08:19
Ýigit näzi / henekli hekaýa

...-Öýlenjekgä!...
Diýýä. Içinde jany ýok ýaly zordan myňňyldaýar özem. Özem enesinden öýkeläp, emmekden ýüz dönderýän göle deýin ýüzüni tersine dönderipdir-de, şo-o-ol penjirä garap otyr. Dik maňlaýynda hüžžerilip oturşyna arasynda özüne garşy gazap bilen owsunyp-owsunyp gidýän kakasynyň janykmasyny dagy, edil ýöne piňine-de dagam almaýana çalym edýär. Diňe daşlarynda hozanak bolup pyrlanýan janserek ejesiniň özelenmesine jogap berýän kibi, şol bir aýdanyny gaýtalap, käte bir hymyrdap goýberýär:
-Öýlenjekgä!
Muňa-da kakasy hasam beter ot alyp galýar. Ýanýoldaşynyň gyzma häsiýetine belet ejesem ol her gezek myňňyldanda öňküsinden-de beter kebelekläp başlaýar. Sabyr käsesi püre-pür bolan adamsynyň atylyp turaga-da kejeňek nowbaharyna dili-sözi bilen berip bilmedik akylyny eli-aýagy bilen berip başlabermeginden elheder alýar. Emma näçe gaharjaň bolsa-da kakasy her niçigem bolsa özüne basalyk bermäge çytraşýar. Janyndan syzdyryp öz pikirlerini dikdüşdi oglunyň aňyna-ýüregine ýetirjek bolýar:
-A-how! Jijim! Öwal-a „şo gyz bolmasa başga hijisem gerekgä“ diýip kellämizi iýdiň. „Daşgynrak garyndaşlaňky amatlyrak bolaýjak ýaly, şolaňkyny alyp bereli“ diýsegem, tükezzibanyňa tutduryp, heýç gulak asmadyň. O diýýänleň gapysyny açanymyzdan soň, dogsan tokguz sahypalyk küti depteri owunjak hat bilen dolduryp ýazyp beren spiseklerini elimize alanymyzdan soň-a, men bi mydama seni goraglamakdan özge işi-pişesi ýok, bikär ejeň bilen: „Munça zady bermek üçin jullukgotan galyp, milletiň öňünde bergä batanymyz bilen oňarmykak ýa-da köneje maşşynymyzy geçen ýerine satmaly bolarmyka?“ diýip uly iňkise gitdik. Indem eýdip-beýdip o lükgeligine altyn-kümüş çaýylan bolmagy gaty ähtimalyň bahasyny töledik, soňam ýene-de Hudaý ýetirdi, il-günüň karz-kowalydyr, ýardam-peşgeşi bilen toýuňam gerek-ýaragyny ahbetin alyşdyryp dyndyk diýsek, inniki tapyp oturan zadyň näme-how seň, diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy?! Ýa näme, inni: „dädem, galyňy tölemek üçin gözüniň ak ýagyny eredib-ä satmady welin, elli ýaşap gelýän halyna, şü şunsuny nämesine ýaradýandyr öýdýäň-aý?! Gitsin-de o taýynyň bir taýyny satyp gaýtsyn-da, ile meňzeş narmalnyý toýumy tutup, köpi aňkardýan ot duşi bagşy aýtdyrsyn-da?!“ diýjek bolýamyň-aý?! Hä?!
-Öýlenjekgä!
-Häk, seň bir dädeňi eşek depsin!!!...
Oturan ýerinden dikligine zyňlyp galan dädesi ogluny diriligine-çigligine ýuwdarly göründi. Ýene-de aýal diýeniň özi dawabaşy bolmasa, şuňa meňzeş gohly-galmagally ýerlerde mundan buýankylara garanyňda parasatly bolýar. Ara düşdi:
-Haý-haý! Duraweri-duraweri, kakasy! Senem edil ýöne duruşjygyň bilen ýanypjyk duranja gyzyl ot-da! Derrew dyztdyryp düwläberýäň! Ilki bir bujagaz enaýyja balajygymyzyň gülden näzik göwünjiginiň nämejikler küýseýänini bir aýdyňja bileli ahyry! Gör ahbetin, munuň ýüzjagazyny sallapjyk, bir gysymjyk bolup ýygrylypjyk oturyşjygyny! Heý, dözer ýalymy bolupjyk oturyşjygyna?! Senem munymyzyň ýeriň ýüzünde ýeke-täk eziz atasy hökmünde ony höre-köşe edipjik uguny ýekelemekden-ä geçen, gaýta üstüne çöwjäp pirini kädä gabaýarsyň-la!-diýip bilelikde ýaşalan ýyllaryň dowamynda ýanýoldaşynyň haýsy tarapyndan nädip baranyňda ahmala salyp bolýandygynyň mazaly abyny-tabyny almaga ýetişen aýaly, ärine dil ýarmaga maý bermän çalt-çaltdan sarnaşdyryp ugrady.
Gaharjaň kaka, höwrüniň diwanalaryň sanawyjyna kybapdaş üznüksiz sarnamasyna dessine usurgadymy-nämemi, edil ýöne mollasy sataşan jynla dönüp, üzül-kesil gowşaýdy.
-Näme, änigine-şänigine ýetjek bolup çintgäp oturaryň ýaly, şü kelpeň mahawyň ikimize Pifagoryň teoremasyny ýamaşekgetdandan açyp berer öýdýäňmi?! Ýaňy, ilkibaşda aýtdy ahyry: „Toýuma pylan bagşyny getirmeseňiz öýlenjekgä“ diýip...-diýdi-de bady gaýdan kakasy, ýene-de körpeçesine çökdi. Ýanyn gyşardy. Birdenem ýene-de öz-özünden möwç alyp, dikelip oturdy-da, oglunyň üstüne heşerlendi:
-Sen-eý! Akmagyňam tüntawyndan emele gelen mahaw! Kim o diýýän bagşyň?! Aýdyp ber bakaly, şü özüňi bäbeklikden „janym-guzym“ diýip eljiredip-läliksiredip, adam däl-de, ine şu mahalkyň ýaly bir tokga alasamsyk et edip ýetişdiren guşbeýni ejeňe!
Penjiresine garap oturan döw ýaly äpet ogul, iň bärkisi kemterisinden dagam bärisine bakman, burnuna siňdirip nämedir bir zatlary eşidiler-eşidilmez hymyr-symyr etdi. Muňa dädesiniň peltesine ýag damdy:
-Eşitdirip aýt diýýän-eý, men saňa! Diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy!-diýdi-de ogluna garşy ümzügini atdy.
Ogly kakasyna tarap gabak astyndan alarylyp goýberdi-de, öňküsine garanyňda sähel batlyrak:
-Jantaliýany!-diýdi.
-Kimi, kimi?!-diýip düşünmedik ejesi gulagyny üşertdi.
Ýigit ejesi özüni oýnajak bolýandyr öýdüp, oňa tarap şübheli nazar oklady. Sada görgüliniň çyny bilen soraýandygy ýüz-keşbinden bildirip durandygy sebäpli jogap bermän saklanyp bilmedi:
-Jantaliýa diýilýän bagşy, şumat soňky on müňýyllygyň iň ot duşi bagşysy-how, eje!
-Be, toba-toba! O nähili at bolýa gyz, o diýýäniň?! Şü jelegaýlaryň adamsymy bir özi, o bendäň çagasy?!-diýip bahana tapsa ilki bilen ýakasyna tüýkürmäge howlugýan ejesi, hemişeki edähetine eýerip, gepiniň arasynda birki gaýra tüflemäge-de ýetişdi.
Ejesiniň kakasyny yrmakda bijaý wepaly hem synmaz arkadaş boljakdygy hakyndaky pikir ýigdiň aňynda aýlanmaga ýetişendir-dä, ol ejesini öz tarapyna çekmekden ötri ilgeziklik bilen düşündirmäge başlady:
-Äý eje! Senem-aý, sapsym bi leňňer atyp, dinamiçeskiý ösüp gidip oturan durmuşdan woobçe yza galyp ýatyrsyň-aý! Elbetde o bagşyň ady başgadyr. Jahanmy, Jerenmi, men-ä takygyny bilemmok! Ýöne ol özüne şonuň ýaly ady dakynyp, sahnada çykyş edýär-dä! Onuň ýaly özüňe dakylýan atlary bir üýtgeşijek sözjagaz bilenem atlandyrýarlar ahyry! Nämedir-ä şo?! Şu mahal dilimiň ujunda welin...-diýip ýigit ýeňsesini gaşady. Bada-badam ýüzi ýagtylyp gitdi:-Hä! Tapdym! Ine! Psihdonim!!!
-Weh, näme o bendäň çagasy ata-enesiniň dakan adyndan närza dagy bolup şeýdip ýörmükä?! Onnoňam o „psih“ diýýäniňem-ä dälilere diýilýän söz dämi, nä?! Ýa şo diýdigi „däli men“ diýdigimikä?!
-Hi-hi-hi...-diýip ýigit gülesi gelmese-de ýasama gülküjik bilen owunjak hikirdän boldy:-Ýak eje, senem-ä! Bir zat diýmelimiş diýseler, edil ýöne peçat edip taşlaýýaň-aý! Nedowolnyý bolup etmiýä-how ony! „Däli men“ diýdigem dä, oň! Gaýta owadan atly boljak bolup dakynýa şony!
-Näme, „Pylantalýa“ diýeniň bilen owadan at bolýamy?!
Eneli-ogluň „oklap-gapdy“ oýnaşýana çalym edip, hamana özi bu otagda ýok ýaly ap-arkaýyn mesaýy söhbet eden bolup oturyşlaryna kakasy sähel pursat gözüni elek-çelek etdi-de, birdenem ýaryldy:
-Eý! Siz-eý! Näme, bu ýanda özara myssyjak-myssyjak gepleşen bolan bolup, maňa kelebiň ujuny ýitirtjek bolýaňyzlarmy?! Hä?! Agzyňyzlary ýumuňlar-eý! Eşidýäňizmi?!
-Weh, ýüregim-ä ýardyň-la, kakasy!-diýip ýoldaşynyň oslagsyz jabjynmasyna aýaly ziňkildäp gitdi-de, ýakasyna tüýkürdi:-Tüf-tüf-tüf! Toba-toba! Biraz ýuwaşrak azgyrylsaňam eşidip otyrys ahbetin!
Äri bu gezek aýalynyň çoçgaryna çolaşmady. Ünsüni sowdurman ogluna hüjüm etmegini dowam etdi:
-Näme-eý, sen diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagyna, öňki gepleşen bagşym bolmyýamy?! Hökmän şo psihtaliýaň gerekmi?! Hä?! Bahasam-a oň, iki-üç sagat üçin ep-esliň ýarysyndanam gowragyny bermelimiş diýip eşitdim?! Hä?!
-Jantaliýa!-diýip ýigit keçäni dyrmalap oturşyna pessaý hüňürdedi.
-Hä?!
-„Psihtaliýa“ däl, onuň ady „Jantaliýa“ diýýän, kaka!
Kakasy oturanja ýerinde gymyldy-hereketsiz, dem-düýtsüz gök-daş bolup doňdy galaýdy.
-Waý-waý, kakasy! Haý duraweri, beýle öte gazaba münmäweri!-diýip, ýene-de ilkinji bolup hatyn görgüli oda düşdi.
Onýança kakasy „owhuldap“ bir demini aldy-da, gany ýüzüne urup çym-gyzyl bolan maňlaýyny, duluklaryny öňünde ýatan köne desmal bilen süpürişdirdi. Gahar üstüne gapdalyna mäjerläp taşlan ýassygyny goltugynyň astyna dartdy-da, gyşardy. Birsellem gözüni ýumup, ses-sedasyz gymyldaman ýatdy. Birhaýukdan soň onuň ýüzi adaty reňkine gelip ugrady. Emma şonda-da ol gabagyny galdyrmady. Özüne zor salyp parahat geplemäge dyrjaşýandygy göz-görtele bildirip duran äheňde, gyryljak dil ýardy:
-Onna näme, şo meň gepleşen bagşym toýuňda aýtsa saňa bolmyýa-da, onna şeýlemi, ogul?!
Penjiresine dönüp oturyşyny üýtgetmändigi sebäpli özüni kakasynyň görmeýändiginden bihabar ýigit, „ýok“ diýýän terzde başyny ýaýkady. Soňam: „jukk“ etdi.
Gözi ýumulgy kakasy oglunyň başyny ýaýkanyny görmese-de onuň „jukguldysyny“ eşitdi. Ýene-de bir käse çaý içer salym kelam agyz geplemän, doňup ýatdy. Bu gezek dillenende onuň sesi hasam gyryk çykdy. Hüňürdä ýakyn.
-Biz ýaş wagtymyz, otuz ýyl mundan öwal-a şol meň gepleşen bagşymy toýunda aýtdyryp bileniň ýeriň ýüzünde ahmyry-armany galmyýady. Indem haýsydyr bir „Psihtaliýa“ diýip gül ýaly, teležkaçy Tozatdy bagşyň ýüzüne it degirýäler!-diýip hümürdedi-de gözüni açdy. Oglunyň ýeňsesini gözleri bilen köwläýjek-köwläýjek bolup çiňerildi. Ýene-de bir gezek uludan bir howurly dem aldy:
-Äý hawa-da! Öwal-a dädeň hamyny soýanyň-a soýanyň, soň süňkünden etini sypyranyň hem sypyranyň, inni onuň bilenem kanagat etmän ystyhanym içre ýülügünem sorjak bolýaň-a, sen! Wa-a-ah! Şü seň ýalyň biri doglanyndan-a oglan döwrüm satanymyň arasyna eşek depip önelgesiz galanam bolsam köp ýagşy bolardy! Bar, bar! Näme etseň, şony et, bileniňden galma! Dädeň bir ýagyr eşekdir, bi berýän azabyňam, inniki berjek güzaplaryňam boýunsunuk çeker!-diýdi-de kakasy göwnigeçgin halda elini salgady-da, beýlesine döndi.
Ýigit birbada öz gulaklarynyň eşidýänine özi ynanmaýan dek agzyny öweldäge-de saň gaty bolup galdy. Birdenem hälden bäri igeläp-igeläp, kakasyny halys surnukdyryp razylygyny alandygy aňyna ýetdi. Onuň ýüzüne dünýäsygmaz şatlygyň öwüşgini çaýyldy. Laňňa galdy-da, göýä ýeňsesinden allajy kowalaýan ýaly, daşaryk okduryldy. Diňe onuň yzyndan işik jarkyldap ýapylyp barýarka, daşardan: „Kaka! Eje! Men häzir derrewjik şähere gidip, bagşy bilen gepleşip gaýdaýyn! Ýogsa ýetişmeris, toýa-da az gün galdy!“ diýip gygyrýan şadyýana owazy geldi.
Tersine düňderilip, ýüzüni ýassyga berip ýatan kakasynyň nähilidir birhili lapykeçlik bulamagyndan doldurylana dönen aňynda bolsa, ýüňi ýeten goç oglunyň ýaňky jümlesi ýüregedüşgünçlik bilen yzyny üzmän şol gaýtalanyp durdy:
-Öýlenjekgä!!!...

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 406 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
4 Dunyagozel   [Mowzuga geç]
biggrin biggrin
Oglanam bir näz eder eken. Toba

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Äý hawa-da, Zeminiň daşyny gurşaýan maglumat meýdany aýdym-saza has duýgur seslenýär-dä. Alymlaryň suwa dürli owazlaryň ýetirýän täsirini anyklamak üçin geçiren eksperimentlerini ýada salyp göräýmeli. Gapdalynda gowy gürrüňler edilen suw näçe günläp çüýşe gapda dursa-da porsamandyr, gapdalynda yzyny üzmän hapa-paýyş sözler diýlip durlan suwam ýaşyl kerep bilen kerepläp birki günüň içinde porsapdyr. Adamyň organizminiň hem 80%-i suw diýýärler, eger-de ýalan bolmasa. Şol sebäplem oňa owaz has täsirli bolýan bolaýmasa. biggrin

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Has, gowy bahaň üçin minnetdar. Bu ýerde diňe bir kelpeň bagşylar barada kinaýa däl-de, özleri üçin "iň wajyp" zatlardan başga zada üns bermeýän ýaşlar, Süleýman pygamberiň: "Hemme bolan zatlar ýene-de bolar" diýen tymsalyny unudýan uly ýaşlylar barada-da henek bar.

0
1 НаS   [Mowzuga geç]
Yaşuly satiriki Berdimuhammet Gulowyñ hekaýalaryny ýatlatdy biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: