08:09
Lapetmeşekler

BIZIÑ DÜÝÄMIZ


— Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň,
Başy gökde bulutlary bekleýär.
Çaly bilen diňe biziň oba däl,
Hatda goňşy obany hem ekleýär!

— Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň,
Ýüňüni ýapynýas, hem eşik geýýäs!
Bir aýlap gyrkybam gutaryp bilmän,
Özümiz surnugyp, özümiz goýýas!

— Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň,
Üstünde obamyz ýerleşen depe —
Biziň çöküp ýatan düýämizdir şol,
Gerek wagty göçüp gidýäris, çepe!

BIZIŇ HORAZYMYZ


— Biziň horazymyz horaz dagy däl,
Gygyrsa, owazy gulagňy gapjak!
Ganatyny gerse, saýawan bolup,
Hersi bir obanyň üstüni ýapjak!

— Biziň horazymyz horaz dagy däl,
Münseňem göterjek bedewe derek!
Gaçyp galan ýelegini ýükleseň,
Düýeleriň bili çatlasa gerek!

— Biziň horazymyz horaz dagy däl,
Ynam edeňokmy, çyk-da daşary,
Synla horazmyzyň äpet guýrugyn —
Al-ýaşyl öwüsýän älemgoşary!

MENIŇ BIR JÜWIM BAR


— Meniň bir jüwim bar, gowuja jüwim,
Tapýan ondan ähli iýjek zadymy.
Şonuň üçin göterýärin ýanymda
Ol ullakan azyk skladymy!

— Meniň bir jüwim bar, gowuja jüwim,
Jübüleriň mekdebine gatnaýar.
Tämiz gezýär, mydam "bäşlik" okaýar,
Jübüsine hapa-hupa atmaýar!

— Meniň bir jübim bar, gowuja jübim,
Örän çuň ol, ýöne öwüp ýöremok.
Bir ýyl bäri elim sokýanam bolsam,
Heniz aňyrsyna ýetip göremok!

BIZIŇ ÖKÜZIMIZ


— Biziň öküzimiz öküzleň zory,
Burnundan syçran ot tokaýy ýakjak!
Bardy-geldi parowozy döwläýse,
Otlyny emgenmän bir özi çekjek!

— Biziň öküzimiz öküzleň zory,
Suwsan wagty sokga sorjak derýany!
Biz obada şahlarynyň bir ujy,
Siz obada şahlarynyň bir ýany!

— Biziň öküzimiz öküzleň zory,
Zynjyr ýok dünýäde ony baglara!
Bir süsende dinozawry tükgertjek,
Bir süsende çat açdyrjak daglara!

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 42 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 ezizh764   [Материал]
biggrin gaty gowy smile

0
1 Gökböri   [Материал]
Buww smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: