galmaz.
Çemeçiller, söwdagärler, dellallar,
Bir söz bilen aýtsak, hemmeler ýazýar.

Eger çynyň bilen joşmasa göwnüň,
Waspyn edip bormy bagtyýar döwrüň,
Sakgalyn-sarmygyn galama öwrüp,
Garrap, sandan galan töňňeler ýazýar.

Meger alyp gaçýan borly hyýallar,
Öňler keşde çekip, gaýma gaýanlar,
Ýüz ýyl owal ärden galan aýallar,
Hem kazy-kelanlar – selleler ýazýar.

Şygyr döretmek kyn örtenmän, ýanman,
Dogry sözüň aýtman, öz syryň ýaýman,
Şahyr dostum, neçüýn otyrsyň ýazman,
Gör-ä, bu gün senden öňňeler ýazýar.

Atamyrat ATABAÝEW

Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Atayew | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 30
0
29 Dunyagozel   [Материал]
Hää.. düşündim uýam smile
aý borda flower

0
30 Nurdan   [Материал]
Ýöne Atamyrat aganyñ bu goşgysyna başga tarapdan seretseñ öñ ýazmasalaram ýörüte baýrak aljak bolup ýazyp ýöränleem bar bora çemeli, şolara niýetlenilen ýaly..aý onda-da kerpiçli ýeri birhili öz-a

0
27 Dunyagozel   [Материал]
Bolonoga nädip ýazsamam

0
28 Nurdan   [Материал]
Jigimjan, browseriñi obnowit edip göräýmeseñ, mende chromedan girsem şeýle ýazyp bilýan beýleki browserlerden otwet ýazyp bilemok menem console clover heart flower

0
24 Dunyagozel   [Материал]
Nädip soňky teswiri aşakdan ýazýaňyz? wacko Menä edip bilenok sad

0
26 Bagabat   [Материал]
Şeýdip ýazaý!

0
22 Hаwеrаn   [Материал]
Dullykdan ýaña name etjegini bilman yazyanlar bolup biler-a biggrin

0
25 Bagabat   [Материал]
Munuň ýaly ýagdaýda köne ýaşulular-a: "Turşusy depesine urup, agaja dyrmaşýan" diýerdiler. Ýöne, "şory depesine urup" goşga başlanylýandygy hakyndaky gipotezanyňam içinde jany ýok dä bolsa gerek.

0
21 Bagabat   [Материал]
"Ýüz ýyl owal ärden galan aýallar"...
Şu setirem birhili...
Ärden her hili galýan bar. Hasam 100 ýyl mundan ozal...
Elbetde ýaňsylanyp ýazylan setirdigi düşnükli, ýöne şonda-da... dry

0
23 Nurdan   [Материал]
DDD ýüz ýyl öñ galan bolsa, durmuşa çykanynda-da bolmanynda 20 ýaşlaryndyrlar, onsoñ ýanýoldaşy bilenema on onki ýyl ýaşan bolsalar onsoñ 130 150 ýaşlarynda dagy bolaýýar olaram DDD

0
12 Dunyagozel   [Материал]
Serdar agam, siziň halypaňyz kim?

0
14 Bagabat   [Материал]
Haýsy birini sanaýyn?!
Özümden öň ýaşap geçen-ä däl, häzir ýaşap ýören, diňe ýazyjy-şahyrlary däl, hemme adamlaram özüme halypa hasaplaýaryn. Sebäbi her bir özüme sataşan adamdan bir zat, käbirinden bolsa gaty köp zat öwrenip galýaryn. Onsoňam, ynsan öwrenmegi halaýan bolsa onuň halypasam köp bolýar. Adamyň iň ilkinji halypasy - Tebigat!
Onsoň - Durmuş!
Onsoň - Ata-enesi!
Soň - Doganlary, jigileri!
Soň - Goňşy-golamy!
Soň - dostlary, deň-duşlary!
Soň - Mugallymlary!
Soň - Gullukdaşlary hem-de serkerdeleri!
Soň - Kärdeş-işdeşleri!
Soň - Aýaly-çagalary!
Eger-de nesip edip, şol ýaşlara ýetse adam hatda agtyk-çowlugyndanam öwrenmäge zat tapýar...
Galyberse-de her bir adamyň halypasy - bütin Dünýä! Özüniň Geçmişi, Şu güni we Geljegi bilen!

0
15 Bagabat   [Материал]
Ýaňky sözüni mysal getirýän halypam bolsa, alym, hukuk ylymlarynyň kandidaty, ençeme okuw we ylmy kitaplaryň hem ylmy işleriň awtory, 30 ýyllap ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk eden, soňam ýokary döwlet wezipelerinde ak ýürekden zähmet çekip, häzirki wagt penisýa çykan, eýýäm 18 ýyla golaý wagt bäri mugallymym hem kärdeşim Taganmyrat aga (Taganmyrat Goçyýew).

0
17 Bagabat   [Материал]
Eger-de gyzyklanýan bolsaňyz, halypam Taganmyrat aganyň türkmen ylmyna goşan goşandy barada ine şu salgydaky makalada ýazypdym:
http://kitapcy.com/news/2018-12-25-4157

0
10 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, durmuşda käbir tebigy zehinli adamlar bolýar. Halypam aýtmyşlaýyn: "şahyrçylykdan çörek iýýän" professional şahyrçylardan müňlerçe esse zehinli hem güýçli setirleri döredýärler.

0
6 Gökböri   [Материал]
halkymyz şahyrana halk biggrin

0
5 Gurgencli   [Материал]
Oraz Ýagmyryň eserlerinem unutma Has eke. Seň özüňiňem "Gurt ogly Gurt: Oraz Ýagmyr" diýen makalaň bardy öýdýän.

1
4 Hаwеrаn   [Материал]
Tirkiş aganyñ eserlerinem nesip bolsa, "Köklerinden" başlap berip ugrarys. Munyñ ü.nem okyjylarymyzyñ adyndan we öz adymyzdan çäksiz minnetdarlygymyzy bildiryäris.

1
3 Hаwеrаn   [Материал]
Uly ýazyjy-şahyrlarymyzyñ eserleriniñ özüñizde baryny paýlaşaweriñ, Kakamyrat aga.

1
2 Hаwеrаn   [Материал]
Atamyrat aga b.n soñky gezek "Güneş" žurnalynyñ redaksiýasynda gürrüñdeş bolanymyzda, ýalñyşmasam 1991-nji ýyl diýipdi öýdýän, şular ýaly wawwaly temalarda ýazan goşgularynyñ "Maru-Şahu-Jahan" welaýat gazetinde çap bolandygyny, şo döwür biraz ýazylganlyk bolandygyny, indi beýle goşgulary ýazanyñ b.nem gazetlerde çykardyp bolmaýandygyny aýdypdy...
Şol goşgularyñ köpüsini okandyrysam, bilýändirisem welin, hemmesini toplap saýtda bermek netimiz bar... ýönr hiç eliboşluk döräberenok, mydam ýetişiksiz günde...

1
1 Hаwеrаn   [Материал]
"Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň,
Bulanan beýniler durlanar belkem..." biggrin

0
7 Bagabat   [Материал]
Äý, edil "töňňeleri", "çöňňeleri", "öňňeler-ä" biljek däl welin, ýöne "ýeňňeler"-dir "daýzalaryň"-a "goşgy ýazýaň" diýip "maňlaýny" kerpiçläberseň, birhili dogry gelmän durubermese! Atamyrat aga pahyram näme, gulagy göründen bendäniň, gaharlanyp ýazaýandyr-da. Asla, şü şahyr halkynyň gazabyny gyjyklan özüň bolma! Ýetmiş arka geljegiň abraýynyň öňüne saýawan tutaýýarlar... biggrin

1
8 Nurdan   [Материал]
@Bagabat aga, Atamyrat aganyñ gatam bir, beterem bir, ýammanam bir erbedem bir juda gahary gelen bolmaly. DDD )))

Diñe intelligent ýazmaly diýipdir-da ))

Türkmen halky şahyrana halk, muny Görogly şadessanyny, enelermiziñ hüwdilerini, eli çeper gyz gelinlerimiziñ iş edip otyrka döreden lälelerdir monjugatdylaryndan, gazallardan görmek bolýar.
Ýüwrük bilen çamany wagtyñ özi harpygyñ sowrulyp çäç galyşy ýaly eder-a. Çöññeler ýazmasa hakyky şahyry nädip tanardyk

1
9 Bagabat   [Материал]
@Nurdan, örän dogry. Edebiýat ylmynda: "Ikinji, üçünji derejeli ýazyjylar hökman gerek, çünki şolary okan okyjylar-a has gowy eserleriň gadryny bilýärler, şolary okan hakyky ýazyjylaram nähili ýazmaly däldigini öwrenýärler" diýen bir aksioma bar. Onsoňam, pelsepe ylmynda: "Hemme zada deňeşdirilip aň ýetirilýär" diýlişi ýaly, bu dünýäde haýsydyr bir zadyň gowulygyna ýa-da erbetligine göz ýetirmek üçin, ilki bilen şol seljerilýän zatdan has erbet ýa-da has gowy zady görmeli, düşünmeli.
Äý, onsoňam, kim nähili ýazanda-da ony ýazdyrmajak bolup elinden ýapyşyp ýa-da "maňlaýna kerpiçlejek" bolup ýatmaly dälmikä diýýärin. Goý ýazsyn! Nä, göwün edýändir-dä, oglan! Onnoňam "goşgy ýazýaň" diýip "maňlaý kerpiçläberseň" Jenaýat kodeksi diýibem-ä bir zat ba bolmaly, biziň bilşimizç-ä. -:)

1
11 Nurdan   [Материал]
Kellesine kerpiç bilen ursañ yzy hassahana barar,nätjekdi bir bendäniñ saglygyny bozup ýazdyrmajak bolup, jenaýat kodeksem özüne ýamanlyk etdigi bolar, ondan iñ amatlysy goşgysyny okap tankydy ýerlikli bersinler wessalam DDD :::)))

1
13 Nurdan   [Материал]
Ýazmak, nämedir bir zat döretjek bolmak adamyñ tebigatynda bar zat, ýöne zehiniñi açyp başarmakda iş bar.
Şu ýerde goşgudaky "Öñler keşde çekip gaýma gaýanlar" diýen setirinde gelin-gyzlaryñ zehini barada belläp geçmeli bolsa, ejem bize kiçilikden el işini öwrederdi, el nagyşlar, tahya tikmek, alaja örmek. Öz geýjekleriñizi özüñiz oñaryñ diýerdi. Halyny özbaşdak dokamagy 4-nji klas wagtym öýde kiçijik gurama ýasap, ýüwürdip beripdi, şonda dokan küýze gülli halyçajygym häzirem dur ejemlerde öýmüzde. Azyrak ulalyp başlanymyzda tomus kanikul wagtlary boýdaş gyzlar bolup uly haly ýüwürderdik. Tomus kanikulyñ her aýyna bir haly dokaýmaly ýalydyk. Şonda boýdaş gyzlaryñ eli çeperligi ýaly dilleri-de diýseñ çeperdi.Mugallymlarymyzyñ-a barynyñ adyna görä goşgy düzüp aýdym edibem aýdardyk, her hili gazallar düzerdik, olary üýşürseñ-ä ýene bir "Görogly" eposy emele gelmelidi.. meniñ-a bir "erbet" häsiýetimem bardy gije dokmadan düşübem kitap okardym ejemden ogrynçaja ( özümi öwüp göýbereýin-le şeýdip DDD )). Bu ýerde diýjek bolýanym men özüm barada däl-de, zehin hemmelerde bolýar,
zehinem öwrenip, ýazyp-ýazyp taplap durmasañ ýitip gidýan zat. "Ýazma" diýmäge hiç kimiñ haky ýokdur welin, halypa halky "çöññeleriñ" ýazanlaryna ýerlikli bellikler edip görmeli, düzelmejegini bilse öz ýoluna goýbermeli. Ondan añyrsy wagta bagly, Hakdan ýüregine guýulan zanny şahyr adamyñ zehinini ýyl geçdigiçe açylar, ykbalynda ýazmak bolan, adygmak bolan galamyny ýygşyryp, zehinini gömeniñ bilenem Gün ýaly lowurdar bir gün. Emma körzehini näçe "şahyr" etjek bolsañam bolasy ýok-la.

0
20 Bagabat   [Материал]
Ýazmaga hukuk bermek-bermezlik hakynda pikirden bolsa, hindi kasta bölünişiginiň ysy gelýän ýaly...Ýagny:
-Sen brahmanlaryň warnasyndanmy?
-Hä, onda ýazyber, saňa idin berlen.
-Sen şudralaryň warnasyndanmy?!
-Ýo, ýo, sen woobçe ýazma! Seniň ýaly hapa-hupa meşgul bolup ýörenleň, şondan başga zada baş galdyrmak ýazgydy owalybeletde maňlaýna ýazylmadyk ahyry! Eger-de şuňa razy bolmaýandan bolsaňam, me, al, onda meňleýňe ýarty kerabaç birle!
Malç! biggrin

0
16 Nurdan   [Материал]
"Dälihanadan çykandyr görseñ..
Telbeler ýazýar" diýýan ýerine bolsa Platonyñ "Ion" atly dialogynda: "....Hudaý tarapyndan ylhamlanyp, akyl-huşdan jyda düşüp, telbe halyna gelmedik adamlar hiç bir hili eser döretmäge degişli däldir. Şahyrlar öz goşgularyny, aýdymlaryny akyllarynyñ dury wagty döretmän, tersine akyllaryndan aýra düşen wagtlary döredýärler... Uzyn tirkeş demir halkajyklarynyñ hemmesiniñ magnitden güýç alyp oña bagly, oña tabyn boluşlary ýaly, şahyrlar hem özleriniñ ylham berijisine - Hudaýa baglydyrlar." diýip belläp geçipdir..

0
18 Bagabat   [Материал]
Aslynda, il-günde şahyr halkynyň öz serinde däldigi, ýarym dälilik we ýarym sersaglygyň arasynda leňňer atyp ýören, şonuň bilenem beýleki adamlardan tapawutlanýan telberäk bendelerdigi hakynda ynanjam bar ýaly. biggrin

0
19 Bagabat   [Материал]
Tipa: "Heýem bir öz aklyňa bolubam, goşgy düzüp bolarmy?" diýen ýaly... cool

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: