20:49
Ynsabyñ jezasy -22/ romanyñ dowamy
ÝIGRIMI IKINJI BAP

Ajap eje pensiýa çykdy. Jumagülem birküç günden aýdypdy. Ajap eje onuň çişi bilen ýüňüne güýmendi. Ilki kynlyk bileň ördi, soň ugruny düzdi. «Boljak öz-ä» diýip göwnüni awlady. Elin ören jorabynam özi geýmän, Aýperä geýdirdi. Jumagülüň sargydyny ene ýene tutup bilmedi.
–  Ilki nesibäňi özüň geý, eje.
–  Geý diýdim, geýäýsene, Aýym.
Gyz enäniň raýyny ýykyp bilmedi. Galyň ýüň jorap aýagyny gor ýaly etdi. Ene ikinjini örüp başlady, Ýöne ol önenokdy. Öňki örendäkisi ýaly, çiş barmagyna çümüp-dürtülip, häli-şindi awundyrýardy. Erjellik bilen örjek bolýardy. Gaharyny çişden, ýüňden çykaraýjaga dönüp, käte-käte öz başyna hüňürdeýärdi. Birdenem radiony açýar. Göçgünli ses jaýy gaplap alýar. Aýperiniň geler wagtyna çaý goýýar. Ýene el işine gümra bolýar. Günler birmeňzeş geçip dur. Nedenem radioda çörek hakynda gepleşik başlaýar welin, durşuna gulaga öwrülýär. Içine giräýjek-giräýjek bolup diňleýär. Eýýäm gutardymy? Yzyna garaşýar. Emma indi nany aýawly saklamak hakynda gürrüň edilmän, haýsydyr bir mukam ýaňlanýar. Çörek barada gowrak gür beräýmel-ä! Hümmetinden söz almaly, yrýa etmeli däldigini nygtamaly. Garaz, oňa nan barada agzalsa bes. Arman, olar Ajap ejäniň isleg-arzuwyndan bihabar! Näme sadagasy boldugymdan gür berilse diňlemejek barmy? Söz ýetmezçilik edýärmi?
Ene derrew bir küýe münýär. Bir ýerden duz torbany tapýar, bir ýerden kendirigi alýar. Suw gaýnap ugransoň düşürýär-de, hamyr kerseninde duz ezip başlaýar.
– Aýym bir gijräk geläýbilse ýagşydyr.
Gyzy edenine, diýenine däl diýmese-de, ene öz-özünden müýnürgeýärdi. Öňürtiläýin diýip gyssagy özi bilen boldy. Garşy-garşy özüne pyşyrdaýardy.
– Petir edip bilmezmikäm?
Ajap eje hamyra ýag gardy. Etiň, ýagyň jigirdeginem oňa goşdy. Kersendäki goşoýumruk ýaly hamyry Ajap eje keýp edip mynçgady. Edil çörek zawodynda çörek bişireniňdäki hereketini gaýtalaýardy. Bütin göwresi, düýrmegi bilen ullakan kerseniň düýbündäki sähelçe hamyra berilýärdi. Arasynda çig hamyry agzyna salyp dadyp-dadyp görýärdi. Ýagşy mäjumlanyp ýugrumy ýetensoň boldum etdi. Sypap-sermäp gazyň pejini tapdy-da ýakdy.
– Goý, biraz gyzsyn.
Oklawy alyp ýaýdy. Külçe görnüşinde bölekledi. Pejiň howry artyberende elini oda çirkizip sajda goýdy. Ýagyň, jigirdegiň jyzyrdamasyna garry gül-gül açyldy. Beýlesine düňderdi. Derrew elini agzyna eltenini duýmady. Eli otly demre basylaýan oguşýan! Iň soňky ýaýymyny bişirip bolanda öz-özüne igendi: «Hamyry gowrak ýugursamam boljak ekeni». Bu mahal Ajap ejäniň begenji çäksizdi. Neden gazy öçürmegi unudypdy. Ýagly çöregi gazete çalarak dolap, aýagyna galoşyny gowaldaň sokdy. Goňşusynyň gapysyny kakdy. Goňşusyny eli çörekli gören goňşy:
– Gel, gel goňşy, gir-gir – diýdi.
– Ýok. häzir gyzym işden geler. Ýene muny elinje bişirdim. Alyň, dadyp görüň.
Goňşy duza-hödür-kereme sarpa goýup, ellerini döşüne goýdy.
– Minnetdar, minnetdar – goňşy öwran-öwran gaýtalady. Uzadylan iki çöregi durşuna aldy. Ajap eje yzyna öwrülende goňşusam gapysyny ýuwaşja ýapdy. Ýap-ýaňam keýpi çag Ajap eje azajyk suslandy. Çünki goňşusyndan garaşýany çykmandy. Nan hödürlenende ujundan geregiňi alyp, galanyny yzyna gaýtarýarlar. Ýöne ol beýtmedi. Ajap eje bolsa, beýleki goňşularyna-da dadymlyk goňşokara eltäýjekdi. Belki bu ujypsyz zatdyr, gürrüň edip oturasy işem ýokdur. Ýöne her halkyň öz inip-çykyşy, hödür-keremi bar. Bu Ajap ejäniň esli wagtdan bäri ilkinji gezek goňşokara paýlaýşydy. Öňler şenbede, ýekşenbede tamdyra çörek ýapyp, goňşularyna paýlardy. Hepdede diýen ýaly bu endigini gaýtalardy. Soň ol kesildi. «Bähbit bolsun» diýen Ajap eje açyk gapydan girmekçi boldy. Birden «wah» diýip içini çekdi. Gapy gulplanaýan eken. Açaram, içinde galdy. Çykanymda şark bolan ýaly boldy-la, asyl ýel ýapaýan bolsa nätjek!» Indi ene gyzy gelýänçä garaşmalydy. Böwrüni diňşirgendi. Ýene ýaňky goňşyň gapysyny kaksynmy? Ýok. Ajap eje aşak düşdi. Şol öňki tanyş, gideninde hamyr kersenli, gaýdanynda gyzgyn çörekli gatnaýan ýodajygyna düşdi. Ýodajyk ony indi nirä elter? Iki ýakasy üzümli, bagly gumak ýodajyk ony nirä ätdirip barýar? Diýmek, Ajap eje ýöremese-de, o ýodajykdan ýörelipdir, yzlar düşüpdir. Bu dünýäde iň gysga ýodadyr! A belki, has uzakdyr. Ol tamdyra ýetýär-de gutarýar. Öý bilen tamdyr aralygyndaky ýoda – ynsan bilen çöregiň arasyndaky menzil, ynsan bilen nan biri-birine ýakynmy? Bu ýoda-da öýden tamdyra ýakyn. Diýmek, nanyň mukaddes bolşy ýaly, bu ýoda-da, bu tamdyr-da mukaddes.
Ajap eje maňlaýyny tamdyra diräp, aýak çekdi. Mähriban tamdyr! Öz eli bilen palçygyny eýläp, çig kerpiçden örüp salan tamdyry! Ol gözlerine şeýle bir yssy, eziz göründi welin Ajap ejäniň süňňi bogun-bogun söküldi. Taýagyny sag elinden çepine geçirip, oturyp gursagyny oňa ýaplady. Ellerini daşyna aýlady. Ýetmedi. Ýetmese ýetmesin! Barybir ol tamdyra, tamdyr onuň ýüregine sygdy. Ajap eje içini-daşyny elleşdirip gördi. Taýagy bilen düýbüni dyrmalanda burnuna çap-çal ýanan oduň çüýrüntgi külüniň däl-de, bir wagt bişirilen mele-myssyk nanyň ýakymly ysy urdy. Arman, ondan bäri nan bişirilmändir. Bu mukaddes tamdyrda gör, näçe wagtlap hiç kim nan ýapmandyr Aýallar tamdyr towuny ýetirip, lowladyp, nan ýapmasyň keýpini bir bilsediler! Onsoň bir apbasa taýyn çöregi alyp gaýdaýman, özleri bişirmäge höwes ederler.
Ajap eje ýerden esli saýlanan tamdyryň ýykyk-sürşük körügini tapdy. Kesegini aýryp, şemallatdy, körükden köwsarlan şemal küli çalaja tozatdy. Soň bir möhlet suwagy gaçan, laýy gopan ýerlerini emaý bilen sypady. Ýene körügini bekledi. Ýagyş-gar zaýalamasyn üçin goýan üstki gapagyny basyşdyrdy.
– Aýym bilen suwap bilmezmikäm?
Ajap eje taýagyny tyrkyldadyp, tamdyryň gapdalynda çökdi. Göçen ýurduna soň-soň öwrülip gelen adamyň mähri-mühebbeti, çäksiz söýgüsini ýatladyp, ýüregini gopdurdy.
– Eje sen bu ýerdemiň? – aňyrdan Aýperi geldi.
– Edeniň bar bol-a – diýip, Ajap eje içerde açary goýup çykanyny aýtdy. Soň gyzynyň elinden tutup, öýe tarap ugrady. Birki ädibem guzusy galan goýun kimin garady. Tamdyr boş durdy. Onda-da ejesiniň nebsi agyryjy şol tarapa gaňrylyp durşuna haýpy gelen Aýperiniňem nazaryny egläp durdy. Ajap ejäniň hyýalynda tamdyrda ot gübürdese, Aýperiniň gözüniň öňüne onuň gapdalyna üýşürilen bedreli suw, dürtgüç gelýärdi. Ene eline repide alyp nan ýapyp ýüzüni suwlaýardy, gyzy äberýärdi. Şol aralykda ilkinji otdan-çykan gyp-gyzgynjak tegelek nanyň, güne meňzeş nanyň gyrasyndan döwüp alan gyz suwa basyp iýýärdi. Ajap eje soň ikinjini, üçünjini, dördünjini... çykarýar. Geçip barýan ýolagçy, tegelek nana gözi gidip agzy suwarýar, pul uzadýar. Tamdyryň howry ýüzüne hapylan Ajap ejäniň muňa gaşlary bürülýär. Aýperi bolsa Ýöne ýylgyraýýar. Eneli-gyzyň bu garaýşyndan ötegçi özüçe many alýar. «Puluňa çöregi dükandan al». Türkmen nany pula satylmaýar. Pyçak bilenem kesilenok, el bilen döwläýýär. «Ýöne näçe iýseň iý. Al, çekinme, çekinme», ol hoş bolup gidýär. Ajap ejä-de geregi şol.
Bahasyz zatlar mukaddes bolýar. Sagbolsunam, taňryýalkasynam bahasyz. Olaryň belli ölçegi ýok, çägi ýok. Watan, namys ýaly bahasyz, olary zat bilen satyn alyp bolmaýar. Tamdyram bahasyz zadyň biri. Diýmek, ýaňky ýolagça hödür edilen çöregem bahasyz.
Emma bu pille welin, ýurtda eýesiz galan kaşaň howly kimin tamdyra girip-çykýan el ýokdy. Diňe Aýperiniň gözüni gaýnadyp, ejesiniň ýüregini ersdirip güberip durdy. Emma tamdyrda ot lowlamasa, ala meýdanda at çapylmasa, gatnawly ýolda adam-gara görünmese, toýda bagşy aýdym aýtmasa – Ol durmuş gözi dokundyrmaýar. Her niçigem bolsa, süňňi oda, bereketli nanyň ysynyň ynsan eliniň ýylysyna ýugrulan tamdyr şuş-şu wagtam mukaddesdi. Eletmez belentlikdäki gala bolup görünýärdi.
Tamdyrda gözi galan Ajap eje.
– Tamdyryň, nanyň gudratyny bir rowaýat bilen gürrüň bereýin, gyzym – diýdi.
– Aýt, eje, aýt.
– Gadym zamanda bir patyşa biraz-owlak goşun bilen parahat oturan bir ülkäniň üstüne dökülipdir. Ogul olja, gyz ýesir alyp, gyran-jyran etjek eken. Şonda olaryň öňünden bir dana kişi ýaňy tamdyrda bişen ýarty nany alyp çykýar. Bu gudratly duz-çörekden patyşadyr nökerleri dadyp görýär. Ine onsoň, toba gelip, çöregiň üstünden ätläbilmän, özlerine käýinip, yzlaryna dolanypdyr. Şonda dana kişi töweregindäki adamlara garap, nanyň hümmetini has nygtapdyr. «Bir tegelek nanym bilen uly ýowy gaýtararyn» diýipdir.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: