23:02
Goşgyny kim ýazýar?
GOŞGYNY KIM ÝAZÝAR?

Ylham gökden inip, düşende ýere,
Men ýazamok, galam ýazýar goşgyny.
Bu yşky ýürege, gursaga, sere,
Bagra, kalba salan ýazýar goşgyny.

Gara gözlerine gyzyl gan öýüp,
Göýül dek gyzaryp, söýülmän söýüp.
Dünýä gözellerniň yşkynda köýüp,
Çal kül bolup ýagan ýazýar goşgyny.

Dirikäm tüketmän takat sabrymy,
Bir gül beriň, gülsüz goýuň gabrymy.
Dogry söz paralap çyksa bagryňy
Hiç kim diýmez:"Ýalan ýazýar goşgyny".

Dünýä çykmaz dünýä syryn ýaýmadyk,
Ne ýaşadyk, ne güldük, ne ýaýnadyk.
Gowy goşgy ýazyp bilmez ýanmadyk,
Kebap bolup ýanan ýazýar goşgyny.

Bahylyň sözüne germe sen gulak,
Ýaman gepden ynjap, gezme sen uzak.
Asmana git, ýerde gursalar duzak,
Ýüwrük ölse, çaman ýazýar goşgyny.

Çamanyň ýazany—çamanyňkydyr,
Ýananyň ýazany—ýananyňkydyr.
Bakylyk hak sözi ýazanyňkydyr,
Hak patasyn alan ýazýar goşgyny!

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 1.5/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: