07:53
Baýram Çerkez

BAÝRAM ÇERKEZ

Baýram Çerkez ÇAGALYKDA:
It ýarsa-da aglamady.
Baýram Çerkez aýagyna
Çüý çümse-de aglamady.
Baýram Çerkez iň zäherli
Möý çaksa-da aglamady.
Baýram Çerkez öz üstüne
Çaý dökse-de aglamady.
Baýram Çerkez gursagyna
At depse-de aglamady.
Baýram Çerkez barmagyny
Pil çapsa-da aglamady.
Baýram Çerkez ULALANSOŇ:
Bir gezek dişi agrady.
Baýram Çerkez ine şonda
Ilkinji gezek aglady.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 47 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Nurdan   [Материал]
"Diş agyrdan adam ölmez, soramaga hiç kim gelmez" diýselerem iñ erbet agyrylaryñ biri diş agyry bolmaly-da wacko

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: