08:37
Ynsabyñ jezasy -28/ romanyñ soñy
ÝIGRIMI SEKIZINJI BAP

Ýeňşiň ýazky semestri başlapdy. Kontrol işleriniň aladasyndan öňünden dynan ýigit geçen ýarym ýylda-da, bu gezegem Aýperiniň kömegine mätäçlik çekmedi.
Ýeňşi ýene gaýybana milisiýa durmuşy, işi özüne dolap aldy. Günde-günaşa, käte seýrek görşüp dursa-da, ýene gözüniň öňüne salyhatly Öwez Akyýew, agyr ýüzli, agyr häsiýetli Ýaýlym Abdyýew, gytyjak murtuny sypap Rasul aga geldi. Öwez Akyýew mamla: galplygyň garşysyna biz uly il bolup göreşmeli diýýär. Hak, tertip-düzgüni, kada-kanuny diňe bir milisiýa işgärleri goramak bilen çäklenmän, hemmeler onuň goragçylary bolmaly. Forma geýip, ýyldyz dakynyp, ýörite sapynda durmanam, oňa gulluk etmek, ýakyndan kömek bermek ynsanlyk borç. Sen her niçigem bolsa, bendilikde bile bolan ülpediň bimamladygyny subut etdiň, Ýeňiş! Onuň halamaýan adamlary bilen bir hörpden gopduň. Ol ýene ynanmazmy? Öz işi. Bu uly durmuşy ownatman, öz tämizliginde saklamaly. Ajap ejäniň nany-çöregi gözüniň göreji ýaly aýamagy, mydama owuntygyna çenli yrýa etmän ýörmesi uly iliň bähbidine dälmi? Milisiýany bir tarapdan goldamak dälmi? Ajap ejäniň uzak ömrüne tutup gelýän maksady, göräýmäge, milisiýa durmuşyndan üzňe ýaly, ony bu ara kän bir baglaýan zat ýok ýaly. Hakykatda bolsa, olar aýrylmaz baglanyşykly, biri beýlekisiniň üstüni dolýar. Mahlasy, biri-birini goldap durýar. Ajap ejäniň çöregi arzylamagy –  gowulyk, ýagşy niýet. Onuň gadyr-gymmatyny köpe ýetirmek. Ýamana şeýle ýol bilen täsir etmek. A Jumagül näme? Onuň edýän hereketlerem gönüden-göni jenaýatyň öňüni almak bilen baglanyşykly ahyryn. Dogrusy, milisiýany iki-nji bir tarapdan goldamak. Diýeli, kakçekge direktoryň üsti gömülgi günäleri bar. Oňa ýaranjaňlar bar. Diňe öz gara bokurdagyň üçin, öz şahsy bähbidiň üçin hallan atmak utanç. Emma kakçekge direktor dagy ilden çykyp, şeýle jenaýata baş urupdyrlar. Gizlinlikde iş görmek isläpdirler. Olaryňky Goçuňky ýaly çökder bolmasa-da, Ataňky ýaly gan ysy gelmese-de, galplykmy –  galplyk, jenaýatmy –  jenaýat. Uzagyndan ownuk hataň ula ýazjagyna şek ýok. Jumagül bolsa ol etmişler heniz protokollaşdyrylmanka öňüni alýar, garşysyna göreşýär. Onsoň milisiýa bilen Jumagülleriň edýän işinde näme tapawut bar? Diňe käri aýra diýäýmeseň, funksiýasy bir...
Mugallym kodeksden leksiýa okaýardy. Jenaýat agtaryşa degişli kada-kanuny düşündirýärdi. Soňam arakesmä çykyldy. Üýşmegiň arasy bilen daş çykan Ýeň- şiň biri ýeňinden çekdi. Ýigidiň elini hasyr-husur öz eline alyp görüşdi.
– Be, Ýemşik, senmi-how! Gurawçylykmydyr? – Ýeňiş tok urana döndi. Essi aýyldy. Bu kim? Özüniň tap bilinden bolup duran adam kim? Döşüniň çöpüri köýneginiň ýakasyndan çogup, ýüzüni durşuna tüýe basdyran girdenek kim? Ol welin ýigidiň daşynda hozanakdy. Lalyň dil açyş pursadyny başyndan geçirýäne meňzeýärdi.
– Ýak walla, seni gözläp, selpemek selpedik. Milisä-de bardyk. O ýerde işleýän däl ekeniň. Ýöne belet ekenler. Okuwda diýdiler. Gazetde milisionerler hakdaky makalaňy okadyk.
– Hümmi!.. – diýip, aňk-taňk bolan ýigit içki oýuny dowam etdi. Geçmiş üzlem-saplam alnyňda kerwen gurady...
Hawa, bu kakalygy Hümmüdi.
– Damar çekýär-dä, damar. Ýak, walla, begenjimden hamsygýan.
Hamsygýan adam hamsygýan diýermi? Hümmi welik hakyt çyna berimsiz gözünden ýaş çykarýardy.
– Ejeňem bar, bile geldik.
– Ejem!..
– Ejeň, ejeň, Jeren-dä!
Bu sözi eşidende, Hümmi zym-zyýat boldy-da, öwezine perzent diýip, elem-tas ene göz öňünde janlandy. Emmäni çagasynyň agzyna salyp, ak süýde garyp, mähir eçilýän ene janlandy. Perzendi üçin özi gijeler aç galýan, jigerbendiň üstünde kökenek gerip, ogul-gyzyň bagty üçin öz bagtyny ýitirýän käbe alnynda janlandy.
Ýeňiş howlady, gyssandy.
– Hany nirede? Öň näme aýtmadyň? Bu ýere näme getirmediň?..
Hümminiň sesi gulagyna ilmedi. Ýol ýakadaky oturgyçda başy pürenjekli oturan aýala Ýeňşiň gözi kaklyşdy. Aýakly garpyz ýaly togalanyp gelýän Hümmini derrew yzda galdyrdy. Ýüzi-gözi güne, howra garört bolan Jereni göreninden özüne erk edip bilmän: Eje!.. – diýip, okduryldy.
Ene ogly gujaklady, ogul enäni.
Ýigidiň ýüregi erese-de, gözünden çyg çykmady. Ýok, ol saklanýar. Ylaýta-da, Hümminiň özüne tomaşa edip duran mahaly. Onuň ýekedabanyny iýýärkä hem ejizlemändi, mert durupdy ahyry. Kyn ýagdaýda aglamadyk halyna, heý, bu pille kirpige nem çaýylarmy?!. Ejizligini Hümmä hiç wagt bildirmändi Sähel gowşaklyk edäýse, ol heşelle kakar.
Ene welin aglaýardy. Saňňyldap-saňňyldap aglaýardy. Oglunyň başyny sypap, gözýaşyny bady-baran dökýärdi.
–  Ýak, walla, beýdişip durmalyň, gideliň – Hümmi uzak saklanyp bilmedi.
«Näme etmeli? Sallah jaýyňa äkitmelimi ýa..?» diýen sowal Ýeňşi alada goýdy. Aýperilere niýetlese-de, ol pikirinden el çekdi. «Öýli-işikli bolanymdan soň gelei bolsalar gowy bolardy, zyýany ýok... Baryny beren uýalmaz».
Bir adamlyk otaga Hümmi sygmasa-da, ol eneli- ogla darlyk etmedi. Jerenem indi özüni ele alypdy, ýazylyp-ýaýrapdy. Ýeňiş çaý goýdy. Ýoldaşlaryndan birini dükana haýdatdy.
– Aýyp-syn etmersiň-dä, eje! – diýip, Ýeňiş bolşuna laýyk stol başyna geçenlerinde aýtdy.
–  Ýok, oglum, kemi ýok. Bolubilýär.
Hümmi üçin otag otag bolubilenokdy. Onuň göwnünden turmandy. Ýöne orta üýşürilen dürli-dümen dilini kentlewüginde ýygnatdy.
– Onda näme, aýralykdan soňky tapyşyk üçin – diýip, ýarymlygy özi açyp, özi iki stakana guýdy.
– Men okuwda, içemok.
– Ýak, senem, oglan bolýan-ow. Bu gün içmän, haçan işjek? Göter!
– Eje, seň saglygyňa! – ýigit öz öýünde gaýra gaýyşyp durmagy uslyp bilmedi. Hümminiň şapbyldysy ýeser çykdy.
– Kolbasa agzyma ýarap barýa. Gowursaň, dag-a iýip-doýup bolanok.
Ýeňiş oňa ähmiýet bermedi. Nazary ejesinde boldy. Garrapdyr bende, ýarsypdyr. Kyrk bäş ýaşly aýal diýer ýaly däl, altmyş ýaşly kempiriň bar.
Uzak aýralykdan soň eneli-ogul görüşdi. Ýene-de ene ene bolar eken. Onuň enelik mährini kemmändigi şu pursatda hem aýan. Hawa, ol kakalygy bilenem ýüzbe-ýüz. Iki el-de, bir agyz bolup oturan Hummi ýigidi ýene uzaklara alyp gitdi. Ol jalbaryndan kemerini sogrup ýetimiň daşyna geçýär, ene bagyryp topulýar, onam çalyp goýberýär. Maňkasyny çalan oglanjyk bolsa «senjagaz nädäýdiňkän?» diýip, gurt alan arkaly köpegiň keýpine düşýär.
Jümminiň adyny dile getiren mahaly Ýeňşiň endamy syzlady.
– Ýogsa-da, Jümmi indi epeý pyýada bolandyr.
Bardy, Ýeňiş tüýs Hümminiň garaşýan maksadynyň üstünden bardy. Bukuda goşasyny oklap garaşýan awçynyň elin awy üstünden güsürdedi.
– Bedasyl agyn özüm. Şoň üçinem seň ýanyňa geldik. Ejeňem goýman äkeldim. Gyz ýetişse, ýerleşdiren ýagşy, ogul ýetişse, öýeren.
Jeren aňyrsyny bakyp, nämädir güýmendi. Belki, ol adamsynyň sözüni eşitmek islän däldir. Hümminiň welin eňegine jaň dakyldy.
– Jümmi hanyň aýagyny duşaklamaly. Weýennisinem geçirip geldi. Biz-ä ýanyňa dilegçilige geldik. – Hümmi ýaşyr-ýuşur etjek bolmady: – Gapy açmagam kyn. Gyzlary asmandan asýalar. Galyň, halat ummadan gitdi. Ýeke baş bolsaň, puluň kändir. Garyndaş şular ýaly ýerde gerek. Kömek etmeli borsuň.
Hümminiň sakyrdamasy Ýeňşiň ähli keýpini gaçyrdy. Indi onuň war-wary gulagynyň ýele ýanyndanam geçenokdy. Özüni näme üçin idäp gelendiklerine Ýeňiş indi göz ýetirdi. Hümminiň ýene öz aladasy. «Garyndaş şular ýaly ýerde gerek». A näme üçin ýigidiň başyna iş düşende garyndaş tapylmady? Tussaglykda ýatyrka, halyny soran barmy? Bulara näme boldy? Kakalygyndan gaçyp gaýdanynda idelmän, häzir gereklenmesi geň. Bendilikden ýazan hatyna gaýtargy ýazylmazlygy onuň ýadyndan çykmasa gerek. Özgeleriň kowum-kowçumy yzlaryndan gelenlerinde, ýigidiň bir gat hamynyň sypyrylanyndan bular bihabarmyka? Ilde-de ene bar, kaka-da, kakalygam bar. Emma olar kyn günde birek-biregi soragladylar. Adam adama amanlyk günde gerek däl ekeni, hasratly pursatlarda derdiňi paýlaşmaga, goltugyňdan götermäge ýakyn gerek ekeni. Hany ol? Hany, süpül-süpül edip, gyşyn-ýazyn diýmän, eli, arkasy goş-golamly bagty çolaşan oglunyň yzyndan ejir çekip gatnaýan ene? Hany, enäniň gandalyndan aýrylman, ýüzi alynsa-da, bizem birki agyz sözleşmeli diýip, nobatça ýalbar-ýakar edýän, hak atadan gaýry durmaýan atalyk? Ýok, Ýeňiş sen ýekediň, ýekediň! Eneň biçäre nätsin! Ol başa düşen küliýetlerden bihabardyram.
Ýeri, Hümminiň neneň dili öwrülýär. Sag-aman çykdyňmy diýlenok, sag-aman işläp ýörmüňem diýýän ýok. Turuwbaşdan öz aladalary. Näme, ilde göwün ýokmy? Ýeňşem ýürege derek daş göterenok.
Hümminiň çäýnek-käsäni şakyrdatmasy ümsümligi bozdy.
–  Özüň-ä öýlenensiň!
Bilip soraýarmyka, bilmän! Aňyrsynda üşügi bar adam oturan ýerinden çen tutmazmy? Ýeňşiň gaýtargysy çyn ýürekden çykmady.
– Ýok.
– Öýlenmeseň, öýlenersiň. Şäher oba ýeri däldir. Jümmi hany gözli-başly edeli bakaly.
Ýene, ýene gürrüň Jümmi barada. Ýene onuň meselesi. Ýeňiş hakynda kelam agyz söz ýok. Näme üçin Jümminiň öýlenmegi barada gürrüň gitmeli-de, Ýeňiş babatda agzalmaly däl. Ýeňiş içinden kem-kem lowlap ugrady. Hümmini bildir ýigrenişi ýaly edil şu mahalam ýigrendi. Hümmi, Hümmi! «It gözi tüsse bilmezlerini» eden Hümmi!.. Seniň hamyň galyňlygyna haýran. Arman, Ýeňşiň ejesine haýpy geläýýär! Ene bolsa ýagşydan-ýamandan dil ýaranok.
–  Ýeri, sen näçe kömek edip bilersiň?
Gaharynyň öňüne basan böwedini Ýeňiş böwsermen bolsa-da ýene alaçsyz saklandy. Hümmi ony duýmady.
– Oglumyz iki-üç müňe gaýrat eder-le, Jeren!
Oglumyz! Düýnki gün-ä ogul däldi. Ýeňiş bu gün ogul bolaýdymy? Ýigit kakalygyna aşaklykdan garady. Müýni ýok. Çaý süzen bolup otyr. Burçak-bug-çak derläpdir. Ýeňiş oňa seretdigiçe eli kemerli girdenek daşyna aýlandy. Birdenem öten-geçeni unudyp, «Doňuzdan bir tüý ütmegem-ütmekdir» diýip, gonjuna gor guýýan, ýüzüni durşuna tüýe basdyran bu adamdan eýmendi. Ejesine gözüni aýlanda welin, gaharyndan pagyş-para eredi.
–  Sen näme gepläňok, eje?!
Şondan soň ene bärsine öwrüldi. Aglan eken. Birden ol:
– Oglum, Ýeňiş jan! – diýdi-de, pürenjegini ýelikdirip jigerbendini gujaklady, ýüzüni egnine ýaplady. Ejesiniň agy gatyşykly sesi ýigidiň bagryny dildi.
–  Bagyşla, jan oglum, bagyşla. Ýazykly eneň günäsini öt. Başyňdan geçenleri ýaňy-ýaňy eşitdim. Ýazan hatyňam maňa ýetirmändirler.
Jeren özüni saklap bilmedi. Möňňürip goýberdi-de, tasap çykyp gaýtdy. Ýeňiş yzyndan ylgady.
–  Aýak çeksene, eje!

Soñy.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 76 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: