15:00
Jahyllyga garşy göreşen din - jahyllygyñ elinde...

JAHYLLYGA GARŞY GÖREŞEN DIN - JAHYLLYGYÑ ELINDE...

Bilmedigiñi bilmek biziñ medeniýetimizde bir mertebedir. Könekiler muna "jehli-basit" diýipdirler. Ýagny, bilmezligiñ iñ zyýansyz görnüşi manysynda. Şol sanda öwrenmek, bilmek mümkinçiligi hemişe bar, ýöne adam bilmeýän zadyny bilse - oña ýetesi zat ýok.
Birem "jehli-mürekkep" diýilýäni bar, dinleriñem ünsi çekýän zady - jahyllyk hem bilmeýän, hem bilmeýänini bilmeýän, ýagny iki taraply jahyllyk.
Emma ondan has beteri-de bar: "jehli-mika:p" diýilýär. Ýagny, hem bilenok, hem bilýänsireýär. Bular ýalylara duş gelseñiz, ýanynda durujy bolmañ! Çünki, jahyllygyñ hemme görnüşi akmaklykdyr. Möwlananyñ hem hekaýat edişi ýaly:
"Isa akmakdan nädip gaçan bolsa, senem şeýdip gaç. Akmak bilen söhbet - nije bihuda ganlar dökdi. Howa suwy kem-kemden sorup alýar-a, akmak-da diniñizi şeýdip ogurlaýar."
Elbetde, adamzadyñ problemasy diñe dini ugurda däl, jahyllar her meselede gepini gögertjek bolup ber-başagaý.

AKYL TUTULMASY

"Ýa lal otur, ýa dür saçgyl!" sözi hakykata ýetirýän güýçli syzyş ahlagy-da diýip boljak bir çemeleşmäniñ görkezijisidir.
Bilýänini bilýändigine garamazdan, dowamly täzelenme zerurlygyny duýmak bolsa, ýokary medeniýetiñ hökmany şertidir.
Täze çykan "Akyl tutulmasy"[b] kitabymyñ arka sahabynda "Akyl näme üçin tutulýar? Başga akyllar bilen alyş-berişi kesýändigi üçin" diýip ýazypdym. Galyberse-de, siwilizasiýalaryñ özeninde dürli-dürli akyllar bilen alyş-beriş bar, pikirler kesişip durmapy, goý, hakykatyñ ýyldyrymy döresin. Filosofiýa hem, bilemem, sungat hem, tehnologiýa-da garşylyklaýyn kesişmeleriñ miwesidir. Akylly-başly adam muny görer, emma ýaşap ýören geografiýamyzda munuñ şu gözden görülmeýändihi ajy hakykat.

■ [b]JAHYLLYGYÑ JEMI


Gün yrman bolýah zatlara beýle-de bir zat bormy diýmäliñ. Dini wagyzlar henek mysaly! Din-syýasat, din-sungat, din-ylym, din-saglyk halkasynda işleýänler bolsa "jehli-mürekkep" we "jehli mika:p" üçin tapylgysyz mysallary berýär: "Näme üçin maska (örtük) dakýarys, bu ölümiñ hakdygyna päsgel berenokmy?" diýen biri gerekmi ýa-da "Aýasofýa açyldy, oña ýanaşyk but-dikilgi daş bar, ony haçan ýykyp aýrarys?" diýen?
Ylym bilen subut edilen meselelerde-de "bu dini häsiýetli däl" diýen bolgusyz fetwalara jemgyýet halys öwrenişip gitdi. Ýa bolmasa, gara güýje baýrynýan hyruç bilen zorluk-zuluma garşy göreşmegiñ şertnamasyny ret edenlere näme diýip näme aýdarsyñ? Tañry edasy bilen öñüne gelen ylahyýet professoryny tekfir edenlerden ýaña ýoldan geçer ýaly bolanok.
"Halk gymmatlygyna ýat bolan alymlaryñ deregne jahyllary saýlaryn" diýlip, jahyllygyñ "artykmaçlygynyñ" (!) mazamlanşyna-da şaýat boldy Türkiýe. Özem muny ýokary okuw jaýynyñ mugallymyndan.

JAHYLLYGYÑ ÖLÇEGSIZLIGI OT KIMINDIR

Bularyñ barsy şemal mysaly. Şemalyñ nähili gaý-tupana öwrülişini şol sözüñ eýeleriniñ özem çaklap bilýän däldir. Kürsüde oturanyñ biri "jinsi balak geýýän zenan dowzahydyr" diýse, köçede selpäp ýören jahylyñ biri bu sözden özüne many çykarar.
Ez-jümle, jahyllyga bir gapy açylansoñ, bilimiñ-bilginiñ gymmaty gaçar. Könekiler gepedüşmezleri görende "bir Molla Kasym lazym" diýer ekenler. Kasymyñ öñünden geçmeli, soñ Ýunus orta çyksyn. Ýöne häzir Molla Kasymy-da gysymyna sygdyrýanlar bar. Assimilizaziýa dönen jahyllyk öz toslan taryhyna-dinine-"Täze Türkiýesine" ynanýan, köklerinden gopan, başga medeniýetlere çokunjak derejede añk bolýan täze millet döretdi diýen ýaly.

Ayşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.09.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.

Просмотров: 65 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gökböri   [Материал]
Jahyllugyñ, "jahyllygyñ bolmaly

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: