15:18
Topragym

TOPRAGYM

Ýedi gapyň ýalyn iýip,
Ýele berip ynamlaryň,
Bu ýalynýan güjüklerňe
Ynanmagyn, ynanmagyn.

Düýn-ä ygyp şemal ugra,
Bu gün yza dolananlar –
Bir biwatan peşmekdirler,
Hiç wagt daşyň dolamazlar.

Nämähremleň depgisinden,
Käbäm, ömür gerşiň ýagyr.
Munda saňa ýülünme ýok,
Seňki agyr, seňki agyr.

Indem alma ýaňagyňda
Diş yzyn goýup ýezidiň,
Zorlanan garabagt gyz deý,
Zyňyp gitjekler, ezizim!

* * *
Akyly arşa ýeteniň,
Şor bagty küle çöküpdir.
Namazlyk kimin düşege,
Serediň, düýe çöküpdir.

Bagbanyň ömrün iýen gül,
Nesip edipdir bigänä.
Başa täç bolmaly kişi,
Öwrülip gitdi diwana.

Petine gar ýagan ýurtdan,
Durnalar uçdy Bagdada.
Ýaranlar, ýüregim gysýar,
Men kime baraýyn dada?

Muhammedöwez ARRYKOW

Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Atayew | Теги: Muhammedöwez Arrykow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
1
3 Hаwеrаn   [Материал]
"Namazlyk kimin düşege,
Serediň, düýe çöküpdir."
Täsirli setir.

1
2 Gökböri   [Материал]
Mbahh..

1
1 Arzyman   [Материал]
Gowy ekeni.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: