13:06
Raýat azatlygynyň we dini çydamlylygyň edermen wagyzçysy
Din azatlygy we söz azatlygy ýaly amerikan düşünjeleriniň özeninde olaryň ilkinji wagyz edijileriniň biri bolan Anne Marbori Haçinson dur. Maglumat çeşmeleriniň aglabasyna laýyklykda, Angliýada özge pikire eýerýän bir anglikan ruhanysy we onuň aýalynyň maşgalasynda dünýä inen bu zenan 1612-nji ýylda William Haçinson atly bir täjire durmuşa çykýar we oňa 15 çaga dogrup berýär. Dinine ybadat etmekde has uly erkinligiň gözleginde ol adamsyny öz gowy görýän ruhanysy Jon Kotton bilen Massaçusets aýlagy koloniýasyna—häzirki Bostona gitmäge ynandyrýar.
Şeýdibem onuň köp kynçylyklarynyň başy başlanýar. Gowy bilim-düşünjesi bolan Anne Haçinson ak ýürek bilen ynanýan zenanlaryny Kottonyň wagyz-nesihatlaryny okamak üçin çagyryp başlaýar. At-abraýynyň artmagy bilen onuň geçirýän şol üýşmeleňlerine erkek kişiler hem gyzyklanma bildirýärler. Olaryň arasynda gubernator Henri Weýn hem bardy. Şeýle-de, onuň adaty zenanlaryň özüni alyp baryş çäginden has daşlaşmagy şol koloniýanyň ýerli ruhanylaryny ýazgarmasy we onuň «kalbynda Hudaýyň hoşniýetliligi bar bolan her bir adam ýolundan hiç azaşyp bilmez» diýen ynamy ony dini edara bilen oňşuksyzlyga alyp bardy. Netijede, hat-da Massaçusetiň täze gubernatory Jon Wintrop şol zenany günäkärläp çykyş etdi. Ony «dilewarlykda we edermenlikde erkeklerden hem öte geçen» diýip ýazgardylar. Kazyýet prosessi gidip duran mahalynda «ol özüniň şol Koloniýanyň erkek göbekli wagyz edijilerinden, ylahyýetçilerinden we ýokary derejeli kazylaryndan hem belentde durýandygyny subut etmegi başardy» diýip, Garward professory dinçi-alym Piter Gomes nygtady. Jany-teni bilen öz ynamlaryny gorap çykyş edenligine garamazdan, 1638-nji ýylda ol buthanadan daşlaşdyryldy we kowuldy. Maşgalasy hem pikirdeş adamlary bilen Roud-Aýlende sürgün edildi. Ol şu koloniýanyň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen buthananyň döwletden doly aýry bolmagyna we din azatlygyna, Birleşen Ştatlaryň döremegine tagalla eden şahsyýetleriň ilkinjisi hasaplanýar. Adamsy dünýäden ötensoň, 1642-nji ýylda Anne Haçinson Nýu-Ýorka, Loň-Aýlend diýlen ýere göçüp gidýär. Indeýleriň duýdansyz çozuşynda onuň özi we çagalarynyň birinden başgalary pajygaly ýagdaýda öldürilýär.
Onuň hatyrasyna Bostonda dikeldilen bir heýkeliň aşagynda «Raýat azatlygynyň we dini çydamlylygyň edermen wagyzçysy» diýen ýazgy bar. Emma ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen «diniň döredilmegine ýa-da onuň bilen baglylykda dine azat-erkin uýmagy gadagan ediji hiç bir kanun çykarmaga Kongres ygtyýarly däldir» diýlen Birinji üýtgetme Anne Haçinsonyň eden goşantlaryna goýulýan sarpanyň onuň ideýallarynyň ahyr soňunda öz garşydaşlarynyňkydan üstün çykanlygynyň subutnamasy hökmünde iň ýerine düşeni boldy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamenti,
Halkara maglumat maksatnamalary edarasy.
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 55 | Добавил: Arzyman | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: