10:02
Köşeşmek
KÖŞEŞMEK

Yzda galdy köçeleriñ ÿagtysy,
Gijeler gündize gitdi garyşyp.
Öñkim deÿ kän ÿatlanamok, bilÿärin.
Durmuşymam özüm ÿaly garyşyk.

Bir wagt gyzlara gül daşan ellem
Hem dilim dogadan tutdy ÿüküni.
Adam başna düşse bar zada kaÿyl,
Gör, ine, sensizem oñjak ekenim.

Sen soñ söÿgä duşman bagtly bolduñ,
Menem ÿaşap ÿörün düÿşüñe girmän.
Biz öz dogulmadyk arzuwlarmyzy,
Bizden soňkulara ederis gurban.
 

Enwer NYZAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Gurgencli | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Akjemal   [Материал]
gaty haladym gowy gosgy eken.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: