08:19
Geň-taňsy ogurlyk / satiriki hekaýa
GEŇ-TAŇSY OGURLYK

Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşara çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daşary çykmaga howlugyp gelýän ogryny sylap duran mahaly "Täsin iş boldy bul-a" diýdi. Aýny wagtynda oňa jeza bermegiň ýoluny hem agtarýardy. Çykyp gitmäge şaýlanan nätanyş adamyň eli gapyň tutawajyna degen wagty satyjy içerik girdi.
— Jenap, gidip barýarsyňyzmy? Sowuk doňduryp barýar-a. Görnişiňizden sizem gowuja üşäpsiňiz öýdýän. Bärik geliň, hany!
Nätanyş adam satyja alarylyp seretdi. Gözlerinden howatyrlanýandygy duýulýardy. Ol nämetjegini, näme diýjegini bilmedi, tizräk dükandan garasyny saýlamak isleýärdi, sebäbi başgabynyň içinde mesge bardy ahyryn… Emma bialaç satyjyň yzyndan ýöredi.
Dükanyň eýesi onuň egninden tutup, otagyň burçundaky pejiň gapdalynda oturdyp, mähribanlyk bilen:
— Bilýäňizmi, bular ýaly sowuk gijede az-kem ýylynmasaňyz doňup galjagyňyz anyk— diýdi.
Satyjy peje yzly-yzyna odun salyp başlady. Ogry oturan ýerinde mesgäň eräp barýandygyny duýdy. Birden ol böküp turup hökmäny gitmelidigini aýtdy.
—Nirä howlugýarsyňyz, ýene biraz oturyp gowuja ýylynyň! Meňem içim gysyp durdy. Gowusy, men size gyzykly bir hekaýa aýdyp bereýin.
Ogry takatsyzlandy.
— Ýok, ýok! Gitmesem bolmaýar. Mallaryma seretmeli, olar aç galan bolsalar gerek.
— Goýsaňyzlaň, yssyja otagda biraz gürrüňleşeris, soňurrak gidersiňiz-dä.
Biçäre adam bu wagt nämetjegini bilenokdy, çünki başgabynyň içindäki mesge ýüz-gözlerine akyp başlapdy. Satyjy bolsa bu ýagdaýy görmedik kişi bolup peje odun salmagyny dowam edýärdi.
Satyjy gepini dowam edip:
— Bu gün gowy gije boldy— diýdi— Başgabyňyzy çykarsaňyzlaň, otagyň içi juda yssy ahyryn.
Biçäre ogry çydap bilmän ahyry:
— Ýok — diýip gygyrdy— Meň gitmegim gerek! Rugsat beriň! Ýagdaýym erbetleşýär.
Bu wagta çenli mesge onuň boýnundan geýimine, geýimlerinden joraplaryna çenli akyp barypdy. Ol edil ýagly wanna düşen dek bolupdy.
Satyjy ýylgyryp:
— Eger siz çyndanam gitmegi isleýän bolsaňyz, ýoluňyz ak bolsun.—diýdi, ogry dükandan çykyp barýan wagty — Men dokguz pensi juda eý görýärin, emma başgabyňyzyň içindäki bir funt mesge üçin sizi günäkärläp bilmeýärin— diýip gepiniň üstüne goşdy.

Mark TWEN
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 200 | Добавил: Gurgencli | Теги: Mark Twen | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 21
0
21 Bagabat   [Mowzuga geç]
Başda üns bermändirin. Şu hekaýanyň adynam düzetseň dogry bolardy, @Gurgençli! Sebäbi "geň-taňsy" diýlip ýazylmaýar "geň-taň" diýlip ýazylýar.

0
20 Dunyagozel   [Mowzuga geç]

0
18 Nurdan   [Mowzuga geç]
Ýok-la, göwne alar ýaly zat diýeñog-a jigimjan clover heart

0
17 Dunyagozel   [Mowzuga geç]
@Nurdan degişýän happy göwnüňize alaýmaň. Ekemiňem tarabyny biri tutmala…

0
16 Nurdan   [Mowzuga geç]
Jigimjan, tankyt däl-a ol, ýöne dogrysyny bellik etmek, kabul etseler etmeseler öz islegleri her kimiñ soccer

0
14 Dunyagozel   [Mowzuga geç]
Saparmyrat ekemi bary birden dwarf şeýdip tankyt okuna tutdylar, oturyberdiler dry smile

0
19 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Sagja bol @Dünýägözel, dünýäň gözeli:). Aýpaltaň ýaman gorkunç eken biggrin

0
13 Gurgencli   [Mowzuga geç]
@Nurdan, bu gezek siziň belligiňiz bilen ylalaşyp bilmedim sebäbini düşündireýin:
1-nji belligiňiz dogry harp ýalňyşlygy giden. Indi galan bellikleriňize geçsek:
2—"Mähribanlyk" bu ýerde ýaňyslaýjy manynda ýazylan ýagny satyjy ogryny gyzgyn pejiň ýanynda oturdyp kellesindäki sarýagy eretmek arkaly oňa "mähribanlyk" edýär. Ikinjiden daşdan garasaň satyjyň bu hereketi mähribanlygyňam baryp ýatany. Sowukda üşän adamy pejiň ýanynda oturdyp ýylandyrmak mähribanlykdan başga näme bolup bilerka?. Şeýlelikde "MÄHRIBANLYK" sözüni üýtgetsek many üýtgeýär
smile .
3— "Nämetjek" diýip ýazmaklyk arkaly grammitika üýtgeşme girizmesemem, ony ýalňyş diýip kabul etselerde bary bir men şeýdip ýazmak isleýän we şeýdip hem ýazmakçy smile Öň "Nämüçin" diýip ýazýan ýazyjyda azdy, häzirem az emma bu kabul edildi. Alymlaryň eýdip ýazmaly, beýdip ýazmaly diýip öwredýän kitaplaryna üýtgewsiz kanun höküminde seredemok (dogrusy ol kitaplary şu wagta çenli ýekeje gezegem okamadymam).

0
15 Nurdan   [Mowzuga geç]
Mbahh, bolady dogan, oñ ýaly bolsa. smile

0
12 Nurdan   [Mowzuga geç]
Teswirleri teswir ýazanymdan soñ okadym,hekaýany okap bolup öz belligimi unutmankam edein diýsem @Bagabat aga-da bellän ekeni öñ,soñ gördûm. ýöne @Gürgençli jigim "nämetjek" diýip ýazmaklyk bilen ûýtgeşme girizdigiñ bolmaz tûrkmen gramatikasyna. Barybir ony "ýalñyşlyk" diýip kabul ederler. Öñ ulanylýan sözlere manydaş hiç wagtam türkmen dilinde ulanylmadyk söz oýlap tapsañ onda siziñ girizen üýtgeşmäñizdigini ikiuçsyz kabul ederler.

Hekaýa satiriki hekaýalygyna garamazdan manysyny alyp bilene tymsal ýaly gowy hekaýa eken. @Gürgençli dogan, Siziñem yhlasyñyz ýerine düşüberipdir. Öñkileriñizden gramatikañyzam düzelip başlapdyr. Ösüş bar. Berekella

0
11 Nurdan   [Mowzuga geç]
"Satyjy ogryny sylap " harp ýalñyşlygy bolan bolamaly sylab-a durmazdy "synlap" durandyr belki

"mähribanlyk bilen" bu ýerde-de zadyñ ogurlanyp durka "mähribanlyk" etmek bolmaýmasa "mylaýymlyk bilen" "sowukganlylyk bilen" ýa-da "salyhatlylyk bilen" diýip alynsa mazmuna dogry geljek ýaly..
"Nämetjegini - näme etjegini" nämetjegini diýip sözleýişde ulanylsa-da ýazylanynda dogry ýazylmaly. Dialektde nämetjegini diýdirip birini gürletseñ ol başga gürrüñ..

Mark Tweniñ bu hekaýasynyñ satyjy gahrymany ýomutlardan ekeni-da "dokguz" diýip gürledipsiñiz welinim D

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kän radaktirleýäñ, okyja berdiñmi, eliñi çek smile

0
9 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Radaktirlendi smile

0
6 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Serdar aga eden bellikleriňiz üçin köp sagboluň, eliňiz gözüňiz dert görmesin. Şeýdip goldap dursaňyz bizem Işallah edebiýaty öwrensek az kem nepimiz degerdi edebiýata smile

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
Noş bolsun! cool

0
5 Gurgencli   [Mowzuga geç]
@Bagabat aga, aýlyksyz işlemäge razy bolsaňyz baş üstüne işe kabul edildiňiz:))).
Birki belligiňiz bilen ylalaşyp bilmedim. Nämetjek (nämetmek) bu meň şahsy türkmen grammitikasyna girizen üýtgeşmäm, şeýdip ýazmak arkaly bir harp tygşytlanýar. Başgada girizen üýtgeşmelerim bar, ýöne hemmesini agzap öwünen ýaly bolup oturmaýyn diýýändä biggrin

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Gurgencli, elbetde dilem jemgyýetçilik aňynyň başga ugurlary ýaly döwrüň hem jemgyýetiň üýtgeýşine görä üýtgemelem, ösmelem. Türkmen diliniň ýazuw hem sözleýiş kadalarynyň özeni bolsa meniň bilşimçe, baryp, 1938-nji ýylda geçirilen Türkmen dili boýunça ählitürkmen gurultaýynda kesgitlenipdi. Elbetde, ondan bäri görnükli türkmen alymlarynyň geçiren ylmy işleriniň netijelerine esaslanyp türkmen diliniň ýazuw we sözleýiş kadalaryna ençeme üýtgeşmeler girizilipdi. Bu ugra höwes hem ýykgyn edýäniň bolsa gowy zat. Hiç kimem dünýä inende alym, ýazyjy, nakgaş, ussa, lukman bolup inmeýär. Diňe zähmetiň we tutanýerliligiň ahyrynda öňüňde goýan maksadyňa ýetmäge mümkinçilik berýändigini göre-göre gelýärin.
Gysgalyk barada aýdylanda bolsa: "nämetjek" diýmän "nätjek" diýseň, hasam "harp" köpräk tygşytlanýan ýaly. Ýöne arman, ol söz täze däl-dä, ikimizden öň açyp, dilimize girizip gidipdirler-dä.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hekaýa bolsa, megerem Mark Twen aganyň has çuň manyly, ýiti, gülkünç eserlerini ýazmakdan, şolaryň arasynda kellesine biraz dyýynç bermek üçin ýazan, güýmenje hekaýajygy bolsa gerek.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Gurgencli, hekaýadaky grammatiki we beýleki ýalňyşlyklaryň:
"Söwdagär" diýmän "satyjy" diýseň dogry bolarmyka diýýärin. Sebäbi Mark Twen "торговец" diýenem bolsa, biziň halkymyzyň häzirki döwür aňýetiriş derejesinde dükanda adatça "söwdagär", "täjir", "bakgal" däl-de "satyjy" durýar :-).
dükan penjiresiniň - dükanyň penjiresiniň;
gözi düşüp galdy - gözi düşdi;
çykmazdan owal - çykmazyndan ozal;
mesgäny çakkanlyk - mesgäni çakganlyk;
şlýapasynyň içine - sypal başgabynyň içinde ýa-da "başgabynyň içinde";
oguryny sylap - ogryny synlap;
Aýny wagtda - Aýny wagtynda ýa-da "Tüýs wagtynda";
ýollaryny hem oýlaýardy - ýoluny hem agtarýardy;
barýara - barýar-a;
Görünişiňizden - Görnüşiňizden;
gowja - gowuja;
nämetjegini - näme etjegini ýa-da "nätjegini";
garasyny saýlamagy isleýärdi - garasyny saýlamak isleýärdi;
söwdagäryň - söwdagäriň;
gapdalyna oturdyp - gapdalynda oturdyp;
ýylanyp almasaňyz - ýylynmasaňyz;
Ogury takatsylandy - Ogry takatsyzlandy;
gidersiňizda - gidersiňiz-dä;
joraplarynyň içine - joraplaryna;
düşendek - düşen dek;
gitmegi isleýän - gitmek isleýän;
dokguz - dokuz;
pensi juda gadyrlaýaryn - pensi juda eý görýärin (hormatlaýaryn, eziz görýärin we ş.m.);
gepiniň üstüne goşmaça etdi - gepiniň üstüne goşdy. biggrin
@Gurgencli aga, men seniň şahsy korrektoryň bolup işe girmelimi nämemi?! Işsiz-ä goýmajak ýaly cool

0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: