18:29
Gahar / hekaýa

GAHAR

Altynjy synpda okaýan gögele ogly: “Kaka, muňa seret! Atamy ogrynça klipe düşüripdirler!” diýip, eltelefonyndaky wejeralygy görkezende, çaklaňja ekranyň ýüzünde gaýmalaşýan şekilleri synlap durşuna, ol kyrk ýaşa ýakynlan ömründe ilkinji gezek assa-ýuwaşdan lowlap tutaşyp barýan gahar-gazabyň aňyny başbitin öçürýändigini duýdy...
Kakasynyň beýle dergazap bolandygyny ilkinji gezek görýän oglan, süňňüne aralaşan düşnüksiz wehimden ýaňa düýrügip durşuna, eltelefony saklaýan eline erk edip bilmän sandyrap başlady.
Ekranyň ýüzünde bolsa, ýaşy segsene ýakynlaberen, çuw-ak saçly, körmüş gözleri äpet äýnekli ýaşuly taryh mugallymy, okuwçylarynyň aňyna, ýüregine, kalbyna ýetmäge dyrjaşyp, gyzylödegini üzäýjek bolup, nämedir bir zatlary düşündirmek isläp, gaty çyny bilen janygýardy.
Otagy dolduryp oturyşlaryna ýüzlerini sapajak-supajak edişip, biri-birlerine ogrynça göz gypyşýan degenek jahyllar bolsa, goja mugallymyň özüniňem, sözleriniňem, aýdýan zatlaryny ýüreginiň ak ýagyny üzäýjek bolup, jany-teninden syzdyryp aýtjak bolşunyňam üstünden gülüp, süwümsiz hikirdeşýärdiler...
-Eý ogullam! Balalam! Köşeklem! Siz-how, beýdip özüňizi munuň ýaly edepsiz alyp baryp, telefon-selefon diýdi, oýun-poýun diýdi, hikir-hikir diýdi, şoňa meňzeş bolar-bolgusyzlyklara Allanyň bagyş eden gül ýaşlygynyň gyzyldan gymmatly wagtyny sarp etmäň-how! Ondan-a okaň, öwreniň, ömrüňiziň her munduny täze bir zada aň ýetirmäge sarp ediň! Şeýtseňiz, sizi Alla-da ýalkar, ata-eneňizem sizden yrza bolar...-diýip goja mugallym, mähnet äýneginiň aňyrsyndan körmüş gözlerini gülkünç ýumjukladyp, janygýardy. Öz sözlerine, özüniň ýüregini eline alyp geplemesine özi maýyl bolubam, ol bende öňünde oturanlaryň biriniň özüni goltuk astynda eltelefona düşürýändiginem aňşyrmaýardy, olaryň özüniň “munduny”, “yrza” diýip, garrylara mahsuslykda endik edişine görä köneçil gepleýşini özleriçe gaýtalaşyp, kikirdeşýändiklerinem eşitmeýärdi...
Iň erbet ýerem, goja mugallymy ogrynça eltelefona alan nekgende, garrynyň gapdalyndan, böwründen, ellerini galgadanda goltugynyň aşagyndan gülkünç maýmynjygyň şekili aram-aram jyklap, dilini çykaryp durar ýaly edip, öz düşüren klipini “ezberlik” bilen bezäpdir...
...Edil ýöne, klipdäki kakaň däl-de, mysal üçin Çarli Çaplin ýa-da özüňe düýbünden nätanyş biri bolaýsa dagy, synlap-synlap, gülüp-gülüp ýykylyp ýatmaly...
...Eýýäm altmyş ýyla ýakyn wagt bäri öz kesp-kärine ak ýürekden berlip, ömrüni şoňa bagyş eden garryja kakasyny birtopar enesi ýalaman, atasy sypamadyk jahyllaryň oýnap, öz öňlerinde masgarabaz edinip oturyşlary, onuň öte janyna batdy.
Namys etmekden ýaňa gany depesine urup, gözlerine çylgym-çylgym gan öýdi.
“Öl, ölýän bolsaň indi! Şu ýaşyňa ýetip mähriban kakaňy birtopar sümüklilerden gorap bilmeýän bolsaň, topragam bir başyňa seniň!” diýen gyjalatly-ýangynly pikirem üstesine...
Gözlerinden uçgun syçradyp, özüne şum habar getiren ogluna tarap öwrülende, ol edil, kakasynyň bolşuna doly düşünmese-de, onuň gazabyna özüni günäkärläp, zagpyran dek galdyraýan gögeläni, diriligine-çigligine çeýnärli göründi.
-Kim! Muny! Alypdyr?!-diýip, hetjikläp haşşyldanda onuň agzyndan ot çabraýana çalym etdi.
-Kaka, atamyň okadyp oturanlar-a dokuzynjy synpyň okuwçylary! Ýöne kimiň wideo düşürendigini bilmedim. Maňa dostum eltelefonyndan geçirip berdi. Olam birinden alypdyr. Ýöne kimden alandygyny aýtmady...-diýip oglanjyk, jogap bermäge gyssandy.
Onuň gahardan ýaňa gyzyp duran aňy örän çalt işledi:
-Internete-de goýupdyrlarmy?!
-Jukk!-edip oglanjyk başyny ýaýkady-da, soňam kakasynyň ýene-de sowal bererine garaşman üstüni ýetirdi:-Dostumdan sorasam: “Internetde ýok, diňe oglanlar biri-birine bultuz edýärler” diýdi...
Oglunyň jogaby bilen kanagatlanmadyk kakasy, hamana bu bolup geçýän ýakymsyzlyga şol sebäpkär ýaly, ogluna alaryldy-da:
-Ýör şol dostum diýýäniň öýlerine!-diýip kesgin buýrup, açyk derwezäniň öňünde duran ulagyna garşy ýöneldi.
Mündüler.
Gitdiler.
Bardylar.
Çagyrdylar, soradylar, anykladylar.
Olam birinden geçiren ekeni.
Ýene-de mündüler-de, gitdiler. Baryp, ondanam bu wejera wideony kimden alandygyny anykladylar...
Ahbetin, Gün öýleden agýança bu wejeralygyň ilkibaşky gözbaşynyň kimdiginiň änigine-şänigine ýetdi.
Olaryň öýlerine baranda, howluda ýetginjegiň ýeke özi ekeni. “Ogry saly gowşak” diýenleri, ol derwezeden ätlän badyna daş işiklerinde nämedir bir zada gümra bolup oturan jahylyň ýüzüniň terzi üýtgäp gitdi. Ol bolsa gep çagaladyp durman, salam-helikden soň, sende ýok mende, morta:
-Hany, getir bakaly, maňa telefonyňy görkez!-diýip, keşbine aljyraňňylyk çaýylan ýigdekçäniň elinde saklap duran eltelefonyna haýbat bilen ümledi.
Aljyrapmy ýa-da üsti gürpbasdy edilendigi zerarly oslagsyzlykdanmy, ýigdekçe jyňkyny çykarman oňa eltelefony uzatdy.
Ol kompýuter ussasynyň endikli hereketleri bilen dem salymda eltelefonyň içini gyzyl-dörjük edip çykdy. Kän wagt geçmänkä-de agtarýan faýlyny tapdy. Onuň mazmunyna girip, haçan döredilendigini, soňky sapar haýsy wagtda we neneňsi programmanyň kömegi bilen, nähili üýtgeşme salnandygyny gören dessine-de, özüniň gözleýän adamsyny tapandygyna düşündi.
-Düýn sapakda kakamy sen wideo düşürdiň gerek?!-diýip, ol gözüniň agyny köpeldip, öňünde sazanaklap duran jahylyň garaçygyna dikildi-de, özüniň mese-mälim akly ýetip duran zadyny sorady.
-Ýo-o-o-k...-diýdi-de, howsala düşüp sakawlan ýetginjek, ýalan sözleýändigini göz-görtele bildirip, gyzardy.
-Onda nä, bi eltelefonyňdaky ilkibaşky özen faýl ejeňmi?!-diýip ol gazaply jabjyndy-da, gaharyna bäs gelip bilmän, ýetginjegiň gulakçekgesine doňduryp goýberdi. Urgynyň zarbyna yzlygyna serpigen arryk ýetginjek ýere ýazyldy.
Şol pille-de, “Ýeser ýerde gaý tutdy” diýlişi dek, haňlap duran derwezäniň aňyrsyndan ýetginjegiň kakasydyr-ejesi tirkeşip girdiler.
Kimem bolsa, çagasynyň urlup duranyny göreninden soň: “Berekella! Taňryýalkasyn!” diýip arkaňa kakjak barmy?!
Munuňam kakasy, erninden ganly sülekeýini akdyryp, guma bulaşyp ýatan ogluny gören badyna heýýaty başyndan uçup:
-Eý! Sen-eý! Ony nädip otyň-eý?!-diýip gygyrdy-da, elindäki ir-iýmişli sebedem taşlap, eňdi mugallymyň oglunyň üstüne garşy...
Gelşine-de onuň ýakasyndan ebşitläp tutaga-da, ýumrugyny talawladyp ugrady.
Bu-da namysyna tokunylandygy zerarly gany gaýnap duran pyýada:
-Eýtdirmejek bolsaň bi enesi ýalamadyk güjügiňe ibaly terbiýe bererler!-diýip, azgyryldy-da, ýumruk aýlaşmakda hemme zada günäkär jahylyň kakasyndan kem galmady.
Gürp-de-gürp!
Tarp-da-tarp!...
Kim kimi urýar...
Bellisi ýok.
Asla urýarlarmy ýa-da gohdur-tozan turuzýarlarmy?!
Olam belli däl...
Bir görseň-ä ogluna esewan etjek bolup, bir görseňem ärini aralaşdyrjak bolup, ala-başagaý bolan hatyn görgülem daşlarynda hozanak deýin pyr-pyr pyrlanýar...
Garaz, turdy bir tüpgen.
Gopdy bir gykylyk...
Şol barmana, olaryň dik göge göterilýän galmagalyna, ilki goňşularyň biri gädikden garady. Soň ýene-de biri jyklady. Birhaýukdan soň birneme sanlary köpelip, olar azak-tenek ekabyrlandylar-da, birew-birewe ýetişibildiklerinden ýumruk salgaşýan pyýadalary araladylar.
Soňam:
-Bar-how, şu ýandan sen bir däninim git-how! Soň köşeşip däninim, düşünişer ýörersiňiz-dä, eger isleseňiz! Esli ýaşan halyňyza aýyp bolar ahyry! Onsoňam beýdişip “gürpe-gürpe gürpüldeşip” ýatsaňyz töwerekden ýüregi ýukaragyň biri uçaskowoýa jaň edip buşlarmy nämämi?! Şonuň ýalyň biri şony şeýtse bolsa, saňa-da gowy bolmaz, oňa-da! Üstesine taýagyň bir ujy aralanlar bilen goşulmasalaram synlap oturanlara-da degmegi ähtimal!-diýişdirip, illäp-günläp, zoraýakdan mugallymyň ogluny ol ýerden ugratdylar.
...Ýöne, bu iki maşgala soň köşeşselerem ýaraşmadylar.
Gaýta olaryň dawasy uzaga gidip, bu wejeralykly jenjeliň ýerli wekile arza ýazmakdan başlanan bir ujy ahyry baryp kazyýete-de diredi...
Obaň, ýer ýüzüniň hemme zady barada bütewilikde-de, her bir zady barada aýratynlykda-da ýeke-täk we iňňän dürs pikirli, käbir köpbilmişräklerem bu waka hakda:
-“Gahar-kapyr” diýleni. Hemmeje zada-da gahar-gazap günäkär! Bi mollumyň oglam gahar-gazaba berlip ýaman telek edipdir. Munuň ýaly ýerde juda sowukganly bolmak gerek. Beýdip, bir sähne meýnisi mekemedigiň garagollugy üçin ýedi arka ata-baba oturymly obadaşyň bilen süýtleşip-gatyklaşyp ýörjegem bommaly dä ekeni! Wah bize geňeş salynsa nämäniň näçedendigini edil eptekde çekilen ýalaky edip sortlapjyk berjek welin...Äý, elbetde hemmäňem hakly özüne ýetikdir-dä! Mundan buýanky galanynam o bendeleriň özleri gowy bilýändirler-dä!-diýip netije çykardylar...

 

Serdar ATAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 105 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Dunyagozel   [Материал]

0
1 Bagabat   [Материал]
Owunjak durmuşy waka welin...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: