10:18
Ynsabyñ jezasy -19/ romanyñ dowamy
ON DOKUZYNJY BAP

Aýperi öýde düzmelere güýmenip otyrka telefon jyňňyrdady. Bu eýýamlarda olara hiç kim jaň etmändi. Käte bir işden ejesini soraýmasalar, başga bir gelip-gidýänem, habar-hatyr tutýanam ýokdy. Jumagül bolan bolsa günde-günaşa ýa gelerdi, ýa-da hökman til urardy. Aýperi kerem-ara baryp trubkany galdyrýança, ses kesildi. Ýene birsellemden gaýtalandy. Aňyrda erkek adamyň sesini eşden Aýperi neden özüni ýitirdi. Oda düşdi. Gulaklaryna ynanmady. Ynandyrjak, özüni tanatjak bolýan şekilde aňyrkam janykýardy.
– Allo, allo, Aýperi, bu men, men.
Aýperi onuň kimdigini tanapdy. Ýöne gyzy kürtdürenem şoldy. Ýüzi gyzardy. Kükregini dolduryp-dolduryp dem aldy. Aksowult ýüzüne al reňk çaýylansoň, ol bu pille diýseň owadan görünýärdi. Näler bir zat, bir zat diýesi gelýärdi welin, diline söz gelenokdy. Gorum-gowşak bolan gyz mahaly bilen demini dürsäp bilmedi. Soň bimejal dodaklary çala müňk-müňk etdi. Ol aňyrdaka eşdiläýýärmi?
– Näme, gepläňok-la, Aýperi?
Aýperi onuň gyssamagyna pitnwa etmän, indi özüni ele alypdy.
– Hoş gördük.
Her niçigem bolsa, Aýperiniň keýpi göterilipdi. Näçe wagt sözleşenlerini ikisem unutdy. Ýöne çaý içim salym geçip geçmänkä, gapyda uzyn, inçesagat göwre göründi. Ol Ýeňişdi. Ýeňiş açyk gapydan göni giräýmäge bir bada milt edip bilmedi. Ýigidiň garasyny görenindenmi, ýa edähede görämi, Aýperi eýýäm bosaga gelipdi. Göz göze ýiti kaklyşsa-da, el ele sowuk uzady. Ýeňşiň uzadan bir desse çemeni hernä Aýperä tutaryk boldy. Ony dessine küýzejige saldy-da, suwlady. Aňyrsyna bakyp, ysgap-ysgap görýänini Ýeňiş synlaýardy» Aýperi ýeňsesinde gözi bar ýaly, öwrülmän:
– Näme aýak üste dursuň, geç ahyry?! – diýip, şeýle bir gyz näzi, gyz mylaýymlygy bilen aýtdy welin, ýigidiň ini jümşüldäp gitdi. Gyzyň tolgunyp-sandyrap durşy bärsine dönmäge bahana tapmaýan ýalydy. Bu mahal içeri dymyşygam bolsa, içgysgynç däldi. Gaýta ýakymlydy. Bagra basylýan ajaýyp bir pursatdy. Aýperi soň diwanda oturyp, Ýeňşe ogryn-dogryn seredip, aşhana tarap gitdi. Çaý goýup geleninde ýene ýigide dikan garamaga ejap etdi. Ýere bakyp, gözlerini balkyldatdy oturdy.
Ejeňem bir mydar gymyldap ýörmi?
– Ýagşy.
Ajap ejäni agzanynda, mele myssyk nanyň hoştap ysy Ýeňşiň burnuna uran ýaly bolardy. Nirede bolsa-da, eglip tamdyra çörek ýapyp duran aýaly görse, tanyş ýüzem, keşbem repidäniň üstüne goýlup äberilýän tegelek nana meňzeş Ajap eje gözüniň öňüne gelýärdi. Hemme aýallaram nan bişirýär, emma bary beýle däldi. Ajap ejäniň bişirýän çöreginde welin, birhili işdäňi açyş gudrat bardy. Iýeňde aňryň hurş küýsedenokdy.
Şüş-şu wagtam aşhanadan Ajap ejäniň eliniň mähri siňen nanyň täze bişirilen bolmasa-da, ýakymly ysy gelýärdi.
Aýperiniň göwnüne bolmasa, ýigidiň sarsman oturyşy özünde müýn bara meňzänokdy. Birden zompa çykyşy, oslagsyz til urşy gyza geň-taň duýuldy. Wokzalda gözüne elem-ebtat görnen Ýeňişmi şu! O näme üçin Aýperä, Jumagüle görünmeden ejap etdi. Ençe wagtlap köwlenmedi? Indem çat maňlaýynda otyr. Horlanaýypmam? Ýeri, bularyň baryny jikme-jik sorasynmy? Häli seniň ne işiň diýse, näme diýjek! Beýdip aňyrsyna ýeter ýaly, beýläňe geçiren ýigidiňmi? Birek-birek bilen ýürekden düşünişer ýaly är-aýalmy? Ýanýoldaş ýanýoldaşdan hasabat sorasa, aýyp däl. Giden-goýan ýerini sorap-idemäge-de hakly. Belki, durmuşda aýallaryň ärlerini berkräk tutmagy gerekdir, ýogsam olar käte gaty gitgiç bolaýýarlar. Başyna goýberseň ýelliräk erkekler özlerini şalpy-şaraň tutmadanam gaýtjak däller. A belki, käbir erkekleriň özbaşdaklygy zerurdyr. Olaryň ownuk-uşak hereketlerini yzarlaberseň, kejikmeleri mümkin. Käbirlerine ýazylganlyk gerek. Çylşyrymly mesele.
Emma Aýperi Ýeňişden bularyň hiçisine-de garaşmaýardy, asla talabam edip biljek däldi. Şu wagt-a arada üýtgeşik syr ýok, bolaýanda-da açsa-aýasynda, ýumsa-ýumrugynda etmegi islemez. Ol garamatyny biriniň boýnuna atansoň, ynam bilen, süýjülik bilen ýaşaşmagyň tarapdary. Durmuş arabasyny bileleşip tigirlemegiň isleg-arzuwynda. Ýöne bütinleý erkini ýassykdaşyna beräýmezem. Ýok, ol beýle aýallardanam däldir. Onuň durmuşa öz garaýşy bar, öz agramy bar. Öz agramyny saklap bilmedik zenanyň durmuşda bary-ýogydan. Ýok ol erikiňi gidermek ýaly bir zat bolar, öz buýsanjyňy ýele sowurmak bolar. Ol hiç haçan beýle aýal gowşaksyzlygyny etmez. Ýöne özüni söýeni welin, söýer. Ýürekden söýer. Nirä gitse, gidibersiň, dört tarapy açyk. Aýralyklaram ömürde näçe duşsa, duşubersin. Başy dik bolup, aram-aram yzyna köwlense, bes. Ol ona hiç kimde ýok, bolup-da bilmejek umyt, ynam, söýgi bilei garaşar. Hiç kimde ýok göz bilen ýarynyň didesine garap, hiç kimde ýok söýgi, mähir bilen söýlär. Ejesi ýeke dikrarynyň bagty üçin, öz bagtyny öçürip ölen adamsynyň söýgüsi bilen ýaşap ýörmänmi? Geçen uruşda söwer ýarlaryndan jyda düşen baýdak boý gelinler bir- wagt ölen soldatlaryna garaşyp ýörmeýärlermi? Gündiz olaryň ruhy bilen teselli tapsalar, gijelerine düýşde görmeleri bilen kanagat edýärler. Beýle jebir-jepa ynsan başyna gaýdyp düşmesin. Ýogsam olaram naçarlar...
Aýperi näme üçin bu zatlaryň başyny agyrdyp, serini söwdaýa saldy?! Muňa sebäpkär Ýeňişmi? Onuň gürüm-jürüm bolup, ýene gaşyna gaýdyp gelmegimi? Inini-boýuny deňläp gyz hyýallar deňzinde indi-indi gulaçlamaly däldi. Bu herdem hyýallarda agyp-dönmegine, gereginden artyk pikir etmegine gyzgalaňly jahyllyk çagy sebäp bolan bolsa gerek. Ýeňşiň özi dil ýarmasa, Aýperi bu geliş-gidiş barada söz açmazlygy ýüregine düwdi. Ähtimal, gyz ýigidi-utandyraýmaýyn öýdüp çekinse-de çekinendir. Herhal, özüne basalyk berip, soramasa ynjalmady.
– Birazlap görünmediň-de, Ýeňiş? – Aýperi pyýala gözlerini ýigide heserli aýlady. Ýeňiş jogap bermäge howlukmady. Nämedir bir zatlary içinden saldarlap görýän ýalydy. Ölçäp-kesip ýeledenmi, ykdanmy aýlanjagyny bilmän kösenýäne meňzeýärdi. Aýperi Ýeňşiň özi bilen oturyşy bir hem bolsa köňlüniň galagoplydygyny, belki, häzir syzandyr. Näme üçindir ýigit ony sähelçe-de duýduranok? Ilkinji duşuşykda ýigide gyzyň syny oturypdy. Aldajy jalataýlara aç arslan kimin okdurylyp, naçary penjelerinden alyp çykyşyna telpek goýupdy. Soň, soň bolsa, gönümelligi, töwekgelligi özüne bendiläpdi. Nurnazary kyn pursatda tanap, üstünden atanak çekse, Ýeňşe ýagşy günde-de, ýaman günde-de bil baglap boljak diýip, kän-kän oýlanypdy. A bu gün!.. Bu gün bolsa ýene öz sözünden özi daşlaşyp barýar. Bu gözler, bu ýürek durmuşda ikinji sapar aldanaýarmy? Eýsem Ýeňşem Nurnazar kimin alnyndan palak ýumurtga bolup çykaýarmy? Ýok, ajydäne maňyz erikde bolýar, pak hozda bolýar, üsti ak, asty gara pagta gowaça gozasynda bolýar. Ýok, kä adamyň ýüzi ýylmanagam bolsa, ýüregi gara bolýar ahyry. Ýeňiş beýle däldir. Ýeri onda dymmagy näme?
– Gel, şuny soramasana, Aýperi!
Ine, ol ýene çynyny aýtdy. Aýtmak islemedi, Ýöne gara çyny. Başgaça bolup hem biljek däl. Eger bolşy-bolşy ýaly aýdaýanda-da, häzir Aýperä şol dört sözden beter täsir ýetmez. Goý, ýigit syryny gizlese gizlesin, bu gün mälim etmese, erte bary bir aýan bolar. Aýdyş äheňinde galdyr – baslyk ýokmy, ýok. Şo gowy. Islese, baryny birme-bir aýtjakdygyna gyzyň gözi ýetip dur. Geregi ýok. Onsuzam keýpi onçakly däl, gussaly...
Olar bile şähere gezelenje çykyp, bile-de tirkeşip gaýtdylar. Awtobusdan düşüp, pyýadalap ýöräp ugranlarynda kimdir biri Ýeňşiň ýeňinden çekdi. Muny Aýperi-de duýdy. On, on iki ädimlikde säginen gyz Ýeňiş bilen gürrüňleşip durany görüp, nirededir bir ýerde görenini ýatlady. Ýolda duşanyň şol gijeki Kostýadygy şol wagt ýadyna düşmedi.
– Ýeňiş, oňat duşaýdyň. Seni idäp ýörşüm. Men-ä aýagym bişen ýaly bolup ýörendirin.
– Hä, näme, Kostýa? Eýgilikmi özi?
– Wah, eýgilik däl-dä! Marady Goç zor bilen diýen ýaly jaýa äkeldi. Indem aldym-berdime salýar.
Ýeňşiň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
Ara salym salman, Kostýany haýdatdy. Soňam Aýperiniň ýanyna gaty-gaty ýöräp geldi.
– Bolmady, men gitmeli boldum, Aýperi.
– Zyýany ýok, işiň çykan bolsa ötägit.
Gyssagy özi bilen bolan Ýeňiş zym-zyýat boldy. Onuň ýolugra bir taksini saklanyny Aýperi yzyndan görüp galdy.
Dogrudanam, Ýeňiş gaharlanýardy. Dişini gyjap, dodagyny dişleýärdi. Ylgaşlap gelşine gulply gapyny döwere getirip ýumruklady. Açaryna mähetdel:
– Goç, aç, aç! – diýip gyssandy.
Goç açdy-da, sesini-üýnüni çykarman, aňry gidiberdi. Ýeňiş öýe köwşi-zady bilen geçdi. Görse, ýarym ýalaňaç boýnuny burup burçda Marat dur. Goç bolsa eli gamaly çat maňlaýyna geçip, çilim kükedýärdi. Kostýa-da girip-çykan bolup ýördi. Ýeňiş howuny peseltmän.
– Nu nä boluş, Goç! – diýdi.
– Menden sorama, ine, bi züwwetdinden sora, düşdüň!
– Marat, näme boldy?
Haýýaty göterilip, gorkudan ýaňa ýüzüne öliň reňki uran Maradyň sowala jogap bermäge gaýraty çatmady. Sandyrap, bir gysym bolup, aýak üste durdy. Goç onuň geýimini sypyrypdyr. Eşigi öňünde üýşüp ýatyr. Diňe bilinden aşagynyň örtgüsini goýupdyr.
– Me-me-niň zat-zatdan habarym ýo-ýok.
– Galat! – Goç dergazap boldy. Laňňa galdy-da, oturan oturgyjyny bir gyra pyzyp goýberdi. Stul şakyrdap agdaryldy. Kostýa baryp düzetdi.
– Sen ýetirmeseň, kim ýetirer? Kostýamy? Menmi? Ýeri, kim? – Goçuň dişleri şakyrt-şakyrt etdi. – Biziň syrymyzy dördümizden başga bilýän ýok. Saňa öň näme diýipdik. Bir ýerde diliňden sypdyrsaň ganyňy gotura derman ederis diýmänmidik. Düşdüň!
– Me-men hiç zat edemok.
– Merez edemok, zäher edemok. Sen gitdiň, bulaşdyk. Tutha-tutlyk boldy. Öz eltenimem tutuldy. Kostýaň elten adamam gapjaldy. Ýeri, seň eliň bolmasa, beýle bolaýmalymy? Birgiden zat köýdi, eşidýärmiň, birgiden pul, düşdüň. – Goç apaň-apaň ädimläp, gamanyň sapyny Maradyň eňeginiň aşagyndan diredi.
– Kezzap. Saňa iki aganyň hyzmatkäri diýerler. Syparynam öýdensiň. – Goç yzraga çekilip, eliniň tersi bilen ýelmäp goýberdi. Marat lampa oturdy.
Ýeňiş ara düşdi. Goçdan gamany aljak boldy welin, ol elini silkip goýberdi.
– Utan, Goç, utan. Şu göwräň bilen ýumruk ýaly oglanyň üstüne dazarlyp dursuň. Päý, seň gany gyzma bolaýşyňy. Muny gynanyň bilen giden pullaryň gaýdyp gelýän bolsa gyna, ur, öldür – Ýeňiş bir ýana sowuldy: – Inder gamany kükreginden. Onsoň gözüň nämäni görer. Atylasyň gelýändir. Saňa ajalyna howlugan diýerler. Şeýdip, Kostýanam demir gözenekde oturdasyň gelýändir. Menem gelen ýerime iberesiň gelýändir. Saňa dost-ýar gerek däl, pul gerek – Ýeňiş kisesindäki bar puluny Goç bilen aralyga oklady.
– Me, al. Karun ýaly gözüň gumdan dolsa-da, puldan dolmaz. Kostýa, ber senem! – Kostýa iki jahan owarrasy boldy. – Edýäniň ogurlyk-jümürlik bolar-da, adamdan görermiň. Bigünä neressäni aldym-birdime salyp otyrsyň. Sen beýdip gözden düşýäň, gözden.
Goç gowşady, çilim otlady. Ýöne elinden gamasyny goýmady. Marat bolsa gözüniň ody alynmasy bilen arkasynyň tutulmagyna ejizläp, sessiz aglamaga durdy. Ýeňiş onuň köýnek-balagyny äberip:
–  Geý eşigiňi! – diýdi.
Marat titräp-titräp geýindi.
– Şu ýerden garaňy saýla. Dagy-duwara bu jelegaýlarda görmäýin. Sendenem bir erkek bolarmy, içiňde janyň ýok ýaly. Tur güm bol.
Ýeňiş gapyny açyp, henizem bu elmaýyşlyga ynanman, gorka-gorka töweregine ýaltaklan Marady öýden çykaryp goýberdi.
Goç oturgyjyň arka ýaplanýanyna tirsegini diräp otyrdy. Kostýa söm-saýak durdy. Ýeňşem diwanyň gyrasyna çökdi. Öýde adam bara meňzänokdy. Üçüsi üç ýerden dymýardy.
Ýeňiş oturan ýerinden Goça sowuk ýüzlendi.
– Soňkyň tutulanyny nireden bildiň?
– Eşitdim.
– Ýalan bolaýmasyn.
– Çyn.
– Zat känmidi?
– Azam däldi.
– Ozaldan yzarlanýan-a däldir.
Goç iki egnini deňine ýokary galdyryp, aşak goýberdi. Bu onuň «hudaý bilsin» diýdigidi.
– Boljak iş bolansoň, ökünmäniň hajaty ýok. Kim bilen iş salyşýaň, nädip salyşýaň öňünden bişirmeli. Kostýa ikiňiz ur-tut äkitdiňiz, berdiňiz. Soňam ondan el ýuwmaly bolduňyz. Goç beýdip ýas tutup oturar ýaly deregiň dagaýan däldir-le. Ýa dagaýdymy?
– Dagamasa-da dagajak.
– Maýaň bary şomy?
«Hany o ogurlanan pullar? Ýigrimi müň manady nätdiň?» diýmek Ýeňşiň diline geldi. Dörjeläbermesini Goç halamaz öýtdi. Goç egnaşyry Ýeňşe mölerip seretdi, barybir, Ýeňşiň sowaly jogapsyz galdy.

* * *
Ogurlanan puldan entek-entegem yş ýokdy. Söwdagärler ele salnypdy. Olar Goç bilen elleriniň bardygyny aýtdylar. Onda-da ýüpek söwdasyny edýändiklerini öz dilleri bilen aýtdylar. Puldan welin, bihabar. Eýlesinden baryp gördüler, beýlesinden ýapjadyp gördüler, netije çykmady. Öwez Akyýew ondan nähili uç tapmak barada soňky günlerde hasam köpräk oýlanýardy. Şu döwür içinde puly ogurladanyň öz daban azabydygy dogrusynda kolhoz prawlenýesiniň güwä geçýän haty gelipdi. Haçan goýlup, haçan alnanyna deňiç amanat kassadanam düşündiriş iberilipdir. Polkownigiň Ýaýlym Abdyýew bilen ylalaşmaýanynyň bir tarapy Goçdy. Ol Goçuň eline derrew zynjyr urjak-da, sen-men ýok sykajaga salyberjekdi. Şeýtdiňem-dä!.. Onsoň pul uwlap gidiberse nätjek! Ol-a bir öz eňek adamdyr. Ýerden ses çykar, ondan ses çykmaz. Ogurlyk-jümürlige baş goýanlar pi- kiriň öýi. Ylaýta-da, Goç şatyny göre-göre gelýän adam. Ýok, beýtmek bolmaz. Belki, birneme gyssanylýandyr. Wadim Sergeýewem maýoryň pikirini goldamady. Maýoryň adam tutmasa, şatyrdadyp sorag edibermese, eli gijäp, içi gyjyklabermesi bar. Işiň aňsadyna bakman, operasiýany ahyryna çenli alyp gitmek gerek. Uzagyndan yş açsa-da, bolany. Yş açjagyna-da bil baglaýar. Ýogsam bu giden harytlary Goç nireden alsyn. Ozalky oňan söwdasyndan diýeli. Puly ogurlanyň şoldugy anyk bilindi ahyry. Nirededigi, kimdedigi nämälim. Ülpetleri gapjalansoň, burny deşilene dönüp, pulundan, harydyndan el ýuwup oturyberse, maýor mamla. Assyrynlyk bilen ysyrganyp, öňküje ýodajygyndan dikgirdäberse-de, Goçuň Goç boldugy.
Polkownik bu iş ynanylan adama täze görkezmeleri berdi. Juda seresap hereket etmegi tabşyrdy. Marat barada getirilen «soňky habarlary» diňledi. Soňra beýleki etmeli işleri bilen boldy.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 73 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: