10:32
Gitleriñ "Ak Tamy" - Berghof
GITLERIÑ "AK TAMY" - BERGHOF

"Atatürk tokaý zolagyny" türk ekerançylygyna nusgalyk bolsun diýip, Mustapa Kemal gurdurdy. Ankarada birgiden boş ýer barka, Erdogan premýer-ministrlik eden döwründe şol tokaý zolagyna tiñkesini dikdi. "Birinji derejeli taryhy we tebigy zolak" statusy berlen zolagy üçünji derejeli zolak statusyna düşürtdi.
Ankara şäheriniñ 11-nji adminstratiw sudy zolagyñ statusynyñ üýtgedilmegi baradaky karary tassyklamakdan ýüz öwürdi. Muña garamazdan Erdogan zolagyñ 151 gektar ýerinde üç müñ agajy kesdirip "Ak tamyny" gurdurmaga başlady. Ankaranyñ 5-nji adminstratiw sudy işi togtatmak barada karar çykardy. Erdogan ýene gulak asmady.
Ilkibaşda 300 million lira bölünip berlen köşgüñ gurluşygyna 900 million lira harç edildi. Gurluşyk häzirem dowam edýär. Gitleriñem birmahallar "Ak tamy" bardy...
Gitleriñem haý-haýly köşki-eýwanlary bardy..
Resmi iş binasy Berlinde...
Özi üçin ýörite gurdurany Mýunhende...
Köşgi bolsa Bawariýada.
Köşgüñ ady: Berghof...
Berghof - Gitleriñ Bawariýa Alplardaky Berhtesgaden posýologynda ýerleşen dag köşgüniñ ady.
Köşk nasistik arhitekturanyñ we estetikasynyñ simwolydy.
Gitler Berghofa birinji gezek 1922-nji ýylda geldi we şondan soñ her tomsu gelmäge başlady. 1916-njy ýylda gurlan “Haus Wechenfeld” willasy gamburgly senagatçynyñ yzynda dul galan aýalyna degişlidi.
Gitler daglyk ýerde gurlan bu çaklañja öýi 100 marka satyn aldy. 1924-nji ýylyñ iýunyndan bäri ýazyp ýören "Maýn Kampf" kitabyny şu ýerde ýazyp gutardy.
1933-nji ýylda premýer-ministr bolup işläp ýörkä willany satyn aldy, adyny üýtgdip "BERGHOF" dakdy.
Gitler üçin bu ýer "mukaddes" ýerdi, 1928-nji ýylyñ saýlawlaryndan ýeñlip çykansoñ bu ýerde öz üstünde işläp, partiýasynyñ propogandasyny we guramaçylyk işlerini gaýtadan gözden geçirip, täze çözgütleri durmuşa geçirip häkimiýete gelmegi başarypdy.
(Onuñ häkimiýete gelmegine 1929-njy ýylyñ bütindünýä ykdysady krizisiniñem gürrüñsiz uly goşandy bardy.)
Gitleriñ "Haus Wechenfeldi" satyn almagynda onuñ öweý uýasy Anželanyñ gyzy Geli Raubal bilen arasynda bolup geçen söýgi ýatlamalarynyñ paýy barmy-ýokmy, belli däl...

Gurluşykda ölen on dört işçi

Gitleriñ binagärlik taslamalaryna bolan içgin gyzyklanmasynyñ bolandygy köplere mälim zat.
Ol owadan binalaryñ gurluşygyna pul barsyny harçlady. Arhitektorlary, gurluşykçylary sylaglamaga puluny gaýgyrmady. Göwnüne ýaran bir binany gurdurmak ýa-da sungat eserini döretmek üçin taýsyz tagallalar etdi.
Binagärlik boýunça gurnalýan söhbetdeşlikleri diýseñ halaýardy. Ýaş arhitektor Albert Spir bilen her gün diýen ýaly nasistik binalary ara alyp maslahatlaşmakdan uly lezzet alýardy.
Berghofy giñeltme we ulaltma meýilnamasyny Gitler düzdi.
Horaşaja willany ummasyz pul harçlap, ýokary derejeli myhmanlaryñ resmi saparlaryna niýetlenen ajaýyp köşge öwürdiler. Kän wagtam geçmedi...
1939-njy ýyldy. Berghof arhitektor Martin Borman tarapyndan Gitleriñ elli ýaşy mynasybetli döwletiñ pulunyñ hasabyna ýene ulaldyldy. Şol sebäpli...
Bawariýanyñ tokaý hojalygy edarasy sebitde gözegçilik edýän meýdanynyñ 6 müñ 700 gektaryndan el çekmeli boldy. Gurluşyk işleri üçin elli sany ýaşaýyş jaýy ýykyldy. Jaýlaryny satmakdan ýüz öwrenler konslagerlere ugratmak bilen gorkuzyldy.
Alp daglarynyñ goýnunda ýerleşen Bawariýa ajaýyp howasy bilen giñden tanalýan dynç alyş ýerleridi, Germaniýanyñ çar künjünden ysmaz bolan çagalaryñ howasyny çalyşmak üçin getirilýän şypahanasy (sanatoriýasy) ýer bilen ýegsan edildi.
Gitleriñ dag köşgi deñiz derejesinden 1000 metr belenlikde kert gaýalaryñ erñegine çenli giñeldildi. Ilkibaşda nemes işçileri, uruş başlansoñ çeh we italýan işçileri işledildi hem-de bu ýerde işledilýän işçileriñ sany alty müñe golaýdy.
Ýeterlik taýýarlyk görülmän ýarylan dinamitler, ýer süýşmeleri we gaýa gopmalary işçi ölümlerine sebäp boldy. Gurluşykda jemi on dört işçi gurban boldy.
Gurluşygyñ çykdajylaryny doly hasaplamak mümkin dälem bolsa, 100 million marka golaý çykdajy edilendigi çak edildi.

Taslamanyñ awtory - Gitler

Berghof tutuşlygyna granitden guruldy. Galyñ diwarlaryñ arasyna uly-uly penjireler oturdyldy.
Berghofyñ giriş binasynda beýik basgançak bardy we bu ýerde Mussoliniden Newill Çemberline çenli Gitleriñ myhmanlaryny görkezýän fotosuratlar bardy.
Howludan mermer basgançak bilen birinji gata çykylýardy. Eýwanda Prussiýany esaslandyryjy Otto fon Bismarkyñ portreti asylgy durdy, gijelerine portret yşyklandyrylýardy.
Giriş zalynda halkaly ("tonoz", "свод") koridorlar bardy. Bu ýerde uly garbanyşhana, Gitleriñ iş otagy we myhman kabul edilýän ýer, beýleki otaglar ýerleşdirilipdi.
Mejlisler zaly tuty bilen zaldan bölünip aýrylandy. Iñ haý-haýly korpus bolsa 32 kwadrat metrlik ýerde ýerleşdirilen äpet penjiredi. Gitleriñ inisiatiwasy bilen gurlan bu penjire doly aşak düşürip bolýan aýnalardan düzülendi.
Gitler Alp daglarynyñ we Awstriýanyñ Salsburg şäheriniñ keşbini janlandyrýan bu penjiräni gelen her myhmanyna görkezýärdi, mazamlaýardy we mülki aslynda şu penjire üçin gurdurandygyny aýdýardy.
Penjiräniñ öñünde uzyn mermer stol bardy, Gitler, hususanam 1943-nji ýyldan soñ urşy şu stoluñ başyndan dolandyrdy, baha berme-seljerme ýygnaklaryny hem şu stoluñ başynda geçirdi. Aslynda...
Häkimiýetde oturan döwründe diñe öýlänligine çenli döwlet dolandyryş işleri bilen meşgullandy. Okama-ýazma iş bilen kän bir ugry ýokdy (Habar beriş serişdeleriniñ habarlaryny gyzgyny bilen okardy.)
Berghofdaka iş režimi beter bozulýardy. Otagyndan diñe günortan sagat 12:00-14:00 aralygynda çykýardy wr iş stoluna diñe garbanmak üçin geçerdi.
Iýip-içip bolansoñ gezim etmäge çykardy. Gitleriñ gezim edişi-de täsindi, eñaşaklygyna ýöreýärdi! Aşak düşensoñ awtoulaga münüp, depä münwrsi we gaýtadan aşaklygyna ýöräp gaýdardy!
Zalyñ bir gapdaly terrasaly gyşky howla, beýleki gapdalam 200 metr kwadratlyk äpet mejlisler zalyna uzaýardy.

Dokumental filmlere tomaşa ederdi

Dag köşgüniñ birinji gatynda Gitleriñ ýörite otaglary bardy, onuñ "gezýäni" Ýewa Braunyñ otagy-da şu ýerdedi. Ýewanyñ otagy añrybaş lýuks otaglaryñ biridi.
Bir zady nygtaman geçmek bolmaz, Ýewa Braun gelmänką Berghofyñ işgärleriniñ hemmesi erkekdi. Zenan myhmanlaram juda seýrek gelerdi. Ýewa Braun gödeñsi atmosferany ýumşatdy. Şeýle-de Gitleriñ suratlarynyñ ýerleşdirilen aýratyn otagy hem bardy.
Gitleriñ on ýyllap bolan dag köşgünde gün otagy, myhman otagy, kino tomaşa edilýän otag we beýleki otaglar bardy. Gitler her gün agşam diýen ýaly hökman bir çeper kinofilme ýa-d dokumental filme tomaşa ederdi, şol döwrüñ kinofilmleriniñ azdygyny göz öñünde tutsak, onda onuñ kömekçileriniñ täze kinofilmleri tapmak üçin nähili jan edişlerini pikir ediberiñ.
Baş binanyñ daşynda kömekçilerdir işçileriñ dynç alýan jaýlary gurudy. Diñe aşhanada otuz işgär işleýärdi. Gitleriñ garamagyndakylaryñ doglan gün we Täze ýyl sowgatlaryny hut özi saýlap-seçip satyn alandygyny bilýärsiñizmi? Bu onuñ işgärleriniñ Gitleriñ ýanynda rahat we arkaýyn işleýändigini añlatmaýardy, ýok! Gitleriñ iñ esasy aýratynlygy onuñ sabyr-takatsyzlygydy, hususanam özara gürrüñdeşlikde bolsa-da özüne garşy çykylmagyny halamazdy.
Gitler saýalar ýaly ýeriñ ýokdugyna nägilelik bildirdi welin, Mýunhenden lipa agaçlary getirildi. Ol köşgüni diýseñ gowy görýärdi, mümkinçilik tapdygyndan bu ýere eñýärdi…
Berghof gymmatbahaly mebellerdir goblenler we golland, italýan, nemes suratkeşleriniñ çeken suratlary bilen dolduryldy.
Gitler obýektleri we kartinalary mýunhenli antikwarçt Frau Almersden we berlinli antikwarçy Habertokdan alypdy.
Gitleriñ resmi fotosuratçysy Genrih Hoffman we Drezdeniñ surat galareýasynyñ başlygy professor Heinz Posse alymlar meselesinde Gitlere ýardam beripdiler.
Şeýle-de Almers we Habertok Gitleriñ Linzde gurmagy meýilleşdiren muzeýi üçin alynjak suratlaryñ saýlap-seçiş işleri bilenem ýakyndan gyzyklanypdylar. Ýörite döredilen topar basylyp alynan ýurtlaryñ muzeýlerini hut şu maksat bilen talapdylar we şul iki adamyñ üsti bilen jöhitleriñ (ýewreýleriñ) mülklerindäki suratlardyr heýkeller zor bilen alyndy.
Gitleriñ garbanyşhanasy boýdan-başa açyk reñkli aýna bilen gurşalandy. Iýip-içilýän gap-çanaklary, çemçeleri-pyçaklary kümüşden, gymmatbahaly farfordan we kristaldan ýasalandy, bularyñ bahasy millionlarça markdan geçýärdi.
Garbanyşhananyñ içine ýerleşdirilen zatlar, käbir gap-gaçlar Gitleriñ häkimiýete gelmezinden öñki hökümet ýolbaşçylarynyñ Berlinde ýörite myhmanlar üçin ulanan zatlarydy!
Kümüş gap-gaçlaryñ ýüzüne nemes bürgüdiniñ keşbi we gamaly haç çekilipdi, şeýle-de “A.H.” (Adolf Gitler) diýen ýazgy bardy.
Zalyñ ugrunda nasist baýdakly gyzlaryñ we ýaş trampetçileriñ suraty ýerleşdirilen plita örtügi bardy.
Zalda Rim Kolizeýini şekillendirýän, gymmatbahaly we gadymy italýan kartinasy-da bardy. Şeýle-de zala Italiýadaky gazuw-agtaryş işlerinde tapylan Zewsiñ kellesi hem ýerleşdirilipdi.
Şol sanda zalyñ diwarlarynda goblenler we Bordonänoñ "Wenera we Amor" ýaly gymmatly surat eseri asylgydy. Gitler bu kartinany 90 müñ marka satyn alypdu. Suratyñ puly Reýhiñ gazna müdirligi tarapyndan tölenipdi.
Uly zalyñ gyzyl we welýur polunyñ üstüne seýrek tapylýan we täsin aýratynlyklary bolan eýran halylary düşelipdi.
Zaldaky "Behşteýn" pianionosynyñ üstünde Gitleriñ uly hormat goýýan kompozitory Riçard Wagneriñ býusty goýlupdy.
Gitleriñ iş otagynyñ diwarlaryna açyk kofe reñkli tagta panel kakylandy we klýon agajyndan ýasalan mebeller bilen doldurlypdy. Kaminiñ üstünde osmanly goşunynda gulluk eden Moltkeniñ portreti asylgydy. Gitler agşamlaryna kaminiñ başynda egindeşleri bilen bile çaý içerdi we grammofondan aýdym diñläp wagtyny geçirerdi.
Ol hökman iñ soñunda "Die lustige Witwe" ("Весёлая вдова / "Şadyýan dul") uwertýurasyny diñlärdi.
Iş otagy Gitler üçin iñ öñde durýan zatlaryñ biridi. Mälim bolşy ýaly, onuñ iş resminamalaryny okamak we guramaçylyk işleri bilen kän bir arasy ýokdy, emma ol propoganda işlerine uly üns berýärdi - nutuk tekstlerini okamaga ykjam taýýarlyk görerdi, sagatlap üstünde işlärdi. (Hemme zatdan ötri ezber artistdi - kürsüde otyrka edýän ähli hereketlerini, mimikalaryny, beden dilini mazaly ölçerip-biçip ederdi.) Onuñ üçin ýeke-täk mesele - köpçülikleýin gatlaklary herekete geçirmekdi.
Berghofyñ diñe binagärlik gurluşy däl, eýse onuñ obýektlerini birin-birin saýlap-seçip almagam Gitler üçin ullakan keýpdi...
Beýleki bir tarapdan alanda, ol bu zatlaryñ barsyny halkdan hemişe gizledi, çünki onuñ ýekelikde ýaşaýandygynyñ propogandasy ýöredilýärdi.
Gitler bu rezidensiýanyñ Kelştaýn dagynyñ 1800 metr belentligindäki orta asyrlar galasyny ýatladýan “Kehlsteinhaus” (Kelştaýn öýi) adyndaky "Çaý öýüni" gurdurdy.
"Çaý öýi" belent gaýanyñ öñe uzalyp duran kert gerşiniñ üstünde gurlupdy. "Çaý öýüniñ öñünde - uçurym tarapynda daşyna demir gözenekli haýat aýlanan çaýyrlyk meýdan bardy. Gitler çaýyrlyk meýdanda dikilen haşamly telärde oturyp dynç alardy.
Berghof we "Çaý öýüniñ" arasynda takmynan ýigrimi minutlyk ýol bardy. Gitler we onuñ myhmanlary käwagt awtomobilli, käwagtam pyýada bu ýola aşýardylar.
"Çaý öýüne" barmak üçin gurlan gaýalygyñ içinden geçýän ýerasty geçelgeden geçmelidi. Bu ýere lift bilen çykylýardy.
Kelştaýn dagyna çekilen bu ýola 13 million mark harçlanypdy.
Kelştaýn öýüniñ gurluşygyna jemi alanda 29,6 mark çykdajy edilipdi.
Köşgüñ meýdanynda otlaglar we keýik agyllary bardy.
Şeýle-de döwrüniñ iñ ösen tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen önümçilik sehi bardy. Gitleriñ iýip-içýän zatlary bu sehde öndürilýärdi. Gitler kämahal: "bu ýerdäki sygyrlaryñ güni adamlaryñkydan gowy" diýýärdi, yzyndanam degişmä salyp: "bärde adamyñ sygyr bolasy gelýär, şeýlemi?" diýen bolýardy.
Gitleriñ haýwanlara neneñsi ýakyn durýandygyny mazamlap dürli suratlar çykarylýanam bolsa, ol haýwanlara nähili seredilýändigi, olara berilýän iýmitleriñ nähilidigi we näçeräk et-süýt berýändigi barada onçakly bilýän zady ýokdy, gyzyklanmazdy hem.
Onuñ ýeke-täk söýýän jandary Blondi diýen itdi...
Berghof daş-töwereginden saýlanyp duran depäniñ üstünde gurlandygy üçin ony eýelemek kyndy. Köşk ikinji jahan urşunda soýuzdaş goşunlaryñ bombapy hüjüminden aman galdy. Emma...
1945-nji ýylda iñlis isterbitellerinden atylan bombalar sowa geçmedi. Berghofa öwezini dolup bolmajak zyýan ýetdi.
Bir aý geçensoñ es-esçi nemesler binany terk edende Berghofy oda berdiler.
Birnäçe sagatdan soñ ABŞ-nyñ 3-nji diwiziýasy bilen Fransiýanyñ 2-nji bronirlenen diwiziýasy köşge gelip ýetdiler we rezidensiýany taladylar.
Dört gün geçensoñ 8-nji maý güni bu gezek ABŞ-nyñ 1-nji batalýonynyñ 506-njy pyýada polky dag köşgüne gelip ýetdi.
Amerikan esgerleri tarapyndan goraga alnan iñ gymmatly eserleriñ biri Gitleriñ globusy boldy.

Uruşdan soñ...

Amerikanlar sebiti nemesleriñ ygtyýaryna berdi. Berghofyñ ýanan we ýykan-ýumran bolan daşky haýaty 1952-nji ýylda Günbatar Germaniýa hökümeti tarapyndan doly ýykylyp aýryldy. Rezidensiýanyñ garažy bolsa 1995-nji ýyla çenli abat ýagdaýda galdy.
Berghofyñ harabasy 2000-nji ýylda doly tekizlenip, ýerine lýuks golf merkezi we otel guruldy. Adyna-da mundan beýläk “Kehlsteinhaus am Obersalzberg” diýdiler.
Oteliñ açylmagy jöhitleriñ jyzzygyna degdi. Nemesler bolsa XIX asyrda sebitde iñ girdejili pudak bolan turizmi gaýtadan janlandyrmagy göz öñüne tutýandyklaryny aýdýarlar.
2007-nji ýyla gelenimizde agaçlaryñ ýerleşen ýerine şäherçe guruldy.
Oteliñ golaýynda ýerleşen we Gitleriñ birmahallar garbanan "Eagles Nest" atly restorany häzirem işleýär...
Berghofyñ pytrap ýatan daşlaryny, baýyrlaryñ gumuny saklamak üçin gurlan gorag diwarlaryny bugün belentlikden synlap oturmaly.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 14.09.2014 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 92 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 15
0
15 Jeksparro   [Материал]
Oteliñ açylmagy jöhitleriñ jyzzygyna degdi. biggrin

1
14 Dunyagozel   [Материал]
Linklerede sag bol. Halypam maňa-da terjime etmäni öwredermikä siziňki ýaly gyzykly edip?

0
13 Gökböri   [Материал]
Sag bol Dunyagõzel, terjime ûçin Has agamyzyñam tagallasy az bolmady, öwrüp bilmedik sozlerimi şondan sorayan, oña-da sag bolsun aydawer smile

0
12 Gökböri   [Материал]
Şu linklerde hem Gitler barada gyzykly maglumatlar bar eken.

0
11 Gökböri   [Материал]

0
10 Gökböri   [Материал]

0
9 Gökböri   [Материал]

0
8 Gökböri   [Материал]

0
7 Dunyagozel   [Материал]
Terime "mükemmel" bolupdyr, taryha syýahat eden ýaly boldym smile

0
6 Gökböri   [Материал]

0
5 Gökböri   [Материал]

0
4 Gökböri   [Материал]

0
3 Gökböri   [Материал]

1
2 Dokma2442   [Материал]
Berghofyñ pytrap ýatan daşlaryny, baýyrlaryñ gumuny saklamak üçin gurlan gorag diwarlaryny bugün belentlikden synlamak bize-de miyesser etsin. Taryhy ýerleri görmek arzuwymdy...

@Gökböri sagbol ýetieniñe.

0
1 guljancharyberdiyewa   [Материал]
Suratlarny gordim. Nadip dozdiler sheyle gymmatly binany bombalamaga? javascript://

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: