10:06
Ynsabyñ jezasy -18/ romanyñ dowamy

ON SEKIZINJI BAP

Goçuň guşy uçdy. Ýeňşiň öňünden özi çykdy. Marat bilen gadyrly görüşdi ýüki elinde sallap, apaň-apaň basyp gaýtdy. Kostýa eýýäm saçagy bezäpdir. Jaýda getirilen harytlary saldarlady Ýöne näm üçindir iki gözünden biri Maratdady. Ol näler bildirmezlige salsa-da, Ýeňiş gaşyny bürşük görýärdi. Kostýa baryny gür berip ýetişäýdimikä?
Iýildi-içildi, dem-dynç alyndy. Marat uklap galdy. Argynlyk, ukusyzlyk Ýeňşiňem näler gerdeninden basýardy. Çydamalydy. Onda-da gel-gel şu dara-direde Goçuň Maratdan göwni suw içen däldir. Onuň hor çeki ýatyşyna-da jyny atlanýar. Ýeňiş welin, ýoldaşynyň gürrüňini etmedi, etjegem däldi. Ýöwselligini diline çolamady. Namartlyk bolar. Onsoňam biregiň ýeňsesinden otlamak ýek ýigrendigi. Ýüzüne aýt, ýagşysynam, ýamanynam. Ikinji adama gep ýetirmek erkeklik däl. Taň zat: Goçam soramady. Uzak gije welin, üçüsiniň hümürdisi ýatmady. Gül çyrajygy burçdan ýakyp, ümmüldeşdiler. Selärlikde üçüsem oýandy. Maradyň henizem agzyny açyp, horlap ýatyşydy. Ony oýatmadylaram. Goçuň haçan turup, haçan işe girişeninem duýmadylar. Harytlary aýry-aýry gaba salyp goýupdyr. Soň birwagtyň özünde Kostýa ikisi gürüm-jürüm boldy. Ýeňiş uly ýola seretdi. Garalary görünmedi. Podezdiň gapysyndan çykanlarynam görmän galdy. «Ýok o ýerden çykan däldirler. Eýsem nireden?» Ýöne bir salymdan köçäniň aýagujunda bir ýerde motoryň tarryldysy eşidildi. Aňyrrakda jürlewük çalyndy. Geçip barýan motorly saklandymyka? Gaýry bir üýtgeşik alamat bolmady. Ýeňiş ikinji gatdan aşak düşdi. Aşak düşen ýerindäki dörtgyraň penjireden ýol görünýärdi. «Awtoinspektorlar» nämedir güýmenipdi. Olaryň ownuk-uşak gymyldylaram bärden garanyň gözüňe ilýärdi, bärdäki welin, olara görnenokdy. Goç bilen Kostýa şu ýerde aýak çekip, diňşirgenipdirler. Gum siňen sementde aýak yzlary bar. Ýeňiş ýene basgançak-basgançak aşaky gata ýöredi. Birinji gatdaky sowarak öýüň gapysy açykdy. Şemalladýan bolsalar gerek! Ýeňiş bukulybrak gulagyny üşerdeninde suw pagşyldysyny eşitdi. Diýmek, egne suw alýarlar. Aşhananyň gapysy serpilgidi. Bolkondan ýörite gapy açylypdyr. Ondan aňry bag-bakjalyk. Yzyna dönen Ýeňiş: «Goçy al bilen ele salaýmak kyndyr. Dar ýerde şowly çykalga tapmaga ökde, ugur tapyjy. Ýogsam kellä geljekmi bi? Ýatan-turanyň üstüni basyp geçer diýip kim pikir eder».
Goç öwrülip geldi. Çaý içim salymdanam Kostýa gapyny kakdy. Ikisiniňem görnüşi galaly, badyhowady. Goç kisesinden çykaran daňy puluny eliniň tersi bilen oklap goýberdi. Kostýa beýtmedi stoluň üstünde endigan goýdy.
– Galanyny soň hasaplaşmaly.
– Men nesýe söwda edemok. Nagt – Goç puly ýerden galdyrdy. – Adamlara bil baglamak kyn. Ertir başga julbadan gopmaklary mümkin. Ylaýta-da, söwdagärler, jellaplar lebzini ýuwdagan bolýar. Ertir aldyrdym, ýoldurdym diýse, näme edersin?! Janyny aljakmy? Nagt etmek gerek, Kostýa, nagt. Düşdüň.
Goç dik duran ýerinden Marady aýagynyň burny bilen yralady.
– Senem indi turaý.
Jahan ýagtylyp, gaý-gaýmalaşyk başlandy, podezdden bir sydyrgyn ökjeleriň dükürdileri eşdilip ugrady. Adamlar işli-işine ördi. Goç bir ýerde duranokdy. Onuň kimdir birine gahar edýäni bellidi. Dodagyny dişläp, ýylçyr kellesini terslin-onlyn sypalaýardy. Hälki şähdiaçyklygyndan nam-nyşan ýokdy. Çilim otlanýardy, ýene sorup-sorman küldana mynjyradýardy.
– Näme diýsene, Marat! – Ahyr ýüp syrygyp toýnukdan geçdi. Epeý göwre oýaly-ukuly ýigidiň garşysynda dikeldi: – Gönümelligim üçin bagyşla. Gynansamam, gynanmasamam, men şeýle adam. Bilýänsiň. Esli wagtlap duz-çörek bolduk. Bize towşan ýürek adam gerek. däl. Häh diýseň honda atylýan adam bilen biz uzak ýoldaş bolup bilmeris. Sen pak çykdyň. Bize dabanyndan ot çykýan, garadan gaýtmazlar gerek. Ýal ýagysyny süýrämzok, düşdüň! Men bialaç şeýle netijä gelmeli boldum.
Marat birdenkä bu gürrüňe serpmeden gaýdana döndi. Gözlerini töweregine elek-çelek etdi. Ne Ýeňişden haraý ýetdi, ne-de Kostýadan.
– Sen jana dert, peýdalandy-da, äpberdi diýip göwnüňe zat getirme. Beýle däl. Nämä söz beren bolsam, oň işi aňsat. Goç Goçdur, sözi iki çykmaz. Düşdüň.
Marat stoluň erňegini dyrmalady. Goç pessaý, emma otlukly sözledi.
– Sen ejemogly. Öz başyňy özüň çarap biljegiňe-de müňkürlik edýän. Saňa döwletli maslahat. Sen gaçsaň gutulybiljek däl. Kowsaň ýetip biljek däl. Içiňde syram ýatmaz. Dodagyňa dessine zeň çykýa. Sen bir ýeňil-ýelpaý kär edin. Göze ilmän, günema ýykma-ýykylma dolanar ýaly aýlykda ýaşa-da ýör. Bir gapdalyňda eneň-ataň bolsun, bir gapdalyňda-da aýalyň. Sen biziň diýen ýigidimiz däl. Düşdüň?!.
Maratdan ses-üýn çykmady. Başy kem-kem aşak egildi.
– Seni tertibe, has dogrusy, öz formamyza saljak bolsak özümiz formadan çykmaly. Onam biz etjek däl, Ýaňky aýdanymy etseň köpüň arasynda gezer ýörersiň. «Namartja olam-sagja olam». Sen-ä ile azar berme ilem saňa degmez. Hemme kişä urdumşalyk, soňuny sanmaz jalaýlyk başardanok. Düşdüň?!. Sen öz ýoluň bilen arabaňy mytdyl-mytdyl sürüber. Saňa şondan başga ýel ýok. Düşdüň!
Marat ýaltalyk bilen ýerinden galdy.
– Men saňa halys ýürekden aýdýan. Ynan, dözmän aýdýan, haýpym gelip aýdýan. Ýeňsäňden depmäge ynsabym çatanok. Sen entek bişmedik, üstesine-de siňek wyzlasa, tisginýän ýigit. Onsoň sen kime gerek?!. Erte başymyza iş düşse, sen saýraberersiň, saýraberersiň, düşdüň! Saňa jan ynanmak howply. Otur! – Marat oturdy: – Ýöne... Goç sägindi. Turagada bir ýerden gezligi alyp geldi, ony ortada goýdy. Soň bir-ä dilini çykaryp barmagyny üstünde dik tutdy, birem başam barmagyny öz bokurdagyna dözümli süýkedi.
– Haýsysyny saýlasaň saýla.
Marat iki oduň arasynda galdy. Töwerekleýin oýlanmaga hajat ýok. Goç gözüni gözüne dikip dur. Ol gorkdy. Kellesini ýokary galdyrmaga-da gorkdy. Ýeňiş saklanyp bilmedi.
– Mundan artyk gynama. Jan gerekmi, pyçak diýlensoň, janyň süýjüdigini bilýändir.
Goç soňky diýjegini diýdi.
– Sen bizi tanaňok, bizem seni. Bu bolsa azap hakyň.
Goç iki elliligi onuň gursak kisesine saldy. Marat çykyp gaýtdy. Ol özüniň käbesini zar-zar agladyp gaýdan öýüne ýene öz aýagy bilen dolandy.

* * *
Iki adamyň ümüş-tamyşda agaçlara duwlanyp, nirädir alňasaýany aňyrky gözegçileriň gözlerine ilipdi. Ýöne olaryň garaňkyda ellerinde zat bara meňzemeýärdi. Ir ýerden zompa çyksa, dessine garasy ýitýärdi. Her zat etmelidi welin gözden salmaly däldi. Garama-garama yzlaryna düşülenden Goçdur Kostýa bihabardy. Bimahal çak göz astyna alnarys öýdüp, pikirem edenokdylar. Öwez Akyýewiňem Wadim Sergeýewiňem tabşyrygy aýdyň. Getireni däl-de, getirilen öýi yzarlamaly. Getireni şapba gabasaň, ogurlanan pullar uwlap gitjek. Ähli azap reýgan bolsa, şo ýaman. Şonuň üçin organ işgärlerini barylmaly öý gyzyklandyrýardy. Eýsem bu iki adamyň ikisem bir ýere barýarmyka? Ikisiniň ne işi? Gözlere çöp atjak bolýarmyka? Ikisiniň deňine süssenekleşip ýöremegi, dogrudanam, geň!..
Uzyn gijesini çirim etmän geçiren podpolkownik alada galýardy. Emma olar basym Sergeýewiň çaklamasynyň tersine hereket etdi. Aýrylyşdylar. Biri haýsydyr gat-gat jaýlaryň birine sümse, beýlekisi aňyrky obaçylyga bakan gitdi. Obaçylyga eňen Goçdy. Podpolkownik Kostýanyň yzyna adam düşürip, barmaly öýüni takyklamagy tabşyrdy-da, birki işgäri bilen Goçuň yzyna düşdi. Maşynynyň içinde geýimlerini çalşyrdylar. Formanyň üstünden uzyn köneräk plaş atyndylar. Kellä telpek geýdiler. Şofýor maşyny bukurak ýerde goýup, içinde garaşdy. Sergeýew dagy Goçuň ters tarapyndan gönüläp ugrady. Goç barmaly öýüniň pessejik penjiresini kakyp, biraz eglenende olaryň biri agylyň ýeňsesine öwrüldi, biri goňşy jaýyň burçundan jyklady. Wadim Sergeýewiň özi gapysy açyk hajathana kürsäp urdy. Goç kän eglenmedi. Töweregine ýalt-ýult edip, gelen ýoluna düşmän, başga ýoda bilen gaýtdy. Podpolkownik biraz wagt utmak isleýärdi. Goç gaýdan dessine gupbassy edäýseň, bilinmegi mümkindi. Sergeýew bilgeşlin güýmenen kişi bolýardy. Beýlekiler onuň yşaratyna takatsyz garaşýardylar. Polkownik ahyr pişik basyşyny edip, öňki kakylan äpişgäni ýuwaşja tyrkyldatdy. Köne tuty. birýanlygyna serpilip nätanyş ýüz göründi. Sergeýew öňden hamçam ýaly, gapa bakan elini salgap «aç» diýen alamaty etdi. Ýoldaşlary ondan gizlenibräk durdy. Öý eýesi gapyny açansoň, nätanyşdygyny bilse-de söwdagärlerdir öýdüp, içeri girdi. Milisionerler assa-assa basyşyp öýe sümüldiler. Öý sallah jaýyna meňzeşdi. Atan atan, ýatan ýatan ýerindedi. Getirilen ýüpegem heniz ýygşyrylmandy. Bir gyrada goýlaýypdyr. Podpolkownik baragada onuň üstüni açdy. Öý eýesiniň haýýaty göçdi. Soň Sergeýew plaşyny aýryp, bir eline alanda, ýanyndaky adamlaryňam şol hereketi gaýtalanyny gören öý eýesi gözüni petredip huk boldy.

* * *
Şol gün giçlik ýüzüni garaňka tutup, kimdir biri Goçuň ýanyna ganyny gaçyryp geldi. Bolan wakadan Goçy habardar etdi. Bu geleni Ýeňiş henizem görmändi. Gürrüňleri Goç bilen köpden tanyşlygy aňladýardy.
– Goňşulary aýtdylar. Gelip barlap, özünem alyp gidipdirler.
Goç iki dyzyna urdy. Çilime ýapyşdy. Birazlap geplemedi. Ýeňşem bu gürrüňiň arasyna goşulmady, Kostýa-da.
– Maratdan ýetäýdimikä? – Goç ikibaka gezmeläp, ajy tüssäni burugsatdy.
– Ýygnabam ýetişmändir.
– Bu ýerde kim-de bolsa, biriniň eli bar. Galanyny öýde saklamak hatarly.
Goç gelen bilen içki jaýa geçdi. Esli eglendiler. Soň nätanyş sumkasyny gabardyp çykdy.
– Özüň ýerleşdir. Göz-gulak bol. Bize seň aldyrdym-ýoldurdymyň gerek däl. Gerek zat – Goç barmagyny biri-birine süýkedi.
Ol baş atyp, çykyp gitdi.
– Marady tapmalymy ýa jähendem etmelimi?! Düşdüň! – Goç ikisine sala saldy.
– Marady tapanyň bilen öwezi dolýamy? – Kostýa Goça çiňerildi.
– Marat gorkakdyr. Jyňkyny çykarmasa gerek – Ýeňiş Kostýa arka durdy.
– Onda kim, onda kim? – Goç birneme dazaryldy.
– Edýäniň pohiýjilik bolsa, adam oglundan görmeli däl. – Kostýa göwnüne gelşiçe söz urdy: – Yzarlanýandyrys. Milisionerlerem ýeňsesinden çörek iýenok. Olaryň işi biziň ýalaklar bilen. Birini tutmaly, birini yzarlamaly. Ýöne tutulan diline berk bolaýsa... sen şony aýt.
– Birden satyp otursa! – Ýeňiş ozalam içi otly tütün Goça hasam ot berdi.
– Satyb-a satasy ýok. Ýöne birgiden zat köýdi. Düşdüň!
Ýeňiş janlandy.
– Onam aýtma. Şu eýýamyň adamlaryna, onda-da egrilikde tutulana pylan diýerlik ýok. Kimden aldyň diýse, planydan diýer-dä!
Goç bu barada iňkise gitse-de, oýurganýandygyny kän bildirmedi. Biparh bolan boldy. Soň Kostýa:
– Sen-ä habar alan dälsiň? – diýdi.
– Ýok entek.
– Gyssanma-da. Ara biraz ýel çalsyn. Birküç günden özüň görünmän, jaň edäý. Olam öňkiň gününe düşäýmesin häli.
Bu gürrüň häzirlikçe bir ýaňalyk edilensoň, Ýeňiş Goça bir zat diýmek isledi-de, saklandy.
– Hä, näme, Ýeňiş...
– Aý, hiç-le. Ýöne men şeýdip bikär gezibermeli bormukam?
– Şu gün bellisini ederin. Biziň ýanymyza işe geçjekmi?
Ýeňiş nagt bir zat diýmedi.

Категория: Detektiw proza | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: