07:37
Ullakan ýürekler
ULLAKAN ÝÜREKLER

Ullakan ýürekler,
Urup ýör entek.
Älem deý giň olar, ýumruk deý kiçi.
Döz gelip bilmändir kynçylyklara,
Kalby kiçi bolan ullakan kişi.

Ullakan ýürekler,
Urup ýör entek,
Şol ýürekler, ah gerekli ýürekler.
Ilkinji şolardan dörändir belki,
Ejizlere berlen gizlin kömekler.

Ýöne uly ýürekleri her ynsan
Göterip başarmaz.
Kiçeler ýürek.
Şonuň üçin ýer ýüzünde dörändir,
Betpygyllar, erbetlikler biderek.

Ýüregiň ulumy bilmeklik üçin,
Pulsyň ölçenilmez, düşülmez rentgen.
Bir maslahat soraň, geňeşiň, hökman
Uly jogap geler uly ýürekden.

...Hergün bu wepasyz ýeriň üstünde,
Müňlerçe toý bolýar, müňlerçe-de ýas.
Biz ullakan ýürek bilen aslynda,
Gülkä gülüp bilýäs,
Aga çydaýas.

Şatlyk ESENOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şatlyk Esenow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Dunyagozel   [Материал]
Ullokan heart ýüreklileň gadryny bilmeli… smile

0
1 Nurdan   [Материал]
Gaty gowy, ideýa many, pikir, stil bary gowy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: