07:55
Türk teleýaýlymynda Beýik seljuklylara bagyşlanan köp bölümli film görkeziler

TÜRK TELEÝAÝLYMYNDA BEÝIK SELJUKLYLARA BAGYŞLANAN KÖP BÖLÜMLI FILM GÖRKEZILER

Türk metbugatynda berilýän habara görä, «Oýanyş: Beýik Seljuklar» atly täze köp bölümli filmiň görkezilip başlanjakdygy barada habar berildi. Ol TRT 1 teleýaýlymynda görkeziler.
Täze köp bölümli filmiň sýužeti Beýik Türkmen-Seljuk döwletiniň iň uly syýasy güýje öwrülen taryhy döwrüne esaslanýar. Bu film tomaşaçylary şol asyrlara dolap getirer we Soltan Alp Arslanyň ogly we mirasdüşeri Mälik şanyň ömri we hökümdarlygy barada gürrüň berer. Mälik şa — Seljuk döwletiniň taryhynda iň güýçli soltanlaryň biri. Ol döwletiň serhetlerini ep-esli giňeltdi, üstesine-de, şäherleri gurmak, ylymy we sungaty ösdürmek bilen meşgullandy we birnäçe özgertmeler geçirdi.
Täze filmde baş gahrymanyň keşbini aktýor Bugra Gülsoý ýerine ýetirer. Ekin Koç bolsa onuň körpe ogly we Seljuk dinastiýasynyň soňky soltany Ahmad Sanjaryň keşbinde çykyş eder.
Köp bölümli film 28-nji sentýabrda görkezilip başlanar. Türk teleýaýlymlarynda türkmen topraklaryndan göçüp giden Osmanlylar barada hem köp bölümli filmleriň görkezilýändigini ýatladýarys.

Çeşme: turkmenportal

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 94 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 Gökböri   [Материал]
Alp Arslan we seljukly barada gyzyklanýanlar üçin:

https://www.altayli.net/adalatyn-ganaty-alp-arslan.html

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
Birküç ýylam dal, 2014-de okan ekenim şol habary..

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
"Gurulyş. Osmanyñ" baydagyny yatyrsa gerek bu serial smile

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
* seriap - serial

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Fenomen serial "Kurtlar Vadisi" (Möjekler mekany) serialynyñ sazy bilen meñzeşem gördüm-le sazyny, Nejati Şaşmaz - Polat Alemdaryñ birküç ýyl öñ haş-haşynlar (batynylar - yslamyñ ilkinji terrorçylary) barada seriala tayyarlanyandygy barada habar okapdym.. Asyl bu "Oýanyş. Seljukly" şol seriap eken.

0
2 dovletmyratnurmedov   [Материал]
Nähili gowy bolardy professional derejede türkmen diline geçirilip türkmen telewidenýede görkezilse.

0
1 Jeksparro   [Материал]
28-nji sentyabrda türk sagady bilen 20:00-da başlayar.
Şo Ahmet Sanjar diyyäni seljuklylaryñ Horasandaky soltany Soltan Sanjar.
Sabyrsyzlyk bilen garaşýan...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: