07:51
Gözbagçy

GÖZBAGÇY

Dürli oýun görkezýär,
Baglap iliň gözüni.
Howlugyp ýa aljyrap,
Ýitirenok özüni.

Elindäki kiçijik
Taýagynda jady bar.
Ýöne welin, onuňam
Başarmaýan zady bar!

Baglap başaranok ol
Hiç haçan öz gözüni.
Aldap başaranok ol
Hiç haçan öz-özüni.

 

Hemra ŞIROW.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 31 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: