15:28
Hany, biziň «Annasoltanlarymyz»?
«Indi näçe ýyldyr dälihanada ýatan görgüliň şo taýda-da amanadyny tabşyranyny eşiden garyndaşlarynyň iň doňýüreginiňem şol gün ýüregi gyýylyp gitdi. Olar bir-birlerini görenlerinde hasam gynançlaryny güjeňlediler. "Wah, wah, görgüli, görgi üçin ýaradylaýan ekeni..." "Ýaradan ýaradanyny görgi üçin ýaratmaýar. Biz özümiz bir-birimize görgi baryny görkezýäris" diýip olaryň hiç biri göwnüne-de getirmedi. Indi o görgüliň jesedini ýygnamaga gitmelidi. Çigit satyp, gününi zordan aýlap, ahyram ölüp giden enäniň dälihanada ýogalan gyzyny getirmäge gitmelidi. Garyndaşlarynyň bu günki "ah-wahlary", çytylan gaşlary Annasoltanyň öňündäki müýnlerini ýuwmak üçin edilýäne meňzeýärdi. Ýa-da olar şu günki gynançlary bilen düýnki doňýüreklilikleri üçin ötünç soraýardylar. Ötünç nire, gynanç nire, ýöne kim bolanda-da adam-da, hemme kişiň dünýeden ötene nebsi agyrýardy. Şol töweregiň ýaşululyragy ýanyna-da birini alyp, işini goýup, dälihana Annasoltan Kekilowanyň jesedini getirmäge gitdi. Ýolboýy ýaşulyň aňynda "Ajalyň ýetse gidibermeli-dä" aýlanýardy. Ol sözlem onuň kellesine gelýän pikirleri ýetişibildiginden kowjak bolýardy. Ýöne agyr pikirler boş söze eýgertmeýärdi. "Pahyr, göwnüne gelenini göni aýdardy. Ýöne bir gödek töhmet bolsa, hiç kim gatam görjek däldi. Ol dogrusyny aýdardy. Aýbyňy ýüzüňe aýdyp dursalar kime ýakýar?" Ýoly ýarpylaberenlerinde ýoldaşy ýaşula: "Uly il ýaly gezibermeli-dä, ters eden bilen nä işiň, dogry eden bilen nä işiň" diýdi. Ýaşuly oňa jogap bermedi. Onuň öleni ýamanlykda ýatlasy gelmedi. Ýaşuly diňe içinden "Onuňam zat bilen işi bolman geziberse, gününiň gowy geçjegine akyly ýetendir-le" diýip, pikir etdi. "Isa pygamberem adamlaryň bolşuny bolşy ýaly aýdany üçin agaja çüýläpdirler" diýýär hristianlar. Ynha, iki kişi ýörite onuň özüni däl, jesedini ýygnamaga barýar – merjen daşyny däl, onuň boşan gapyrjagyny ýygnamaga. "Dirikä bir ýerde tiredeşi bolsa barymyz: "Şo däli bolsa, onda barymyzam däli, bizem dälihana salyň" diýip, hökümediň jaýynyň agzyna ýygnanaýan bolsak..." Ýaşuly daşyndan "hmm" etdi. Ýanyndaky onuň näme üçin beýdenine düşünmedi. Ýöne onuňam bahymrak dälihana ýetesiniň gelýäni görnüp durdy. Ýük agyr bolsa, adam pahyr ýoluň gysgarak bolanyny isleýär. Ahyry dälihananyň diwarlaram göründi. Halasgär diwar. Ýumşak oturgyçda, kondisionerli kabinetde arkaýyn oturyp, arkaýyn aýlyk alan, arkaýyn edenlerini eden adamlary ondan, aýal maşgala bolsa-da, dogrusyny aýdany üçin howply elemente öwrülen adamdan goran halasgär diwar. Şonda-da kellesi kadaly işleýän hasaplanýan adamlar ol diwary alkymlap baranlarynda kelleleri kadasyz işleýär diýlip içine dykylanlara nebsi agyrýardy. Ýöne Annasoltan ol "kadaly" işleýänlerdenem, "kadasyz" işleýänlerdenem däldi. Sag halyna dälileriň arasynda on iki ýylyny geçirip, şo ýerde-de jan bereni üçinem bu adamlar onuň jesediniň öňünde baş egäýmelidi. Muňa olaryň ikisiniňem akyly ýetýärdi. Annasoltany saklan diwarlaram eýmendiräýmelidi. Häzir welin, bu diwarlar, demir derweze—hiç zat. Olaryň dirä güýji ýetýär… Ýoldaşy ýagdaýa belet – dälihanaň içine girip gidensoň, daşynda garaşyp duran ýaşulyň pikirleri hasam agralýardy. "Indi sen çagaň galdyran haýatjygyça-da ýok. Sen o pahyryň tenini saklasaňam ruhuna erkiň ýetenok. Onuň ruhy bir wagtdan bäri biziň ýokarymyzdan ýylgyryp seredip durandyr. "Dirikäm çykarmaga gelmediňiz, indem azara galyp durmaly däl ekeniňiz, orsuň özi ýygnardy-da" diýýändir..." Ýaşuly serpmeden gaýdan ýaly boldy. Ruhy ýylgyrýandyr diýýäniniň özi ýoldaşy bilen tirkeşip, ýylgyryp göründi. — "Garyndaşlarym ölemsoň bir meni ýygnarlarmyka beri?" şony biläýeýin diýdim. Ýygnajak ekeniňiz, Taňryýalkasyn! Maşyn yzyna dolandy. Onda Annasoltanyň jesedi ýokdy. Ýöne olaryň ikisem dymyşyp barýardy. Hiçisiniňem ol arzylanan jesediň ýoklugyna begenmek ýadyna düşenokdy. Olaryň ikisinem gahar bilen utanç bogýardy. Soň sähel wagtdan Annasoltan Kekilowa – köpleriň böwrüne sanjy bolan naçar – hakykatdanam, dünýeden ötdi. Ony getirmäge ýene gitdiler. Ýok diri getirmäge giden bolmady, ölüsini getirmäge ikinji gezegem gitdiler. Bu gezek maşyn jesetli dolandy. Ýaşulyň aňyndan onuň yzyndan birinji gezek gidişleri aýrylmady. "Ol dirikä diri ýakdy, ölensoňam-a ýene masgara biz bolduk". Ol häzirem turaga-da "Men diri" diýäýjek ýalydy. Hakyky dirilik adam ölenden soň başlanýan bolaýmasyn, eger dirikäň diri ýaşan bolsaň?.. Musulmançylykda iň erbet görülýän zat—öz janyňa kast etmek. Ol geçilmeýän üç günäniň biri. Näme üçin beýlekä? Eger bu dünýe beýle ajaýyp, Gurbannazaryň aýdyşy ýaly "ýaşanyňa juda degýän" bolsa, onda özüňi öldürmegi çürt-kesik gadagan edýän düzgün musulmançylykda bolmazdy. Sebäbi ajaýyp dünýeden gitjek bolmak hiç kimiň kellesine gelmezdi. Eger ýaşanyňa degmeýän çüýrük dünýe bolsa, onda beýle ýowuzlyk, zorluk nämä gerek bolduka? Ýowuzlyk, zorlyk nireden geldi? Öldür-öldürme – öz işiň, ýöne saňa bilýän "Günä" diýýär. Senem onuň sogap däldigini bilýäň… Bigaýrat hemişe-de haýýar bolýar. "Ýowuzlyk", "zorluk" diýip, nadaralyk edýär. Annasoltanyň ýaşap geçen hupbatly ömri hakynda gazetde makala çykanda ömründe gazet okamaýanlaram ony gözläp okapdy. Näme üçin? Näme üçin adamlary biçäre naçaryň düşen güni şeýle gyzyklandyrdyka? Göwnüme bolmasa, her kim Annasoltanyň ömründen özi üçin zerur bir zady gözleýän ýalydy. Gazet sahypasynda aňyrsy-bärsi sähel salymyň içinde seniň göz öňüňden bir adamyň tutuş ömri geçip gidýär. Kim oňa bimany dünýäniň manysyz ömri diýýär. Kim bimany dünýäniň manyly ömri diýýär. Kim manyly dünýäniň manyly ömri diýýär. Haýsysy dogruka? Gurbannazar ilkinji kitabyna "Ynam" diýip at goýanda ony tersine okasaň "Many" bolýar diýerdi. "Ynam" bilen "Many" bu dünýäniň sütünleri, derýaň düýbüniň düri ýaly. Dälihanada geçen ömürden dür gözlemegimiz nämäni aňladýarka? Biziň dälihananyň daşynda, sag diýip geçiren ömrümiziň manysyzlygynymy? "Gurbannazaryň il içinde ýoň bolup okalýany onuň ir hem şeýle tragiki ýogalmagynda" diýleni ýene ýadyma düşýär. Annasoltanyň biçäre ömrüniňem il içinde ýoň bolup okalmagy şonuň üçinmikä? Hakykatdanam, Annasoltanyň adaty adamlardan bar artykmaçlygy onuň on iki ýyllap sag halyna dälihanada saklanany, şol ýerde-de ýogalanymy? Ýa-da adam ýogalansoň ony gowy görmek häsiýetimiz Annasoltandan üýtgeşik şahsyýet ýasajak bolýarmy? Synçy adamlaryň biri türkmende bir ýaramaz häsiýet bardyr: Ol molla aga, molla aga diýer, saňa uly sylag eder, gidersiňem welin yzyňda "aklygyny az a gördi" ýa-da "düýnem arak-şerapdan gaýtman ýörendir, bu gün allanäme molla bolan bolup ýör" diýip, gybatyňy eder diýipdir. Mollasynyň gybatyny edýän türkmen aýal maşgala gezek gelende nähiliräkdir? Şu setirleri ýazýan welin, şahyr aýalyň ruhuny bimaza eden ýaly bolýan. Hamala ol maňa "Sen meni aklajak bolup dert-azara galma, meň ýek ýigrendigim özüňi aklajak bolmak" diýýär. Meniň bolsa, Gurbannazara düşünjek bolşum ýaly saňa-da düşünesim gelýär. Bilýän, kondisionerli, giň kabinetde haýsydyr bir žurnalyň ýa-da gazetiň baş redaktory bolmaly halyňa "Gapurow eýle, ýene biri beýle" diýip, Brežnewe hat ýazsaň, akylyň ýerinden üýtgedigi bor" diýenler şu wagt hem şol pikirdedir. Bu gün bize Brežnew diýilýäniň kimdigini tanadansoňlar, hakykatdanam ol adama hat ýazmak akmaklyk bolup görünýär. Şol döwürde-de olar ýaly iş etmegi kemakyllyk hasaplanlar öňdengörüjilik bilen ol adamy tanap bilipdirler. Şonuň üçinem dälihana girmän giň kabinetleri, lezzetli möhürleri eýeläpdirler. Olara düşünmek kyn däl. Saňa düşünmek kyn. Şu gün seni direldip getirseň, ýene saňa düşüneris öýdemok. Sen mümkin öňküdenem çökder hereketler edersiň. Biz saňa ýene haýran galarys. "Seniň maksadyň näme? Adamlary haýran galdyrmakmy? Magtymguly: "Bu dünýe mülkünde soltandyr-şadyr, Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat" diýýär. Seniň "şa-soltan" bolasyň gelmedimi? Sen näme üçin Annasoltan bolup dälihanada ölmegi saýladyň? Kitaphana ýörite baryp gözleseň-ä tapdyraýýan (onda-da hemme kitaphanalarda däl), ýogsa asla duşmajak iki sany kiçijik kitapçaňy bir sagadyň içinde okap çykdym. Seniň ähli çeken jebriň, gören görgiň ýekeje sagada sygypdyr. Men ony şeýle bahym okap çykanyma utandym. Kellämde welin ýene soraglar. Bimany dünýäniň manysyz ömrümi?.. Ýa-da adam bu dünýeden many däl, bähbit gözleýärmi? Kim onuň bähbidini tapsa, manysyna akyl ýetirdigimikä? Aslynda bu dünýäniň bähbidi nämede? Hon-ha, öz doglan obaň golaýynda Hoja mazarda bir tümmejik toprak bolup ýatyrsyň. "Men şeýle owadan, adamym bolsa görmeksiz, goý, ol öz ýanýoldaşyndan kemsinmesin, özüni maňa mynasyp däl saýmasyn" diýip, Alladan görmeksizligi dilän ejeňem şol ýerde ýatyr. Heý, akyly ýerindäki adamam "meni ýanýoldaşym bilen deň et" diýip, ýüzüni dyrnaçaklarmy? Ýa eli döwülse, seýigini açarmy? Hudaý seň ejeň dilegini kabul edipdir. Ol pahyr ýogalanda ýüzi-gözi görmeksiz, bir eli döwük dünýeden ötüpdir. Pahyr dirikä welin, Köşi obasynda ýekeje toýam şonsuz geçmändir. Onuň degişgenligini, töweregini ala-ýaz edip oturşyny, ýüzugra goşgular goşuşyny obaň aýallary gürrüň berýär. Magtymgulynyň: "Sud haýsydyr, zyýan kaýsy bilmedim" diýen setirini eşitmedigimiz azdyr. Dogrudanam, Magtymguly peýdasyny, zyýanyny bilmedik biridimikä? Muhammet pygamber ömri paýawlaberende "Men pygamberlik borjumy berjaý etdim. Adamlara nähili ýaşamalydygyny, nähili ýaşamaly däldigini doly beýan etdim. Indi hiç kim kyýamat-magşar güni: "Bilmezlikde günä iş edipdirin" diýip bilmez" diýipdir. Hakykatdanam, hristianlara Isa, musulmanlara Muhammet, dinsizlere Marks... Injil bile, Gurhan bile, moral kodeksi bile "bilmedim" diýere ýagdaý goýmandyr. Şonda-da ne bir Hudaýa uýup, ne-de dinsize ynanyp, iki arada hijisinem bilmeýänlerden bolup ýaşasyň gelýär. Belki, şonuň üçindir, adam özüni öldürse geçilmeýän günä hasaplanylýany?! Adamyň teninden başga ruhy bolýar. Geliň, musulmançylygy, o dünýäni, magşar gününi beýlede goýalyň. Sen dindar bol, hala ýok, her kim bolsaňam seniň ynamyň, manyň, begenjiň-gynanjyň, wyždanyň-haýaň... bolýar. Şular ýaly düşünjeleriň bary birigip, dirileriň ruhuny düzýär. Ruhy baýlyk, ruhy göýdüklik, ruhy belentlik diýip kän eşdipdim, emma ruhy ölülik bardyr öýtmezdim. Biz näçe gezek öz-özümize "bu zatlaryň soňy puç, etdiň-etmediň parhy ýok, ýeke özüň edip biljek zadyň ýok, bu dünýe saňa düzetdirmez" diýendiris. Bu dogry görünýän pikirleriň aňyrsynda ruhumyzyň boýnuna halka bolup aýlanyp, bogup öldürjek tanabyň ýatandygyny aňsat-aňsat görüp bolmaýar. Şer işleriň öňünde dyz epen günümiz hem biziň haýyr-sahawata zar ruhumyz ölýär. Annasoltan belki şoňa düşünendir? Maňa wezipe-de, personal maşynam, haýbatly möhürem, ýalan şöhradam gerek däl diýende, belki ol ruhunyň diriligini ähli zatdan ileri goýandyr? Öz-özüňi öldürmegi ret edendir? Dälihanada amanadyny tabşyran Annasoltany Hoja mazara eltip jaýlaýarkalar ölüler dirini jaýlaýardylar ahyryn. Onda Gurbannazar Annasoltan bolup bilmänligi üçin müýnlümi? (Men bu ýerde hökman Annasoltan bolmagyň däl, ýüregiňdäkini çekinmän aýdyp bilmegiň gürrüňini edýärin). Aýtsaň diňlenmese, aýtmasaňam müýnli bolsaň? Şahyr diňlenmese-de, aýtmalylaryň hataryna girýän ýaly. Onda... Meniň Gurbannazaryň tarapyny tutasym gelýär. Eger Gurbannazaram nebir goşgular ýazmaly halyna Brežnewdir Gapurowlaryň hapasyna bulaşyp ýören bolsa gynanardym. Emma Annasoltanlaryň aramyzda juda az bolanlygy üçin halaly harama çykaranlaryň, garany ak, ýalany çyn edip gezenleriň bolandygam hakykat. Onda-da tutuş türkmen diýilýäniniň öňüne düşüp, onuň gün-güzeranyny, ykbalyny kesgitlänler... Ýöne Annsoltan bilen Gurbannazaryň hamyrmaýalary başga-başga bolsa gerek. Mümkin Gurbannazar has pähimli, şol pähim sebäplem kä ýerde sesini çykarman oturyp bilen şahyrdyr. Maňa deňeşdirip bolmaýan adamlary deňeşdiripdir diýmäň. Annasoltanyňam, Gurbannazaryňam daşky örtügini aýyrsaň – ikisem şahyr. Olaryň biriniň aşa edepli bolanlygy ýa-da beýlekiniň edebiniň, mümkin, gurt daran ýaly daralanlygy sebäpli, gyz halyna jinsi geýimli gezeni – olary deňeşdirip bolmaz ýaly etmeýär. Ýöne aslynda adam bilen adamy deňeşdirmegiň ýalňyş bolmagy mümkin. Emma ýalňyşmajak bolup, ýa-da çekinjeňlik edip, düşünmeli zadyňa düşünmän galsaň, o-da göwnüňe jaý däl. Niçigem bolsa, niýetimiň arassalygyny göz öňüme tutup, ol iki şahyryň ruhunyň öňünde şu deňeşdirmäm üçin özümi aýyply saýamok. Olar gitdiler, biz galdyk. Bizem gideris. Ýöne gitmänkäk kimdigimizi, kim bolmalydygymyzy, diriligimiziň manysyny biljek bolsak ýagşy. Yzymyzda alasarmykly, alagaraňkylygy galdyrmasak… Ol iki şahyryňam baş maksatlary şol bolmaga çemeli.»
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 108 | Добавил: Arzyman | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 12
0
12 Jeksparro   [Материал]
@Haweran, dogruda agam. Medeniyetlisiräp Annasoltan pahyra içiräkden çalarak kesek oklap günäkärläp goyupdyr ahyry. Hamala awtor Annasoltandan akylly ýaly...

Arzymanmy Aybölekmi kim bolsañam gideniñ yzynda bir zatlar ýañsylamaly däl ekeniñ diyjek boldum...

0
10 Мylayym   [Материал]
Awtory Aýbölek Abdyýewa smile )

0
9 Hаwеrаn   [Материал]
Jek, biri b.n pikir alşañda üstüne çöwjemänem gidişse bolar-la, name gaharly?

0
11 Arzyman   [Материал]
Kim bilen pikir alyşjak bolýarka ol? Awtor bilenmi, ýa meň bilen? cool

0
7 Jeksparro   [Материал]
Awtoryny näme üçin yazmandygyny aydyp bereyinmi?
Men yaly biri çykyp setir añyrsynda akyllysyrap oylanma yazana bir-iki agyz diyjeklerimiñ bardygy üçin aydylmady...

0
8 Arzyman   [Материал]
Aý, edil beýle-de däldir. Kimdir birinden çekinýän adam beýle zat ýazmazdy.

0
6 Jeksparro   [Материал]
Arzy halyny isläp Brejnewe yazyp bilipdir. Muñ üçin kim däli!? Esasy arzy halyny yetirmekden ybaratdy. Yetirip bilmegi gerekdi. Başga arzy-hal diñlejek yolbaşçy bardymy!?

'' Hudaý seň ejeň dilegini kabul edipdir. Ol pahyr ýogalanda ýüzi-gözi görmeksiz, bir eli döwük dünýeden ötüpdir''

Şuny medeniyet setirine salyp Annasoltana gargynjyñy sürtüp bilipsiñ kimem bolsañ!

Bir azajygam bolsa ölä bolan hormatyñ bolsun perde añyrsyndaky!?

1
5 Jeksparro   [Материал]
Ölensoñ özelenen bolmak nämä gerek. Şuny ýazany bilen ruhuny şat etdigimikä.
Dirikä elinden gelenini etmedik ölensoñam etmeli däl eken.
Dogry zada dogry diyip yüzüne aydyp bilyän bolsa oñaryar eken...
Şonuñ döwründe yaşap geçmänime ökünýän men...

Bolyar Annasoltan dünyeden öten eken. Şu wagt makalalarydyr kitaplary çapdan geçmeyän yazyjylaryñ tarapynda durup metbugatyñ öñüne yygnanyşyp bilyärsiñizmi!?
Şo döwür yygnanyşyp Annasoltanyñ tarapynda durup bilmedik indem durup biler öydemok. Annasoltanyñ özi yaly gönüläp aytsam bir agyz ''Gorkdyk'' diyiñ şonda hiç zat yazman oturjak men!!!

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Gaýrat edip awtoryny görkezip paýlaşsweriñ. Ýogsa saýtymyzyñ käbir agzasy "bize-hä awtorsyz zat goýdurañok, @Arzyman agza näme ak patyşanyñ owlagymy?" diýip nägilelik bildirjek bolýarlar smile

0
2 Gökböri   [Материал]
Hany munuñ "awtorsoltany"? biggrin

0
3 Arzyman   [Материал]
Nämä gerek ol? Esasy aýtjak bolan pikiri okyjyny pikirlendirip bilse bolanydyr-da.

0
1 Gökböri   [Материал]
Mbähh...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: