07:57
Iñ sogaply ýeri...

IÑ SOGAPLY ÝERI

 

Saý-sebäp bilen özüňden özge aýal maşgala köýnek tikip berseňiz, onuň iň sogaply ýeri: köýneginiň bagjygyny dakmakdadyr.

Mätäç, mysapyr zenanyň saçyny ýuwup-darap bermegiň iň sogaply ýeri: gyrlan saçlary tarma-tar ýygnap,saç bukjasyna salyp ýygnamakdadyr.

Başga kişiniň gyzyna tikin işini öwredip, oňa ak pata bermegiň iň sogaply ýeri: onuň ilkinji yhlasynyň siňen işini özüň satyn alyp geýmekdedir.

Gyzjagaza tahýa-gülbörik tikip bermegiň iň sogaply ýeri:tahýany eýesi geýenden soň,tahýany geýen gyzjagazyň başyny üç gezek sypap, oňa ýagşy arzuw etmekdedir.

Täze dünýä inen çaga göbegenelik etmegiň iň sogaply ýeri:bäbegi ýagşyja ýuwup-tämizläp, onuň endamyny gury esgi bilen süpürip guradanyňdan soň, enesiniň üstinde ýüzin ýatyryp, bäbejigiň gulajygyny elläp,oňa ýagşydan-ýagşy öwüt nesihatlar etmekdedir.

Täze bäbeklän gelne sallançak gurup bermegiň iň sogaply ýeri:sallançaga üwregbag dakyp bermekdedir.

Täze bolan çagany ilkinji gezek gundamagyň iň sogaply ýeri:rysgal-döwletli bolsun diýen niýet bilen, bäbegiň gundagbagyna göwniňden çykaran sowgatjygyňy gysdyrmakdadyr.

Begsoltan HALYMOWA.

Категория: Sözler | Просмотров: 108 | Добавил: Medine | Теги: Begsoltan Halymowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
-2
3 Arzyman   [Материал]
Öň etmeýän bolsagam, indi şü zatlary «sogap eken» diýip edäýmegimiz ahmal.
Aý, ýöne şo sogap bolmaýanda-da, gyrlan saçlary hala pytradyp, kiriňi akdyryp oturmarsyň-a, arassaçylyk üçin ýygnarsyň-a barybir.
Sogap bolmaýanda-da sallançaga üwregbag dakyp, işiňi ýeňilleşdirmäge mümkinçilik döredersiň-ä, ýa agzymyzy açyp oturaýarmykak?
Ýöne bar-a, keseki aýalyň köýnegini tikeňde endamyna şapbaşyp, belendini-pesini güjeňläp ýörmez ýaly biraz giňräk hemem döşüni ýapygrak tikseň sogap bolaýmagy ahmal. Her nämedem bolsa, daş-töwerekdäki "aç möjekleň" göz zynasyndan-a gorardy.
Aý, garaz, bu aýdylan zatlar-da üýtgeşik göz bilen garap, aýratyn üns berer ýaly zat ýok eken. Adaty ediläýmelije işjagazlar-a bi.

1
2 Gumlygelin   [Материал]
Bulardan diñe bagjygyñ sogapdygny bilýädim.Köp sag bolsun size.

1
1 Nurdan   [Материал]
Bilip goýmaly, öwrenmeli zatlar eken. Sagbol @Wanessa ýene ýetirip dur, Begsoltan Halymowañam ylhamyna bereket! heart flower

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: