15:54
Myhman

MYHMAN

Garyp çatmam-döwlethanam,
Şoňa gadyr goýan gelsin.
Hoş niýeti-diňle, janam, -
Gursagyna guýan gelsin.

Garyndaşmy, ilen-çalan,
Getirmesin gybat ýalan.
Mäşim bişmez onuň bilen,
Baryn daşda goýan gelsin.

Öz-özüne bat bermesin,
Töweregne ot bermesin.
Ýakyn görsin, ýat görmesin,
Dogry söze uýan gelsin.

Çynar bolmaz ak derekden,
Ganat bolmaz batbörekden,
Ant içmesin duz-çörekden,
Jandan dogan diýen gelsin.

Sözlemesin kiçi dilden,
Müň bir hünär gelsin elden,
Bagtyn gözläp atyz-pelden,
Eline gan öýen gelsin.

Öýe dolsun çölüň ysy,
Goýny tämiz ýeliň ysy,
Kükäp duran gülüň ysy-
Sähralary söýen gelsin.

Mert üýtgemez ýazda-gyşda,
Saçakbatyr dursun daşda,
Gonak gelse,ozal başda,
Il derdine köýen gelsin.

Söwer dosta gurban janym,
Gaýgyrmaryn hany-manym,
Kyn günümde döwüm nanyn,
Deň paýlaşyp iýen gelsin.

Ýagmyr PIRGULYÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 160 | Добавил: Medine | Теги: Ýagmyr Pirgulyýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 6
1
6 Dunyagozel   [Материал]
@Garaýolly agam smile sizden öwrenäýmeli zatlaň biri manyny gowy, açyk düşündirip bilýäňiz. Köplenç şony edip bilmeýänligim sebäpli 4 lik alýan sad

1
5 Garaýolly   [Материал]
Dunyagozel uyam,goshgy aydyshyñkimin halar yalam bolupdyr.Mundaky liriki gahryman aydyan zatlaryna uyup,ozi shoña dayanyp bashgalardanam shony talap edyan shekilli beyany beryar.Shahyr ynsanylyk garayyshlarynyñ alamatlaryny teswirlemage mukaddez ojagyny,mukaddes oyuni degre nokady edip alyar da,ony oz kalbynyñ matlap-mesgeniniñ bashlangyjy edip goyyar.Paklik,ynsan ruhynyñ pakligi ilki adamzadyñ,ondan soñ ojak-oyuniñ pakizeligini upjun edyar.Cuññur manyny has dushnukli beryan tereñ mazmunly goshgy.

1
4 Dunyagozel   [Материал]
flower goşgyny menem haladym flower

1
3 Garaýolly   [Материал]
,,Yakyn gorsin,yat gormesin".

Gor,nahili akgynly we ynsanperwer manyly setirler.

1
2 Allanazar   [Материал]
Ýerine düşen pikirler, setirler. Ajaýyp goşgy.

1
1 Nurdan   [Материал]
Ajaýyp! flower heart

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: