20:04
Häkimiýetiñ kemçiligi
HÄKIMIÝETIÑ KEMÇILIGI

Häkimiýet we onuñ toparynyñ häzirki günlerde dillerinden düşürmeýän sözi: imperializm...
Adalgany ilkinji bolup ulanyşa girizen iñlis ykdysatçysy Jon Atkinson Gobson (1858-1940). Ol iñlisleriñ Günorta Afrikany basyp alan ikinji anglo-bur urşunyñ yzyndan imperializm sözüni ulandy. Onuñ kitaplarynyñ naýbaşysysynyñ ady hem 1902-nji ýylda ýazylan: “Imperializm” ("Imperialism: A Study")…
Imperializm - Günbataryñ öz ykdysady we strategik bähbitlerine hyzmat edýän basybalyjylyk syýasatydyr.
Bu söz osmanlylara haçan geldikä?
Günbataryñ 1838-nji ýyldan başlap syýasy-ykdysady gözegçiligini güýçlendiren döwründe "ýaş türkler" ("Jön Türkler") we ittihatçylar kolonializme känbir ilgezik bolmadylar. Olaryñ liberal serlerinde hemişe hak-hukuklar we azatlyk bardy, kolonial syýasat ýokdy!
Agalyk etme meselesini ilkinji bolup orta atan nemes marksisti Aleksandr Gelfand Parwusdyr (1867-1924). Ol 1912-nji ýylda "Türk Yurdu" žurnalynda şeýle ýazdy:
" - Suw señrikden agmanka gözüñizi açyñ. Eger siz halkyñyzyñ ganynyñ iñ soñky damjasynyñ akyşyny görmeýän bolsañyz, eger siz duşmanlaryñyz tarapyndan awlanýan haýwan ýaly gysaja salynýandygyñyzy görmeýän bolsañyz, size žurnalyñyzyñ sahypalarynda bu barada başga nämeleri aýdyp bilerkäm?"
Parwus bir ýyl geçensoñ kitap ýazdy: "Türkiýäniñ jan damary. Osmanly döwletiniñ bergileri we bergiden çykmagyñ ýollary" (“Türkiye'nin Can Damarı. Devlet-i Osmaniyye'nin Borçları ve Islahı”.
Ol imperializmiñ ykdysady kolonializmine ünsi çekdi. Leniniñ bu baradaky meşhur "Imperializm. Kapitalizmiñ soñky pellesi" kitabyny ýazmagyna heniz dört ýyl bardy!
Lenin imperializm düşünjesini gurşaw taýdan alanda has giñ many-mazmuna ýetirdi, kolonializm bilen imperializmiñ arasyndaky tapawutlandyryjy aýratynlygyñ kapitalizmdigini açyp görkezdi…
Ýeri...

ATATÜRKE TÄSIR EDENLER

Mustapa Kemal Atatürk diýlende, ýadyñyza näme düşýär: doly garaşsyzlyga goldanýan anti imperialistik göreş.
Onuñ bu ideologik-syýasy çägi goldandygyny näme bilen düşündirip bileris? Osmanly añyýetiniñ Ýusuf Akçura ýaly birküç sany progressiwi bolaýmasa, bu ugurda orta çykaran adamy ýok diýen ýaly.
Atatürküñ kitaphanasy bu babatda bize ýol görkezýär. Onuñ daşary ýurtlardan dowamly kitap getirdip okandygyny bilýäris.
Meselem, Gerbert Gerni Gowen, Ernest Lawiss, Şarl Senýobos dagylaryñ taryh kitaplary ýaly...
Meselem, Žan-Batist Seý, Şarl Žid, Şarl Rist dagylaryñ ykdysady kitaplary ýaly…
Meselem, Ademar Esmen, Leon Dugi, Moris Oriu dagylaryñ hukuk kitaplary ýaly…
Russo, Monteskýe, Dýurkgeým... kimler ýok... 3 müñ 997 kitap okan we bellikler eden liderden söz açýarys.
Sowalyma gaýdyp geler bolsam... Atatürke täsir eden ýazyjylaryñ başynda Gerbert Jorj Uellsiñ (1886-1946) bolandygyny pikir edýärin. Ol nutugynda iki gezek Uellsden mysal getirdi.
Uells sosialist garaýyşlary bilen tanalýan “Fabian Society” iñlis intellektual klubyñ işjeñ agzasydy. Onuñ Gitleriñ kitaplaryny ýakmagyna geñ galyp oturasy iş ýok!
Uellsiñ 1920-nji ýylda ýazan “The Outline of History” ("Taryhyñ esasy ugurlary") kitabyny Atatürk 1925-nji ýylda fransuz dilindäki neşirinden okady. Kitap göwnüne diýseñ ýarady, Uells taryha onuñ şol wagta çenli okan kitaplarynyñ awtorlaryndan başgaça seredýärdi. Günbatary köptaraplaýyn tankyt topuna tutan kitap onuñ imperialistik ykdysady tarapynyñam üstünde durýardy...
Atatürk imperializm meselesi bilen içgin gyzyklanypdy, ol her kesiñ derhal muny okamagy üçin kitaby birnäçe bölümlere bölüp, fransuz dilini bilýän birnäçe egindeşine berdi. Terjime edilen ilkinji iki jilt 1927-nji ýylda, galan üç jildi 1928-nji ýylda çap edildi.
Ýokardaky maglumatlary şu sebäpleri ýazdym:

■ [b]YNANDYRYJY DÄL


Kemalizme duşmançylyk besleýänler biziñ illerde imperializme garşy göreşip bilermikä? Göreşip bilmez, çünki, kirşi üzük bor...
Imperializmiñ ykdysady gurluşuna añ ýetirmezden ne-hą sagdyn ideologiýa kemala getirip bolar, ne-de dogry ýöredip bolar.
Kemalizme dil uzadýanlar edil 1838-nji ýyldaky osmanly münewerrleri (intellektuallary) ýaly ykdysadyýetsiz syýasat ýöredýär, imperializmiñ esasy gurluşyny ýatdan çykartjak bolýarlar. Ykdysady garaşszlygy gazanmazdan milli agalygy berkarar edip bolmajakdygy baradaky hakykatyñ üstüni örtýärler.
Galyberse-de, diñe teoretiki maglumat däl, osmanlynyñ ýakyndan tanaýan Atatürki ykdysady garaşsyzlygyñ ähmiýetini hut özi başyndan geçirip, görüp-duýan liderdi. Bir ýurduñ maliýesi garaşsyz bolmasa, şol ýurduñ tutuş durmuşynyñ ysmaza uçrajakdygyny hut özi gördi.
Şol sebäpli Atatürk hemişe "deñagramly býužet - sagdyn walýuta" prinsipini baş syýasy ugry edip aldy. Pikir edýäñizmi: Mithat paşanyñ esaslandyran "Ziraat" bankyndan başga osmanly banklarynyñ ählisi daşary ýurtlularyñ elindedi. Bugün "İş" bankyna tiñkesini dikenler finans-walýuta krizisiniñ sebäpkärleri Atatürke dil uzadýarlar, Lozan ýaraşyk şertnamasynyñ şertlerinden biynjalyk bolýarlar!
Heýhat!
Imperializm dünýä taryhynda ilkinji gezek nirede tankyt stoluna alyndy? Doly garaşsyzlygymyzy gazanan ýerimiz bolan Lozan gepleşiklerinde! Günbataryñ kapitulýasion ýollar arkaly gazanan syýasy-adminstratiw, maliýe-ykdysady, medeni-dini ýeñillikleriniñ soñuna Lozanda nokat goýduk…
Imperializm sözüni agzyndan düşürmeýänler hakykatdanam aýdýan sözleriniñ manysyna doly we dogry düşünýärlermikä? Düşünýändirler öýdemok.
Häkimiýet Atatürke dil ýetirýänler bilen ýoluny aýyrmasa, näderejede ynandyryjy bolup bilerkä?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 24.09.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 35 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: