13:28
Binagärlik sungaty
BINAGÄRLIK SUNGATY

Türkmen halkynyň medeni mirasyna hem-de ylmy baýlygyna degişli gymmatlyklar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde aýawly goralyp saklanylýar. Daňdanakan metjidinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan arhitektura bezegleri hem bu muzeýde saklanylýar. Marynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän bu taryhy ýadygärliklerde arheologik barlaglar ilkinji gezek 1942-nji ýylda geçirilýär.
Daňdanakan metjidiniň oýma-kesme görnüşdäki nagyşlary orta asyr halk döredijiliginiň gaýtalanmajak sungaty bolup, onuň ussasy Abu Bekirdir. Oýma-kesme işleri güberçek şekilde ýerine ýetirilip, ol kähalatlarda 2 we 3 derejeli görnüşde ýazylypdyr. Bu bina böleginiň ýüzünde ösümlik we geometrik nagyşlary bilen bir hatarda, kufi ýazgylary oýulyp ýazylypdyr. Çeperçiligiň aýratynlygy bilen tapawutlanýan Daňdanakanyň arhitektura bezegi bolan bina bölekleri muzeýiň ylmy işgärleri tarapyndan ylmy taýdan öwrenilýär hem-de rejelenilýär.
IX—XV asyrlarda, esasan, şäher binagärleri ýokary derejedäki nepis we çeper önümleri öndüripdirler. Orta asyr binagärleriniň ajaýyp sungatyna şaýatlyk edýän monumental we memorial desgalaryň ençemesi gurlupdyr. Bu binalar Türkmenistanda arhitekturanyň we şäher gurluşygynyň örän ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň orta asyr şäherlerinde binagärlik ösüpdir. Şeýle ýadygärlikleriň uzak wagtlap saklanmagynyň düýp sebäbi, olaryň gurluşygynda ulanylan gurluşyk çig malynyň taýýarlanylyş tehnologiýasy bilen düşündirilýär.
XI-XII asyrlar Türkmenistanda şäher gurluşynyň pajarlap ösen döwri hasaplanylýar. Şol binalarda ussalaryň sünnäläp döreden nagyşlarynyň her biri özboluşly many aňladyp, olar türkmen durmuşy, taryhy, ruhy dünýäsi barada maglumat berýär. Gadymy binalar milli äheňi, gözelligi, özüne çekijiligi bilen tapawutlanyp, adamlarda ajaýyp duýgulary döredýär. Sungatyň beýleki görnüşleri ýaly, binagärlik hem jemgyýetçilik ösüşi, ynsan durmuşy, halkyň taryhy, adamlaryň gözýetimi we gözellige, ajaýyplyga bolan garaýyşlary bilen berk baglanyşyklydyr. Jaý gurluşygynda diňe ýaşaýşyň zerurlyk kanunlary däl-de, eýsem owadanlyk, nepislik, gözellik we berklik kanunlary doly berjaý edilmelidir. Binagärlik ýa-da jaý gurmak sungatynda, mälim bolşy ýaly, olaryň gözelligi, özüne çekijiligi, töwerek bilen berk sazlaşygy, adamlarda belli bir duýgyny, şatlygy, buýsanjy döredip bilýär.

Amangül KARAKULOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amangül Karakulowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: