07:59
Iş edende peselen, gep otaryp beýgelmez

IŞ EDENDE PESELEN, GEP OTARYP BEÝGELMEZ

Üns merkezinde - ykdysadyýet...
Üns merkezinde - tarykatlar...
Üns merkezinde - täze açylan mekdepler...
Üns merkezinde - "Mawy watana" tiñkesini diken imperializm...
Barsy biri-biri bilen baglanyşykly. Ýagdaý şeýle:
“Ykdysady-syýasy” adalgasyny ilkinji bolup, 1615-nji ýylda fransuz ykdysatçysy (we dramaturgy) Antuan de Monkretýen ulanyşa girizdi. Osmanla bu adalga 300 ýyldan soñ geldi! (Şeýle-de, dünýäniñ ilkinji ykdysadyýet kafedrasy hem 1763-bji ýylda Wena uniwersitetinde açyldy. Respublikamyza çenli bizde munuñ ady-eserem ýokdy...)
Nämäni düşündirjek bolýanymy häzir aýdaryn, ýöne ilki şu aşakdakylary ýazmasam bolmaz:
1600-njy ýyl. Ýurtlaryñ adam başyna düşýän ortaça girdejisi şeýledi:
Hytaý - 600 $, Germaniýa - 791 $, Fransiýa - 841 $, Ispaniýa - 853 $, Angliýa - 974 $, Italiýa - 1100 $, Gollandiýa - 1391 $, Osmanly - 600 $...
1800-nji ýyl.
Hytaý - 600 $, Germaniýa - 1077 $, Fransiýa - 1135, Ispaniýa - 1008 $, Angliýa - 1706 $, Italiýa - 1117 $, Gollandiýa - 1738 $, Osmanly - 643 $.
Respublikamyzyñ gurlan 1923-nji ýylyna ser salalyñ:
Hytaý - 562 $, Germaniýa - 2750 $, Fransiýa - 3654 $, Ispaniýa - 2290 $, Angliýa - 4760 $, Italiýa - 2763 $, Gollandiýa - 4635 $, Osmanly Türkiýesi - 712 $.
Ýewropa ýurtlary bilen Osmanly deñeşdirenimizde; 1600-1923-nji ýyllar aralygynda Osmanlyda adam başyna düşýän girdeji 18.7% artýan bolsa, bu görkeziji Germaniýada 247.7%, Fransiýada 346.4%, Ispaniýada 168.5%, Angliýada 388.7%, Italiýada 151.2%, Gollandiýada 235.6% boldy. (Hytaýda bolsa zordan -6.3% boldy.)
Ýewropada girdejiniñ artyşy şular ýaly ýokary derejedekä, Osmanly we Hytaýdyr Aziýa ýurtlary näme üçin beýle yza galdyka?
Gürrüñsiz, dürli-dürli nijeme sebäpleri bar.
Meselem:

BOÝUN SUNMA MESELESI

Professor Riçard Isterlin (1926-njy ýylda doglan).
ABŞ-ly ykdysatçy (we demograf)...
Ol şeýle diýdi:
"Näme üçin dünýäniñ hemme ýurdy deñgyrañly ösüşde däl?"
Munuñ jogabyny-da özi berdi:
" - Käbir ýurtlarda modern ykdysady ösüşiñ çäkli galmagynyñ sebäbi - ýurtlaryñ arasyndaky bilim sistemasynyñ gurulmagy we onuñ geriminiñ giñemegi bilen baglanşykly döwürlere täsir edýän dini, syýasy, ideologik tapawutlylyklaryñ bolmagydyr."
Ylmy ösüşleriñ bolup geçen 1800-nji ýyllarynda Angliýada kämillik ýaşyna ýeten ilatyñ sowat derejesi aýal-gyzlarda 40%, erkeklerde 60%-di.
Edil şol wagtlar Osmanlyda bu görkeziji 2-3%-den geçenokdy. Uçurymyñ sebäbi nämede?
Meselem:
Çaphana-poligrafiýa Ýewropa 1445-nji ýylda, Osmanla 1727-nji ýylda geldi! Munuñ sebäbiniñ - patyşalaryñ öz oturan tagtlaryny, häkimiýetlerini pugtalandyrmak üçin eliniñ astynda saklaýan tarykatlarynyñ öñe süren dini tutaryklarydygyny bilmeýän bardyr öýdemok.
Galyberse-de, "Heýeti-Wukela" (döwlet apparatyna giren şeýhulyslamlar, şerigat düzgünlerinie gözegçilik edýän ulamalar, kazylar, müfyiler ylym-bilimiñ üstündäki kölegelerinw howp salaýjak, boýun sunujylyk medeniýetini ýykaýjak täzeçillige - täze oýlap tapyşlara idin bermedi. Könelşen ylmy däpler atadan ogla geçmäge dowam etdi, modern mekdepler, hususanam zehindir ukyp-başarnyk gerek däldi!
Hut şol döwür... Ýewropa senagatlaşmaga tarap ädim ädýärkä, Osmanlyda dini perdelenip goýlan päsgelçilikler ykdysady galkynyşyñ amala aşmagyna ýol bermedi. Yzyndan 1800-nji ýtllarda imperializme doly garaşlylyk döwri başlady. (Kimdir biriniñ öwüp arşa çykaran Osmanlysy importdan 5%, eksportdan 12% paç alyp, öz senagatyny özi ýok eden ýurtdy!)
Täzelenişe-özgerişe duşmançylyk beslemekde imperializm bilen dini fanatizm hemişe hyzmatdaşlyk edip geldi. Imperializm ekspultatirleýşi serişde hökmünde ýerli komprador gatlagy bilen işleýän iş güýjüni maksadalaýyk bolanyny ýeterlik hasaplady.
1870-nji ýyllarda Angliýada, Germaniýa, Gollandiýada, Fransiýada ilatyñ sowatlylyk derejesi 75-80%-e ýeten bolsa, Osmanlyda bu görkeziji 2-ä hem ýetmedi!

SAPAK EDINEMZOK

1881-nji ýyl.
Ýewropalylar algylaryny almak üçin osmanly girjedisine şärikdeş "Düýuny-Umumiýäni" (Düyun-u Umumiye - Osmaniye Varidat-ı Muhassasa İdaresi - ýagny Osmanly döwletiniñ içerki we daşarky bergilerine gözegçilik edýän gulluk.) gurdy.
"Düýuny-Umumiýäniñ" edara binasynyñ Atatürküñ görkezmesi bilen 1933-nji ýylda Stambuluñ oglanlar gimnaziýasyna berilmeginde aýratyn bir many bar bolsa gerek. Atatürk şeýle diýipdi:
"Mekdebiñ berjek ylym-bilimi arkaly türk halky, türk sungaty, türk ykdysadyýeti ähli ajaýyplyklary bilen kämilleşer..."
Bu medeniýet bilen doly garaşsyzlygymyzy gazanyp bildikmi?
Geçen ýyl - 2019-njy ýylda ýurtlaryñ adam başyna düşýän ýyllyk girdejisi şeýle boldy:
Hytaý - 10.2 müñ $, Germaniýa - 47.1 müñ $, Fransiýa - 42.8 müñ $, Ispaniýa - 27.9 müñ $, Angliýa - 43.9 müñ $, Italiýa - 35.4 müñ $, Gollandiýa 40.7 müñ $, Türkiýe - 8.2 müñ $…
1 milliard 436 million ilaty bolan Hytaýyñ "baýdagynyñ parlamagy" ünsüñizi çekendir. Taryhda birinji gezek Hytaýdan yza galdyk. Muña hiç kelle "döwmäliñmi"?
Dünýäde dini mekdeplere-ymam hatyplara okuwçy ýollama rekordsmeni bolmagymyz bilen ykdysady galkynyşdaky şowsuzlygymyzyñ arasynda nähili ilteşik bolup biler?
Fanatikligiñ-ýoksullygyñ sebäbi bolan osmanly medreselerinden we olaryñ okuw maksatnamalaryndan, tarykatlardan we olaryñ fondlaryndan hiç sapak alma netimiz ýokmy?
Atatürk döwrüni hasaba goşmanymyzda, ýurdumyz gündelik pragmatist syýasatdan halas bolup bilenok, yzagalaklykdan hiç saýlanyp bilemzok....

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 22.09.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.

Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 75 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 ezizh764   [Материал]
Mbäh..

0
1 Gökböri   [Материал]
Iş edende peselen, gep otaryp beýgelmez.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: