00:02
Sen bolsañ
SEN BOLSAÑ

Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
Sen bolsaň
Çar tarapam deňiz bolsa ümmülmez
Didarymdan, ykbalymdan gaçmanyň
Ebeteýni asla tapyp bilmeseň
Kürekleri gezek-gezek kürekläp
Elimiz kartasyz, kompossyz,z atsyz
Syýahata çyksak, azaşsak soňam
Güni garşylasak ir säher dogan
Eýläň deňiz, beýläň deňiz gurşasa
Göz öňümde gözi deňiz sen bolsaň
Biygtyýar gözleriňe gaçar men
Hem kalbyňda yşgyň ýolun açar men
Onsoň…
Onsoň «bagt» diýen geler-de
Ikimize gujagyny giň açar
Il gerek däl toyumyzy tutmaga
Däp gerek däl, nämä gerek gyňajam?
Meňkiligiň gözleriňden bildirse
Söýýänligiň sözleriňden bildirse
Ýeter maňa.. Hem saňa-da ýeter şol
Ýeter bize gaýyk-kürek jem bolsa

Duýgularmy jylawlaman onsoň men
Öýüňize ýol ogurlabam ýörmerin
Maňlaýymda deňiz gözli sen bolsaň
Bagtly ýatyp, bagtlylykda örerin,
Hut şu pursat bar aladam sem bolsa
Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
sen bolsaň…

Aşyr HANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Nurdan | Теги: Aşyr Hanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 15
0
15 Gurgencli   [Материал]
Test

0
14 Gulperi   [Материал]
halaýan goşgym) ýazan wagtlary okapdym)

0
12 Nurdan   [Материал]
jigimjan, özüm-a coca cola içemok. Içmegi maslahat beremok saña-da. Ilkinji nobatda düzüminde nikotin barlygy üçin organizmi çalt özüne çekýär we özüne tabynlaşdyrýar. Onsoñam özüñizem tejribe edip bilersiñiz: bir näçe wagt poslap ýatan çüýi coca colañ içine atyp gör. Şony posdan açyp bilýändir. Ýa-da coca colany hapadan dykylan rakwina guýsañ şonam arassalap açyp bilýän närsäniñ soñlugy bilen aşgazany, bagry haraplajagy gümansyz. sad

0
11 Dunyagozel   [Материал]
Lukman uýam öööňler cocacola içseň bagryňy eredýä diýerdiler, şol näçeräk dogry wink

0
10 Dunyagozel   [Материал]
Waý onda atmadyga ştraf smile

0
13 Nurdan   [Материал]
Gowusy çigit alman ak patrak alaýalyla jigimjan, boşan flakondyr beýleki zatlary salmaga gabam hokman alaly ýanymyza. Bolmasa olaram nira atjagmyzy bilmän deñize tašlap goýbermäli.

0
9 Nurdan   [Материал]
Ýoook, çigidiñ gabygyny deñize atsañ olam çarlaklara iýmit bolýar-a, gaýta olam sogap deñizde smile

0
8 Nurdan   [Материал]
Ak patrak bolsa hasam gowy D
Fanta, kola köp içmek maslahat beremok, arassa suw alaý 0.5 fanta az bolsa smile

0
7 Dunyagozel   [Материал]
0,5 lik fanta gaýyk haýal bolsa bahym boşar. Çigit bolýa (gabygny deňize atana ştraf töledern ýöne cool )

0
6 Nurdan   [Материал]
Dünýägözel jigim, 0,5 lik fanta bilen suharik bolsa bolany ýanyndanam çigit alýañ duzlyja D suharigi açanyñdan özüñ iýmänkäñ "Deñiz ata dilegde bol" diýýäñ-de "Balyklañ paýy" diýip suharikden oklaýañ on onikisini. Soñam ugraýañ. Ýanyña adamam gerek däl-a, aý umuman diýýän-da. isle küreklä mün, isle aýakda aýlanýan pedalla. Bolýar bir hezillik. Ehh kenarda bolsagam bu ýyl bizem deñiziñ daşyndan seredip oñmaly bolduk. sad

Bellik: meñ bu teswirimiñ bu goşgy bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Ýöne deñze gaýykly, katerli ýa-da paromly gezelenç etmegiñ berýän duýgusy ýadyma düşdi @Dünýä jigimjan seniñ "ýanyña bir azajyk azyk" diýeniñi okanymda console

0
4 Gökböri   [Материал]
Ýöne berekella. Aşyr Hanowdan beyle ajaýyp goşga garaşamokdym.

0
3 Gökböri   [Материал]
XXI asyry tegeleklemäge yene segsen ýyl bar, Serdar aga biggrin

0
5 Bagabat   [Материал]
Hut şonuň üçinem: "iň gowy goşgularynyň biri" diýip ýazdym-da.

0
2 Bagabat   [Материал]
Türkmen aga: "Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal" diýýänem bolsa, meniň pikirimç-ä 21-nji asyr türkmen edebiýatynyň iň gowy goşgularynyň biri şu ŞYGYR!

0
1 Dunyagozel   [Материал]
Ýanyna birazajyk azyk hem bolsa biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: