22:36
Näme üçin towşanyñ gulagy uzyn?!

NÄME ÜÇIN TOWŞANYŇ GULAGY UZYN?!

— Nämüçin towşanyň gulagy uzyn?!
Bilýäňmi, guzym?!
— Özüň aýdaýmasaň, bilemok, ata!
— Onda gulak goý sen, şu hekaýata:

Bir towşan bar eken gadym döwürde,
Bakja sakçysyndan soraşman bir-de,
Ogurlaýar eken käşir-kelemden,
Gaçyp gidýär eken sakçy gelenden.
Biler bolsaň, şeýdip ýörkä ol, ine,
Teýahyr düşüpdir sakçyň eline.
Soraşmazdan bakja geleni üçin,
Ogurlan käşiri, kelemi üçin,
Sakçy onuň temmisini beripdir,
Gulagyndan mazalyja burupdyr.

Şondan bäri olaň gulagy uzyn,
Bildiňmi, guzym!

Hemra ŞIROW

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 85 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Dunyagozel   [Материал]

0
2 Serkerde   [Материал]
Wah neresseje towşanjyk..

0
1 Arzyman   [Материал]
Tüweleme, juda ajaýyp setirler. Muny ýat tutup, 1-nji gün detsadda aýdyp bereýin. smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: