17:52
Gyzbibi pälwan / hekaýa
GYZBIBI PÄLWAN

Dünýä inende ata-enesiniň dakan asyl isminiň yzyna “pälwan” tahallusynyň tirkelmegi, Gyzbibi on üçüni dolduryp, ýaňy on dördüne gadam basanda bolup geçdi...
Onuň kakasy şol jelegaýlarda “Çopan pälwan” diýlip tanalýan, ýerli pälwanlaryň biridi. Bendäniň ýeriň ýüzünde ýeke önelgesem Gyzbibidi. Şonuň üçinem garaşa-garaşa, ilk-ä ogully bolmak umydy köýen, soňam başga-da zürýatly bolmak tamasy tala daňlan Çopan pälwan, ähli yhlasynam, gyzgyn ata mährinem, bolanja ukyp-başarnygydyr, toplanja emel-tilsiminem, bäş ýaşyndan başlap sylaça gyzynyň täk-tenha özüne siňdirdi.
Sypaty oglantak, kindiwanjadan enaýyja ýüzli, garajürjenje gyzjagaz, çepiksije bolsa-da maýmyn kibi çalasyn, pişik kibi çeýe, balyk kibi sypjyk, towşan kibi-de çakgandy. Üstesine-de: “Bujagaz ýarym ýumruk göwrümli gursajyga munça ululykdaky ýürek neneň edip sygýarka?” diýdirse-de, kükreginde urýan ýüregem, edil atyňkyça bolmasa-da gunan taýyň kellesiçereg-ä bardy.
Görkezilen sebäpleriň dumly-duşdan gykuwlaşyp täsir etmeginiň netijesinde-de, Gyzbibi çagalykda-ha baýaky welin, on dört ýaşynda hem, soňky döwürler näme üçindir: “nusgawy” diýilýän gadym şahyrlar aýtmyşlaýyn: “uz basyp seýkin ýöräp, näz bilen jilwe taşlap”, gabak astyndan garamagyň we barmak ujuny dişläp, hemmelerden ki uýat eýlemegiň deregine, göreş-garpyşyk tapsa gözi açylýan, arwahy aljyradyp, jynlary jyrraldýanlardandy.
Şeýlekin bir garadangaýtmazdan gelen gaýduwsyz gyzyň “pälwan” lakamynyň gaýypdan aýada inen pursady bolsa, duldegşir goňşularynda baş salynýan gündi.
Allanyň beren şol zyýat güni, goňşy howluda, şol töweregiň ýaş-u-garry hatyn halky hümerlenişip, ütmeleşip-basalaşmaga taýýar haldaky horazlar deýin birew-birewe heşerlenişip, “baş salmaga” başlamagyň bäri ýanynda desbi-dähil durdylar.
-Genneje,-diýip, niredendir bir ýerden emele gelen Gyzbibi, gözlerini çerreldip, öý bikesine ýüzlendi:-Bi, “baş saldy” diýýäniňize boý gyzlaram gatnaşsa bolýamy-aý?! Hä?! Ýa bolmyýamy?!
“Gelnejelikden” ötüp “daýzalyga” ýeteňkirläberen, öý hem toý bikesi jogap bermäge ýetişmedi.
Hatynlar hümeriniň öňhatarynda gollaryny çyzgaşdyryp, ýelkenpisint gyňajyny depesine oraşdyryp, bilguşagyny mäkämleşdirip, tutluşyga gaýym taýýarlanyp duran, üstüne münse ekin çekilýän gapan terezi döwüler çenräk göwreli Mossy daýza ilki dillendi:
-Hi-hi-hi...Gyzbibi jan! Gyzym! Baş sald-a gyzlar-a gatnaşdyrylýa welin, seniň ýalyjak, entek gurjakgoşdan aýrylmadyk balajyklar ululaň arasyna goýberilmeýä-dä! “Birdenkä, atdanlykda bir ýeri döwlüp-ýenjiläýmesin” diýen ähtiýaç bilen...Hi-hi-hi...Bi, bizler ýalaky mägun dek maýkyldap ýören heleýleň göreş tutdysyna, gyzam bolsaň, halys bolmanna, bi meniň Meňňiş janym kimin, syr-sypatynyň özem üç galyňa degýän, daýaw gyz bolsaň gatnaşmaga bognuň ysaýmasa...Hi-hi-hi...Ýohham, bi, biz ýalakyny ýykaýanyňda-da, bir säw bilen üstüňe ýykylaýsagam, hatda utan baýragyňy goltuklamaga-da ýararsyň öýdemmok, men-ä...Myžžygyň çykamaýamy, eddiljek ýöne...Hi-hi-hi...
Mossy daýzanyň agyr göwresini tulkuldadyp, keýpihon gülşüne beýleki aýallaram goşuldy.
Onuň ýaly, munuň ýaly, hele-müçük heneklere tykyrap, özüni ýitirip ýörse, ondanam bir, goňşular arasynda: “utanç-haýadan üç-dört gün soňrak doglupdymmy nämemi” diýlip, özüne eşitdirmänräk hümürdelýän Gyzbibi boljakmy?!
-Alada etme, Mollabibi genneje,-diýip Gyzbibi, megerem, Mossy daýzanyň kyrky gyrakladyp ellini entediberen ömründe üçünji ýa-da dördünji gezekdir, onuň çyn adyny tutup, jedirdedi:-Dädem hemişe: “ýykylsaň ýer göterýä” diýýä. Menem göreşde ýykylsam, bi ahbetin ogluny öýerip dynan gennejemiň howlusyna ýazan keçedir-palasy götermän durmazmyka diýýän.
-Hä, onda gel gyzym! Bi, sen, ötüki Çopan päwwan agamyzyň gyzy bommakdanam beter, tälim berýän, jan ýalyjak şägirdi bolmak bilen, bi ýanlarda galyň heleýler birle bil tartyşyp, özüňňi synap görmek isteýänsiň?! Hämi?! Bolar gyzym. Göwnüňde arman gammasyn! Bi, piliň çagasyna meňňeýän Mossy daýzaň seni emaý bilenjik ýykyp ibersin. Bize-de belkäm, Çopan päwwanyň mektebini çykan göreşgeni ýykyp ibersek, ýaşymyzyň soňunda, bi mahalkymyz ýaly “Mossy daýýa” ýa-da “Mossy kempir” diýmän, “Mossy päwwan” diýerler...Hi-hi-hi...-diýişdirip, ýogynsow sesi bilen aýagaldygyna gepleýän Mossy daýza, hikirdäp, orta çykdy.
Gyzbibem Mossy daýzanyň çylkasyz gülküsine-de, teýeneli gepine-de kän bir ähmiýet bermän, özüne uzadylan gyňaç guşagy guşanakga, orta ýöredi.
“Baş salma” bekewülçilik etmek wezipesini meýletin boýun alan öý hem toý bikesiniň eltisem, şagalaňyň şowhunyny has-da gyzdyrmak maksady bilen, hamana agyr-agyr göreşlerde at gazanan pälwanlary märekä jar edýän dek, olaryň her haýsynyň egnine gezekli-gezegine kakyp, olary yglan etdi.
-Ine bü-ýä, diňe bir biziň obamyzda däl, eýsem goňşy obalardaky garyndaşlarynyň “baş saldysynda-da” heleý halkyndan öňüne “päwwan” geçirmedik, Mossy daýza! Bu bolsa, biziň hemmämiziň tanaýan Çopan pälwan agamyzyň tälimini alan Gyzbibi gyzymyz! Indem, ikiňem Alla ýaryňyz! Başlaň!
Bekewül gelneje gyra çekilen dessine, Mossy daýza agyr göwresine gelişmeýän çaltlyk bilen, ýöne ýaş gyzyň bir ýerini atdanlykda öteräk ynjydaýmazlyk üçin birneme gowşagrak hereket edip, Gyzbibiniň birki gysymlyk, inçejik bilinden dolap tutdy. Bada-badam gara güýjüne daýanyp, horja bedeni galdyraga-da, usullyk bilen ýerde ýatyrmakçy boldy. Emma, maýmyn ýaly çalasyn gyz, muňa ýol bermedi. Mossy daýza özüni göterip, aýaklaryny ýerden üzen dessine, iki aýagy bilenem onuň dyzyna mündi-de, bolanja agramyny zarp bilen Mossy daýzanyň üstüne atdy.
Özi aýtmyşlaýyn: “mägun ýaly” hatynyň owaly bilen-ä öz agramy, üstesine-de, Gyzbibini göterende biline agram salyp arkan gaýyşmasy, iň ahyrynda-da, näçe arryjak bolsa-da, dyzlarynda dikelen Gyzbibiniň agramy, Mossy daýzany şol durşuna arkanlygyna gaýtmaga mejbur etdi.
Gürp!
Ylla bir, dört aýagyna-da birden duşak urlan daýaw öküzçe gaýdan ýaly gürpüldäp ýykylan Mossy daýzanyň astyndaky galyň keçedir-palasdan kirşen göterildi.
Gyzbibem hernäçe özüni saklajak bolsa-da “hylkyldap” Mossy daýzanyň üstüne düşdi.
Ýap-ýaňyja-da gowurlary dik göge galyp, howlyny göçüräýjek bolýan hatyn halkynyň arasyna dym-dyrslyk aralaşdy.
Ýöne, aýallaryň aňk-taňklygy sähel salym dowam etdi. Birdenem olaryň ählisi birek-birege gezek bermän, birwagtda diýen ýaly gepläp başladylar.
-A gyz, nädä-dä bi?! Gazaby tutup, goluny talawladyberse degeni seňseledýän Mossyny düňderädimi?! Hä?!
-A gyz, nädä-dä bi?! Toba-toba, daş edewersin, tüf-tüf-tüf...Uly-kiçi sylagam ýok-la, munyýnyň...Bilinden tutany başyndan aşyrakga, ýere urup iberäjeg-ä munyýny...
-A gyz, nädä-dä bi?! Nädä-dä? Hä?!
-A gyz, nädä-dä bi?! Çopan pälwanyň ekdisi bolanyňda-da, edil beýdip ejizje naçar maşgalany sende ýok, mende, serpmeden agdarakga goberämek bolammy?! Hä?!
- A gyz, nädä-dä bi?! A gyz, Gyzbibi, bi nädädiň-ä, sypatyňy sylaça ýaly edip, eneň ýaşyndaky adamy beýdip düňderämek uslypmydyr? Hä?!...
Onýança, Mossy daýza “hyklap-çoklap” ýerinden galyp-galmanka, agalarynyň yzyndan galman birküç ýyllap karate sporty bilen meşgullanmaga gatnandygy üçin, il içinde Läle “Karateý” diýlip tanalýan, daýaw, berdaşly, ýaşy otuza ýeteňkirläberen gelin, hatynlaryň turzan gowruna kän bir pitiwa etmän, olaryň arasyndan sogrulyp, orta çykdy.
-Hany, jigim, meniň bilenem bir bil tutuşyp alaly!-diýip Läle gelin, seçekli, gyrmyzy gyňajy guşanyp durşuna, tejribeli türgeniň özüne göwnüýetijiligi bilen parahat duran Gyzbibä gep gatdy.
Gyzbibi sesini çykarmady.
Türgen gelniň bolsa, megerem, karate endikleri ganyna siňip giden bolara çemeli, Gyzbibiniň iki ädim öňüne geçdi-de, ol ökjelerini biri-birine degşirip, daraklyklarynyň arasyny sähelçe açakga, dim-dik bolup göneldi. Ellerini buduna degribem, birdenkä Gyzbibä çalaja baş egdi-de:
-Os!-diýip, oňa karateçileriň salamyny berdi.
Soňra, megerem, bekewül gelnejäniň karate sportyndaky başa-baş bäsleşiklerde berilýän kesgin buýruklardan başynyň çykmaýandygyny bilýändigi üçindir, ýapon dilinde öz-özüne buýruk bermäge başlady.
-Ýoý!-diýdi-de, karateçi gelneje azajyk aşak egildi. Soňra: “Ýoý daçi!” diýip pyşyrdakga, henizem şol bir durşuny üýtgetmedik Gyzbibä garşy sähelçe süýşdi.
Täze tomaşa ünsi örklenen aýal-gyzlar gohlaryny goýup, olara tiňkesini dikenlerem şoldy welin, Läle gelin:
-Hajime!-diýdi-de, Gyzbibiniň guşagyndan ýapyşdy. Olar biri-birini bagyrtlap ilk-ä bir ýapyryldylar, soňam birew-birewe emel salyp başlan güýjermen pälwanlar deýin dikleşdiler. Göz-görtele daýawlygyna hem güýç-kuwwatynyň agdyklygyna baýrynan karateçi gelneje, garşydaşynyň çepiksije göwresini ýanbaşyndan aşyrakga, ýere urmak üçin, dyzap ugrady. Emma hatyrjem duran Gyzbibi, beýle aňsatlyk bilen ýykylmagyna mümkinçilik beräýmedi. Çep aýagyny garşydaşynyň injiginiň daşyndan çolap aldy-da, direnip duran sag aýagynam gowşadyp, ümzügini öňe atdy welin, göreşýänleriň ikisem, göýä bir köküne palta urlan daragt deýin, gürpüldäp gaýtdylar. Ýöne her niçigem bolsa, ilki Läle gelniň gerşi ýumşak palasa degdi.
Bu gezek tomaşaçylaryň hiç haýsyndan ses çykmady. Öwrenişdilermi nämemi...
Ýöne, Pilmahmydyň çagasyna çalymdaş Mossy daýza bilen sypaty miks-faýtyň söweşijilerine kybapdaş Läle “Karateý” ikisiniň ýagyrnysy aňsatlyk bilen “ýer öpenden” soňra, hatynlar hümerinden hiç haýsynyňam çepiksije Gyzbibiniň üstünden gülmäge-de, “Atyş ataň başyna, tutuş gerek, gel tutuşsaň!” diýip garşysyna çykmaga-da milt edeni tapylmady.
Öý hem toý bikesi bilen bekewül gelneje ikisem Gyzbibiniň halal baýraklaryny gujagyna gysdyrakga, ony bu ýanlardan sag-aman ugradanlaryny kem görmediler.
Şeýdibem, Gyzbibiniň adynyň yzyna “pälwan” lakamy tirkeldi...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 96 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 ezizh764   [Материал]

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Gyzyklyja ekeni.

0
1 Dunyagozel   [Материал]
Heý berekella saňa Gyzbibi…

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: