15:29
Hemra bolsun!
HEMRA BOLSUN

Asly halal bar ojaga,
Yrsgal dõwlet hemra bolsun.
Adyl gezen mert goçaga,
Yrsgal, dõwlet hemra bolsun.

Ekin ekip, bag-dikene,
Supra ýaýyp nan dõkene,
Halk ugrunda jan çekene,
Yrsgal, dõwlet hemra bolsun.

Teşnelikde suw berene,
Mätäji goldap durana,
Çõl ýerde Hydyr gõrene,
Yrsgal, dõwlet hemra bolsun.

Aşyklary duşyrana,
Azaşany gowşurana.
Ýolagçyny aşyrana,
Yrsgal, dõwlet hemra bolsun.

Diýr, Begnazar, Tañrym ýalka
Ýetir iman, halal mülke,
Päli düzüw bütin halka,
Yrsgal, dõwlet hemra bolsun.

Begnazar ATAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Nurdan | Теги: Begnazar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Nurdan   [Материал]
: ok flower

0
4 Dunyagozel   [Материал]
Ylham getirýän dostawkaçy öňümden çykaýsa gowy edipjik käýýäýerin uýamyň ylhamyny başga birine äkidýäni üçin smile

0
3 Nurdan   [Материал]
blow apple sadwalk

0
2 Nurdan   [Материал]
Dünýagözel jigim ylham maña ýetip ýetip gelýärkä adresini ýalñyşýarmy nämemi geçip gidýär şu günler, meni unutdy bolmaly ylham gelenok wacko
Ýa keselleri anyklajak bolup başagaý bolup özüm tutup bilemok gelse-de

0
1 Dunyagozel   [Материал]
Aýdanyň gelsin.
Nurdan goşgy ýazaňokmy? smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: