19:08
Şol sakallaga gulak geriñ
ŞOL SAKALLAGA GULAK GERIÑ

"Musulmanlar üçin boýun egmek diýen zat ýokdur."
Ýewropadan daşgaryn diñe Alžire gidip gören Karl Marks gyzy Laura Lafarga Alžirden ýazan ýazan hatynda şeýle diýipdi. Ýyl 1882-nji ýyldy...
Musulmanlar şondan bir ýyl öñ Sidi eş-Şeýhiñ liderliginde fransuzlara garşy baş galdyrypdylar. Fransuz kolonial hökümeti hernäçe zorluk-süteme ýüz urup, gan dökse-de, musulmanlar boýun egenokdy...
Marks hatynda "deñsizlik - hakyky musulman üçin iniñi tisgindiriji-ýigrenji zatdyr, emma belent duýgulara rewolýusioner hereket goşulmasa, soñy bibatlykdyr" diýýärdi.
Marksyñ aýratyn ýañzydan rewolýusion hereket sözüniñ üstünde häzir ýörite durup geçeris...
Dowam edeliñ:
Marks musulman dünýäsine ýat biri däldi. 1853-nji ýylda Krym urşunyñ başlanmagy bilen osmanlylar we musulmanlar hakynda ýazylanlary okady. Aýaly Ženni Marks Germaniýanyñ Sosialist işçiler partiýasyny esaslandyryjy Fridrih Adolf Zorgä 1877-nji ýylda ýazan hatynda şeýle diýdi:
"Ärim şumat Gündogar meselesine kelle döwýär we barça hristianlaryñ edýän pyssy-pyjurlyklaryna, zorluk-sütemler arkaly ýaşaýanlara garşy Muhammediñ nesilleriniñ başy dik we sarsmaz şekilde orta çykmalaryna begenjine nard daşlaryny atýar..."
Marks soñky makalalarynda osmanly meselesine-de degip geçdi.
Onuñ pikiriçe global kapitalizm Osmanlynyñ ykdysasy ösüşine päsgel berýärdi. Ýurdy çöküşlikden diñe dünýewi hukuk sistemasy halas edip biljekdi...
Marks musulmanlaryñ halas boluşyny "rewolýusioner hereketde" we "dünýewi hukuk sistemasynda" amala aşyryp boljagyny öñe sürdi....
A Osmanly nätdi?

ÝAPON DERSI

Robert E.Ward bilen Dankwart A.Rustow “Political Modernization in Japan and Turkey” kitabyny 1964-nji ýylda çap etdirdi. (henizem türkçä terjime edilmedi!)
Kitap Osmanly Türkiýesi bilen Ýaponiýanyñ bir asyra golaý wagt içinde geçiren syýasy modernleşmesini öwrendi. Şu soraga jogap gözledi:
XIX asyrda ykdysadyýetleri biri-birine meñzeş bu iki ekerançylyk ýurdunfa bir asyrdan soñ nämeler bolup geçdi? Ýaponiýa iñ ösen ýurtlaryñ birine öwrülip ýetişdi welin, Türkiýe näme üçin şol öñki garyplygyna galdy?
Ýaponiýa meýji restawrasiýasy diýilýän kapitalistik ykdysadyýet dolanşygynyñ mehanizmlerini sazlap biljek syýasy, ykdysady we medeni çäreleri baryp-ha 1868-nji ýyldan bäri durmuşa geçirmäge başlady.
Osmanly bolsa hut şol ädimi otuz ýyl öñ, 1838-nji ýylda "Baltalimany" we bir ýyl soñ jar eden "Tanzimat" permany bilen ädipdi.
Şol döwür Osmanly ýanyçarlar gwardiýasyny (Ýanyçar ojagy) ýatyrsa, Ýaponiýa hem şogunlaryñ-samuraýlygyn soñuna nokat goýdy. Emma...
Aradaky tapawut şundady:
Osmanly daşky görnüşde-biçüwde-şekilde üýtgeşmeler girizdi. Ýaponiýa özgerişi süññünde geçirdi - samuraýlygy dünýewileşdirdi, on bir maddalyk "konsitusiýa" taýýarlady.
Şeýle-de, dini akymmy ýa dälmi, üstünde häzirem jedeli gidýän we halkara ideologiýa öwrülen konfusiçilik ruhany taglymatyny-da sekulýar-dünýewi röwüş çaýdy.
Galyberse-de... mysal üçin öýlerde okadylýan tradision bilimi dünýewi bilime birikdirip, hasam modernleşdirdi.
Okgunly ykdysady galkynyş üçin 10 müñ adamlyk ilatly nokatda azyndan 400 okuwçynuñ başlangyç bilime gitmegi hökmany şert bolup durýarka, Ýaponiýada bu görkeziji "meýji restawrasiýasynyñ" mejbury bilim syýasaty bilen birinji on ýyllykda 750-ä we birinji ýigrimi ýyllykda 882 okuwça ýetirildi!
Netijede, Ýaponiýa bir asyr geçensoñ Günbatardan daşgaryn senagatlaşyp başaran ýeke-täk ýurda öwrüldi...
Geleliñ indi bize:

ÝALÑYŞLYK NÄMEDE?

Marks Osmanlynyñ galkynyşyny Mithat paşadan tama etdi. Emma...
Soltan Abdylhamyt II Mithat paşany diñe sürgüne ýollamak bilen çäklendirmedi, ony Taifde bogdurdy! Konstitusiýa gury hyýala öwrüldi.
Abdylhamyt II propoganda-halk bilen gatnaşyk guramakda araçy hökmünde ulanylýan tarykatlaryñ barha ýaýramagyna we güýçlenmegine göz ýumdy!
Has soñra "rewolýusioner hereket" hökmünde taryh sahnasyna çykan ittihatçylaram "dünýewi hukuk sistemasyny" berkarar edip bilmedi. Herhal Marksyñ çaklamasy dogry çykdy: ýurt harabalyga dönüp, ahyrynda-da çökdi...
Türk Renessansyny amala aşyran Atatürkden başga geçmişden sapak alan barmyka?
Seretseñizläñ: bugün üns merkezinde ýene salgylanylýan çeşme halyna getirilen tarykatlar bar...
Üns merkezinde ýene akyl-paýhasy ýok eden tarykat bilimi-okuw maksatnamasy bar.
Üns merkezinde ýene häkimiýetiñ howandarlygynda döredijilik ukyby bolmazdan barha baýaýan tarykat söwdasy bar, tarykat fondlary bar.
Üns merkezinee dünýewiligiñ gol-ganaty bolan hukugy ele geçiren tarykatlar bar.
Üns merkezinde ilata hyzmat ediş nokatlaryny dini guramalara baglamak isleýän halyfat gözlegi bar.
Progressiw-öñdebaryjy yslamy hurafalara bogup, millionlarça musulmany fanatikleşdiren garaýyş diñe bizi däl, Ýakyn Gündogary-da haraba öwrüp taşlamadymy nä?
Ýaponiýa, Hytaý, Günorta Koreýa bilen aramyzdaky ykdysady tapawudyñ sebäbi şu dälmi? Ýalñyş düşünje biziñ yzagalaklygymyzyñ esasy sebäbi dälmi?
Imperializme boýun egmezlik diñe "yslam gylyjyny" somlanyñ bilen bolmaz, akyl-paýhasy ýol-ýörelge edinen ylym-bilim, hukuk, ykdysadyýet, sungat bilen bolar! Sakallak Marksyñ aýdýanam, ynha, şudur...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 23.09.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 70 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Ylym bilimsiz musulmanlygam bolmaz, dinem.

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Diñe Marks daýyñ dal, biziñem aydyanymyz şu.

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Maladis.. gowy makala.

0
1 Gökböri   [Материал]
"Belent duygulara"diylende "bu belent duygylara" bolmaly, "çäklendirmedi" diylende, "çäklenmedi" bolmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: