10:06
Sõýgüli !

SÖÝGÜLI !

Meni dünýañ sürgünine hõkm etme,
Habar bolmaz mekanyñda guşlardan.
Bir Ýar bardyr - Yşk jellady kär etmez,
Bahar bardyr - belentdir mazarlardan,
Biribardyr ýoklukdan bar eýläni,
Eý, Mähriban,
Iñ Sõýülen -
Sõýgüli !
Günäm ýokdur -
- Bakyşyñdyr meni ýakyp ýandyran,
Kysmat diýme -
Ýazgyt bardyr täleý içre ýazylan,
- Eserler bar şol mukama düzülen.
Näme etselerde başa barmaz hiç,
Üýtgewsiz hõküm bar,
Asmandan gelen.
Gijäni gündizi aýlan elinde-
- Ussat bardyr çyzgysy berk çyzylan.
Ot alyban yanan bolsam eger-de
Gala bardyr külümden binýat bolan.
Syrlaryñ syryna gowşuryp biljek -
Bagty açyp biljek açar bar Sende.
Baýram bardyr - ýeñip-ýeñip beýgelen.
Sürgünini dõzmän yza çagyrjak,
Kükregiñde gaýnap duran mähir bar.
Üzülmezdir meniñ umydym Senden
Kalbyñda Çynar bar, Merhemet atly,
Eý Mähriban,
iñ Sõýülen-
Sõýgüli!

Sezaýy KARAKOÇ

Terjime eden: Kalba NUR.

Категория: Goşgular | Просмотров: 267 | Добавил: Nurdan | Теги: Sezaýy Karakoç | Рейтинг: 4.3/6
Всего комментариев: 1
2
1 Raýdaş   [Материал]
Köp sag bol.Türk şahyry, oňat goşgulary bar. "Unudarsyň" goşgymy şu şahyrdan täsirlenip ýazypdym.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: