16:46
Saýlanan gülküli henekler

GÖWÜNLIK


Iki hatyn gürleşip otyr. Biri:
— Örän gynanýan. Ärimiň maňa diňe baýlygym üçin öýlenenine indi anyk gözüm ýetdi— diýýär.
Ikinjisi göwünlik berýär:
— Gowu-da, diýmek daşyndan görnüşi ýaly samsygam däl eken!.

NÄME ÜÇIN GOŞULÝARSYŇ
Bir adam itiniň ýüpünden tutup köçeden ýöräp barýan mahaly halamaýan goňşusy bilen gabatlaşýar. Goňşusy:
— Bu eşek bilen nirä barýaň?— diýip soraýar.
— e-e bu it ahyryn. It bilen eşegiň tapawudyny bileňokmy?.
Goňşusy säginmän:
— Men it bilen gürleşýän. Sen nämüçin gürrüňimize goşulýaň?— diýýär.

"ÜÝRÝÄN IT DIŞLEMEZ"
Bir adam dostunyň öýüne myhmançylyga barypdyr. Howlyň gapysyny açan mahaly aňyrdan üýrýän iti görüp, gapyň öňünde doňup galdy. Köçeden geçip barýan biri muny görüp:
— Gorkmaň! "Üýrýän it dişlemez" — diýýär.
— Bu aýdýanyňa gowy welin, emma it birden bu atalar sözüni bilmeýän bolsa näme?

"ÝALAN SÖZLEMEK BÄSLEŞIGI"
Gadym döwürde bir patyşa "ýalan sözlemek bäsleşigini" gurnapdyr. Kimde kim ynanylmagy mümkin bolmadyk bir ýalan aýtsa bäsleşikde ýeňiji bolup, patyşa tarapyndan müň tylla teňňe baýrak berilýärdi. Ýurduň iň ussat ýalançylary özleriniň başarnyklaryny görkezmäge başladylar.
Ýalançylaryň biri:
— Patyşahym, men asmana merdiwan gurdum— diýdi.
— Bolup biler, mümkin.
Başga biri:
— Patyşahym, men ummanyň üstüne köpüri gurdum— diýdi.
Patyşa muňada:
— Bolup biler, mümkindir— diýip jogap berdi.
Başga-da birnäçe ussat ýalançylar her hili ýalanlar aýtdylar. Emma patyşa hemmesine "mümkin, bolup biler" diýip jogap berdi. Hiç haýsyna "mümkin däl" diýmedi. Ahyry akyllyň biri patyşany duzaga düşürdi:
— Patyşahym, siziň merhum dädeňiziň, meň merhum dädeme müň tylla bergisi bardy— diýenden patyşa ýerinden böküp turup:
— Bolup bilmez, ýalan— diýip gygyrdy .
Şeýdibem ol adam ýeňiji boldy.

GÜÝELERI ALDAÝARYS

Hatyn müşderi dükanda ýorgançalary synlaýardy. Bir ýorgançaň ýanynda säginip satyja:
— Siz bu ýorgançalary ýüňden taýýarlanan diýýärsiňiz. Emma, üstünde "ýüz göterim pagta" diýip ýazylypdyr. Bu näme boldugy?
Satyjy birjigem säginmän:
— Hanym dogry aýdýarsyňyz. Güýeleri aldamak üçin şeý diýip ýazyp goýduk.

UZYN HAT
Bir adamy guduz it dişläpdir. Ol adamam juda ünssiz bolandygy üçin, bu gün sanjym alaryn, ertir alaryn diýip gezip ýören wagtam iş işden geçip gidipdir. Lukmana baryp özüniňem guduzlajakdygyny bilensoň derrew kagyz-galam sorap, alyp uzyndan uzyn hat ýazmaga başlapdyr. Lukman esli wagt garaşypdyr, ahyry sabyr-kanagaty tükenip:
—Wesýetnamaňyz şular ýaly uzynmy?— diýip sorapdyr.
— Lukman aga, wesýetnama ýazamok. Men dişlejek adamlarymyň sanawyny ýazýan.

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

#”1000 fikra" kitapdan alyndy.

Категория: Degişmeler | Просмотров: 192 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
5 Gurgencli   [Материал]
Has aga "şekeriňem azy ýagşy" diýýäler. Köp bolsa okaňda ýadadýar, az bolsa "haçan ýene-de goýularka" diýip dowamyna garaşýaň.
Öňräk Serdar aga 15-20 degişmäni bir blogda goýdy, şonda okamda soňuna çykýançam okamakdan ýadadym.

0
8 Bagabat   [Материал]
Göwnümemi ýa-da "Serdar aga" diýilýän bendede hemme ýerde "mysal üçin" bolup barýarmy?! biggrin

0
9 Gurgencli   [Материал]
Çyndanam şu ýazanyma bolmady. Bagyşla Serdar aga.

0
10 Bagabat   [Материал]
Bu ýerde gaty görer ýaly zat ýok-la! Oýun edýän-le biggrin

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Bölmän, bitewi goýaýmaly ekeniñ, degişmeleriñi wink

0
2 Bagabat   [Материал]
Terjime erbet däl. Ýöne käbir düzetmeli ýerleri bar:
"gürrüňleşip" - "gürleşip";
"Gowuda" - "Gowu-da";
"görünişi" - "görnüşi";
"gabatlaşyp galýar" - "gabatlaşýar";
"tapawudyna baraňokmy" - "tapawudyny bileňokmy";
"durup galýar" - "doňup galýar";
""ýalan bäsleşigini" gurnady. Kimde kim ynalylmagy" - ""ýalan sözlemek bäsleşigini" gurnapdyr. Kimde kim ynanylmagy";
"bäsleşigikde" - "bäsleşikde";
"okeýanyň üstüne köpüri" - "ummanyň üstünden köpri";
"Başgada" - "Başga-da";
"müň tylla karzy bardy" - "müň tylla bergisi bardy";
"müşteri" - "müşderi";
"odýallary" - "odeýalolary", ýöne bu sözüň terjimesi göni manysynda "örtgi" bolýar, emma ony türkmen diline dogry geçirmekçi bolsaň "ýorgança" diýlip alynsa has laýyk bolarmyka diýip pikir edýärin.
"ukol" - "sanjym";
"kagyz galam" - "kagyz-galam";
"sabyr kanagaty" - "sabyr-kanagaty" (Türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryna laýyklykda tirkeş sözler arasyna kese çyzyk goýlup ýazylýar) :-).
Galan zady bolsa, oňat.
biggrin :D

0
3 Gurgencli   [Материал]
Düzeltdim agam. Köp sagboluň, eliňiz-gözüňiz dert görmesin.

0
6 Bagabat   [Материал]
@Gurgençli, "düzeltdim" däl-de "düzetdim"! biggrin

0
7 Bagabat   [Материал]
Bile ýalkasyn. Ýalňyşyň barlygyna bolsa gynanmaly dälmikä diýýärin. Sebäbi: "Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar" diýilýär. Işleýän adam bolsa hökmany ýagdaýda ýalňyşýar. Ýöne esasy zat öz ýalňyşyňa düşünmek we ony düzetmek.

0
1 Gurgencli   [Материал]
Türk dilinden ilkinji terjimäm smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: