17:02
Meşhurlaryň durmuşyndan henekler
MEŞHURLARYŇ DURMUŞYNDAN HENEKLER

Günlerde bir gün Bernard Şou atly gezelenje çykýar. Ençe wagt ýöränsoň ýolda sataşan bir adama ýüzlenip:
— Gardaş, şu aty jylawundan tutup dursaňyz, haýyş, men derrew poçtahana girip çykmaly.
— E-e, näme diýýäňiz, jenap? Men parlament agzasy ahyryn.
— Daşyňyzdan halal, ynsaply adama meňzeýärsiňiz. Bolýar, töwekgel, men size ynanýan.

***

Lessing ünsizligi bilen meşhurdy. Bir güni öýüne giç gelip gapyny kakýar, içeriden:
— Jenap professor öýde ýok— diýen jogap bolýar.
— Hä, bolýar, näme hem ederdim, başga wagt gelerin— diýip professor öýünden uzaklaşýar.

***

Günlerde bir gün Eýnşteýn hemralaryny tebigat gözelligi bilen tanyşdyryp ýörkä şeýle diýýär:
— Garşyňyzdaky ine şu dagda gadymky köşgüň harabalary bar. Dik jarlygyň etegindäki sokmak bilen barsaňyz, dag etegindäki jülgä çykýaňyz. Bu sokmak juda howply, ätiýaçly bolmak lazym. Birden jardan ýykylyp gidäýseňiz, sag tarapa bakmagy unutmaň! Göz öňüňizde juda gözel kartina peýda bolar.

***

Dagystanly meşhur şahyr Ebutalybyň kitabyny neşirýat çap etmegi geljekki ýyla galdyrýarlar. Şonda şahyr neşirýata:
— Täsin, terjimeçi Efendi Kapiýew meň bilen söhbetleşip, aýdan geplerimi ýazyp aldy we şo wagtyň özünde metbugatda ýaýratdy. Resul Gamzatowam edil şolar ýaly edipdi. Emma özümiň pikirimi özüm kitap edip çykarjak bolsam bir ýyl yza süýşürýärler. Hany mantyk?— diýýär.

***

Meşhur fransuz aktrisasy Madam de lýa Rok äri bilen aýrylyşmakçy bolýar.
Janköýerleri ondan:
— Nämüçin beýle karara geldiňiz?— diýip soraýarlar.
— Ärim maňa ite seredýän ýaly seredýär.
— Bu näme boldugy bolýar?
— Ol menden it ýaly wepadar bolmagy talap etdi.

***

Ýuriý Nikulin grimhanasynda oturan mahaly sirk işgälerinden biri girip, gygyrýar:
— Ýangyn! Ýuri Wladimirowiç, ýangyn!
Şonda Nikulin arkaýyn:
— Men ýangyny ýeňip bilmeýän. Bu iş bilen başga artist meşgulanýar— diýip jogap berýär.

***

Fransuz ýazyjysy Andre Moruadan bir dosty:
— Hany aýtsana, taryhy kim köpräk üýtgetdi? Sezarmy ýa Napoleon?— diýip soraýar.
Morýa:
— Siwilizasiýa döräli bäri taryhy iň köp üýtgeden şahslar taryhçylardyr— diýip jogap berýär.

***

Gadymky ýunanlar, danyşment, pelsepeçi Diogeniň pikirini juda gadyrlapdyrlar.
Adamlar bir güni ondan:
— Haýsy ýaşda öýlenmek makul?— diýip sorapdyrlar.
Pelsepeçi:
— Ýaşlara öýlenmäge heniz ir, garrylara bolsa giç— diýip jogap beripdir.

***

Meşhur aýdymçy rok-n-rolluñ "şasy" Elwis Presliniň juda köp janköýerleri bardy. Esasanda, gyzlar oňa yzly-yzyna hat ýazyp, günine goýmaýardylar. Bir gazediň habarçysy, aýdymçydan gyzlar oňa näme barada ýazýandygyny sorady.
Aýdymçy:
— Olar köplenç saçymdan bir tar göýbermegi haýyş edýärler— diýip jogap berýär.
Habarçy geň galýar.
— Olaryň, hemmesiniň haýyşyny berjaý etjek bolsaňyz kel bolup galarsyňyz-a.
— Maňa-ha jynam urmaz welin, emma itim ýakyn wagtda kel bolmagy mümkin.

***

Fransuz fizigi Pol Lanjewen ylymyň hemme çylşyrymly meseleleri barada ählihalk düşüner ýaly dilde gepläp bilmegi bilen meşhurdy. Bir gezek ol Fransiýanyñ Ylymlar akademiýasynda ajaýyp nutuk sözleýär. Nutukdan soňra kärdeşleri ony gurşap alyp, bular ýaly sada, düşünikli gürläp bilmeginiň syryny soraýarlar.
Fizik:
— Hemmesi juda ýönekeý. Men gürläp duran wagtym diňleýjileriň arasyndan aňkawyrak bir ýüze bakyp, ta oň gepimi aňlanyna göz ýetirýänçäm gürläberýän-gürläberýän. Tamam wessalam.
Şo mahal Lanjeweniň ýanyna Ylymlar akademiýasynyň prezidenti gelip:
— Sizi gutlaýaryn, kärdeş. Diňe bir zada düşünmedim, nämüçin gürläniňizde menden gözüňizi aýyrmadyňyz?.

***

Gýote Weýmar şäherindäki seýilgähde gezelenç edip ýören mahaly garşysyndan bir tankytçy çykýar. Olar biri-birini halamaýan ekenler. Garşy tarapdan gelýän tankytçy tekepbirlik bilen:
— Men akmaklara ýol bermeýän— diýýär.
Gýote ýylgyryp:
— Men bolsa hemişe akmaklara ýol berýän— diýip ýoluň çetine geçýär.

***

Amerikan kinoşereketleriniň biri meşhur iňlis syýasy işgäri Uinston Çerçill hakynda kino surata düşürmekçi bolýar. Filmde altmyş ýaşly işgäriň ömür ýoly görkezilmelidi. Çerçilliň rolyny oýnamak segsen ýaşly aktýor Çarlz Kloftona tabşyrylýar. Bu roly oýnany üçin aktýor uly mukdarda pul alýandygyny eşiden Çerçill gazaplanyp, şeýle diýýär:
— Birinjiden, rolumy oýnaýan bu adam çenden aşa semiz. Ikinjiden, juda garry. Üçünjiden, bular ýaly pula özümem özümi betinden edip oýnap berip bilýän!

***

Meşhur basnýaçy Iwan Andreýewiç Krylowdan bir gün okyjylary:
— Örän seýrek duş gelýän zehiniňiz bar welin, emma nämüçin az ýazýaňyz?— diýip sorapdyrlar.
Ýazyjy:
— «Nämüçin ýazýaňyz?» diýen soragy eşideniňden, «Nämüçin az ýazýaňyz?» diýen soragy eşideniň ýagşyrak-da— diýip jogap beripdir.

***

Günlerde bir gün gadymy ýunan pelsepeçisi Diogen keman atyjynyň gaýta-gaýta synansa hem nyşana urup bilmeýändigini görüp, nyşanyň ýanyna baryp durýar.
Tomaşaçylar geň galyp:
— Nämüçin beýdýäňiz? Birden…— diýip soraýarlar.
Pelsepeçi:
— Iň howpsuz ýer ine şu ýer eken— diýip jogap berýär.

***

XIX asyrda ýaşap geçen meşhur nemes suratkeşi Menseliň huzyryna bir ýaş suratkeş gelýär. Özüniň eserini görkezip:
— Maestro! Adalat barmy özi, bu dünýede? Ine men şu kartinani bir günde çekipdim, emma bir ýyldan bäri satyp bilmän ýörün— diýýär
Mensel:
— Gardaşym, eger siz bu eseriňizi bir ýylyň dowamynda işlän bolanyňyzda, ýekeje günde satan bolardyňyz— diýip jogap berýär.

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI.

Eseriň alynan ýeri: «Üzümini iý, bagyny sorama!:D»
# Gysgaldylyp, saýlanyp, seçilip alyndy. :) 
Категория: Degişmeler | Просмотров: 238 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 28
0
28 Dunyagozel   [Материал]
@Bagabat 21-nji teswiriňe düşünjek bolup aklym çaşdy wacko

0
26 Gurgencli   [Материал]
Mowzugyňa üns berdirmek isleseň mowzugyň adyna bir delje, täsiniräk söz ýazaýmaly eken. Ýekeje "Heňgama" sözi 24 sany teswir ýazylmagyna sebäp boldy:). ÖWREN STUDENT smile

0
20 Kitapcylar   [Материал]
@Jürjanly baba, kädimizi gowja işletsek, türkmende ýok söz ýok. Ynha, mysal ü.n men Eziz Nesiniñ ýene bir "Gallaplygy-da eder ýaly bolmady" ("Kalpazanlık'ta yapılamıyor") diýen satiriki hekaýasyny terjime edeninde "kalpazan" (фальшивомонетчик) we kalpazanlık (фальшивомонетничество) sözlerini terjime edip bilmän (türkmençe many berýän söz tapyp bilmän ýüz tutmadyk mirasgärlem, ýazyjylam, taryhçy alymlam galmady. Hatda gadymy teññeler boýunça arheolog alym Tirkiş Hojanyýazowdan hem sorap görüp gördüm. Tirkiş aga hem "inim, taryhda galp pul ýasaýan bolmansoñ, bu söz hem ýok bolaýmasa, ýa men henize çenli gabat gelemok" diýdi. "Galphor" diýip terjime edäý diýenlerem boldy. "Galphor" diñe galp pul ýasaýançy manysyny däl, ähli galp işler b.n meşgullanýan adam manysyny berensoñ ol sözem göwnüme jaý bolmady. Ahyr bu sözüñ jogabyny merhum şahyrymyz Nobatguly agadan tapdym. Soñ görüp otursam, bu söz Magtymgulynyñ goşgusynda-da geçýän eken. Gepiñ keltesi, kalpazan - gallap, kalpazanlık - gallaplyk.

0
19 Kitapcylar   [Материал]
Türmede worzakonlar "awtoritetlere" öwrülýär, daşarda worzakon. "Awtoritet" sözüne ýanap aldyklary şo.

0
18 Nurdan   [Материал]
Worzakon sözi bilen "abraýly" sözûniñ name meñzeşligini görýärlerka? happy

0
17 Kitapcylar   [Материал]
Kabadaýylaryñ hem edil worzakonlar ýaly aýry dünýäsi, aýry kanuny bar. Olaryñ dünýäsine "ýeralty dünýäsi" (ýerasty dünýäsi) diýilýär.
Mafiýanyñ giñden ýaýramagy b.n soñ "kabadaýy" sözüne ýerine "mafýa babasy" (sõzme-söz "mafýa kakasy) diýen söz döredi. Edil türkmen dilinde "hekemlik satma" söz düzüminiñ bolşy ýaly, türklerde hem "kabadaýylyk ýapma", "kabadaýylyk satma" diýen söz düzümleri bar. Kabadaýy sözi şol baglanyşyga görä alyndy, Jürjanly baba smile

0
25 Gurgencli   [Материал]
Has aga, "Alarsyňyz jenneti" hekaýany siz terjime etdiňizmi? Ýalňyşmaýan bolsam "terjime eden Has Türkmen" diýibä duranokdy, başga at ýazylandy wacko

0
16 Nurdan   [Материал]
Heñgama- şuwlaýan pyçak, owazly gama, tüweleme türkmeniñ owadan söz düzümleri bar emma mowzugyñ adyna gelişmedi, henek ýa-da ýomak diýseñizem siz hiç hili jenaýat etdigiñiz bolmazdy, sebäp terjimede esasy zat many ýitmeli däl. Heñgama ady bilen hekaýa ýazan bolsañyz-a siziñ türkmen diline getiren söz üýtgeşmäñiz bolardy bu söz.

0
15 Kitapcylar   [Материал]
"Worzakon" sözüni terjime edip bolanok diýilse-de, käbir şowakör mugallymlar ýa terjimeçiler ony "abraýly" diýip alýardylar. Başga many berýän sözi etmek nädogry çemeleşme.

0
13 Kitapcylar   [Материал]
Hekem - bir manysy: oturan ýa baran ýerine eýemsireýän, töweregine aýdanyny etdirjek bolup hekemsireýän adam.
Okaýarkak "worzakon" sözüni terjime edip bolanok diýipdi mugallymlarymyz, bu sözüñ manysyny berýän söz türkçe bolmasa-da, şol manyny berýän durmuş formasynda türk jemgyýetinde "kabadaýylar" bar. "Hekemsiremek" manysynda alnan "hekem" sözi hem şol manyda alyndy. Sözme-söz terjime edip bolanok kabadaýyny.

0
10 Kitapcylar   [Материал]
Heñgama gowy söz bolupdyr, ýöne berýän manysy başga bolýa "şuwlaýan ok", "saz edýän peýkam" diýlişi ýaly "heñ edýän pyçak", "heñli gama" diýen manyny berýär.

0
12 Gurgencli   [Материал]
Şu ýerde Eziz Nesiniň «Alarsyňyz jenneti» hekaýasyny terjime eden terjimeçi, hekaýadaky "Kabadaýi” "hekem" diýip terjime edipdi. Aslynda hekem sözem sözlükde düýbünden başga manyny aňladýan eken. Eliň guşyň gelip gonýan zadyny (agajymydy) aňlandýan söz eken. Söz wagtyň geçmegi bilen şeýdip manysyny üýtgedip biler ahyryn, haýsy ýere gelişse şo ýerde ulanybermelidirda sözem

0
9 Kitapcylar   [Материал]
Jürjanly, diktant ýazdyrsañ dagy göni 2-lik alýañ şumat. Öz goýan wariantyñ b.n şuña-da bir seredip gör indi.

0
14 Gurgencli   [Материал]
1 bolsun, 2 bolsun bir zatlar alsak boldyda:). Minnetdar agam gowy radaktriläpsiňiz.

0
8 Gökböri   [Материал]
Gürgençli dost terjime edeñde manysyny ýitirmeýän şol sözi öwürseñ bor. Sen Serdar agañ sözüne ters düşünipsiñ meger.

0
11 Gurgencli   [Материал]
Megerem şeýledir. Eseriň içinde türkmençeleşdirjek bolup öwrüp, çöwrüp taşlaýan ýerlerimem kän welin adyny üýtgetmek bolanok diýensoň adyna ünsliräk bolaýyn diýäýdimda. Minnetdar gardaş üns bereniňiz we maslahat bereniňiz üçin.

0
21 Bagabat   [Материал]
"Эффект испорченного телефона" diýen bir düşünje bar. @Gurgençli, internet bir gowy zat. Saýtyň "Pikirler" bölüminde 30.06.2020 ýylyň 18:47-däki seniň sowalyňa jogap hökmünde ýazan ýazgym ine şeýledi: "Awtoryň (eger-de ol diri bolsa) ýa-da onuň eseriniň awtorlyk hukugynyň emläkleýin böleginiň mirasdüşerleriniň (awtor ölenden soň 50 ýylyň dowamynda) razylygy bolmazdan eseriň adyny üýtgetmeg-ä beýlede dursun, ony terjime etmegem bolmaýar. Ýöne soňam "keýpiň kelläňde edeniňi ediber" diýlen zat ýok. Eseriň awtorynyň ady, onuň esasyny düzýän düzüm bölekleri, şol sanda eseriň adam awtoryň aýrybaşgalaşdyryp bolmaýan şahsy hukuklaryna degişli bolup durýar.". Men-ä şu jogapda: "awtoryň aradan çykanyna 50 ýyl bolandan soň eseriň adyny terjime etmek bolmaýar" diýlip düşünilmeli ýerini okap bilmedim. Ýöne dogry, jogaba ters düşünilse, bu oňa ters düşünýäniň günäsi däl-de, düşündirýäniň günäsi bolaýmasa. Mysal üçin, Gorkiýniň "Мать" romanyny türkmen diline terjime edeniňde "Ene" diýip ýazmazlyk, awtorlyk hukugynyň kadalaryny berjaý etmekmikä ýa-da "ÝA-DA"? biggrin

0
24 Gurgencli   [Материал]
Serdar aga men eseriň adyny terjime etdim. Ýöne aňlandýan manysyna görä däl-de göni terjime etdim.

0
27 Bagabat   [Материал]
Çary Ýegenmyradow neressäniň agasy, Gurbanmämmet aga, bir gezek çagalaryň miwe şerbetini sorulýan turbajygy (iňlisçe "juice straw") "hüýp" diýip atlandyrandyklaryny, şonuňam bujagaz zadyň aňladýan manysyna türkmen dilinde "şap" bolýandygyny aýdypdy. Hakykatdanam, bujagaz turbajyk öň türkmen dilinde aňlatmasy bolmadyk täze zat, şonuň üçinem "hüýp" diýen täze söz bilen aňladylsa ýerine düşjek...Bu ýerde-de @Gurgençliň "heňgamasy" Japbaklaryň söz ýaryşynda ýeňmek üçin oýlap tapan "jyňňysy" ýaly bir zat boldy öýdýän.

0
2 Gurgencli   [Материал]
— Ýaşlara öýlenmäge heniz ir, garrylara bolsa giç— diýip jogap beripdir. biggrin

0
1 Gökböri   [Материал]
Heñgama?

0
3 Gurgencli   [Материал]
Özbekçe "Hangoma" türkmençe "Heňgama" bolarda. Henek diýip ýazaýsammykam diýibem oýlandym, ýöne Serdar aga "Eseriň adyny onuň esasyny düzýän böleklerini üýtgetmek bolanok" diýipdi, gadagan eken. Türkmençe aýdaňda hökümet heläk edýämiş.

0
4 Nurdan   [Материал]
Heñgama sözüniñ berýan manysy nämeka?

0
5 Gurgencli   [Материал]
Gynansakda enedilim sahypasy şu wagt işlänok

0
6 Nurdan   [Материал]
Öñ gabat gelmändim beýle söze, mümkin sözlükden alansyñyz diýip soradym, ýerliksiz bolan bolsa bagyşlañ.

0
7 Gurgencli   [Материал]
Aý ýok, ýerliksiz sorag däl. Men sözlüge seredip terjime edemok. Sözlük dörjelemäge ýaltanýan.

0
22 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, @Gurgençli, edil munuň üçin heläk etmek üçin başagaý bolup duraýaslary ýok-la..."Küştçi" atly Artyk Jally, Kerim Annan dagy oýnaýan komediýada Kerim Annanyň gahrymany: "Wa-a-aH, sada bolýas-da biz, sada bolýas-da!" diýip "ah" urmaýarmy?! Ine şo bolýan ýaly biziňkem... cool

0
23 Gurgencli   [Материал]
Howwa, sadalyk, ylymsyzlyk, gorkaklyk:).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: