23:26
Garaşsyz Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň dikeldilmegi
Garaşsyz Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň dikeldilmegi


Garaşsyzlyk türkmen halkynyň we Türkmenistanyň köp müňýyllyklara uzalyp gidýän baý taryhy dogruçyl we çuňňur öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döretdi.
Türkmenistanyň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda döwlet garaşsyzlygyny almagy bilen tutuş jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgerişleriň döwri başlady.
Jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda türkmen halkynyň medeniýetini, şol sanda ylym-bilim ulgamyny hem ösdürmeklige aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan hem jemgyýetiň ykdysady ösüşi bilen bir hatarda medeni-ruhy ösüşini hem üpjün etmek maksady bilen, täze kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edildi. Ilkinji nobatda, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň ylmy hem çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýändigi, ylym, medeniýet, terbiýeçilik we bilim bermek, sport we syýahatçylyk babatda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýändigi hakynda kadalar berkidildi. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň Esasy Kanunda raýatlaryň döredijilige, bilim almaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet baştutanlygynda saýlanan ilkinji günlerinden başlap, türkmen jemgyýeti medeni-ylmy ösüşiň täze, ýokary derejesine gadam basdy. “Häzirki döwürde ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly öňe gitmegini we hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmak, sözüň doly manysyndaky ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek asla mümkin däldir” diýip, belleýän milli Liderimiziň bu babatda amala aşyrýan umumydöwlet ähmiýetli işleriniň täsiri bilen türkmen ylmy we medeniýeti günsaýyn pajarlap ösýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda onlarça muzeýler açyldy. Muzeýde türkmen halkynyň gadymyýetden başlap, şu güne çenli taryhyna we entografiýasyna degişli esasy gymmatlyklar jemlenendir. Milli muzeý türkmen halkynyň we Türkmenistanyň taryhyny giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmegiň täsirli ojagyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny ýaş nesliň bähbidi üçin aýap saklamak we dikeltmek, halkynyň baý taryhyny we medeniýetini ýaş neslimize öwretmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. “Ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş we bilim ulganmarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde biz her bir işe döredijilik ylhamy bilen çemeleşýän, yhlasly, täze başlangyçlary öňe sürmegi başarýan nesli terbiýeläp ýetişdirmelidiris” diýip, nygtaýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda biziň ýurdumyzda bilim ulgamy düýpli döwrebaplaşdyryldy. Bilim ulgamyny özgertmekde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny ýaşlara öwretmegiň usullaryny hem mazmunyny kämilleşdirmek maksady bilen, orta, orta-hünärment, ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw usulyýet kitaplary, gollanmalary taýýarlanyldy we köp möçberde neşir edilip ýaýradyldy.
Türkmen alymlarynyň milli medeni-mirasymyzy dikeltmek we halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriniň netijesinde, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy we edebi mirasy täzeden dikeldilýär.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 70 | Добавил: Dunyagozel | Теги: S. Ataýew Ý. Nuryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 22
0
21 Nurdan   [Материал]
Dûnýa jigim seniñ soraglaryñ üsti bilen menem gör näçe zat öwrendim. @Serdar aga, gymmatly maglumatlarñyz üçin sagboluñ. Diñe bu mowzukda däl, şu saýtdaky hekaýalarñyzda-da, taryhy eserlerñizde-de sizden öwrenere gowy zat köp. Bu bolsa şu saýtyñ iñ gerekli we gymmatly taraplarynyñ biri diýip düşünýärin.

0
22 Bagabat   [Материал]
Sag boluň!

0
20 Dunyagozel   [Материал]
Serdar aga bula gaty gysgajyk bolupdyr wacko

0
19 Bagabat   [Материал]
Nätdi, @Dunyagozel, soraglaryňa gysgaça biggrin jogaplarym kanagatlandyrdymy?! cool

0
10 Dunyagozel   [Материал]
Berekella tema gowy taýynlanypsyň, bäşlik biggrin

0
7 Dunyagozel   [Материал]
surprised muzeý sözüniň manysy gör nirelerden gaýdýan eken…

0
5 Bagabat   [Материал]
2-nji soragyň jogaby:
Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna degişli işleriň sany gysgaça agzardan juda köp. Has gyzyklanyp okasyň gelse, ine şu salga girip görseň, ummasyz maglumatlary taparsyň: https://www.kitaphana.net/author/15/books;

0
4 Bagabat   [Материал]
@Dunyagozel, bu açan temaňam, onuň teswirinde goýan soraglaryňam şu gün gördüm, öň üns bermändirin. Ýöne, sowallaryňa giňişleýin jogap berjek bolsaň-a, olaryň her biri boýunça düýpli monografiýa ýazybermeli. Ol soraglara gysgaça jogap bereniňde bolsa şu aşakdakylary aýtmak bolar:
1-nji soragyň jogaby:
"Muzeý" diýen söz, gadymy grek dilinden terjime edeniňde "Muzalar" - diýlip atlandyrylýan, ýunanlaryň baş hudaýy Zewsiň we agzybirligiň hem bagtly maşgala durmuşynyň zenan hudaýy Garmoniýanyň gyzlary bolan, sungatyň dokuz sany howandar-zenany Muzalaryň (Oýlanýanlaryň) öýi diýmegi aňladýar. Muzeý - bu halkyň taryhy-medeni we sungat gymmatlyklarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik ösüşiniň dürli ugurlaryna degişli gymmatlyklaryň aýawly saklanmagy hem-de halk köpçüligine elýeterli bolmagy üpjün edilýän ýörite desgadyr.
Muzeýler taryhy-medeni we gaýry gymmatlyklaryň sergisini ýola goýmak, olar barada taryhy we ylmy maglumatlaryň halk köpçüligine aýan edilmegini, düşündirilmegini, ýaýradylmagyny üpjün etmek bilen, halkyň wekillerine öz taryhyna akyl ýetirmeklerini, buýsanmaklaryny, milli medeni-taryhy mirasa aýawly çemeleşmäge ýykgyn etmeklerini gazanýar. Şeýle hem taryhy-medeni gymmatlyklaryň geljekki nesiller üçin abat saklanmagyny üpjün edýär. biggrin

0
3 Dunyagozel   [Материал]
Ýokla zat ýazjak bolomok, okuwça berilýän soraglar, agamyň özünden soraýyn mollym sorasa göçüripjik aýdar ýaly smile

0
2 Nurdan   [Материал]
shades Dünýa jigimjan düzme ýazjak bolýañmy ýa beýannama

0
1 Dunyagozel   [Материал]
Serdar agam şu soraglarada jogap bermeli bolýaňyz: smile

Siziň pikriňizçe, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň dikeldimeginde milli muzeýleriň ähmiýeti nämeden ybarat?

Taryhy-medeni mirasymyza degişli çap edilen haýsy neşirleri bilýärsiňiz?

Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň dikeldilmeginde we olary gorap saklamakda häzirki wagtda nähili işler amala aşyrylýar?

Öz ýaşaýan ýeriňiziň taryhy we medeni ýadygärlikleri barada aýdyp beriň.

0
6 Bagabat   [Материал]
2-nji sorag boýunça jogabym başdansowma bolup görünmez ýaly, ine şu aşakdaky edebiýatlaryň gysgaça sanawyny bereýin:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelntligiň ýurdy. Aşgabat, 2007.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Aşgabat, 2007.
3. Агаджанов С.Г. Очерки истории огузов и туркмен Средней Азии IX-XIII в.в. Ашгабад. 1969.
4. Андронов М. Практика богарного земледелия. Туркменоведение №1-2. Ашгабад. 1931.
5. Аннанепесов М. Хозяйство туркмен в XVIII-XIX в.в. Ашгабад. 1972.
6. Барьтолд В.В. Очерк истории туркменский народа. соч. т.2, ч.1. М.1963.
7. Барьтолд В.В. К истории орошения Туркменистана. соч. т.111. М.1965.
8. Василов Б.Н. О туркмениские «Пире» дождя буркут-Баба. Сов. Этнография. № 3. 1963 г.
9. Berkeliýew K. Türkmen nakyllary we atalar sözi. Aşgabat. 1958.
10. Bertels Ý.E. Türkmen halkynyň edebi geçmişi. Sowet edebiýaty. 1944. № 9-10.

0
8 Bagabat   [Материал]
2-nji soragyň jogabynyň dowamy:
11. Брегельс Ю. Э. Хорезмские тукрмены в XIX в. М. 1961.
12. Вамбери А. Путешествие по Средней Азии. Спб. 1865.
13. Васильев Г. П. Туркмены-нохуры. Среднеазиатский этногр. сборник. Новая серия. М. 1954 т . 21.
14. Васильева Г. Н. Преобразование быта и этнические процессы в сев Тукменистане. М. Наука 1969 г.
15. Винников Я.Р. Хозяйство, культура и быт селького населения ТССР. М. Наука 1969.
16. Garryýew B. A. Türkmen folkloryndan usuly gollanma. Aşgabat 1947.
17. Gubaýew A., Rahmanow G. Türkmenistanyň taryhy. Aşgabat 1996.
18. Гульямов Я. Г. История орошения Хорезма. Ташкент 1957.
19. Джикиев А. Туркмены юго-восточной побережья Каспиского моря. Ашгабат. 1961.
20. Джикиев А. Этнографический очерк население юго-восточного Туркменистана. Ашгабат. ылым. 1972.
21. Джикиев А. Очерки формиравния и происхождения туркменского народа в эпоху средне вековя. Ашгабат-Туркменистан. 1991.
22. Ч. Язлыев. Туркменская сельская община. Ашгабат 1992г.

0
9 Bagabat   [Материал]
2-nji soragyň jogabynyň dowamy:
23. Семья и семейные обряды у народов Средней Азии и Казахстана. М. 1978.
24. Türkmenıstan SSR-ň nıka we maşgala hakyndaky kodeksı. Aşgabat -1989ý.
25. А. Пиркулиева. Домашние промыслы и ремесла туркмен доли ны средней Амударьи во второй половине ХIХ- начале ХХ в. Ашгабат -1973г.
26. Этнография Туркменистана. Ашгабат -1993г.
27. А. Оразов. Хозяйство и культура населения северо- западной Туркмении в конце ХIХ- начале ХХ в.
28. А. Росляков. Краткий очерк истории Туркменистана. Ашгабат-1956г.
29. Ибрагимов Н. Ибн Баттута и его путешествия по Средней Азии. М., «Наука» Главная редакция восточной литературы, 1988
30. Юсупов Х. Древности Узбоя. Ашгабад. Ылым, 1986
31. Проблемы средневековой историиТуркменистана (Материалы республиканской конференции 1989 г.). Сборник статуй. Ответств. Ред. Академик АН Туркменистана Е. Атагаррыев. Ашгабад. Ылым, 1993. 84 с.
32. Sümer Faruk. Kara Koyunlular. (Başlangiçtan Cihan – Şah‘a kadar). I cilt. Türk tarih kurumu basimevi – Ankara, 1992

0
11 Bagabat   [Материал]
2-nji soragyň jogabynyň dowamy:
33. Абаза В. История Армении. С-Петербург. Типография И.Н.Скороходова, 1888
34. История Туркменистана.(Учебное пособие для вузов). Изд-во «Туркменистан», 1966
35. Каррыев А., Мошкова В.Г., Насонов А.Н., А.Ю. Якубовский. Очерки из истории туркменского народа и Туркменистана в VIII-XIX вв. Ашхабад, 1954
36. Вопросы этнографии туркмен (Сборник статей преподавателей ТГУ). Ашгабад, 1980
37. Этнография Туркменистана: Сб. статей. Отв. Ред. А.Оразов Ашгабад, Ылым, 1993. –124 с.
38. Джикиев А.Этнографический очерк населения Юго-Восточного Туркменистана (конец XIX- начало XX в.).Ашгабад, Ылым, 1972
39. Атагаррыев Е. Средневековый Дехистан. История и культура города Юго-Западного Туркменистана. Ленинград «Наука», 1986
40. Агаджанов С.Г. Сельджукиды и Туркмения в XI-XII вв. Ашгабад, Ылым, 1973

0
12 Bagabat   [Материал]
2-nji soragyň jogabynyň dowamy:
41. Проблемы этногенеза и этничнской истории народов Средней Азии и Казахстана. Выпуск 1. Общие проблемы. Ответств. Ред. Б.А Литвинский, Т.А. Жданко. М., 1990
42. Китабы дедем Горкут ала лисаны тайфаны огузан (Горкут атанын китабы огуз тайпаларынын диллеринде). А. Оразовын ред. билен. Ашгабат, Ылым, 1995
43. Салар Баба. XVI асырын тарыхы эсери. А., «Туркменистан сегодня» 1996, 280 сах.
44. Средневековые письменные источники о древнем Ургенче. Составители М.А.Мамедов, Р.Г.Мурадов. Ашгабад, 2000
45. После Марко Поло. Путешествия западных чужеземцев в страны трех Индий. М., «Наука» Главная редакция восточной литературы, 1968
46. Средневековый Восток. История, культура, источниковедение. М., «Наука» Главная редакция восточной литературы, 1980
47. Туркмены в Среднеазиатском междуречье. Отв. Ред. П.Алексеев, Н.А.Дубова. Ашхабад. Ылым, 1989
48. Туркменистанда археологики ве этнологики барлаглар (Докладларын гысгача мазмуны). Ашхабад. Ылхам, 1996
49. Новые исследования по археологии Туркменистана. Ответствю ред. В.М.Массон. Ашхабад. Ылым, 1980
50. Гумилев Л.Н. От Руси к России: очерки этнической истории. -М., 1992
51. Курбанов Х.Д. Туркменистан в эпоху монгольского владычества. // Политический собеседник. N2., Ашгабат, 1997

0
13 Bagabat   [Материал]
2-nji soragyň jogabynyň dowamy:
52. Курбанов Х.Д. Расцвет древнего края // Политический собеседник, N1, 1997
53. История Туркменской ССР. I т., Ашгабат, 1955
54. Гундогдыев О.А. Христианская церковь в Мерве в эпоху средневековья. // Мерв в древней и средневековой истории Востока. Мерв древний - Мары современный, 1994
55. Gurbanjemal Ylýasowa. Türkmen halk yrym-ynançlary. Aşgabat, «Miras», 2005 224 sah.
56. Türkmen halk matallary. Aşgabat, «Miras», 2005 198 sah. (Seýidow N).
57. Türkmen halk nakyllary. Aşgabat, «Miras», 2005 648 sah. (Çaryýew M).
58. Paul Georg Geiss. Turkmen tribalism. // Central Asian Survey . 1999, 18 (3). 347-357
59. Anke von Kugelgen, Michael Kemper, Allen J. Frank. Muslim Culture in Russia and Central Asia from the 18th to the early 20th Centures. Vol.2: Inter-Regional and Inter-Ethnic Relations. Berlin, 1998

0
14 Bagabat   [Материал]
3-nji soragyň jogabyny hem edil 2-nji soragyň gysgaça jogabyna çalymdaşlykda, ine şunuň ýaly gysgaça biggrin görnüşde berseň bolarmyka diýýärin:
Garaşsyzlyk gazanylmagy türkmen halkynyň we Türkmenistanyň köp müňýyllyklara uzalyp gidýän baý taryhyny dogruçyl we çuňňur öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döretdi. 1993-nji ýylda türkmen halkynyň taryhyny öwrenmek we dogruçyl beýan etmek boýunça hökümet topary döredildi. Şonuň ýaly-da türkmen halkynyň golýazma mirasyny öwrenmek işini hem kämilleşdirmek barada karar kabul edildi . Bu kararlarda Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyny öwrenmegiň hem-de türkmen halkynyň golýazma mirasyny öwrenmek işini kämilleşdirmegiň guramaçylyk meseleleri kesgitlendi.
1994-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Dünýä türkmenlerini öwrenýän ylmy-barlag instituty döredildi. Institut 1995-1997-nji ýyllarda Eýrana, Türkiýä, Hindistana, Päkistana, Ermenistana we beýleki ýurtlara ylmy ekspedisiýalary gurady. Olaryň netijesinde türkmen halkynyň taryhyna degişli gymmatly kitaplaryň 500-e golaýy getirildi. Şonuň ýaly-da, 1997-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanynda döredilen taryh instituty gysga wagtyň içinde türkmen halkynyň taryhyny öwrenmek boýunça ençeme möhüm işleri amala aşyrdy.

0
15 Bagabat   [Материал]
3-nji sowalyň gysgaça :-) jogabynyň dowamy:
Soňky 40 ýyldan-da köp wagtda Türkmenistanda geçirilen arheologik, etnografik we beýleki taryhy barlaglaryň netijelerini hem-de soňky ýyllarda daşary ýurtlara iberilen ylmy ekspedisiýalar arkaly getirilen täze ýazuw çeşmelerini öwrenmek esasynda ençeme möhüm ähmiýetli kitaplar çapa taýýarlandy. Olaryň arasynda gadym döwürlerden tä şu günki döwre çenli Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyny öz içine alýan 4 tomdan ybarat düýpli monografik ylmy-barlag işini, „Türkmen taryhynyň beýik şahsyýetleri”, „Soltan Sanjar we onuň imperiýasy” atly we ençeme beýleki düýpli monografiýalary taryh ylmyna möhüm goşant hökmünde görkezmek bolar.
1998-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň milli muzeýi döredildi. Muzeýde türkmen halkynyn gadymyýetden başlap, şu güne çenli taryhynyň esasy döwürlerini we wakalaryny beýan edýän esasy we kömekçi gaznalaryň zatlarynyň 500 müňe golaýy jemlenendir. Milli muzeý türkmen halkynyň we Türkmenistanyň taryhyny giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmegiň täsirli ojagyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň dikeldilmegine örän uly ýardam beren alymlaryň biri-de tanymal türk gündogarşynas-alymy, oguzlaryň we türki halklaryň taryhy hem medeniýeti boýunça dünýäde ykrar edilen hünärmen Faurk Sümer bolup durýar. Onuň gadymy oguz-türkmenler, olaryň taryhy, medeniýeti, jemgyýetçilik gurluşy, maddy durmuşy, edebiýaty, syýasaty we ş.m. barada giňişleýin hem ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlary özünde jemleýän “Oguzlar-türkmenler” atly eseri türkmen halkynyň gadymy taryhyny öwrenmekde ägirt uly maglumatlar çeşmesi bolup hyzmat edýär.

0
16 Bagabat   [Материал]
3-nji sowalyň gysgaça :-) jogabynyň dowamy:
Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dikeltmek we öwrenmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde-de, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ençeme taryhy-medeni ojaklaryň umumy adamzat ösüşi üçin ägirt uly gymmatlygynyň bardygy subut edilip, ÝUNESKO (United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization – Bilim, ylym we medeniýet soraglary boýunça Birleşen Milletler Guramasy) tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawyna üç sany taryhy-medeni ýadygärlikler: 1999-njy ýylda gadymy Merwiň, 2005-nji ýylda gadymy Köneürgenjiň, 2007-nji ýylda gadymy Nusaýyň ýadygärlikleri girizildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky, №12421 karary bilen “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy . Maksatnamada bellenilişi ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletimiziň durmuş-ykdysady, medeni, bilim we ylym pudaklarynda ägirt uly ösüşlere eýe bolundy.

0
17 Bagabat   [Материал]
3-nji sowalyň gysgaça :-) jogabynyň dowamy:
Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda şu aşakdaky ugurlar boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulýar:
• kitaphanalary ösdürmek;
• muzeýleri ösdürmek;
• medeniýet, sungat okuw mekdepleriniň, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek;
• şekillendiriş sungatyny, çeper döredijiligi ösdürmek;
• Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli medeniýet merkezleriniň, medeniýet köşkleriniň, medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek;
• teatrlary ösdürmek;
• taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek işlerini dünýä ölçeglerine laýyk derejede ýola goýmak hem-de olary halkara syýahatçylyk ulgamyna goşmak;
• taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy.

0
18 Bagabat   [Материал]
4-nji sowalyň gysgaça biggrin jogabyny ýazsam, onda meniň ýaşaýan ýerimde taryhy-medeni ýadygärlikler, taryhy şahslar şeýlebir kän welin, olar baradaky gysgaça biggrin ýazgylarym, bu temanyň teswirin-ä däl, saýta-da sygmazmyka diýýärin. cool

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: