17:15
Heläkçilik / hekaýa

HELÄKÇILIK

Suw üçin imanyn ol ýüzi gara,
Şeýtan suwga any tebbha eýledi.


Magtymguly

Bizi Hudaý tutdy!
Daňdanlar, süýji ukuda ýatyrkam Azym aga meni oýaryp:
– Inijik, maşynyňy otla! – diýdi. – Saňa ýaman oňat kireý bar. “Ýelbozana” gidip, sürä mal goşup gaýdaly. Öten agşam Tagan bilen el uruşdym. Bir şapbatda ýatagyny boşadandyryn. Ýigrimi sekiz goýun. Näder, sygarmy maşyna? Sygsa, eňeli... Biamadyrak öz-ä welinim... Garrap, lagar düşeni ýok. Maly ýaş bolansoň, töwekgellik edip goýberdim. Hany, äw basymrak. Gyzgyna galmaly!
Ir bilen ýola düşüşimize ikindinara “Ýelbozanyň” oýundan indik. Agşam irgözin ýatyp, ertesi säher bilen yzymyza, oba gaýtdyk. Bir oňat ýöräbem gelýärdik, nä Hudaý uranyny bilemok, günortana golaý sessiz iňläp ýatan itgyranyň çölünde ulagymyz döwüldi duruberdi. Orta ýolda goýjagyny öňünden duýdurmazdan-zat etmezden, gopuz ýaly işläp barýan “GAZ-53” birki gezek siltendi-de, tapyr-tupur ýatdy. Kapoty galdyryp, motory şunça dörjeleşdirsemem, düzedip bilen zadym bolmady.
Hol beýleräge gidip, ýazylyp gelen Azym aga elini ýuwup durşuna:
– Näme diýýä? – diýip sorady.
– Diýýän zady ýok. Edil lal açan ýaly.
– Ýörejekdenmi özi?
– Näbileýin?
– Beh-h!.. O nä? Öňem şeýtmesi barmydy? – diýip, ol papagyny çykaryp, ýelim çüýşedäki suwy dik depesinden guýup goýberdi.
– Azym aga! Nädýäň-aý, walla! Beýtmesene! Orta ýolda maşynyň döwlenini görübem ölçegsiz suwuň bar ýaly depäňden akydyp dursuň – diýip gatyrgandym.
– Bor, inim, bor. Hiç darykma! Aljyrama! Çöpümiz tükenmedik bolsa, ölesimiz ýok. Maşyn ýöremände-de maşyny ýöreýän biri geçer-ä üstümizden. Garaşyp göreli.
Güne gowrulyp ýatan ymgyr çölüň jümmüşinde haýsydyr bir ötegçiniň gelerine garaşyp oturmak salgyma çapmak dälmi nä? Keseden kimdir biriniň ýoly üstüňden düşäýende-de onuň saňa delalatynyň ýetjegi alagümana. Ozal-a Hudaý işidir, ýöne ras maşynyň ýöremejegine gözüň ýetdimi, eglenme! Bu ýanar oduň içinde wagt ýitirmek – ajala gol bulamakdan gaýry hiç zat däl! Iň ýaman ýerem, ýanymyz bilen göteren suwumyz az.
– Azym aga, pyýada ýöresek, näçe wagtyrakda aşarys? – diýip, men çynym bilen soradym.
O bolsa ör-gökden gelip:
– Kelläň nirede? – diýdi. – Pyýada nirä gitjek? Maşyny gaty süreňde bir günlük ýol bi. Päheý!
– Onda nädeli?
– Bir agyz nan iýeli-de, garaşyp göreli. Seň maşynyňy tirkär ýaly traktor diýdi, maşyn diýdi, geçer-ä bir zat.
Maşynyň kölegesine keçe düşedik. Suwa ýanap, döwüm-dişlem çörek çeýnedik. Inçejik umydy ýassanyp, ymyzganypdyrys.

***

Derden ýaňa öl-myžžyk bolup oýansam, Gün ikindä ýazyp giden ekeni. Azym aga henizem ýatyr. Ýöne men ukudakam ol oýanyp, suwdan oňat ganypdyr. Häli ýatmankak dolabara bolup duran bir ýarym litrlik ýelim çüýşe häzir onuň başujunda boş ýatyrdy. Maşynyň kabinasynda iň soňky doly suwly ýelim çüýşe galdy. Ýöne munuň bu suw içişi bilen ojagaz çüýşe ertire galman boşap gutarjak. Nädibem bolsa, basymrak oba aşmaly. Iň bolmanda suwly ýere özümizi atmaly.
Azym agany turuzdym-da:
– Galanja suwumyzy alyp, ýöräli, agam! – diýdim. – Garaşybam gördük. Gelýän zat ýok. Yzymyzdan ulagly biri ýets-ä, bagtymyza, aslyşarys. Bolmasa-da, gyrmyldan gyr aşar diýlenini edibereris.
– Pö-öw-w! Pyýadamy? Bolmaz, bolmaz... Basyrganyp turupsyň öýdýän. Şu ýerden iň ýakyn oba çenli pyýadalap näçe günde baryp bolýanyny aýdaýynmy?.. – Azym aga sag eliniň iki barmagyny galdyryp görkezdi. – Azyndan iki gün! Durman, dynç alman gideňde...
– Goýsan-aý, Azym aga...
– Men goýdum onda, sen aýdaý.
– Aýtsam, ed-dil häzir ýöresek, giç galsak, ertir irdene barýas.
– Baraýjak ýalysyň. Göwnüňe şeýle ýalydyr. Emma... – diýip, ol maşynyň kabinasyndaky suwly çüýşä ýapyşdy.
– Jan agam, iň soňky çüýşe şü. Sen ýaňyja içdiň-ä suwy. Tutuş bir çüýşäni ýaňy boşatdyň-a. Men-ä günortandan bäri bir owurdam içemok. Ýogsa, agzym kepäp dur meňem – diýip janykdym.
– Inijigim, men senden iki esse köp suwsaýan. Süýji keselim bar – diýip, ol dik duran ýerinden gulkuldadyp iki owurt içdi. Çüýşäň gapagyny towlap ýapdy-da, meň öňüme oklady. – Gan ýaly gyzypdyr büý-ä. Ýöne sen dogry aýdýaň, bi jöwzada ýolda galsaň, iň zerur zat suw. Indi her gezek maňa iki owurtdan köp suw berme. Oňjak bolaryn.
– Azym aga, suwy bir owurtdan içemizde-de bujagazymyz ertire ýetmez. Gideli. Gitsek ýalňyşmarys.
– Wa-ahh! Inijigim, men çydamaýan. Hudaýlygymy sözläýin. Gowrulyp ýatan gumuň tümünde paý-pyýada nädip ýol aşaýyn? Ýarym sagat ýöräp-ýöremän, ýykylaryn-da, saňa ýük bolaryn, arkaňa hopba edip äkitmeli borsuň. Düşünýäňmi? Gowusy, sen alňasama. Sen menem aljyradýaň. Beýtme ahyryn. Bir alajy tapylar.
Maşyny otlajak bolup, Gün batýança şunça derlesemem, netije bolmady.
– Gaýtmankak eýlesine-beýlesine seretdiräýmeli ekeniň. Näme-de bolsa, uzak ýol... – diýip, Azym aga igenjek ýaly etdi.
Sesimi çykarmadym. Orta ýolda alaçsyz galandygymyz üçin özümi müýnli duýýardym.

***

Suwumyz gutardy. Bir-birimize käte bir gep oklap, ýyldyz sanap ýatyrys. Gulagyňy deşip gelýän ümsümlik.
– Ajalymyz ýetmedik bolsa, biri sebäp bolar – diýip, Azym aga arkan ýatan ýerinden gapdala öwrüldi.
– Hudaý bardyr, agam. Şuň şeýtjegini bilenligimde men ömür ýola çykjakmy? Gördüň-ä özüň, gül ýaly ýöräp gelýän zat, tapyrra ýatdy oturyberdi.
– Sen ynanýaňmy onsoň şo zatlara?
– Nähili zatlara?
– Hudaý bardyr diýýäň-dä...
– Weý, ynanmasaň bolmaz-a. Hawa, ynanýan – diýip geňirgendim. – Sen nä, ynanaňokmy? Hudaý ýokdur diýjek bolýaňmy?
Ol esli wagt dymyp ýatansoň:
– Bardyram öýdemok – diýdi. – Sen ynanýan bolsaň, aýt, Hudaý bizi nämüçin köseýär?
– Hudaý kösänog-a bizi.
– Onda kim? Eger bar bolsa, kösemänjik, oba aşar ýaly edip biler-ä. Sen Hudaýyň tarapyny tutma-da, ortalykda durup aýt.
Azym aganyň çaganyňky ýaly bu ýöntem gürrüňine gülkim geldi.
– Ýok bolsa, başga gep – diýip, ol dowam etdi. – Bar bolsa, nämüçin beýdýä? Ýa bizi görenokmy? Ýa görse-de, bizi öldürjek bolýamy?
– Aý, bilmedim men-ä – diýip, bu kyn sowaldan gaçdym.
– Öwmat molla aýdýa hol gün, başa her bela kynçylyk düşse-de, Alladandyr diýýä. Alla synap görýä diýýä. Bolýa, bar bolsa, synasyn. Ýöne kimi synamaly, nämüçin synamaly, parh etmelidir-ä. Bi süýji keselim bilen ot-yssyň içinde bir owurt gara suwa daňyp goýsa, men näme etmeli onsoň?
– Gaýrat edäýmesek, agam, başga näme diýeýin?!
– Ýo, sen ynanýan diýýäň-dä, şondan aýdýan. Ynanyber, ynanma diýjek däl. Ýöne men düşünemok... Janym ýanýa...
– Menem düşünemok, Azym aga...

***

Ertesi ir bilen Hudaýa ynanmaýan halyna Azym aga:
– Hany, Hudaýy çagyryp, bissimylla diý-de, bir barlap gör, belki, otlanaýady-da – diýip, maňa maslahat berdi.
Onuň beren maslahatyny hem içimden, hem daşymdan telim öwre gaýtalap, jan etsemem, maşyn otlanmady.
– Bilsem-bilmesem, şuň togunda bir kem bar. Men-ä, Azym aga, şuň tok ugruny ýeke-ýeke elden geçirjek – diýip, ýeňimi çermedim.
– Geçir, geçir... Başlamakaň Dawudyň ýoluna bir zat aýt. Herzeýilli demriň piridir.
– Aýtdym-la, wah, düýn aýtdym-a.
– Şeýlemi ýa? Ynanýan diýeňsoň, ýatladaýaýyn diýdim. Aýdan bolsaň, oňarypsyň.
Gün gyzýança, başym çyksa-çykmasa, maşynyň motoryny gyzyl dörjük etdim. Kemini tapmadym.
– Sen suwsaňokm-aý? – diýip, Azym aga guran dodagyny ýalady.
– Suwsaýan. Suwsamam nädeýin.
– Bir ýerden-ä suwuň alajyny etmesek bolmaýa. Haçan biri üstümizden gelerkä diýip otursak, hiç kimem gelmese... Gelmesin-ä geler-le. Ahyry geçer-ä biri...
Ol umyt bilen ýola garap durşuna:
– Heý şu töwerekde guş gördüňmi? – diýip, kellä gelmejek geň sowal berdi.
– Nähili guş?
– Tapawudy ýok. Ady guş bolsa bolýar. Guş görünýän bolsa, şu golaýda suw bardyr diýjek bolýan...
Şu golaýda suw bardygyna ynam etmeýänim üçin:
– Ýadyma düşenok. Görmedim öýdýän – diýdim.
– Hany, onda men şu töwerekleri ysyrganyp göreýin. Hiý, burawçy diýdi, ýene gör diýdi, gabat gelmezmi... Sen maşynyň ýanyndan aýrylma – diýip, Azym aga suwdan boşan ýelim çüýşeleriň ikisini eline alyp, gaýralygyna gitdi.
Diýse-de, menem uzak oturyp bilmedim. “Ileri tarapy barlap göreýin, belki, bir çopan goşunyň üstünden bararyn” diýen niýet bilen elime ýelim çüýşe aldym. Ugramankam çägäň ýüzüne Azym aganyň gözüne dürtüler ýaly, uly harplar bilen “Ilerik ýöredim. Derrew gelerin” diýip ýazdym. Iki goly aşyp, üçünjä ýetmän, yzyma boş gaýtdym. Gelsem, Azym aga entegem dolanmandyr. Çägä ýazan hatymy pozup, maşynyň kölegesinde gyşardym.

***

Gün dik depä çykyp, ot sowrup ugranda garşydaky alaňdan patanaklap, bir düýe aşak indi. Yzynda-da eli sözen çybykly Azym aga.
Begenjimden gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Didaryna zar bolan mähriban ejem telim ýyldan soň öňümden çykan ýaly, tas ylgap baryp, düýäniň boýnundan gujaklapdym. Gorsawa dönen çölüň jümmüşinde galsaň, düýeden ýakyn hossar boljakmy? Iki bolup artlaşyp münäge-de, tä öňümizden biri çykýança ýapbyl-ýapbyl ýöräbiýris. Iň bolmanda suwly ýere ýeteris-ä.
– Düýe soýup bilýäňmi? – diýip, Azym aga aňyrdan gelşine güňleç sesi bilen gygyrdy.
– Nämüçin soýmaly? – diýip, men geňirgendim. – Soýup dagy etmeris, Azym aga, artlaşyp müneris muny.
Birmeýdan diňirgenip duransoň ol:
– Şu düýe bilen ýol aşarys diýjek bolýaňmy? – diýdi. – Bir owurt suwuň ýokka, ot-yssyda düýe bilen şunça ýol geçerin öýdýäňmi?
– Hawa, geçeris. Näme geçmän?! Assa-ýuwaş gymyldabersek, ýol öner-ä. Ýöne bir duran ýerimizde hereketsiz dursak, ana, şo keçje.
– He-eý, inijigim, aňkaň aşypdyr seň. Öňüňde näçe kilemitir çöl ýatanyndan habaryň barmy? Sen muňa maşyn däldir öýtmediň-le. Düýe münüp gitdiň, pyýada gitdiň, tapawudy nä?
– Gyrmyldan gyr aşar...
– Akylly oglanmykaň öýdýädim-dä, düşündirip durun welin...
– Muny soýup nätjek, agam?
Bu soragyma Azym aga meni has-da geň galdyryp:
– Suwuny aljak – diýip jogap berdi. – Garnynda suw haltasy bar. Eşitmänmidiň?
– Eşidýädim öz-ä.
– Näçe litr çykar öýdýäň?
– Bilmedim-dä...
– Hany ýüpüňi al onda, owsarlaly ilki. Başyna goýberilen mal bi. Tagma basyp goýberýärler, ýylboýy gezip ýör. Tä eýesi gözläp tapýança...
Ýüp salyp, owsarladyk.
– Ynha, indi janawaryň gitjek ýeri ýok. Hähimizi alaly. Sen damagyny çalyp ber, galan işini özüm bir ýaňalak ederin – diýip, Azym aga meniň henize çenli edip görmedik işimi boýnuma atjak boldy. Iki elimi galdyryp, ör turdum.
– Ýo, ýo-o, Azym aga, eger-eger başarjak zadym däl. Men-ä şu ýaşyma towugam öldürip göremok. Gowusy, diýenimi etseň, soýmaly şuny. Sen münüp üstünde oturybilseň bolýa, men owsaryndan tutup, pyýadalap gidiberjek. Hä, şeýdäýeli, derrewem bararys. Gaýrat etsek... – diýip töwella etdim.
Azym aganyň girre gahary geldi.
– Bar pyçagyňy al! – diýip hökümli gepledi. – Sen suwsaýan dälsiň. Düýe münüp, ýol aşjakmyşyn-a! Tur hany, güýlmäge kömekleş.
Düýäniň öň aýaklaryny duşaklap, ýüp saldyk. Tapyrdadyp ýykdyk-da, dört aýagynam güýldük. Azym aga pyçagy bogazyna syhap, damagyny çaljak wagty janawar kysmatyna kaýyl gelmän, sypjak bolup dyzady, bagyrdy...
Ýarym sagada ýeter-ýetmez wagtda Azym aga düýäniň içgoşuny çykaryp taşlady. Emma, haýp! Onuň bar azaby biderek bolup çykdy. Düýäniň içinde porsy lödereden başga suw-da, suw halta-da ýok ekeni.
Azym aga gaharlanyp, kejigip esli oturdy. Düýäni öldüreni üçin onuň ýüzünde ökünç duýulmady.
– Ajykýan bolsaň-a, etinden kesip al-da, şara edin – diýip, ol maňa ýüzlendi.
– Ajyksagam hiç zat iýmäli, Azym aga. Iýsek, beter suwsadar – diýip, men ysgynsyz seslendim. Suwsuzlykdan eňkim gaçypdy. Gepläsim gelenokdy.

***

Gapdaldaky ýaýbaň depäniň üstüne tapan-tupan odunymy daşap üýşürdim.
– Näme etjek bolýaň? – diýip, Azym aga maşynyň kölegesinde ýatan ýerinden gygyryp sorady.
– Tüsse etjek.
– Onsoň?
– Onsoňy şol. Tüsse dik depä galyp, golaý-goltumda adam-gara bar bolsa, gözüne iler-ä. Hol eýleden-beýleden ötüp barýan tüssä sowulmagy mümkin. Awçy diýdi, sawçy diýdi... Ä?..
– Onyňdan tüsse bolmaz – diýip, Azym aga bar badymy aldy. – Ojagaz üýşüren odunyň bi yssyda derrew ýanyp kül bolar.
Başymy aşak salyp oturyberdim.
– Ýöne başga bir zat etseň, bolar – diýip, az salymdan ol gowy pikir tapdy. – Güpbiňi tütet. Şonyň ertire çenlem tüsselär, ýöne ýanyp gutarmaz. O odunlaryňy agşam ýak. Gije oduň ýalkymy gaty uzakdan görünýär.
Ýag siňip giden, içi pagtaly, köne güpbim bardy. Maşynyň aşagyna girip bejermeli bolanda astyma düşenýärdim. Kiçiräk ot ýakdym-da, güpbini üstüne okladym. Töwerege ýanan esginiň ajymtyk ysy ýaýrady. Insizje, çalymtyk tüsse dik ýokary galyp, göge garşy uzady.
Garaňky gatlyşýansoň, üýşüren odunymy otladym. Degre-daşyna ýalkym saçyp, şatyrdap, bir sagat dagyn ýandy. Kem-kemden peselibem, iň soňunda bir üýşmek köz galdy.
Ne tüssä, ne-de oda hiç kim gelmedi.

***

Agşam, ýassynlar bir ýerlerde şagal uwlady.
– Oh! Ana! Şagal uwlaýa. Eşitdiňmi senem? Şagal bar ýerinde suwam bardyr – diýip, kelläme gelen pikiri aýtdym.
Azym aga diňşirgenip biraz oturansoň:
– Şu uwlaýan şagal häzir nirededir öýdýäň? – diýip sorady.
– Ses-ä ýokary tarapdan gelýär – diýdim.
– Ýokary tarapdan gelse-de, bäri-bärde şagal görmersiň. Ýakynda ýaly bolup durandyr. Özi welin, bizden bir günlük ýoldadyr. Gije ses uzaga gidýä-dä.
– Şagal hälki düýäň etiniň ysyny alýan-a däldir-dä? – diýip, men bir haýukdan güman edýän zadymy ýaňzytdym.
– Ganyň ysyny uzakdan algyçdyr öz-ä. Şagal geläýende-de özümize erjeşip bilmez. Gorkýan bolsaň, damakganyň üstüne çäge süräý. Içgoşunam çukura duwla. Mend-ä ysgyn-deramat ýok – diýip, ol argyn jogap berdi.
Ysgyn-deramat mende-de ýok. Sähelçe gymyldy etseň, teşneligiňe urna. Şonda-da ynjalygym bolman, maşyndan pilçämi alyp düşdüm. Gowy tarapy, Azym aga düýäni oý ýerde soýupdy, gapdalynda ýapaşak eňňit bardy. Şoň üçin läşi çägä duwlamak gaty ýadatmady.
Azym aga elimdäki pilçäme seredip oturyşyna:
– Şu ýerden suw çykarjak bolsaň, näçe mitir gazmaly bor öýdýäň? – diýip sorady.
Bada-bat kelläme “Bi dikdüşdi adam şu ürgün çägelikde guýy gazaly diýäýse-de geň däl” diýen pikir geldi. Onsoň:
– Ýüz mitir dagy gazmaly bolar – diýip jogap berdim.

***

Gije wagty bilen gözüme uky gelmedi. “Häk, düýn şuny diňlemän, bir özüm ýöräbermelidim. Bu çaka allowarradan çykardym. Hälem bolsa, giç däl. Gideýin. Daň agardygy ýola düşeýin. Azym aga-da nätse, şeýtsin” diýip, aýgytly netijä geldim.
– Hydyr ata gelip suw berse... – diýip, birdenkä Azym aganyň gyryljakdan hümürdeýän sesi eşidildi. Men oňa uky arasyndaky samyrdamadyr öýtsem, asyl olam ýatyp bilmän ekeni. – Çölde galana kömek edýämiş diýip eşidýärdim.
– Hydyr ata bolup ýetişdiň diýýäler-ä. Ugrunda bolansoň diýilýändir. Hany, sen olar ýaly zada ynanamok diýýädiň-ä.
– Ynanamok. Ýöne edil häzir bir yşarat görkezse, men ynanjak.
– Görkezmese?
– Görkezmese, bolmaz-a. Bir yşarat bermese, nädip ynanmaly?
– Yşarat berse, ynanmajak barmy?
Biraz dymyp, oýurganyp ýatansoň, ol tutuk ses bilen:
– Agyr ýatan adam ölüm pillesi gelende nähili bolýanyny bilýäňmi? – diýip sorady.
– Bilemok – diýdim.
– Bilmeseň, ölmeziniň öň ýany erbet suwsaýarmyş. Şo wagt Şeýtan gelýä diýýä. Elinde buz ýaly suwly jürdek, suw hödür edýärmiş. Mugt däl. Şeýtandan mugt zat alarmyň? Men eşiden zadymy aýdýan. Öwmadyň gürrüňi. Hiç ýerini üýtgedemok... Onsoň Şeýtanyň şo gelmesi şu dünýäde şo adamy azdyrmak üçin iň soňky synanyşygy diýýä. Iň ahyrky söwdasy. Şo söwdadan soň Şeýtanlyk iş gutarýar. Ýöne şo gezekde weli Şeýtan elinden gelenini edýämiş-dä. Suw görkezip aýdýamyş, dünýä inip gazanan sogabyňy berseň, suwdan gandyraýyn diýýämiş. Düşünýäňmi?
“Düşünýän” diýen manyda baş atdym.
– Diýjek bolýanym, eddil häzir Şeýtan geläge-de, suwsuzlygymy gandyrsa, men o dünýä diýilýän zada ynanjak, Hudaýa-da ynanjak.
– Bolmasa, ynanjak dälmi? – diýip soradym.
– Gözüň bilen görmedik zadyňa nädip ynanjak? – diýip, ol meň özüme sorag berdi.
“Muň-a akyly çaşypdyr-ow halys. Näme gepleýänini özem bilenok” diýip pikir etdim. Jogap bermedim. Hiç gepläsim gelenokdy. Agzym gurap, dilim kentlewügime ýelmeşip durdy. Az salymdan Azym aganyň uka gidip, endigan dem alýan sesini eşitdim.
Töweregi gorkuly ümsümlik gaplap aldy.

***

Gije düýş görüpdirin. Eli jürdekli Hydyr ata geçip barýarmyka diýýän. Jürdeginde suw bardygy bes-belli. Şunça dilesemem, diýýämiňem diýenok. Bir seretsem, ol Hydyr ata däl-de, Azym aganyň gürrüň beren Şeýtanymyka diýýän. Özem, göwnüme bolmasa, Azym agany gözleýän ýaly, elindäki suwam şoňa beräýjek ýaly. Azym aga-da görnenok. Äý, bir garjaşyk düýş...

***

Gün dogar uçurlary meni Azym aga oýardy-da:
– Inijik, gelýän, geçýän zad-a ýok – diýdi. – Suwsuz heläk bolmajak bolsak, nädeli diýsene! Sen şü meň düýnki yzymy çal-da, gaýralygyna ýöre.
– Ýöre diýme, agam! Suwsuz ölýän men.
– Ölmersiň. Gaýrat et. Ýagdaýyň meňkiden ganymatdyr. – Ol ýaryk-ýaryk dodaklaryny ýalap, guraksy ýuwdundy. – Meň yzymy çalyp gidiber. Aňyrky uly alaňa çykyp, äňet. Taňrygargan bolmasak, nesibämizden ýene bir düýe çykar.
– Düýe? Äý, agam halys gutarypsyň-ow sen-ä. Düýe diýýäniňi düýnem gördük...
– Diňl-ä ahyryn sen. Tut-da, getir. Men öldüreli diýjek bolamok. Artlaşyp müneli-de, ölmäkäk bir ýere aşaly diýýän. Gatap galýas ýogsa, düşünýäňmi? – diýip, ol bu gezek başga perdeden gopdy.
“Wah, men düýn näçeler käkeledim saňa. Diňlemediň. Indi mugyra geldiňmi?” diýip üstüne gygyryberesim geldi. Ýöne geplemäge-de rowgatym ýokdy. Dilim çişip, agzyma-da zäk atylan ýaly ajap durdy.
Bir agyz:
– Bor – diýdim.
– Ýüpem alyp git ätiýaçdan. Owsarlap, mün-de gaýdyber. Ýöne boş bir geläýmegin.
Azym aganyň yzyny çalyp, ýola düşdüm. Mytdyldap barşyma, näçe wagt ýöränimi bilemok, ahyry salgy berlen uly alaňyň üstüne çykdym. Yzyma garasam, maşyn nokat ýalyjak bolup, çalaja göze ilýär. Oturyp demimi dürsedim-de, täzeräk düýe gumalagyny gözlemek üçin aşak indim. Aýak yzlaryndan çen tutup, Azym aganyň düýnki düýä şu oýda gabat gelendigini bildim.
Köýnegimi çykaryp, guran sazagyň üstüne atdym. Kölegesinde tirsekläp ýatyberdim. Dagy başga edip biljek zadym-da ýokdy. Azym aganyň aýdyşy ýaly, nesibämizden bir düýe çyksa, eýdip-beýdip, ony owsarlamaga güýjüm ýetjekdi. Ýöne şo düýe görünmeýärdi. Ýene bir alaňy aşmaga-da ýagdaýym bar. Ýarym sagat ýöräp, indiki alaňa çyksam, o ýerde-de düýe bolmasa, galanja gurbatym-da gitjekdi. Onsoň maşyna çenli ýoly geçip biljegim hem gümana.
Gün dik ýokary galanda lapykeç halda yzyma döndüm. Teşneligimiň üssesine başym aýlanyp, kelläm lorsuldap, agyryp ugrady. Gözüm garaňkyrap başlady. Ýolda ýykylyp galmaz ýaly, gury ojaryň bir goluny elime aldym. “Bärden boş barsam, Azym aga-da iňirdäp ugrar, hamana, ýaňky ýerde düýe daňyp gaýdan ýaly” diýip, ýolda gaýga gitdim.
Yrgyldap, aýagymy süýräp, soňky demimde ýetip barýarkam, jyzyrdap duran Günüň aşagynda Azym aganyň iki bükülip ýatyşyny görüp, erbet boldum. Ol maňa tarap otuz ädim dagy ýöränsoň, ýykylypdyr. Men ilki ony suwsuzlykdan essi aýylyp, çaşandyr öýtdüm. “Indi muny nädip özüne getirmeli?” diýip gorkdum.
Ýanyna baryp, çökdüm-de, adyny tutup iki gezek gygyrdym. Ses bermedi. Yralap gördüm. Inim dyglap gitdi. Ölüpdir öýdýän. Dem-düýt ýok. Eliniň ýylysy bar, ýöne damarlarynda tirpildi duýlanok. Gatap ugrapdyr. Ýaňyrak jan beren bolsa gerek. Indi näme etmeli? Işim gaýtdy!
Aljyrap, delalat isläp, töweregime seretdim. Maşynyň radiatoryndan akyp, çägä siňen suwa gözüm düşende bütin endamym jümşüldäp gitdi. Emedekläp diýen ýaly maşynyň ýanyna bardym. Radiatoryň aşagyndaky rezin turbajyk kesilipdir. Nämäniň nämedigine şo bada akylym çatdy. Azym aga pyçak bilen turbajygy kesipdir, radiatoryň posly hem porsy suwundan içipdir, zäherlenibem ölüpdir.
Aljyraňňylyga hem gorka düşüp, esli wagt özümi ele alyp bilmedim. Gün ikindä ýazyp ugranda pilçämi alyp, Azym aganyň ýatan ýeriniň gapdaljygyndan gabryny gazdym. Akyp ýatan ürgün çägelikde jaýyny çuň gazyp bilmedim. Ýöne bilýänje zatlarymy etdim. Sag egnine ýatyryp, ýüzüni Kybla öwürdim. Mazardygy belli bolar ýaly başujuna hem aýagujuna guran ojaryň saýyrdyň şahasyny dikip, tümmegini galdyrdym. Aýat okadym.
Teşnelikden ýaňa gurbatdan gaçan göwrämiň argynlygyny, ýüregimiň bulanmasyny, başymyň aýlanyp, beýnimiň lorsuldap durandygyny men diňe şondan soň duýdum.

***

Näçe wagt ýatanymy, gijemi ýa gündiz, düýşmi ýa huş, ölümi ýa diri, hiç zady aýyl-saýyl edip bilemok. Ýöne eli küýzeli bir garanyň syrly-syrly gülümsiräp, daşymda terslin-oňlyn aýlanyp, bir zatlar diýmäge çemlenip, köwejekläp ýörenini görýän. Ol edil güjeňleýän ýaly, küýzesini egip, şarladyp, suwuny ýere döküp görkezýär.
Ony şo bada tanadym. Tanadym-da, içimdenmi, daşymdanmy, bilemok, sesimiň ýetdiginden:
– Güm bol! Güm bol diýýän saňa! – diýip gygyrdym.

Ýanwar, 2017-nji ýyl. Mary

Kakamyrat ATAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 175 | Добавил: Atayew | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 5.0/1
Ähli teswirler: 12
1
12 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Kakamyrat agañ gowy hekaýalary bar.

1
11 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Mmbäh. Ajaýyp eser. Düýn agşam okap boldum smile

1
10 Gökböri   [Mowzuga geç]
Magtymgulynyñ her iki setirinden şular ýaly durmuşy wakaly gyzykly hekaýalary çykaryp bolýar, muny bolsa diñe Kakamyrat aga ýaly "ýûñi ýeten" ýazyjylar başaryp blýär.

1
9 Şirhan   [Mowzuga geç]
Mmmbäh...
Köpden bäri şeýdip "Mmmbäh" diýdirýän hekaýada okamandym...

1
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ynanç meselesiniñ üstünde durýan şeýle täsirli eserler az.

1
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gaty oýlandyrdy... Täsirli hekaýa. Kinofilmleşdirilse-de gelişmän durmaz.

1
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Kakamyrat aganyň "Ýüp" atly hekaýasam gaty güýçli we ýiti täsirli eser bolupdyr. Kim okamadyk bolsa okamagy maslahat berýärin. Ine salgysy: http://kitapcy.com/news/2018-06-10-38.

1
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Megerem, ýazýan adamlar ýaşy gitdigiçe dünýäniň düýp manysyny gözlemäge köpräk ýykgyn edýän bolara çemeli. Bu hekaýany şu hekaýa bilen äheňdeş gördüm:
http://kitapcy.com/news/2019-06-27-7415
Ýöne bu hekaýada dünýaniň, ynsan ömrüniň manysy has çuňdan dörjelenýär.
Gurbannazar şahyryň: "Ýaşanyňa juda degýä bu dünýä" diýşi ýaly, bu "Okanyňa juda degýä bu hekaýa". Höwri köp bolsun!

1
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Çyn hekaýalaryň her birinde bolşy ýaly bu hekaýada-da gizlin-u-açyk manylar köp we olaryň her birem köpugurly...
Orazguly aga (Orazguly Annaýew) bir gezek: "Şygyr hakyky bolanda, okyjylar şahyra özüniň näme ýazandygyny düşündirip başlaýarlar. Diňe şondan soň şahyr özüniň näme hakda ýazandygyna doly akyl ýetirýär" diýipdi. Hekaýalaram hakyky bolanda şeýle bolýarmyka diýýärin.

1
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Synag dünýäsi" diýilýäni-dä.
Dünýä ynsany hatda ajaly kabul edişiniň mynasyplygy-dälligi bilenem synap görýär. Megerem, dünýäniň ýaradylmagynyň baş maksatlarynyň birem - synag we şondan mynasyp geçmäge gaýraty çatýanlary saýlamakdyr...

1
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Güýçli eser bolupdyr. Gurbannazar şahyr, megerem, "ynam = many" diýip bu ýalançyny manyly edýän zadynyň ynamdygyny aýtjak bolan bolaýmasa...
Birje bellik: "baklažka" - "ýelim çüýşe" diýmän, "düpbe" diýlen bolsa jaý ýerine düşse gerek. Sebäbi birinjiden-ä iki söze derek bir söz ýazyp bolýar, ikinjidenem "çüýşe" diýilse aňyňda aýnadan gap bilen assosirlenýär, üçünjiden "düpbe" diýlende nämäniň göz öňünde tutulýandygyna aglaba köp kişi bada-bat düşünýär. Elbetde "düpbe" sözi türkmen diliniň akademiki sözlüginde ýok. Ýöne ene dilimiziň käbir ýerli şiwelerinde bu söz "baklažkany" we mytara pisint beýleki suw gaplaryny aňlatmak üçin ulanylýar.

1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kakamyrat aga, sag bol, ajaýyp hekaýa ü.n.
Kitapçynyñ kitaphon okyjylaryny begendirip durjak şeýle hekaýalaryñyzyñ höwri köp bolsun!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: