15:16
Al, saña, Osmanly!
AL, SAÑA, OSMANLY!

1923-nji ýylda ilat 13 milliona ýetenokdy, 11 million adam oba ýerlerinde ýaşaýardy, 40 müñ oba bardy, şol obalaryñ 38 müñünde mekdep ýokdy. Traktor diýlen zatdan nam-nyşan ýokdy. Bäş müñ obada "sygyr çumasy" bardy. Haýwanlar, adamlar gyrylýardy. Iki million adam ysytma, bir million adam siflis, inçekesel, tip keselleri ýaýrapdy, üç million adam trahomalydy, çaga ölümi her müñ çagadan 480-di, her täze doglan iki bäbekden biri ölýärdi, ýurtda bary-ýogy 337 sany lukman bardy. Bary-ýogy 60 sany dermanhanaçy bardy olaryñ diñe sekizi türkdi. Diş lukmany ýokdy. Dört şepagat işgäri bardy. Kyrk müñ obada bary-ýogy 136 sany akuşer-ginekolog bardy. Ortaça ýaş kyrkdy.
Ýanan binalaryñ sany 115 müñ, ulanmaga ýaramsyz binalaryñ sany 12 müñdi. Ýurdy täzeden gurmak gerekdi, keramzidi-de daşary ýurtdan satyn almalydy. Portlar, magdan känleri, demir ýollar gelmişekleriñ elindedi.
Umumy kapitalyñ bary-ýogy 15%-i türklere degişlidi. Osmanlydan respublikamyza miras galan bary-ýogy dört sany zawod-fabrik bardy: "Hereke" ýüpek fabrigi, "Feshane" ýüñ fabrigi, "Bakyrköý" biýz fabrigi, "Beýkoz" deri zawody… Elektrik togy diñe Stambulda, Izmirde we Tarsusda bardy. Awtomobilleriñ sany 1.490-dy. Diñe dört şäherde hususy awtoulag bardy.
Aýal-gyzlar adam hasabynda görlenokdy.
(Inçekesel bilen gidişýän garamaýak halk agyllarda ýatyp-turýarka... "badamjanlaryñ" öwüp-arşa çykarýan soltany Abdylhamydyñ on alty sany aýaly bardy: Näzikeda, Safinaz, Dilpesent, Peýweste, Näzliýar, Bidar, Mezide, Emsalinur hanym we başgalar, jemi on alty sany... Ýaş babatda-da olaryñ hemmesi entek kämillik ýaşyna ýetmändi. Taýýip Erdoganyñ "atamyz" diýýän soltany Abdylmejidiñ ýigrimi iki aýaly bardy. Garamaýak görgüli sygyryna bermäge saman tapman ýörkä, onuñ köşgünde iki futbol toparynyñ düzümine barabar aýal ýatyp-turýardy.)
Teatr ýok, aýdym-saz ýok, surat eseri ýok, heýkel ýok, sport ýok. Arheologik eserler öýde gizlin saklanyp ogurlanmady, patyşalaryn sowgady hökmünde wagonlarda ýat ýurtlardan çykdy.
Kimler "alaturka sagat" ulanýardy, günüñ ýaşýan çagyny 12:00 hasaplardy. Kimler "zewali" sagat ulanýardy, günüñ süýr günortan wagtyny 12:00 hasaplardy. Kimler gün ýaşanda "grubi sagada" esaslanardy, kimler gün doly ýaşansoñ gygyrylýan azany sagat deregne kabul ederdi. "Sagat näçe boldy, byradar?" diýip soralanda, her kelleden aýry ses çykardy.
Kimler hijri kalendaryny ulanýardy, kimler rum kalendaryny. Kimsiniñ fewraly kimsiniñ dekabryna gabatlaşýardy. Hemmeler şol bir wagtyñ içindedj, emma, aýry-aýry aýlarda ýaşaýardylar!
Dirhem, okka, çeki bardy. Arşyn, gulaç, parsah uzlynlyk ölçegleri bardy. Ne agyrlygymyz dünýä bilen sazlaşýardy, ne uzynlygymyz... Ölçeglerimiz orta asyrlaryñ ölçeg birlikleridi.
Erkekleriñ ýüzden ýedisi, aýal-gyzlaryñ müñden dördi okap-ýazyp bilýärdi. Okap-ýazyp bilýän erkekleriñ köpüsi ýa harby gullukçydy, ýa-da musulman däl halkyñ wekilidi.
Mekdep ýaşyna ýeten her dört çagadan üçi mekdebe gidenokdy. Jemi 4.894 başlangyç mekdep, 72 orta mekdep, 23 liseý bardy. Türkiýäniñ ähli liseýlerinde bary-ýogy 230 gyz okaýardy. Mugallymlaryñ üçden biriniñ pedagog bilimi ýokdy. Ýekeje uniwersitet bardy: Darulfünun (häzirki Stambul uniwersiteti -t.b.), olam medreseden azajyk elhalrak diýen ýalydy. Ýurt ylym-bilimden daşdady.
Alty ýüz ýyllap türkmen-türk diliniñ namys-mertebesi aýak astyna alnyp, osmanly dili diýlipdi, arap-pars, fransuz, italýan dillerinden geçen sözler dilimizi doly basyp alypdy. Garşylaýyn sesli-sessiz harplary bolmadyk arap elipbiýinde türk dilini ýazjak bolýardylar.
"Elipbiý çalşygy boldy, bir gijede jahyllaşdyryldyk, itleşdirildik" diýen bolýarlar-a... Ybraýym Mütefferikadan bäri ýüz elli ýylyñ dowamynda çap edilen kitaplaryñ umumy sanyny bilýäñizm? Bary-ýogy 417 sany. Bularyñam köpüsi gaýrymüslimleriñ (musulman dälleriñ) çaphanasyndan çykypdy. Galyberse-de, Mütefferikanyñ özem asly wengerdi.
Biziñ illere kitap diýlen zat gelýänçä, Ýewropada dürli temadan 2,3 million kitap çap edilipdi, baş milliard ekzemplýary okyjylara satylypdy. Wolter bir kitabynda şu ajy hakykaty ýazypdy: "Stambulda bir ýylda ýazylanlar Parižde bir günde ýazylanlardan azdyr!"
Indem nämemiş, gadyrdanlar, mazar daşlaryny okajakmyş... Sen ilki iki sany kitap bir okasana, dünýäde nämeler bolup geçipdir, habaryñ bolsun azajyk!

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 10.12.2014 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 73 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: