00:11
Dollaryñ galmagy: osmanly dežawýusy
DOLLARYÑ GALMAGY: OSMANLY DEŽAWÝUSY

Dollar bir ýerde duranok, garşa asmana "uçýar". Hemmeleriñ dilinde - dollar. Çünki döwletiñ diñe býužeti boşamady, edara-kärhanalaryñ, hojalyklaryñ býužetleri çepbe çöwrüldi. Uly il çeken zyýanynyñ öwezini doljak bolup çytraşýar, ýeri, biz näme üçin munuñ düýp sebäbini biljek bolamzok. Osmanly döwleti hem edil şu ýagdaýy başdan geçirmedimi, bütin bu bolup geçýänler bir dežawýumy? 1838-nji ýyldaky taryhy şertnama düýp sebäbi açyk-aýdyñ ortada goýýar...
Syýasatçy Abdüllatif Şener şol bir wagtyñ özünde ussat alym.
Onuñ awtograf ýazyp ugradan "Osmanly maliýesiniñ aç-açanlaşmagy" (“Osmanlı Maliyesinin Şeffaflaşması”) kitaby taryhçylaryñ känbir gyzyklanmaýan ugry bolan osmanly býužetlerini içgin öwrenýän gymmatly eser.
Professor Şener bu ylmy işinde osmanly ykdysadyýetine degişli tapylgysyz maglumatlary berýär.
Osmanly maliýesiniñ aç-açanlaşmagy Günbataryñ zory bilen boldy, osmanlynyñ daşarky bergisi artmaga başlandan soñ, oña karz pul beren ýurtlar aljak zatlarynyñ näderejede hipw astynda bolup-bolmandygyna göz ýetirmek üçin gysyşa ýüz urmaga başlady.
Karz pul almagy dowam etdiren Osmanly ilkinji gezek 1860-njy ýylda býužetini "Ceride-i Havadis" gazetinde çap etdi! 1863-nji ýylyñ iñ saldamly býužetini bolsa kitap görnüşinde neşir etdirdi.
Professor Şener ylmy işine "Tanzimat döwründen bäri maliýe edaralarynyñ nähili öwrülşigi başdan geçirendigi" baradaky sowal bilen başlapdyr.
Arasyna syýasatdan dolu günler girendigi üçin 1981-nji ýylda başlan işini 2008-nji ýylda tamamlandy we netijede gymmatly ylmy kitap elimize gowuşdy. We... "Osmanly maliýesiniñ aç-açanlaşmagy" meni başga bir tanymal şahs we eser bilen tanyşdyrdy...

Näme üçin Tanzimat?

Professor Oktaý Güwemli...
Türkiýede buhgalteriýanyñ taryhy diýlende ýada düşýän ilkinji şahslardan...
Bütindünýä buhgalterler kongresine birnäçe gezek gatnaşdy. Bütindünýä buhgalteriýa taryhçylarynyñ kongresine-de nutuklar berdi, topar başlyklygyny etdi. Buhgalteriýa we maliýe-hasaplaýyş taryhy boýunça ylmy-barlagçylar guramasynyñ düýbüni tutujy we başlygy. "Muhasebe ve Finans Tarihi" ("Buhgalteriýa we maliýe-hasaplaýyş taryhy") žurnalynyñ baş redaktory.
Ol 2014-nji ýylyñ maý aýynda çapdan çykan "Osmanly imperiýasynda döwlet buhgalteriýasy" (“Osmanlı İmparatorluğu'nda Devlet Muhasebesi”) kitabyna awtograf ýazyp iberip, meni diýseñ begendiripdi.
Hemişe ýazyp gelýärin: bizde ykdysadyýet binýatly düşünje marksizm bilen baglanyşdyrylandygy üçin taryha şu nukdaýnazardan seredilmedi.
Şular ýaly temadan ylmy iş geçirenler bolsa hemişe howply hasaplandy, hatda türmelere dykyldy. Şonuñ üçinem şu tarapymyz doldurylman boş galdy...
Osmanly maliýe taryhy - osmanly buhgalteriýa taryhy hemişe ünsümi çekip geldi. Emma her näçe gynansak-da, bu temalarda barmak çommaldyp görkezer ýaly edilen iş ýok. Çünki bu boýunça ýeterlik çeşmedir maglumat-resminamalar-da ýok.
Seretseñizläñ... Stambulyñ eýelenen 1453-nji ýylyna çenli bar bolan buhgalteriýa boýunça resmi maglumat biziñ günlerimize çenli gelip ýetmändigi üçin Osmanlynyñ gurlan ilkinji ýyllary hakyndaky döwlet buhgalteriýasy barada onçakly köp maglumat ýok!
Edil... professor Abdüllatif Şeneriñ osmanly býužetleri boýunça geçiren ylmy-barlag işleri ýaly professor Oktaý Güvemliniñ osmanly buhgalteriýasynyñ hasaba alyş medeniýeti boýunça geçiren barlagy-da bu hakykaty ýüze çykarýar: Uly öwrülişik Tanzimat bilen başlady. Sowal gutulgysyz: näme üçin?
Aslynda bu sorag häzir dollaryñ näme üçin şeýlekin ýokary galýandygyny-da gözümiziñ öñüne dikýär!

Sterlingiñ galmagy

Osmanly iñlisler bilen 1838-nji ýylda söwda şertnamasyny baglaşdy. Şol ýyl beýleki Ýewropa ýurtlary bilenem şertnama baglaşdy. Şeýlelikde döwletçil ykdysadyýeti aradan aýyrmagy makul bildi. Derhal gümrük paçlaryny azaltdy. Bazaryny arzan import harytlardan doldurdy.
Şol wagtdan başlabam import bäsdeşligine döz gelip bilmedik ýerli on müñlerçe ownuk önümçilik kärhanalary batdy. Osmanlynyñ iñ girdejili pudaklary kese ýerlileriñ eline geçdi.
Osmanly - edil şu günki bolşumyz ýaly, önümçiliksiz, emma sarp ediji ýurda öwrüldi.
Netijede, 1814-nji ýylda 1 iñlis sterlingi 23 osmanly teññesine deñdi. 1839-njy ýylda 1 sterling 104 teññä ýetdi! Yzyndanam daşarky bergiler geldi...
(Karz alnan pullaryñ bir bölegi "Dolmabahçe", "Çyragan", "Beýlerbeýi", "Ýyldyz" köşkleriniñ gurluşygyna harç edildi.)
Osmanly - hut häzirki biziñ bolşumyz ýaly, bergilerini bergi edip üzjek boldy.
Şeýle-de, hemişe öwüp arşa çykarlan 1839-njy ýyldaky "Tanzimat" permanynyñ düýp maksady - Günbataryñ bähbitleri üçin gurlan açyk bazar düzgüniniñ-kapitalizmiñ zerur kylan adminstratiw we maliýe reformalaryny durmuşa geçirmekdi…
Professor Şener bilen professor Güwemliniñ birmeñzeş netijä gelmekleriniñ sebäbi-de şunda...

Parižde - 200 talyp

Günbatar aç möjekler ýaly osmanly bazaryna çozdy. Emma bärde ullakan problemalar bardy. Osmanlynyñ...
1). Sowatly, tejribeli ýörite hünärmenleri we zawod-fabrikleri dolandyrar ýaly mynasyp adamlary ýokdy.
2). Kadaly buhgalteriýa düzgüni kemala gelip ýetişmändi.
Şol sebäpli hem dessine Fransiýa okap bilim almaga 200 talyp ugradyldy. Bular Parižde söwda ugrundan bilim berýän ýokary okuw jaýlarynda (Les Ecoles de Haute Commerce) okadylar. Türkiýä dolanyp gelenlerinde ilkinji iş hökmünde Napoleonyñ 1807-nji ýylda çykan "Code de Commerce" kitabynyñ bir bölegini terjime edip "Kanunname-i Ticaret" ("Söwda düzgünnamasy" ady bilen 1850-nji ýyldaky ilkinji söwda kanuny ýazdylar. Emma täze söwda kanunynda agsamalar bardy, çünki, osmanly söwda gatnaşyklarynda şerigat hökümleri ýöreýärdi! Bu täze kanun şonuñ üçin diñe daşary ýurtly edara-guramalaryna (meselem "Osmanly" banky ýaly) ýöredi. Aýratynam... bu kanunda ikitaraply hasaba alyş düzgüni boýunça depderler ýöredilýärdi. Emma 1850-nji ýylda ikitaraply hasaba alyş düzgünini bilýän ne-hä bir buhgalter bardy, ne-de edara... Näme edilse gowy bolardy? Rlbetde... osmanly söwda we maliýe gatnaşyklaryny kolonialistik Günbataryñ isleglerine görä kadalaşdyrmalydy...

"Merdiwan" bolup bilmedi

Wagtyñ geçmegi bilen "Tanzimatyñ" kararlary ýeterlik çäre bolup bilmedi. 1856-njy ýylda "Yslahat" permanyny çykardylar. Günbatar bilen gatnaşyklar ýygjamlaşdygyça gysyş hem gutulgysyz boldy. Bu gysyşlar 1880-1885-nji ýyllarda toplumlaýyn kanunlaryñ ýygyndysyny üns merkezine sokdy. Meselem... abbasylar döwründe başlan we osmanly döwlet buhgalteriýasynda ulanylan "merdiwan buhgalteriýa" düzgüniniñ ýerine, girdejini hasaplamaga niýetlenen ikitaraply hasaba alyş düzgünine geçildi.
"Düyun-u Umumiye" (içerki we daşarky bergileri kadalaşdyrýan buhgalteriýa-hasaplaýyş we gözegçilik) edarasynyñ buhgalterçilik düşünjesini täzelenmäge mejbur eden üýtgeşmeleri netijesinde ikitaraply hasaba alyş düzgüni mekdepleriñ okuw programmasyna girizildi!
Şol döwürde Fransiýadan nusgalap-göçürip, dokuz kitap ýazyldy. Ýazylan kitaplaryñ sany asyryñ ahyryna çenli ýigrimiden geçdi. Emma awtorlarymyz gönüden-göni göçürýändigi üçin sistema doly düşünip bilenokdylar. Şoñ üçinem bu kitaplara seredip edilmeli işler haýal edildi.
Şeýle-de, döwlet Maliýe nezaretiniñ (ministrliginiñ) garamagynda ähli jemgyýetçilik çykdajylaryny barlaýan edýän "Heýeti-Teftişiýäni" döretdi. Bu edaranyñ işi diýseñ haýal kemala geldi. Çünki, ne-hä barlagçylar nädip barlamalydygyny bilýärdiler, ne-de barlanýan tarap nähili barlanmalydygyny bilýärdu.
Bazar üçin gerekli býurokratlary diñe Ýewropa ugradanyñ bilen ýetişdirip bolmajagy görnüp duran zatdy. Şonuñ üçin programmasy fransuz mekdeplerinden alynan "Hamidiýe söwda mekdebi" guruldy. ("Hamidiýe" ady mekdebiñ gurluşygyna 2 müñ altyn beren Soltan Abdylhamyt II-den galdy.)
Gepi uzadyp oturmalyñ... netijede:
Ähli kabul edilen adminstratiw-maliýe kadalaşdyryjy namalary kapitalizmiñ Osmanla aralaşyp başlandygyny añladýardy. Munuñ netijesinde ýülünden başlap süñküne çenli gemrilen we bergi batgasyna batan Osmanly çökdi.
Osmanlynyñ mirasdüşeri bolan Türkiýe respublikasy bu kolonial sistemadan köp zat öwrendi. Doly garaşsyzlyk üçin önümçilik we sagdyn býužet hökmanydy. Hem ýöne ençeme ýyllar geçensoñ, Türkiýe gaýtadan 1838-nji ýyldaky şertnamalar döwrüne sokuldy. Ine, "dollaryñ galmagynyñ" düýbi hut şu taryhy hakykatdan gözbaş alyp gaýdýar.
Megerem, "öndürmezden sarp eden" AKP üçin "täze osmanlyçylar" diýilýäni şu bolsa gerek…
Osmanly bilen respublikanyñ arasyndaky tapawut:

OSMANLY BANKY - MERKEZI BANK

Äpet bir çynar - Jahit Kaýra...
Döwlet işgäri... ýolbaşçy... halk deputaty... ministr... 35 kitabyñ awtory.
Häzir togsan sekiz ýaşynda - öndürijilikli zähmetden-ýazmakdan birem el çekenok.
Onuñ üç jiltlik "Respublikamyzyñ ykdysadyýetiniñ beýany" (“Cumhuriyet Ekonomisinin Öyküsü”) kitabyny hökman okañ.
Kitabyñ birinji jildi "1923-1950 - döwletçilik-altyn ýyllar" (“1923-1950 Devletçilik/Altın Yıllar”) adyny göterýär we meni diýseñ täsiri astyna alan sahypalar bar munda... Häzirki günlerde ünsden düşmeýän birini siziñ bilen paýlaşmak isleýärin.
Gepbaşy - Merkezi bank!
Jahit Kaýranyñ gyzykly hekaýa ýaly gürrüñ berýän sahypalarynda şeýle diýilýär:
"Handan hanym soraman-idemän durup bilmedi:
- Respublikanyñ gurlanyna sekiz ýyl boldy. Näme üçin "İş" bankyny gursagam, Merkezi banky gurup bilmedik?
Onuñ äri Sudi beý:
- Merkezi banky gurmak pikiri Izmirdäki ykdysady kongresde orta atyldy. Yzyndan hökümet herekete geçdi.
Handan hanym:
- Menem şony soraýan-da. Herekete geçen bolsa, on ýyllap näme üçin gurulmady?
Sudi beý:
- Handan, Merkezi banky döretmek ýönekeý banklary döredeniñ ýalydyr öýtme. Ony gurmak üçin ýörite hünärmenlerem çagyrylypdy. Menem bu iş bilen ýakyndan gyzyklanypdym. Ilki Wissering diýilýän bir gollandiýalyny çagyrdyk. Ol Gollandiýanyñ Merkezi bankynyñ ýolbaşçy agzalaryndan. Ol-a "guruberiñ" diýdi. Karl Müller diýip germaniýalyny çagyrdyk. Ony Germaniýanyñ Merkezi bankynyñ şol wagtky başlygy Ýalmar Şaht ýollady. Müller "Sizde Merkezi banky gurup bolmaz. Ykdysady şertleriñiz we ýagdañyz muña taýýar däl" diýip gitdi. Onuñ bu sözlerinde görübilmezçilik we päsgelçilik döretme meýli duýulýardy. Ýene bir hünärmen geldi... Italiýanyñ Merkezi bankyndan Wont Kolpi... Soñ başga-da çagyranlarymyz boldy. Şweýsariýadan Leon Wolf hem geldi. Biziñkileriñ halypasy bolan Şarl Rist hem geldi...
Netijede Rist bir beýannama taýýarlady. Beýannamada Merkezi banky gurmagyñ hökmanydygy nygtalmak bilen birlikde, täze gurlan Türkiýe respublikasynyñ Merkezi banky gurmak üçin gerekli şertleri üpjün etmekden entek ejizdigi aýdylýardy.
Günbatar Osmanla edenlerini şindi Türkiýä-de edesi gelýärdi. Şonsuzam 1929-njy ýylda "Times" gazeti başlyklaýyn "Türkiýe bergilerini üzüp bilmän motorium yglan etjege meñzeýär" diýen ýaly ýalan-ýaşryk habarlar çap edilýärdi. Emma ýaş Türkiýe yza tesenokdy:
Merkezi bankyñ gurulmagy üçin ilkibaşda "Osmanly" bankynyñ millileşdirilmegi göz öñüne tutulsa-da, ýurduñ ykdysady şertleri muña ýol bermeýärdi. Yzyndan Türkiýe "İş" bankyny Merkezi banka öwürmek meselesi orta atyldy. Emma Merkezi bankyñ garaşsyz ýagdaýda işlemeginiñ gerekdigi baradaky pikiri agyr basdy. We...
1931-nji ýylyñ 20-nji sentýabrynda "Resmi Gazete"-de çap edilen 1715 belgili Merkezi bank hakyndaky kanuna parallellikde Merkezi bank 1931-nji ýylyñ 3-nji oktýabrynda işläp başlady."

Jahit Kaýra kitabynda är-aýal Sudi-Handanyñ ogly Orhan (Rahşan Ejewidiñ kakasy) bilen Namyk Zeki Aralyñ söhbetdeşligini-de berýär. "Mülkiýe" mekdebinde mugallymlyk eden Namyk Zeki beý şeýle diýýär:
"Ykdysadyýeti dolandyrma meselesinde döwletiñ iki guraly bar: walýuta syýasaty we maliýe syýasaty. Walýuta syýasatyny Merkezi bank ýöredýär. Walýuta syýasaty - bu, ykdysadyýetde aýlanýan puly konýunktura görä artdyrmak-azaltmak diýmekdir.
Ykdysadyýeti janlandyrmak zerurlygy dörände puluñ mukdary artdyrylýar, tersine, talap çakdanaşa köp bolsa, azaldylýar. Bu işiñ wagtyny Merkezi bank kesgitleýär. Osmanlyda Merkezi bankyñ wezipesi ýeñillikli şertler (belli bir möçberde karz alma ygtyýarlygy) bilen daşary ýurt bankyna berlipdi: "Osmanly" banky... Ýagny döwletiñ walýuta syýasatyny "Osmanly" banky - daşary ýurt banky öz bähbitlerine görä dolandyrardy we şol sebäpli dolanşygy gaznasyndaky altyna görä hemişe çäklendirerdi."

Jahit Kaýranyñ kitabyny hökman okañ, respublikamyza bolan ynamyñyz hasam bekär. We... "täze osmanlyçy"[b] sumaklaryñ Merkezi bankyñ garaşsyzlygyny ýok edip, hakyky daşary ýurt banky bolan "Osmanly" bankyny gurjak bolýandyklaryna göz ýetirersiñiz.

[b]Gyzyklaýanlar üçin bellik:
fransuz ykdysatçy Toma Pikettiñ dünýäde gyzgyn seslenme döreden "XXI asyrda KAPITAL" kitabynyñ merkezi bilen baglanşykly bölümlerini okamagy maslahat berýärin. Merkezi bankyñ ykdysady krizisiñ niçiksi öñüni alyp-almandygy kitapda açyk-aýdyñ orta goýulýar. "Bikanun gurlan köşkde" oturan kişi bu sahypalary okap, biraz dymmazmyka?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 08.03.2015 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 88 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Olarda yene elhalrak eken. Bizde bu ugurda hiç hili edilen iş ýok bolsa gerek.
Adatça taryhçylarymyz taryhymyzdan söz açanlarynda diñe harby üstünliklerimizden, ýeñişlerimizden-ýeñlişlerimizden söz açýarlar. Şol döwrüñ ykdysadyýeti, oba hojalygy, senagaty, buhgalteriýasy, walýuta dolanşygy ... barada bilyänlerimiz ýabygorly... Bolýa, gaznawylar, seljuklylar we horezmşalar döwrüne degişli maglumatlar az diýeliñ, ondan soñky: Teymirleñ döwrüne, dagynyklyk döwrümize (XV-XIX asyrlar, Hywa-Buhara hanlyklarynyñ duzuminde bolan dowrumize degişli şol dowruñ ykdysadyyeti, maliye we walyuta dolanşygy... barada name maglumatlar barka? Aslynda öwrenyarlermika beri muny taryhçylarymyz?
Aşgabatda Oraz serdaryñ guran wagtlayyn hökûmeti dowrunde nahili pul ulanylypdyr, hümmeti neneñ bolupdyr, Juneyit hanyñ çykaran pullary... şol dowruñ pulynyñ naçe dollara ya rubla deñdigi ya-da ozleri bilen gonuden-goni gatnaşykdaky rus rubluna bolan gatnaşygy....
Heý, heý.... çaña gömlüp galan taryhymyz... günüñe itler aglasyn...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: