15:24
Ýazyjy-şahyrlaryñ näme üçin ýazýandygyny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik-2
ÝAZYJY-ŞAHYRLARDAN NÄME ÜÇIN ÝAZÝANDYGYNY WE EDEBIÝAT BARADAKY PIKIRLERINI BILMEK ÜÇIN ÜÇ SORAGDA UMUMY GÜRRÜÑDEŞLIK

- Döredijilige ýañy başlan uçurlaryñyz "Näme üçin ýazýarsyñyz?" diýen soragy beripmidiler we oña beren jogabyñyzdan bäri üýtgän zat boldumy?

- Şygyr arkaly beýan etmek ýa-da üýtgetmek islän zadyñyz bolupmydy?

- Täze çykýan kitaplar we gazet-žurnallarda berilýän çeper eserler bilen baglanşyklykda häzirki döwrüñ şygryýeti barada pikiriñizi aýdaýsañyz?


Serdar ATAÝEW

1. «Näme üçin ýazýarsyň?» diýen sowaly, ýazyp başlan ilkinji ýyllarymda-ha däl, häzirem hiç kim bermedi. Ýazyp başlan ilkinji 6-7 ýylymda dagy, iki sany ýakyn dostumdan we ýaşuly edebiýat mugallymymdan başga hiç kim meniň ýazýanymy hem bilmedi. Aýtmagy birhili görüp gezdim. Hamana özüňi güjeňleýän ýaly.
Onsoňam öz ýazan zatlaryma düýbünden göwnüm ýetmeýärdi. 1992-nji ýylda roman ýazyp başladym. Bir ýarym ýylda ýazyp boldum. Soň bir ýyl geçirip otladym. Ondan soňam birnäçe galyň depderler bilen şeýle boldy. Diňe harby gullukdan gelip, kärhanada ilki ýükçi, soň laborant bolup işläp başlanymdan soň ýaşuly edebiýat mugallymym öňüme düşüp, meni redaksiýa alyp gidipdi. 1998-nji ýylda. Şondan soňam ýazanlarym çap edilip başlandy.
Bu sowala şahsy özüm üçin jogap berenimde bolsa, ýazmak meniň üçin gyzykly, şonuň üsti bilen adaty durmuşda töweregimdäki adamlara diýip-aýdyp, düşündirip bilmeýän zatlarymy beýan edip bilýänim üçin ýazýan bolaýmasam...

2. Juda kändi. Gögelelikde, aslyýetinde ilki ýazyp başlanymyň sebäbem, megerem, hut şahsy özüm üçin durmuşyň manysyny gözlemekden başlanan bolaýmasa. Gaty uly azara goýýardy, şol döwürler, şu sorag. Hiç bir jogabam kanagatlandyrmaýardy. Şol sowalyň hiç kim mälim bolmadyk, iňňän sada we düşnükli, ýeke-täk jogabyny agtaryp, tapyp, oňa aň ýetirip, soňundanam ony adamlara aýdyp bermek hyjuwy beýnimi gemirýärdi. «Jahyllyk maksimalizmi» diýilýärmi?!
Dürli kitaplary dagy okamaýardymam-da, edil ýöne teşnelikden ejir çekip, ölüp ýeteniň suw içişi ýaly hopurdadyp başyma çekýärdim...Ýöne, tapmadym. «dem şu demdir, şundan özge dem bolmaz» diýilýänine çalymdaş boldy. Bir özümi kanagatlandyran ikije setiri tapdym. Gurbannazar şahyryň: «Bu dünýäde mahsus ähli zatlaryň senden sowlup geçmeýänne monça bol» diýen sözleri… Olam, ölhit açlykdan oň bir goşawuç çigit çigitläp garnyňy doýurmaga synanyşyk ýaly bir zat boldy...Ýöne, soň bildim, agyr açlykdan soň kän iýse adamyň aşgazany götermän ýarylýarmyş... Beýnem, kalbam şonuň ýaly bolmaly... Adam — owaly bilen Allanyň bendesi. Oňa mälim edilýän zadam, Keremli Hakyň tükeniksiz parasady hem-de eradasy bilen diňe onuň ruhunyňam, aňynyňam, teniniňem, durmuşynyňam, imanynyňam, ykbalynyňam göterjek zady. Göterip bilmejek ýüki hiç kime urulmaýar. Hakykatam, manam — ýük.

3. Täze çykýan kitaplarda, gazet-žurnallarda beilýän kyssa eserleri barada pikirimi aýtsam, her döwrüň özüne görä edebiýaty bolýar. Bu döwrüňem öz edebiýaty bar. Ýöne oňa baha bermek üçin diňe metbugatda neşir edilýän kyssa eserlerini däl-de, internet saýtlarynda, mysal üçin, kitapcy.com, galamdash.com saýtlarynda goýulýan eserlerem okamaly. Şol eserleriň hili barada bolsa men, kitapçy saýtynda Goçmyrat Orazberdiýew bilen gürrüňdeşlik babatda şunuň ýaly teswir ýazypdym. Şol hem şu sowalyň jogabymyka diýýärin: «6. Goçmyrat Orazberdiýew: "Häzirki döwrüň şygryýetiniň gözelligi, many taýdan agramlylygy, goýazylygy... hem ünsüňi çekäýsedi. Biz döwrüň ruhuny, keşbini eserlerde açyp görkezip bilmeýäris."...
Egniňi gysaýmasaň, başga näme diýjek?
Diňe Goçmyrada: "Seýitmyrat Geldiýewiň, Kakamyrat Rejebowyň, Has Türkmeniň, Aşyr Hanowyň goşgularyny, galamdash.com, kitapcy.com saýtlarynda goýulýan goşgularydyr, beýleki eserleri yzygiderli okaýaňmy? Hydyr Amangeldi aganyň "Gören kim görünen kim?" powestini, Kömek aganyň hekaýalaryny, Ahmet Mele aganyň, Ahmet Halmyrat aganyň, Sungat Gurbangeldiniň, Sapa Hommadyň, Umyt Küläniň, Enwer Nyzamowyň, Maksat Bäşimowyň we beýlekileriň eserlerini okadyňmy? Şolardan döwrüň ruhy barada garaýyşlar tapylmadymy?" diýip gyzyklanyp görläýmese...».

Kakamyrat ATAÝEW

1. Şeýleräk sowaly 1989-njy ýylda, uniwersitetiň birinji kursunda okaýan döwrüm edebiýatçy Mämmetgurban Mämmetgurbanow beripdi, ol şo mahallar “Ýaş kommunist” gazetiniň ýanyndaky edebiýat birleşmesine ýolbaşçylyk edýärdi. Ýaşlaryň eserleri bilen bile kiçijik anketa-sowallara beren jogaplary hem çap edilýärdi. Meniň beren jogabym şeýle: “Okyjylara gowy eserleri hödürlemek we özümi kämilleşdirmek!” Ondan bäri geçen otuz ýyl gowrak wagtyň dowamynda, elbetde, jogabym üýtgedi.
Şuňa meňzeş sowal käbir dörediji adamyň özüni-de mahal-mahal heläk edýär. Ýöne ol “Men nämüçin ýazýan? Meniň ýazanym kime gerek?” diýen gyjytly äheňde gaýtalanýar. Bu ýagdaý mende-de bolýar. Jogabym: töweregimdäki gurşawda bolýan käbir zatlara biparh garap bilmeýärin, begenýärin, gynanýaryn, haýran galýaryn, haýpym gelýär, ahmyr edýärin, utanýaryn, kejikýärin... Bular dürli oý-pikirleri döredýär. Ony kimdir birine gürrüň bermek zerurlygy peýda bolýar, kagyzdyr galam iň ygtybarly syrdaşyňa öwrülýär. Ýüregiňdäkini çeper söze geçir-de, ýazyber! Eserlerimi ile-güne ýetirmek isleginden ötri, belli bir derejede özüm üçin ýazýaryn diýsemem, ýalňyş bolmaz.

2. Üýtgetmek isleýän zadym bolupdy, häzirem bar. Isleg reallygyň şertlerine tabyn bolmaly, tabyn bolmasa, onuň deregine boş herdem-hyýal dörär. Edebi eser döretmek bilen uly üýtgeşiklik edip bolar öýdemok. Elbetde, bu üýtgetmek isleýän zadyňa bagly. Eger gürrüň jemgyýetçilik ösüşine, milletiň aň-düşünjesine dahylly tutum barada barýan bolsa, ilki nobatda durmuşyň radikal kanunlaryny hasaba almaly. Seniň ýazan eseriň şol radikal kadalar bilen bir howadan dem alýan bolsa, onda hiç bir üýtgejek zat ýok.
Ýöne çeper eseriň wezipesi nämedir bir zady üýtgetmek dälmikä diýýän, maksat şol zadyň üýtgemelidigini, üýtgemäge wagt bolandygyny duýdurmak, ýaňzytmak, şeýle meseläniň bardygyna ünsi çekmek, durmuş hakykatyny ýoýman açyp görkezmek bolmaly diýip düşünýän.
Ýazyjy nämedir bir zady aýtmagyň pursatynyň gelendigini duýmaly, ony okyja ýetirmegiň zerurlygyna düşünmeli. Şu pursatda dörän isleg, ahyr netijede bir zatlary üýtgedip-üýtgetmeýändigine garamazdan, galplykdan halas eseri döredip biler diýen ynanjym bar. Meseläni çözmek başgalaryň işi. Eseriň hili bolsa, ýazyjynyň galam oýnadyş ezberliginiň näderejedeligine bagly.

3. Soňky döwürde çap bolan proza eserleriniň köpüsinden göwnümiň suw içmeýändigini aýdaýyn. Olar proza žanrynyň talabyny ödärden juda uzakda. Aglabasynda awtorlaryň öz şahsy pozisiýasyna derek ideologik talaplardan ugur alýan synpy garaýyşlar agdyklyk edýär. Beýle eserleriň ozalebetinde edebiýat döretmek üçin däl-de, keseki elementleriň göwnüni görmek üçin ýazylandygyna men oňat düşünýärin. Edebiýat ruhy erkinlikde döreýär, diýdimzorluga duçar gelen mahaly onuň edebiýatlygy gutarýar.
Häsiýet döretmezden şowly proza eserini ýazmak mümkin däl. Häsiýeti janly durmuşdan, görüp-bilip ýören belet adamlarymyzdan almaly. Awtor wakany öz islegine görä üýtgedibermeli däl, keseden dörän talaba eýerip ýoýmaly däl, ony häsiýete kybap ýagdaýda beýan etmeli. Konflikti hem häsiýet döretmeli, meseläniň neneňsi çözüljekdigini-de, eseriň nähili jemlenmelidigini-de häsiýet salgy bermeli. Soňky döwürde çap bolan proza eserlerinde şol häsiýet ýok. Şonuň üçin häzirki türkmen prozasynyň esasy betbagtçylygy onuň häsiýet gedaýçylygyna uçranlygynda diýip, arkaýyn aýtsa bolar. Elbetde, munuň ýeterlik sebäpleriniň bardygyny, şol sebäpleri aradan aýyrmazdan, gowy eseriň ýazylmajagyny bilýärin.
Şol sebäpler aradan aýrylaýanda-da, häzirki çap bolýan awtorlaryň birenteginiň iň bolmanda aýak üstünde durup bilýän ortagürp eserleri ýazyp biljekdigine-de mende ynam ýok. At, şöhrat, baýrak hantamaçylygy bilen ýazýan adam edebiýatyň arkasyndan her jüre iş görüp biler, ýöne hiç haçan çyn edebiýaty döretmegiň hötdesinden gelip bilmez. Şor basan ýa zeýlän toprakdan hasyl alyp bolmaýar. Edil şonuň ýaly, çemeçilligiň hem ygrarsyzlygyň ýanyndan edebiýat gözlemek akyla sygjak zat däl. Messep ýok wagty edebiýat nädip döresin?

26-njy iýul, 2020-nji ýyl.

Abdyrahman DÜÝEJI,
Trakýa uniwersitetiniň mugallymy, Türkmensähranyň öňki "Sähra" gazetiniň baş redaktory:

Bu soragyň jogaby, janrlara görä üýtgäp bilýär. Dogrusy goşgy ýazamda, näme üçin ýazýarysyň diýýip özümden sorap duramok, başgalar sorasa-da, belki, belli bir jogap berip bilmerin. Sebäbi men ýazaýyn diýip goşgy ýazamok. Ýürekden joşup gelse, meni ýazmasaň ýüregňi ýararyn diýse şonda ýazýaryn. Elbetde roman barada bu ýagdaý tapawutly, romany planlap aýlap, hatda ýyllap üstünde oýlanşyp soňra ýazýan wagtlarym bolýar. Ýöne goşgy men üçin kada girmeýan duýgularymyň formasydyr. Bir gezek özüm özüme şeýle jogap berdim:
Men goşgy ýazamok öwretmek üçin
Ýa uly şöhrata hem ýetmek üçin
Dertlere çydaman ýüregim gysýar.
Ýa ýazýan özümi ýeňletmek üçin.

Meniň jogabym entegem şol.

2. Goşgy diýeniň akyl bilen oýlanyp karar berip ýazylýan zat däl. Eger akyl bilen bir zady üýtgetmäge karar berip, şoňa görä-de goşgy ýazsaň, seniň goşgyň duygulardan uzak, rasional bir goşgy bolup çykmagy mümkin. Ýöne eger seniň ruhuňdan we ýüregiňden üýtgetmek sesi gelýän bolsa, onda ol sesi daşary çykaryp bilersiň. Ýöne şol ýene de seniň ruhuň berjek kararydyr. Hawa men de şygyr arkaly ynsanlary käwagt oýandyrasym geldi, aýratynam Türkmensähradaky türkmen halkymyza ýürek we kuwat beresim geldi. “Gorkak her günde bir ölüp direler, erkek dim-dik ýaşar? ölse bir öler” diýýip bir goşgy ýazdym. Ynsanlaryň öz hak-hukugyny sorap bilmeýandigini, azatlygy, hak-hukugy üçin dil ýarmaga gorkýandygyny görüp, şoňa janym ýanyp, olary bir az gaýrata getiresim geldi, şol goşgy ýüregmiň sesi bolup kagyza geldi. Ýöne umuman modern dünýäniň şahyrlary, köpçüklik üçin göni-göniden pikir bermegi, zat öwretmegi, akyl bermegi öz goşgusynyň boýnuna  bir borç bilmeýär. Köpçilige hyzmat maksady bilen goşgy ýazmak naturalizm we sosyal realizm bilen arkada galdy. Modern dünýäniň goşgysy söz we sargytdan beter estetige hem-de ynsanyň ruhunyň gizli taraplaryna we inje duýgularyna baha berýär.

3. Soňky ýyllarda Türkmenistandan elime köp kitap gowuşanok. Ýöne käwagtlar telewizordan käbir şahyrlaryň goşgy okaýyşyny görýarin. Türkmenistan şygry soňky ýyllarda ösüşe tarap gitmeýamikän diýýärin. Kerim Gurbannepesow we Gurbannazar Ezizow ýaly şahyrlar döremeýamikän diýýan. Belki döreýandir-de, goşgularyny biz görýan däldiris. Ýöne bir ýurduň edebiýaty ösjek bolsa, hökman güýçli eserler çapa berilip, halkyň eline ýetip durmaly. Edebiýat şahyrdyr ýazyjynyň ýüreginiň sesi bolmaly. Propagananyň, belli bir syýasatyň we belli bir şahsyýatyň hyzmatynda bolmaly däl. Edebiýat ösjek bolsa erkin ruha, erkin beýana eýe bolmaly. Tankyt edip bilmeli. Dertleri ýazyp bilmeli. Diňe öwgä meşgul bolan edebiýat, diňe şu gün üçin bir  güýmenje bolup biler, ýöne şu döwür geçenden soň ol edebiýatam öz degerini ýitirer.

Agageldi ITALMAZOW

1. Megerem bolupdy. Şol wagt haýsydyr bir şahyr ýaly ýazmak isleýärdim. Şu günler bu sowala "Içimi egismek üçin" diýip jogap bererdim. Iň bolmanda, gursagymda göterip ýörenlerimi kagyz bilen paýlaşyp ýeňleýän.

2. Şygyr arkaly akyl satmaga däl-de, adamlary gowulyga çagyrmaga ýykgyn etmelimikä diýýärin. Hemmeleri öz pikirleriň galybyna saljak bolmak hem dogry däl, ýöne bir adama dogry ýol görkezip bilseň, armanyň näme! Şygryň güýji adaty ýazgynyňkydan has täsirli bolýar. Şygryň teoriýasynda welin nämedir bir zatlary üýtgetmäge heniz ukybymyň ýetmeýändigini boýun alýaryn. Şonuň üçin edebiýat saýtlaryndaky jedellerden çetde duranymy kem göremok.

3. Her niçik hem bolsa, şygryýet kämillige tarap özgerýär. Uly halypalardan hem ýiti ýazyp bilýän ýaş şahyrlarymyz bar. Ýaşlaryň arasyndaky bildirgisiz bäsdeşlik guwanarly ýagdaý. Ýöne käbir sana kowalaşýanlarymyza "Beýtmäň!" diýesim gelýär. "Gazetde şu aý goşgularym çykdy" diýip, siz indi aý hem çykyş etmäge borçly däl. Goý, seýrek bolsun, ýöne her gezek "Beh!" diýip okasynlar-la!

Ogulnur PIRJIKOWA:

1. Beýle sorag bilen ýüzlenen bolmandy entek.
Aslynda näme üçin ýazýañ diýen sorag meñ üçinä berilmese gowy ýaly. Sebäbi ol duýgy düşünip emma düşündirip bolmaýan hadysa meñ pikrimce. Emma soraglara takyk
jogap bermek üçin: Özümi rahatlandyrmak, ýeñil duýmak, ýa-da durmuşdan lezzet almak üçin ýazýan diýerdim. Bu hakykatdanam şeýle... Çünki kä mahallar ýekesiräp, derdiñi birine aýdasyñ iciñi dökesiñ gelýär, gam gussalar ýa-da tersine has bagtly bolan mahalyñ ýüregiñ töründen çykýan jümleler bolýar. Ony kagyza bolşy ýaly geçirmek bolsa her kimde her hili amala aşýar.bu edil häzirki pikirlerim.

2. Döredijilik bilen ömrümi beýan edesim gelýär, ýalñyşlyklarymy, üstünliklerimi, durmuşdan alan sapaklarymy. Sebäbi oña men gaty gowy düşündim.

3. Döwre göre hemme zat üýtgeýär. Adamlar, pikirler, dünýä garaýyşlar...ýene ýeneler. Täze ýazylýan kitaplar döwür ücin derwaýys, çap edilýän goşgularyñ weli hemmesi bilenem ylalaşasym gelmeýär. Deñ-duşlarymyzdan S.Seýitmämedow, T.Seýitmämedowa, O.Ataýewa, G.Geldimyradowa, A.Caryýew... ýaly şahsyýetlere weli hormatym çäksiz.

Taýýarlan: Has TÜRKMEN.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 251 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agageldi Italmazow, Kakamyrat ATAÝEW, Serdar Ataýew, Abdyrahman Düýeji | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
1
4 Pegas   [Материал]
Abdyrahman Düýejiniň 3-nji soraga beren jogaby bilen ylalaşamok. Olam, özüniň hem aýdyşy ýaly, Türkmenistandaky ýazýanlary okamak mümkinçiliginiň çäkliliginden bolup biler.

0
3 Dunyagozel   [Материал]
Serdar agam "namüçin ýazýaňyz" diýseler birden heneklije hekaýalary okamakdan galars öýdendirlerdä smile

@Nurdana goşulýan Kakamyrat aga dogry aýdýa.

Abdyrahman agaň jogaby şuny ýatlatdy (dogry ýadyma düşýän bolsa): K. Gurbannepesow her hepde öýüni hekledýän ekeni, sebäbi ylham gelse kagyz gözläp azara galman diwara ýazýan ekeni.

0
2 Nurdan   [Материал]
Kakamyrat aganyñ üçinji jogaby bilen ylalaşmazlyk asla mümkin däl. Juda dogry jogap..

0
1 Nurdan   [Материал]
Sagbol ýetireniñe. Okadym, gyzykly jogaplar.Ýazyjy şahyrlaryñ ählisine hormatym bar. Pikirimi ýazasym gelýar, emma edil şu wagt başagaýrak.( soñ pikirimi ýazmaga ýaltanmqzlygym üçin teswir galdyraýyn diýdim.)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: