17:08
Ol ölenmi ýa-da diri? / satiriki hekaýa
OL ÖLENMI ÝA-DA DIRI?

1882-nji ýylyň martynda men Montanadaky Riwearada-da ýaşaýardym. Monte-Karlo ýa-da Nitsadaky ýaly adamlardan däl-de, şäheriň çetindäki bu ýerde ýalňyzlykdan rahatlanýarsyňyz, üstesine adamlaryň goh-galmagalysyz günüň şöhlesinden, arassa howadan we dup-dury deňizden arkaýyn lezzet alyp bilýärsiňiz.
Montana şan-şöhrada dalaş etmeýän asuda, dynç şäher. Baý, begzada adamlar bu şäheri känbir pitiwa etmeýärler. Şeýle hem bolsa bu ýerde käte birki sany baý peýda bolup galýar. Ýakynda men ana şolar ýaly bir baý adam bilen tanyş boldum. Onuň adyny äşgär etmezlik üçin Smit diýip atlandyrýaryn. Günlerde bir gün ikimiz Iňlis myhmanhanasynda naharlanyp oturan wagtymyz, Smit maňa howlugyp:
— Tizräk, gapydan çykyp barýan hol adama serediň! Başardygyňyzdan ýüz-keşbini ýatlap galyň!— diýdi.
— Nämüçin.
— Oň kimdigini bilýärsiňizmi?
— Howwa, oň ady Teofil Menýan, ol sizden birki gün öň şu myhmanhana geldi. Aýtmaklaryna görä ol liýonly, mata senagat kärhanasynyň baý eýesi bolup, soňra işini goýupdyr. Görnüşinden bu dünýäde ýeke-ýalňyza meňzeýär. Ýüz-gözi elmydama gamgyn , hiç kim bilen gepleşmeýärem.
Men, Smit nämüçin jenap Menýan bilen gyzyklanandygyny düşündirip berer öýdüpdim, emma, ol oturan ýerinde oýa batyp galdy, şu wagt ol diňe meni däl, belki-de dünýädäki barça zady unudan ýalydy. Ol dynuwsyz ýüpek dek saçlaryny sypaýardy, stoldaky nahar bolsa sowap galypdy.
Ol ahyry:
— Ýok, hiç ýatlap bilemok— diýdi.
—Nämäni?
— Anderseniň ajaýyp bir ertekisi bardy, emma ýadymdan çykypdyr. Ertekide guşjagazy bolan bir oglanjyk suratlandyrylýar. Oglanjyk guşjagazyny juda eý görýär, emma gysga wagtda guşjagazynyň bardygyny hem unudýar. Undulan guşjagaz kapasada uzakly gün saýraýar-saýraýar. Wagt bolsa geçip barýar, biçäre guşjagaz aç-suwsuzlykdan azap çekip, saýraýşy hem dura-bara gamgynlaşyp, sesi peselip ahyrsoňunda açlyga çydap bilmän ölýär. Oglanjyk gelip, bu ýagdaýy görüp gynanýar, ajy gözýaşlaryny döküp dostlaryny çagyrýar. Olar guşjagazyň ölenine çäksiz gynanyp depin edýärler…
Şol mahal biziň söhbedimiziň arasyny böldüler. Agşam sagat onlarda men Smit bilen duşuşdym. Ol meni bir çüýşe şotland wiskisini içmäge öýüne alyp gitdi. Tertiplije otagda oňaýly aramkürsiler goýlupdyr, panus ýagty şöhlelerini ýaýradyp dur, kaminde bolsa zeýtun oduny şybyrdap ýanyp durdy. Asudalygyň berýän lezzetini penjiräň aňyrsyndaky deňiz tolkunlarynyň sesi bozýardy. Biz az-kem gürrüňleşip oturdyk. Ikinji bulgurdan soň Smit gyzyşdy:
— Ine, indi men size geň-taňsy bir wakany aýdyp bermekçi.
Dostum, ikimiz muny ençe wagtdan bäri syr saklap gelýärdik, Smit maňa şu, aşakdakylary gürrüň berdi:
— Ençe ýyllar öň, men heniz ýaş, juda ýaş suratkeşdim. Fransiýaň obalaryna aýlanyp, etýutlar çekip gezýärdim. Kän wagt geçmän iki sany ýaş, görmegeý pereň ýigidi ýanyma goşuldy. Olaram etýut çekýän eken. Biz nähili bagtyýar bolsak, şonçalyk pukaradyk, ýagny nä derejede pukara bolsak şolar ýaly hem bagtyýardyk, islän tarapyňyzy saýlaberiň! Ýigitleriň ady Kolt Frer we Karl Bulanžedi. Olar ajaýyp oglanlardy, elmydama bagtyýardylar. Olar garyplygyň üstünden gülýärdiler, herhili ýagdaýda-da keýipleri bozulmaýardy.
Ahyrsoňunda biz Bretonyň şäherçeleriniň birinde örän kyn ýagdaýa düşüp galdyk. Biz ýaly garyp, ýerli suratkeşleriň biri bize öz öýünden ýer berdi we dogrusy, aç ölmekden halas etdi. Fransua Mille…
— Çyndanam, şol beýik Fransua Millemi?
— Beýik? Oň şol wagtky beýikligi bizden tapawutly däldi. Hepdäki özüniň gadyrdan şäherinde hem onuň ady bilinmeýärdi. Bize naharyň ornuna diňe käşir berip bilýärdi, käşirem elmydama tapylanokdy, ol şo derejede garypdy. Dördimiz gadyrdan dost bolup galdyk. Uzynly gün arman-ýadaman surat çekýärdik. Öýümiz suratdan ýaňa dolup-daşyp gitdi, emma olardan kä wagt birini satmagam kynlyk bilen başardýardy. Wagtymyz şatlykly geçýärdi welin, emma Hudaý saklasyn biziň gören mätäçligimizden.
Iki ýyl şo ýagdaýda geçdi. Şolar ýaly ajaýyp günleriň birinde Klot:
— Dostlar, biz iň soňky nokada gelip ýetdik— diýip yglan etdi— Howwa soňky nokat. Hemmeler bize garşy dil düşüpdir. Men bütin şäheri aýlanyp çykdym. Edil şeýle hem bolupdyr, hemmeler dil düşüpdir, çünki biz ähli karzlarymyzy üzýänçäk bir frankam karz bermeýäs, diýýärler.
Üstümizden gaýnan suw guýulan dek boldy. Hemmäň ýüzünden gorky alamatlary duýulýardy. Ara uzak wagtlyk dymyşlyk düşdi. Ahyry, Mille uludan dem alyp:
— Nätjegimi bilmeýän, dogrusyda bilmeýän. Dostlar, bir zatlar oýlap tapyň!— diýdi.
Eger-de dymyşlygy jogap hökmünde kabul edilýär diýip bolsa oňa jogap hökmünde ara ýene-de gamgyn dymyşlyk düşdi. Karl ýerinden turdy-da otagyň içinde o tarapdan bu tarapa, bu tarapdan o tarapa gezmeläp başlady. Soňra ol:
— Nähili masgaraçylyk — diýdi — Bulara serediň! Ne gözel suratlar üst-üste dur, bularyň hiç haýsynyň ýewropaly ussatlaryň eserlerinden kem ýeri ýok. Howwa, howwa, syýahat edip ýören bir topar işsiz daşary ýurtlylar şeý diýip tassyklady, edil beý diýmedik hem bolsalar garaz şoňa meňzeş gep aýdypdylar.
Mille:
— Emma ýekejesinem satyn almandyrlar— diýdi.
— Näme tapawudy bar? Şeý diýipdiler, iň möhümi, bu hakykat. Iň bolmanda özüňiň "agşam öwüşginleriňe" seret! Aýdyň…
— "Aşgam öwüşginleri" bolsa näm bolupdyr? Oň üçin maňa bäş frank teklip etdiler.
— Haçan?
— Kim?
— Nirde ol?
— Nämüçin razy bolmadyň?
— Bes ediň, hemmäň birden gygyrmaň! Men o köpräk pul berer, diýip oýlapdym. Muňa ynanypdym, görnüşinden alyjenap adama meňzeýärdi. Ýüzüne seredip sekgiz diýdim.
— Howwa, onsoň?
— Indiki gezek gelerin, diýdi.
— Aýylganç, bu aýylganç. Maňa seret, Fransua…
— Bilýän, bilýän, ýalňyşdym. Baryp ýatan akmaklyk etdim. Dostlar, ynanyň meň niýetim başgaçady.
— Elbetde, biz saňa ynanýas. Emma indiki sapar bular ýaly akmaklyk etmejek bol.
— Menmi? Indi biri ýanyma gelip, bir sany kelem teklip etsede razy bolaryn. Şonda görersiňiz.
— Bir sany kelem. Ýanymda bular ýaly sözleri aýtma, gaýrat et! Agzymyň suwy akyp barýar. Adamyň höwesini azrak getirýän başga mowzuga geçeliň-le.
Karl:
— Dostlar, aýdyň hany, ine şu suratlar owadan dälmi?
—Owadan.
— Gözelligi bilen tapawutlanmaýarmy?
— Tapawutlanýar.
— Bu suratlara uly üns berilmegi mümkin, haçanda olaryň üstünde meşhur at dursa, diňe şonda olary ýokary bahadan satyp bileris. Howwa ýa-da ýok, diýiň!
— Elbetde, howwa. Muňa hiç kim şübhelenenok.
— Degişemok gerek? Howwa ýa-da ýok!
— Elbetde, şeýle. Bizem degişemizok. Emma bu bilen näme diýjek bolýaň? Näme? Biz näme edip bileris?
— Suratlara meşhur at ýazarys.
Gürrüň şo bada ýatyp, hemme Karla seredip galdy. Bu nähili gep boldugy bolýar? Meşhur ady nireden alarys, ony bize kim berer?
Karl oturdy-da:
— Size möhüm teklibim bar. Meň pikirimçe garyplykdan halas bolmagyň ýeke-täk, dogry ýoly, şu. Bu pikir dünýä taryhynda bir eýýam belli, meşhur delillere esaslanýar. Meň planym hemmämizi baýatjagyna ynanýan — diýdi.
— Baýlyk? Sen aklyňdan azaşypsyň.
— Hiçem beýle däl.
— Ýok sen şübhesiz dälliräpsiň. Baýlyk diýip nämäni nazarda tutýaň?
— Her birimize ýüz müň frankdan.
— Aklyňdan azaşanyň anyk. Özümem şeý diýip oýlapdym.
— Howwa, dälliräne meňzeýär. Biçäre Karl, sen garyplyga çydap bilmän…
— Karl, sen derman içde, tiziräk düşegiňe geçip ýat!
— Öňinçä oňa melhem ýapmagymyz gerek. Geliň, kellesini daňalyň, soň…
— Ýok, gowusy aýaklaryny daňalyň. Men oň kellesiniň işlemeýändigini bir eýýam bilipdim. Emma, aýaklarynyň…
Mille gaharlanyp:
— Sesiňizi kesiň!— diýip gygygyrdy— Maksadyny aýtmaga goýuň, ahyryn! Karl, geple, planlaryňy aýt! Gepiň tümmek ýeri nämede?
—Gepiň tümmek ýeri hökmünde size şulary aýdaýyn. Kän-kän beýik suratkeşleriň zehini tä olar açlykdan ölýänçä ykrar edilmedik, bu dünýä taryhynda kän gaýtalanan. Kän gaýtalanandygyny hasaba alyp men bir kanun taýýarladym. Kanun şundan ybarat: Her bir näbelli we üns berilmedik suratkeş ykrar edilmegi gerek, ykrar edilýärem. Köplenç olaryň suratlary diňe özleri ölenlerinden soňra örän kän girdeýji gazandyrýar. Meň planym şeýle: Aramyzdan bir adam ölmegi lazym. Biz bije atarys.
Soňky jümle arkaýyn we garaşylmadyk ýagdaýda aýdylandygy sebäpli biz hepdäki oturan ýerlerimizden böküp turmagada ýetişmedik. Soňra garym-gatym sesler eşdilip başlady. Herimiz Karlyň kesel beýnisini nähili bejermek hakynda öz pikirimizi orta atdyk. Karl goh-galmaglyň soňlanaryna sabr edip garaşdy-da, öz planyny tabyna ýetirmeginde dowam etdi:
— Howwa, birimiz ölmegimiz gerek, başgalary we özünide halas etmek üçin hökmäny ölmeli. Bije atarys, kimiň bijesi çyksa şolam meşhur bolar. Diňe şonda baýap bileris. Ýuwaş, ýuwaş boluň, päskel bermäň! Näme diýýänimi özüm bilýän, plan şeýle: Ölmeli bolan, öz eserleri köpelýänçä başardygyndan surat çekmeli bolar, emma şerti hem bar, şerti: Surat bolmaly däl, ýok, garalamalar, eskiz we etýutlar, etýutlardan bölekler, her birinde ondan artyk boýagly çyzgy ulanmaly däl. Çyzgylaryň hiç hili many aňlatmaýandygy belli zat, emma möhümi surat onuňky we aşagynda onuň goly durýar. Ol günine azyndan elli sany surat çekmeli we çeken suratyny biri birinden aňsat tapawutlandyryp bolýan bolmaly, diňe çeken adama mahsus, aýratyn hususyýeti bilen tapawutlanyp durýan bolmaly. Edil şolar ýaly suratlaryň eý görülýändygyny hemmäňiz bilýäňiz, esasanam, meşhur adam ölenden soň dünýädäki barça müzeýler suratlary örän gymmat baha satyn alýarlar. Biz bular ýaly suratlaryň azyndan müň sanagyny dagyn taýýarlarys. Bu wagtda galan üç adam ölmeli adamy bakmaly we Pariži hem-de alyjylary ýakyn geljekde ýüz bermeli waka taýýarlamaly. Iş tamamlandan soňra derrew suratkeşiň wepat edendigi barada habar ýaýradarys. Soňra dabaraly jynaza dessuryny geçireris.
Planyma indi düşünensiňiz?
— Ýo-ok, ýagny onça…
— Onçakly dälmi? Çyndanam düşünmediňizmi? Suratkeş hakykatda ölmeýär. Diňe adyny üýtgedýär, bolany, soňra ýitirim bolýar. Biz bolsa oň ýerine gurjak depin ederis. Men…
Şol pursatda sözüni böldük, hemmämiz şatlanyp, çapak çalyp göýberdik. Ýerlerimizden turup otagyň içinde tans oýnap, biri birimizi şatlanyp gujaklaýardyk.
Açlygymyzam unudyp, Karlyň plany barada gürleşýärdik. Ähli etmeli işleri planlaşdyranymyzdan soňra bije atdyk. Milleň bijesi çykdy, indi ol "Ölmeli". Soňra diňe baýamagyzyň öň ýanynda taşlamagyz mümkin bolan ähli goş-golamlarymyzy, ýädigärlik sowgatlary we maýda-çüýdelerimizi ýygnap, äkidip, girewine goýduk. Ornuna agşamlyga, ertirlige we Milleň iýmegi üçin käşir ýene-de bir azrak azyk gamlamaga ýetjek pul aldyk.
Daň bilen turup, ertirlik edindikde üçimiz pyýada ýola düşdik. Her birimiz Milleň çeken suratlaryndan on sanagyny aldyk. Karl bellenilen wagta çenli Milleň şöhradyny artyrmak üçin Pariže ugrady. Klot bilen men şäheriň etegindäki obalara aýlanmak üçin aýry-aýry tarapa gitdik.
Bagtymyzyň şeýle çalt çüwenine ynanyp bilmedim. Iki gün aýlanyp, uly bir şäheriň etegindäki willaň suratyny çekip başladym. Ýokarky gatyň eýwanynda duran adama gözüm düşdi. Oýlaýşym ýaly, ol habar almak üçin aşak düşdi. Men, oň içi gysmasyn diýip çaltyrak işlemäge hereket etdim. Käte-käte ol işimi makullady. Soňra suratyma seredip, haýran galyp, meni ussat diýip magtadyk.
Men galamymy çete goýdum-da, Milleň çeken etýutlaryndan birini aldym, suratyň burçundaky oň goluny görkezip, magtanyp:
— Ony tanansyňyz? Ol meň halypam. Eden işimi oňarmagym ýöne ýerden däldir— diýdim.
Willaň eýesi ýere bakyp, oýlanyp galdy.
Men:
— Bäh, Fransua Mille-ni tanamaýan diýjek bolýaňyzmy? — diýdim.
Goluň oňa nätanyşdygy belli zat, emma, soňra ýagdaýdan aňsatjak alyp çykanym üçin minnetdarçylyk bilen seredip:
— Ýogeý, goýsaňyzlaň! Elbetde, bu Mille. Elbetde, bu Milleň goly. Milleň goluny nämüçin derrew tanamandygyma özümem geň galýan.
Soňra ol etýudy satyn almak isledi. "Onçakly baý bolmasamam o derejede garyp däl" diýdi. Ahyrsoňunda men suratyň bahasyny sekgiz ýüz farnka düşürip bermäge razy boldum.
— Sekgiz ýüz farnk?
— Mille suraty doňuzyň etinden edilen kotlede-de çalyşardy. Men bolsa şu bolgusyz surat üçin sekgiz ýüz frank aldym. Häzir men ony begene-begene sekgiz müňe yzyna alan bolardym. Emma o döwürler bir eýýam geçdi, gitdi… Oň köşk ýaly öýüni betinden hem gytyndan edip çeken suratym üçin bolsa bary ýogy on farnk soramakçydym. Emma uly halypaň şägirdiniň çeken suratyna şo derejede pes baha goýmak birhili bolardy, şoň üçin men suraty ýüz franka satdym.
Sekgiz ýüz franky şol wagtyň özünde Mille ugratdym.
Ertesi öz ýolumda dowam etdim.
Indi men paý-pyýada gezmegimi goýdum, transporta münüp başladym. Her gün bir sany surat satýardym, hiç haçan birden artyk surat satmaga synanyşmadym. Men hyrydaryma elmydama:
— Umuman aýdanda, Men Fransua Milleň suratlaryny satmak arkaly akmaklyk edýärin, oň bary ýogy üç aýlyk ömüri galdy. Wepadyndan soňra bu suratlaryň bahasy asmana uçar. — diýýärdim.
Men nädip hem bolsa bu gepiň ýaýramagy üçin hereket edýärdim, halky ýakynda boljak waka taýýarlamak lazymdy. Suratlary satmak plany menden çykypdy, şonuň üçin bu diňe meň bitiren işim diýip bilýärdim. Men bu plany geljekki jynaza dessuryny planlaşdyryp oturan wagtymyz, şol gije teklip etdim. Üçimizem başga plan düzmän ilki şuny synagdan geçirmeli diýen karara geldik. Üçimiziňem bagtymyz çüwdi, men bary ýogy iki gün pyýada ýöredim, Koldam şeýle. Ikimizem öýümiziň töwreginde Milleň adyny mahabatlandyrmakdan gorkýardyk. Biz daşky welaýat gazetleriniň redaktorlary bilen ylalaşyp, gysgajyk makalalar ýazyp başladyk. Biz bu makalalarda täze ussat suratkeş döredi diýmeýärdik, tersine Fransua Mille bir eýýam hemmä belli, meşhur adam ýaly suratlandyrýardyk. Makalalarda hiç hili magtaw, öwgi bolmaýardy, diňe "ägirt halypaň" ýagdaýy barada birki agyz söz aýdylýardy. Kä wagt umyt uçgunlary döreýär, emma setirleriň aşagynda ahyrynyň juda erbet bolmagynyň ähtimaldygy duýdurylýardy. Hemme makalalardan bölekler kesip, alyp bizden surat satyn alan adamlara ugradýardyk.
Bu arada Karl Pariže ýetip baryp, daşary ýurt žurnalistleri bilen tanyşyp Fransua Milleň hassalygy hakyndaky habary Ýewropa, amerika, dünýäň dört burçuna ýaýratmagy başardy.
Bir ýarym aýdan soň üçimiz Parižde sataşyp, Mille indi bize surat ugratmagynyň gerek däldigi barada habar ugratmaly diýen karara geldik. Şeýlebir şowhun döredi welin biz indi gijikdirmän işe nokat goýmaly diýen karara geldik. Biz Mille düşegine geçip ýatmalydygyny we on günden gijikdirmän ölmelidigini hem ýazdyk.
Soňra hasap-hesip etdik, üç bolup segsen bäş sany garalama hem-de etýutlary satyp altmyş dokguz müň frank girdeýji gazanypdyrys. Karl, iň soňky ajaýyp işi amala aşyrdy, ol "Agşam öwüşginlerini" iki müň iki ýüz franka satdy, ony bu işi üçin öwme kemini goýmadyk. Biz şol wagt şeýle bir gün gelip ol surat üçin tutuş fransiýa çekeleşer, ahyrynda bolsa nähilidir bir daşary ýurtly bäş ýüz elli müňi nagt töläp surata eýe çykar diýip hyýalymyza hem getirmändik.
Ol agşam şampan winosy bilen zyýapat etdik, ertesi gün ähli ýygnan pullarymyzy alyp, Milleň ýanynda oturyp ony görmäge gelýän artykmaç adamlary otaga salmazlyk maksadynda öýümize tarap ýola düşdük. Mundan daşgary Karl bäş sany materigiň gazetlerine hassaň ýagdaýy barada habar berip durmagy üçin oňa maglumat ugradyp durýardyk. Ahyry gaýgyly waka ýüz berdi. Karl jynaza dessuryny gurnamak üçin öz wagtynda ýetip geldi.
Belki siz bütin dünýä ýaýran jynaza habaryny eşden dälsiňiz.
Dünýäň meşhur adamlary özleriniň çäksiz gynançlaryny aýtmak üçin jynaza geldiler. Biz, dört dost hiç kimi tabydyň ýanyna golaýjaşdyrman, tabydy özümiz göterdik. Gowy etdik, tabytda adamyň mumdan ýasalan heýkelinden başga hiç zat ýokdy-da, başga biri tabydyň ýeňildigini duýup galardy. Kyn günlerde bir jan, bir ten bolan, dört dost bolup ebedilige gark bolan kynçylyklarymyzyň tabydyny göterip barýardyk.
— Nädip dört dost bolýarsyňyz?
— Hemmämiz. Millede öz tabydyny göterdi. Ol özüni Milleň uzak garyndaşy diýip tanyşdyrdy.
— Bäý-bä, aklyň haýran galýar.
— Şeýle hem bolsa bu hakykat. Suratlaryň bahasy asmana uçup gitdi. Pullary goýmaga ýer tapmaýardyk. Parižly bir adamda Milleň ýetmiş sany suraty bar. O suratlar üçin bize iki million frank töledi.
Bir ýarym aý Fransiýa aýlananymyzda Milleň bize ugradan garalamalary we etýutlary hakynda aýtsam, eger, olary nähili bahadan satyp başlanymyzy bilsediňiz, haýran galardyňyz.
— Ajaýyp, geň-taňsy taryh.
— Ähtimal, şeýledir.
— Howwa, onsoň Mille näme boldy?
— Siz syr saklap bilýärsiňizmi?
— Howwa, elbetde.
— Ýadyňyzdamy, men size naharhanada bir adama serediň diýipdim? Şol Fransua Mille.
— Ägirt…
— Toba. Howwa bu, adamlar ilki ägirt zehini aç öldürip bilmän, soňra oňa nesip etmeli pullar bilen "başga biriniň" jübilerini dolduran ýeke-täk waka. Biz, öz hasratlaryny saýrap gidiren, ahyrsoňunda-da gynançly depin edilen guşjagaz kimin, ýalňyzlykda, açlykdan ölmezlik üçin öz gamymyzy özümiz iýdik.

Mark TWEN
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 138 | Добавил: Gurgencli | Теги: Mark Twen | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 17
0
15 Hаwеrаn   [Материал]
"Gyzlar göteriñ sandygy..." smile

0
14 Dunyagozel   [Материал]
Wiý asyl şondandymy düýnden bäri teswir ýazyp bilemok. @Güljançaryberdiýewa aýdanyňa sagbol smile

0
13 guljancharyberdiyewa   [Материал]
Javascript blockda bolsa komment yazyp bolanok eken, indi yazyldy))

0
12 guljancharyberdiyewa   [Материал]
Onem okapdym shuna)

0
16 Gurgencli   [Материал]
Nirde okapdyň??? surprised

0
17 guljancharyberdiyewa   [Материал]
Yadyma dushenok mumkin originalyny okandyrn yone okanymy bilyan

0
11 nowca101043   [Материал]
Gorkunch belalar

0
7 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, elbetde islendik çeper eseriňem gahrymanlaryň dialoglarynda, pikir ýöretmelerinde, hekaýanyň diliniň şireliligini üpjün etmek, gahrymanlaryň özboluşly sözleýiş dilini açyp görkezmek üçin, "oň", "howwa", "ana" we ş.m. görnüşde sözler ýazylyp bilner. Emma, ol sözleriň dürs ýazylyşynyň "onuň", "hawa", "ine" ýa-da "ynha" diýen ýaly görnüşdediginem unutmaly dälmikä diýýärin.
Elbetde, awtor öz hekaýasyndaky ýumory ýa-da aýtmakçy bolýan pikirini güýçlendirmek üçin sözleri ýoýup ýa-da "köçe dilinde" ýazybam bilýär. Ýöne bu çeperçilik usulynam iňňän seresap hem seýrek ulanmasaň, onda eseriň eser däl-de, gadymy oguz dilinde ýazylan Alp Är Töňňe hakdaky dessana çalymdaş bolup galaýmasa...

0
9 Gurgencli   [Материал]
Dialoglarda "köçe dilini" ulanmaga Kakamyrat Ataýew ökde smile

0
6 Bagabat   [Материал]
Hekaýada ýol berlen harp ýalňyşlyklary:
"1882-nji ýylyň mart aýynda" - "1882-nji ýylyň martynda" (Şeýtseň tygşytly bolýa :-).);
"Monta-Karlo" - "Monte-Karlo";
"ýalňyzlykdan rahatlanýarsyňyz" - "ýalňyzlykdan saplanýarsyňyz";
" goh-galmalysyz günüň şohlesinden" - goh-galmagalsyz Günüň şöhlesinden";
"şan-şohrada" - "şan-şöhrada";
"pisent" - "pisint", ýöne bu ýerde bu sözi ulanman "kän bir pitiwa etmeýärler" diýlip ulanylsa dogry bolagajak ýaly :-);
"ýüz keşbini" - "ýüz-keşbini";
"Görünişinden" - "Görnüşinden";
"Nämüçin" - "Näme üçin" ýa-da "neçün";
"jenap Menýana gyzyklanyp galandygyny" - "jenap Menýan bilen gyzyklanandygyny";
"emma, onuň ýerine oýlanyp galdy," - düşnüksiz, sözlem, megerem: "emma, ol duran ýerinde oýa batyp galypdy," diýen görnüşde berilse dogry bolmagy mümkin;
"dünýändäki" - "dünýädäki";
"Andresiň"-mi ýa-da "Anderseniň"?
"guşçagaz" - "guşjagaz"; Şeýle ýalňyş iki ýerde goýberilipdir;
"Unudylan" - "Undulan";
"ahyry-soňunda" - "ahyrsoňunda";
"göz ýaşlaryny" - "gözýaşlaryny";
"böldiler" - "böldüler" - Türkmen diliniň ýazuw düzgüni - Birinji bogunda dodak çekimli gelse, ikinji bogunda-da dodak çekimli ýazylýar. Diňe ikinji bogundaky çekimliler uzyn aýdylýan halatlardan başga halatlarda;
"süýşe" - "çüýşe";
"aramkürsyler" - "kürsüler". Aramkürsi näme?!;
"goýulypdyr" - "goýlupdyr";
"keminde" - "kaminde" - türkmenlerde "buhary peç" diýilýär-ä diýýärler. Ýöne men-ä türkmenlerde öň kamin bolup, onam atlandyrmak zerurlygynyň bolandygyny taryhda okamandym :-);
"zeýtun daragtynyň gury bölekleri" - ýaman uzyn bolupdyr, "zeýtun oduny" diýseňem gelişmän durmazmyka diýýärin :-);
"şohuny" - "şowhuny", ýöne bu ýerde "sesi" ýa-da "gohy" diýen söz ulanylsa dogry gelagajak ýaly...
Umuman, şonuň ýaly uşak-düşek ýalňyşlaryna seretmeli-dä.

0
8 Gurgencli   [Материал]
Andersen eken men "Andres" diýip ýalňyş ýazypdyryn.
"Aramkürsi" ýumşajyk başlyklaryň oturýan kürsileri bolýara şo-da. Sizem şol kürsini bir hekaýaňyzda birhili atlandyrypdyňyz, nähili atlandyranyňyzy ýatlap bilmedimda

0
10 Gurgencli   [Материал]
Serdar aga, maslahatlaryňyz we eden bellikleriňiz üçin köp sagboluň, Allaýalkasyn.

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Al-ana.. "ol" ölmän eken smile

0
2 Gurgencli   [Материал]
Serdar aga, öňki terjime eden hekaýalarymy terjime edenimden soň bir gezek çalama-çekke gözden geçirip derrew saýtda çap edýärdim, bu gezek sizden "berekella" eşdeýin diýip 10-15 gezek dagyn gaýta-gaýta okap göwnüme makul bolmadyk ýerlerini düzeltdim smile

0
4 Bagabat   [Материал]
Ilki bilen, "berekellasyny" aýdaýyn. Terjime erbet bolmandyr. Sadadan düşnükli. Ýöne, terjime edeniňde türkmen diliniň şireliliginiň ähli mümkinçiliklerini ulanmandygyň zerarly, hekaýanyň täsirliligi biraz pese düşüpdir. Ýöne, gowy. Ýigrimi iki ýyl mundan ozal maňa-da ýazyjylaryň biri: "Hiç kim dünýä inende geniý bolup dogulmaýar. Soň geniý bolup ýetişýärler" diýipdi. Dogry şo. Kim ir ýetişýär, kim giç ýetişýär... "Kim bolsa düýbünden ýetişmeýär".
Meniň pikirimç-ä ussatlygam, ylmam, üýtgeşik dünýägaraýşam aglaba köp ýagdaýlarda gulakdan däl-de, barmakdan girýärmikä diýýärin. Şol sebäplem, ýazyberseň, barha eliň düzüler gider barar. Üstünlik! Şowlulyk! Irginsizlik! Zähmetsöýerlik! WE Ş.M... biggrin

0
1 Gurgencli   [Материал]
Serdar aga, Mark Tweniň "ajaýyp" eserlerinden okamak isläpdiňiz, ine-de Tweniň ajaýyp eserlerinden biri smile . Okaň, noş bolsun biggrin

0
3 Bagabat   [Материал]
Minnetdar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: