16:02
Ynsabyñ jezasy -25/ romanyñ dowamy
ÝIGRIMI BÄŞINJI BAP

Aýperi Ýeňşe garaşmadyk bolara çemeli. Süňňi bir zat syzýan-da bolsa, ozal açyk düşünişmändi. Geçen saparam şübhesini aýgyt etjek bolup synanyşdy, arman, amaty bolmadymy, ýa Ýeňiş soramasy ýok diýdimi, ýa beýlekiler päsgel berdimi, garaz, öňküligine galypdy. Indi bolsa Ýeňiş öz aýagy bilen gelip, öňünde ör galyp dur. Aýperiniň-de, Ajap ejäniň-de depesi gök diredi. Garry gözüni süzgekledip, ýigidi boýdan-başa synlasa, Aýperi gyz utanjaňlygyny bir ýan serpip gujagyna dolsam diýýärdi. Ýok, käte höwesiňem özüne böwet basylýar ahyry.
Ýeňiş ilkinji gezek özüni erkin duýup, ýolugra alyp gaýdan alabeder pijamasyna girdi. Onsoň hem gyza, hem enä ýüzlenip:
– Geliň, özli-özümiz bolup çaýlaşalyň. Eger kyn-ýokuş görmeseňiz – diýdi. – Özli-özümiz diýýänim her kimiň bir üýn alyşýany bolýar. Baba aga gaty ýönekeý, göwnaçyk adam. Içgin tanamasamam, şol ýaşula belet. Sazam çalýar. Arada göremde özi çaýa çagyrdy. Telefon nomerini berdi. Hem tanşarys, hem saz diňläris.
– Häzir jaň edäýeris. Baba aga dutarynam alyp gelsin, hä, eje!
– Ejeňden soramaň näme, gyzym. Oňam äsi bormy? – Ene çaga ýaly şatlanyp: – Onda men nahar-şoruň ugruna çykaýyn. Dogrudanam, içimiz gysyp gidipdir – diýip, aşhana tarap eňdi.
Aýperidir Ýeňiş nomerleri aýlamaga durdy.
– Baba aga, salam. Öýdemisiň. Bu Ýeňiş. Öýde bolsaň bara, Aýperi çaýa çagyrýar. Bäri geläýiň. Oturmaga. Bärde şamlyk edinäýeris.
Aňyrdaky ses ýigide ýakyn duran Aýperä-de eşidildi.
– «Çagyrylan ýere irinme» diýipdirler. Sadap baý bilen häzir baraýarys.
Aýperi trubkany goýdy. Ýeňşiň gözüne gözi düşen gyza bada gozgalaň aralaşdy. Näme diýjegini bilmän gyzaryp-bozaryp, ýere bakdy. Ýigit gyzyň sülük barmaklaryny emaý bilen eline aldy. Gyz yza çekmese-de, durşy bilen galpyldady. Ýigidiňem howsalasy artypdy. Ýöne ikisindenem ses-üýi çykanokdy. Bu pursatda söz nämä gerek! Häzir söýgi sözsüz güýje giripdi. Häzir gözden öňürti görýän ýürekler gürs-gürs edip, yşk sagadynyň peýkamyny aýlaýardy. Gyzyň anbar-müşgi burk urýan saçy, tirpildäp-tirpildäp, öpüş talap edýän nar ýaňaklary, ergin gyzyla garylmaga döwtalap simap kimin galdyrap oturyşy ýigidi bogun-bogun sökýärdi.
– Arada Öwez Akyýewiç jaň etdi. Men şuş-şu mahal biri bilen sen bolup gepleşendirin welin, bilgili bolaly diýdi: – Gyz ör turdy! – Siziň telefonyňyz bilen biz bir telefonymyzy parallel edendiris. Ýagdaý şony talap etdi. Häzir biri til kakaýsa, indi men götermän, sen galdyraý diýdi. Garaşdym, jaň eden bolmady. Soň ýene özi «Siz arkaýyn bolaýyň» diýdi.
– Şeýleräk bir ahwalat boldy, Aýperi. Baryna düşünýänsiň. Senden ýaşyryp oturmaň hajaty ýok. Bu käre baş goşaňsoň käte syr gizlemeli bolýar, käte wokzaldaky ýaly, tanyş adamlardanam gizlenmeli bolýar. Käte bolsa gizlenýänleriň üstüni açmaly bolýar.
– Öz-ä hatarly.
– Tilkileriň sapalagy kän. Her hili al bilen öňüni almasaň, başyna gitjekler.
– Wiý, men ejeme kömekleşeýin, ýeke özi bulaşyp oturan bolmasyn.
– Dur entek! – Ýeňiş telefony barlap gördi-de: – Parallellikden eýýäm aýrypdyrlar – diýdi.
Çaý içim salymdan Baba aga geldi.
Ajap eje:
– Toba, Baba, Baba diýilse, asyl sen ekeniň – diýip, Sadap ejäniňem, Baba aganyňam içine-daşyna geçdi: – Hiç soraşmandyryn. Bolasy, adyňy tanyş gördüm-le.
Baba aga ornaşykly oturansoň:
– Ajap, göz haýallapdyr-ow! – diýdi.
– Garrasaň Baba, gözem, kütelişýä, bilem epilýä, aýaklaňam öňki gurbaty ýok.
– Özüň-ä entek garramaly däl.
Aýperi biş-düşüň ugrunda boldy. Ejesi ikisi çaý getirdi. Baba aga bolsa Ýeňiş bilen özara gürrüňleşýärdi. Soň goja dutarynyň mahmal gabyny aýyrdy, ýassygy dyzynyň aşagyna dykyp, gulaklaryny düzdi. Köýneginiň ýeňini çekişdirip: şo-ol adaty ýapbyldak heňlerine tutdurdy. Sadap eje bilen ümmüldeşen Ajap eje bolsa gürrüňini haçan goýanynam bilmedi. Ýöne enäni başga bir zat oda saldy, başga bir zat. Zire-zire çal saçyny seçelendirip, goşa kirşi zyrňyldadyp oturandan çala saýgarýan görejini aýyrman: «Şol Babamy, şol Babamy bu?» diýip hyýal deňzini kürekleýärdi. Hakyda akary garryny on, on iki ýyllyga bakan bialaç akdyryp äkitdi.
Ajap eje jaýyny çalyşdy. Otuzynjy mikroraýondaky dört otagly jaýy iki baş halyna nämä gerek?! Goý, köp çagalylar hözirini görsün. Iki otagam aňry ýany bilen bolýar. Ejesiniň pikirini Aýperi goldady. Ozal aşaky gatda girip-çykyp ýören adama ýokarky gat asmanda ýaly göründi. Ene öňki edähedini täze ýurtda-da ýöredesi geldi. Gelen gününiň ertesi tamdyr ýer aňtady. «Şu taýy-ha bolaýjak eken» diýip, iki jaýyň aralygyndaky boşlag meýdana gözi gitdi, derrewem işe girişdi. Kerpiç getirdi. Ýerini tekizledi. Hysyrdanyp ýörkä kimdir biri ikindiniň kölegesi ýaly bolup, üstüne abandy.
– Bu ýerden näme etmekçi, daýza?
– Köşk gurmajagym-a bilýäň.
– Päheýt, zalywat, kim bilen gepleşýänini bilenok. – Geleniň gözleri ýiteldi. Gytyk, syh-syh saçlarynyň daşyndan göreniňde-de gatydygy bildirýärdi. Ol elini bykynyna urupdy. Tumşugyny dik göge tutup, adam bilen gepleşýändirin öýdenokdy. Ýüz-gözüne çaň, kirşen siňdiren zenana äsgermezlik bilen seredýärdi.
– Maňa Nazar diýýärler. Öý toparlarynyň naçalnigi.
– Bolsaň bolupsyň-da, jigi.
– Täze göçüp geleňsoň bilýän dälsiň. Tamdyr salmaga rugsat edilenok.
– O nä?
– Näsi ýok, şeýle-dä.
Ajap eje piline söýendi.
– Bizem, jan jigi, kör däl. Ýangyn bolar öýtme. Gübürdedip ot ýakmarys. Giňişlik. Tamdyr ýerden kän saýlanmazam.
Nazar diýlen adam uzak çekeleşip durmady. Elini arkasyna tutup, ýüzüni turşardyp gidiberdi. Ajap eje-de öz işi bilen boldy. Ýeri tekizledi, saman tapdy, laý etdi. Ertesi işden gelip, hysyrdanyp ýörkä, ol ýene geldi.
– Size kän aýdylýa welin, az eşidýäňiz. Bolanok diýildi, bolanok-da. Zol-zol gaýtaladyp durmaňyz näme? – Nazar diýlen adam öňlük geýip, bajow edinen aýala herreldi.
Ajap eje palçykly ellerini deňine öňe uzatdy.
– Jigi, heňkirme, telek iş eden bolsag-a aýt.
– Menem, daýza, partbilet göterýän, partbilet.
– Göterseň taň edýäň. Agzada durýan ýeke senmi? Ony bu ara goşmaň näme?
– Pekge bol-a, pekge.
– Özüň pekge. Diýjek sözüňi bilip diý.
Heniz hiç kesden beýle gaýtawul görmedik Nazaryň burnunyň deşikleri ýel aldy, syh-syh saçlary düýrükdi.
– Menem başym bilen jogap beresim gelenok.
– Saňa tamdyryň ýüklügi barmy? Ilden çykyp edýän bolsam-a aýt. Anha, gözüňe basylyp dur, ýoluň gaýra gapdalynda näçe tamdyr bar.
– Il bilen işim ýok. Onsoňam ol bäşinji mikroraýon.
– Nire bolanda-da, tapawudy ýok. Käşgä ýaşaýyş jaýyna golaý bolsa, töwerekde ol-bu zat bolsa, aýry mesele. Görýäň ahyry, açyklyk.
– Ýyk diýildi, ýyk.
– Şol-a ýykylanok.
Nazar dyzap geldi. Ýüzünde gan-pet galmady. Garşydaşy bilen tutluşyga orta çykarylan horaza döndi, saçy horazyň kekeji dek hüžžerdi. Gelip ýary örülen tamdyra aýagyny diredi-de saklandy. Ajap ejäniňem gözleri ýiteldi.
– Dep!
Depmäge ýürek edip bilmedi, gaýraty çatmady. Hyrra yzyna dolandy-da ýeňsesini el ýaly etdi. Gidip barýarka dönüp-dönüp:
– Gözüňe görkezerin, görkezerin – diýip hüňürdedi.
Ajap eje oňa parh goýman, tamdyryň boýuny ýetirdi, içini suwady. Soň bir gün daşynyň suwagyny etjek bolup durka, işgärlerini yzyna tirkäp, Nazar alabasdy bolup geldi. Ol henizem şol gaharyndan köşeşmändir..
– Diýleni etmediňmi? – Ol özüne erk edip bilmedi. Sesi sandyrady, bütin göwresi titir-titir etdi. Eli pilli adamlar bolsa tamdyryň daşyna egrilipdiler. Ählisi öý toparynyň işgärleridi. Baram Nazaryň özünden gartmaçdy. Näme üçin bu ýere getirilenlerini olar indi-indi bilip galdylar. Naçalnik häli-şindi olaryň başyny jemläp, haýsydyr bir işe haýdadardy. Ýa ýol ugruny arassaladardy, ýa ganawy tekizlederdi. Häzirem olar şolar ýaly bir zatdyr öýdüp gelipdiler.
Ökjesine köz basylan naçalnik bir ýerde togtanokdy. Ýekeme-eke ýüzlere gygyryp çykýardy. Hiç kimde nazaryny egläbilmän kösenýärdi. Ortarada bolsa gupba şekilli tamdyr durdy. Nazar onuň daşynda pyr-pyr aýlandy. Ederini-goýaryny bilmän, nämeden başlajagyna akyl ýetirmän jöwlan urýardy. Tamdyryň daşynda bolsa ýüzi howurly tamdyra meňzeş adamlar göreçlerini gümmezekläp oturan tamdyra dikip dymýardylar. Kimsiniň elinde pil, kimsiniň elinde çarşak bardy. Diňe Nazaryň eli boşdy. Ol gaharyna bäs gelmän Ajap ejäniň ýanyna bir gelýärdi, bir gidýärdi. Indi-hä eýleden-beýleden goňşy-golamam, ötegçi-geçegçem ýygnanypdy. Olaram agyzlaryny öweldip, bu iş neneň-niçik bolarka diýip garaşýardylar. Tamdyra elini degrip duran Ajap ejedi. Beýlekiler esli daşlykdady. Ol ula goýberiljek bedew atyň sagrysyny sypalaýan çapyksuwara çalym edýärdi. Ol sürüni möjekden goraýan boýunlak goýun itine guwanýan çopana çalym edýärdi. Hemmäniň gözleri tamdyrda hem Ajap ejededi.
Ajap eje ýuwaşlyk bilen ýüzünden bajawyny aýyrdy. Derçigen boýnuny, maňlaýyny syrdy. Indi tamdyram, oňa arka diräp duran Ajap eje-de adamlaryň göwnüne ýagtylanan ýaly, hasam beýgelen ýaly göründi. Olar nazarlaryny ikinji ýüz bilen gezekleşdirdiler. Ol gamaşykdy. Ondan gar ýagýardy. Ol Nazaryň ýüzüdi. Nazaryň henizem bir bolşudy. Siňin-siňin garap, ýüzünden rehim-şepagat tapmaýardylar. Özüni häli ýüňsakgal edäýmeseler biri! Ol dergazap bolup gelipdi ahyry. Şol kaddyňdan ýazmanam, sowamanam dur. Ýeri, näme etsin! Içini it ýyrtýar. Aç itiň derini çekeleýşi kimin beýnisini gahar çekeleýärdi.
Ortarada bolsa öwlüýä ýaly bolup, tamdyr dur.
Tamdyr bilen öwlüýä – ikisem mukaddes. Olary adamlar keramat hasaplaýarlar. Öwlüýäni öz janköýerlerini goýnunda saklaýany üçin mukaddes saýýarlar, oňa sygynýarlar. Tamdyrda bolsa ýüzleri tamdyra, güne, nana meňzeş adamlar nan bişirýärler. Onsoň ol neneň mukaddes bolmasyn!
Nazar bu zatlardan daşdady. Onuň öňünde diňe bir zat durýardy – gepini gögertmelidi. Özüniň oňlamaýan zadyny hiç kimem oňlamaly däldi. Ol bir zady ýigrendimi – ilem söýmeli däldi. Bir zada telek diýdimi, ilem şeý diýmelidi. Hyk-çoksuz boýun egäýmeli. Ol öý toparlarynyň naçalnigi ahyry. Onuň gör, näçe ýaşaýjysy, näçe işgäri bar! Köpler oňa garama, häli ýokardan biri şäherde tamdyr näme işleýär diýse, bogazyňa bir zat tegek bolan ýaly, düwnüp dursunmy? Çöregiň ýeke obalarda bişirilmän, şäher ýerinde-de bişirilmeginiň gowulygyny nädip subut etsin! Onsoň bujagaz kärinden el ýuwup otursa! Ýok, bolmaz. Nazar, Nazar, beýle bolandan tamdyry depeläniň aňsat dälmi?!
Nazar hopukdy. Bogazyna zor salyp, işgärlerine komanda berdi.
– Ýykyň!!!
Hiç kim batyrynyp bilmedi. Hemmeler ýüzlerini aşak saldy. Ajap eje bolsa gerçekleriň söweşde daga arka direýşi ýaly, tamdyra arka diräp, buýsançly garaýardy. Çygyrdan çykan Nazar has aýylganç gygyrdy.
– Ýykyň diýýän men size!
Hiç kim gozganmady. Muňa jany ýanan Nazar üçünji gezek bogazyny ýyrtara geldi. Barybir milt eden bolmady. Üçden soň puç eden Nazaryň gözlerine gan guýuldy. Çetde duranyň elinden pilini siltäp aldy. Tamdyryň teýinden pilini salanda niredendir bir ýerden peýda bolan Baga aga geläge-de, onuň pilli eline ýapyşdy, pili elden gaňryp aldy. Arman, arman, mukaddes, äpet tamdyr gaýanyň bir bölegi ýaly bolup eýýäm düňderilgi ýatyrdy. Baba aga hyrçyny dişläp, Nazara otlukly-otlukly seretdi. Ajap eje bolsa aglady, horkuldap aglady. Börä guzusyny aldyran ene goýun kimin aglady. Gülüni, nowçasyny hazana taladan erik, alma daragty deýin aglady. Adamlar birerbet boldular. ýüzlerini sallap gaýdyşdylar. Nazar saklajak boldy, başarmady. Baba aga ömründe ilkinji gezek garaýyş bilen däl-de, söz bilen biriniň ýüzüni aldy. Olam Nazar bolup çykdy, ýüzüne urlan Nazara-da o ýerde durarlyk galmady.
Ýöne welin Ajap eje ertesi ýene şol ýerde edil öňküsi ýaly, gupba şekilli gümmezekläp duran birenaýy tamdyry dikeltdi.

* * *

Ýeňiş ýol telekesini etdi. Ajap eje bilen saglaşyp, Aýperä-de elini uzatdy welin, gyz başyny ikibaka ýaýkady.
– Özüm giderin.
– Bä-ä! – gyzyň äheňi näz-kereşmeden doludy. Olar tirkeşip aerowokzala geldiler. Ýap-ýaňam Ýeňiş bu ýerde Goç bilen durupdy. Başga adam bolup operasiýa gatnaşypdy. Häzir bolsa ýany Aýperili. Goç bilen her minuty ýyla dönse, Aýperiniň bolşy ýaşjak-ýaşjak bolup, älemden aýrylyşybilmän duran Kuýaşy ýatladýar. Ýigit gyzyň bakyşynda, bütin durky-durmuşynda özüne çekiji aýratynlygy görýärdi. Hiç gyzda görmedik alamatyny syzýardy. Şolam bendiläp, hoşlaşyk pursadyny dartgynlylyga öwürýärdi. Bu pursat agyram bolsa, ýakymlydy, arman, wagt gyssap gelýärdi. Ýolagçylar aýak üste galyp, örüşip ugradylar. Aýperiniň bagtdan, süýji aýralykdan gözleri ýaşarjak-ýaşarjak bolýardy.
– Hat bir ýazyp dur, oglan!
Bu sözlerde hut mähir ýasawy bardy. Hiç gyzyňka meňzemeýän aýdylyş, ýumşaksylyk ýigidi ýakymly el bilen ýüzüni sypana dönderdi. Ýeňiş şondan soň Aýyň gijäni Aýsyz goýup gidişine, Günüň seri belent daglara dulanyşyna meňzedi-de dynç alşa ötägitdi. Aýperiniň ýüregi gopdy.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 82 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: