17:10
Agata Kristi
AGATA KRISTI

Bu makalada dedektiw kitaplar diýilende ilkinji ýadyňa düşjekleriň biri bolan Agata Kristiniň döredijiligi barada okyjylaryň dykgatyna gysgajyk maglumatlary ýetireris.
Doly ady Agata Meri Klarissa Miller Kristi Mellowan bolan Agata Kristi (1891— 1976) iňlis ýazyjyşy, dedektiw žanriniň ussady. 85 sany romanyň, 20 sany pýesanyň we köpläp hekaýalaryň awtory. Kristi dedektiw romanlaryň gapdalyndan Meri Westmakott tahallusy bilen birnäçe yşk romanlaryny hem ýazypdyr, emma yşk romanlary dedektiw eserleri ýaly meşhurlyk gazanyp bilmändir.
Agata Kristiniň iň gowy eserlerinde («Gündogar ekspresindäki jenaýat», "Kaminleriň syry" , "Gizlin duşman", "N ýa-da M?", "Galkan" , "Sapagymyz jenaýat" we ş.m) jenaýat diňe deliller bilen açylman belki-de gahrymanlaryň, meselem belgiýaly sülçi Erkul Puaronyň adatdan daşary duýgurlygy bilen açylýar.
Agata Kristi dünýäde iň köp eserleri terjime edilen ýazyjy diýilip bilýär, onuň eserleri 103 dile terjime edilipdir. Onuň eseleriniň bu derejede uly üstünlik gazanmagynyň sebäbi sýužetiň gyzyklylygy, çözümiň garaşylmadyklygy, personažlaryň aýdyňlygy bilen düşündirilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taýýarlan: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 72 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 turkmentug   [Материал]
Gaty gowy romanlary bar .Puaroň serialyny iş edinip göripdik smile

0
1 Dunyagozel   [Материал]
Ekem gowy terjime bolupdyr, ýetireniňe sagbol

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: