19:40
Tabu - hakykatyñ duşmany
TABU - HAKYKATYÑ DUŞMANY

Demagogiýa...
Halkyñ isleg-arzuwlaryna we gorkularyna esaslanyp ýöredilýän syýasat we goldaw gözlegi.
Halk bilen baglanyşykly islendik zady çişirmäge meýilli populizmiñ hödürleme biçüwi demagogiýadyr…
Sözümiñ başy: soñky günlerde hemmeleriñ diline düşen - waksina!
Adamzadyñ tamasy uly - waksina tapylsa dünýä kowid-19 belasyndan gutulmaly!
Soñky döwür adamlar "waksina" sözüni eşden badyna tapawutly pikir ýöretmeleri diñlemek islänok. Bu babatda olar mamla. Waksina tapylsa kimiñ garşylugy bar? Hiç kimiñ medisina bil baglamakdan başga alajy ýok. Anygyna ýetmek, seljermek her merdiñ işi däl...
Şonsuzam, waksinanyñ üstünde turan çekişme şeýle bir ýagdaýa geldi welin, muña "oýlanşykly" seretjek bolýan ýok, ýa goldaýan tarapda ýa-da garşy çykan tarapdasyñyz! Ýogsa-da… men hötjetlik bilen şuny düşündirmäge synanyşýaryn - waksina meselesi akly-garaly bir taraply mesele däl.
Waksinanyñ tabu halyna getirilmegi dogry däl.
Tabu - hakykatyñ duşmanydyr!
Emma görýäs welin: ne waksina görnüşlerini... ne-de waksina dozalaryny... ne waksinanyñ genetikasynyñ üýtgedilendigini... ne-de waksinanyñ satuwdaky möhletini… ne waksinanyñ düzümine goşulýan maddalary we şol goşulýan maddalar tebigymy ýa ýasamamy.... ne-de waksinanyñ her bedene uýgundygyny ýa däldigini, ne öñ test edilip-edilmändigini... bu zatlaryñ birisi hakda ýalandan-çyndan pikir alyşanoklar! Munuñ hökman bir sebäbi bolaýmaly…

ÝURTLARYÑ TAPAWUTLARY

Dünýä ýurtlarynyñ arasybda waksina boýunça tapawutlylyklar bar:

BCG: inçekesel waksinasy…
Awstriýa, Belgiýa, Daniýa, Germaniýa, Irlandiýa, Italiýa, Gollandiýa, Ispaniýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– "Gepatit A" waksinasy…
Fransiýa, Finlandiýa, Ispaniýa, Angliýa, Bolgariýa, Daniýa, Horwatiýa, Germaniýa, Wengeriýa, Gollandiýa, Italiýa, Malta, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok…

– Meningit waksinasy…
Daniýa, Finlandiýa, Horwatiýa, Bolgariýa, Wengeriýa, Malta, Norwegiýa, Rumyniýa, Sloweniýa, Şwesiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– Rabies - guduz waksinasy…
Braziliýada we Çehiýa respublikasynda, Indoneziýada belli-belli kişiler, Latwiýada we Maltada hemmeler üçin mejbury, beýleki ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– Rotawirus-diareýa waksinasy…
Fransiýa, Gresiýa, Wengeriýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Daniýa, Lýuksemburg, Gollandiýa, Norwegiýa, Ispaniýa, Angliýa, Ýaponiýa, Awstriýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– Varicella- suwçeçegiñ waksinasy... (ветряная оспа)
Fransiýa, Şwesiýa, Wengeriýa, Estoniùaa, Sloweniýa, Islandiýa, Horwatiýa, Daniýa, Bolgariýa, Irlandiýa, Romaniýa, Gollandiýa, Slowakiýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

- TBE - sakyrtga waksinasy…
Awstriýada, Çehiýa respublikasynda, Latwiýada hemmelere, Sloweniýada, Finlandiýada belli-belli kişilere maslahat berilýär.

- Zoster-zona (rekombinant) waksinasy…
Ispaniýa, Fransiýa, Çehiýa respublikasy, Italiýa, Awstriýa, Gresiýa, Irlandiýa, Braziliýa ýaly ýurtlarda belli-belli kişilere, Ýaponiýada, Indoneziýada, Angliýada, Awstraliýada hemmelere maslahat berilýär.

- Yellow Fever - sarygetirmäniñ waksinasy (жёлтая лихорадка)…
Ukrainada mejbury. Braziliýada we Indoneziýda belli-belli kişilere maslahat berilýär.

Waksina diýlende birinji ýada düşýäni MMR (gyzamyk, epidemik paratit, gyzylja) waksinasy Awstraliýada ýok. Ýaponiýa mumps-paratit waksinasynyy sanawyna goşmadyk ýeke-täk ösen döwlet.
Çagalara dümewe garşy sanjym (priwywka) edilýändigine garamazdan...
Waksina meselesi köp taraply, kimdir birileri ýurtlaryñ arasyndaky bu tapawutlylyklary aýyrjak bolýarmyka? Hemmelerde sanly (dijital) çip waksinasy bolmalymyka?

PUL... PUL...

Waksinany diñe medisina-saglyk tarapy bilen göz öñüne getirip bilmersiñiz, meselem munuñ syýasy-ykdysady taraplary-da bar!
Waksinanyñ bar ýerinde global derman şereketler bar, şeýle dälmi?
Ýerli waksina önümçiligini ýok eden bu şereketler waksina üçin edilýän çykdajylaryñ döwletiñ gaznasyndan çykmagyny isleýär. Germaniýa ýaly kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ waksinasyny maliýeleşdirmeýän ýurtlary nyşana alýarlar! Türkiýe, Malaýziýa, Päkistan, Nigeriýa ýaly ýurtlarda waksinanyñ puluny döwletiñ özüne çykardýarlar...
Hawa, waksinanyñ puly meselesini başly-başyna öwrenmek gerek dälmi? Global şereketler holtumlaryny doldurmak üçin gerekli-gereksiz waksina satyn alma mejburlygyny döretmeýändir öýdýärsiñizmi?
Galyberse-de... soñky ýyllarda waksina näme boldy-da, birdenkä, ýurtlaryñ iñ köp gyzyklanýan meselesine öwrüldi?
Meselem... 2018-nji ýyl. Argentina, hem uly ýaşlylar üçin, hem bäbekler-çagalar üçin täze waksina doktrinasyny güýje girizdi. Okuwyñy dowam etmek ýa-da nika şahadatnamasyny, pasport, şahsyýeti anyklaýan beýleki resminamalary almak üçin priwywka (waksinasiýa, ýagny sanjym) etdirmek hökmany şerte öwrüldi.
2018-nji ýyl. Hytaý waksina synaglary boýunça berk gözegçilikleri girizýän kanunlary kabul etdi. On dört ýaşyna çenli çagalara dört gezek tölegsiz sanjym urulýardy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyñ mejbury talaplary bilen bu sanjymlara ýene dokuzy goşuldy. Puly kimden, gürrüñsiz - döwletden. Waksina öndüriji global derman şereketleriniñ Hytaýda degişli ýerleriñ kisesini ummasyz para-peşgeş bilen doldurandygyny "Gara gapyrjak" ("Kara Kutu") kitabymda ýazypdym...
Käşgä, birileri populizme boýun egmezden diñe şu perswektiwadan seredip, waksinanyñ kitabyny ýazsa! Meselem… sanly (sifrowoý, dijital) waksinanyñ puly kimden çykarka?

Soner ÝALÇYN.

"Sözcü" gazeti, 15.05.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Medisina | Просмотров: 56 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: