10:04
Ynsabyñ jezasy -17/ romanyñ dowamy

ON ÝEDINJI BAP

Kelte tirkelen ýaly bolup, Marat Ýeňişden aýrylmady. Ýörese söbüginden basdy, dursa alkymyna dykyldy. Öz gününe goýmady. Sorag berdi, bir jogap bilen kanagatlanmady. Agylda guzusy galan ene goýun dek göwnüniň köpüsi goş-golamynda boldy. Kimdir biri alyp gidendir öýdüp çaklaýardy. Olar aýlanyp-aýlanyp ýene wokzala geldiler. Ýeňiş Maradyň ýüregine sowuk suw urmasa ynjalmajagyny bildi. Belligini sorady. Ol aýdan badyna burmany towlap, şol sanlara getirdi. Açdy. Marat görse, çemodany ýerbe-ýer, gözi ýerine geldi. Eline saldam berýän goşuny keýpli göterdi. Emma begenji uzaga çekmedi. Gorky damary ýene tirpildäp ugrady. Töwerek-daşam durşuna göz! Görse-ne, olaryň Ýeňiş bilen işem ýok. Ala-böle hemmäniň nazary Maratda. Biri gapdalyndan süýkenip geçse ol hem ziňkildedi. Elinden şapba ýapyşjaga döndi. Çemodanyny bagaja berdi. Gözi, ýüregi goşy bilen bile gitdi. Ýeri, samolýota müneňsoň beri zowzuldamasy näme? Ýaşyl papak görse-de öz aýagyna özi çolaşdy. Ol serhetçi ahyryn, sen serhedi bozaňok-da, kada-kanuny bozduň. Onuň seniň bilen işi ýok. Sary geýimli esgere gözi düşen haladam Marat özüni ýitirdi. Ol watana gulluk edip ýören soldat. Gara-gaýgysy sen däl, öz janam däl, ili-ýurdy, watany. Öňdäki hatarda oturan ýaşuly harby adama goňşy bolup, hasam haýýaty göçdi. Demini burnundan alyp oturdy. Ýoldaşyna pyşyrdaýsa dagam ol adam eşidip, guk beräýjek ýalydy. Onsoň näme, ähli azaby bir aşyk bolaýjak! Ýeňiş näme beýle parahatka? Ýogsa o-da howsala düşmeliň biri. Köpi gören zaňňar-da. Arkaýyn gazet okan bolup oturyşyna seret! Näme şolar ýaly bolup bolmazmy? Beterem bolar. «Adam edenini adam eder».
Marat kresloda arkan ýaplandy. Eline gazet aldy. Barybir gözlerine harp ilmedi. Howsalasy peselmedi. Elini ilden ogrynça çep taýky gursagyna tutdy. Gürs, gürs, gürs, Gulagy şaňlady. Yzdan hümürdi eşidildi. Marat dagyň gybatyny edýän bolsalar gerek. Elden-aýakdan düşüberende, Ýeňşiň böwrüne dürtüp, haý-küş etmesi, göwünlik bermesi bardy. Häli-häzir onusam ýok. Dogrudanam, bir Maradyň özümikä, ýa ähli galplyga kowalaşýanlar şeýlemikä? Aý, ýok-la, spekulýantlaryň baram yrga paýapylda ýörän ýalydyrla. Heý, onça zat bilen ýola düşersiňde, baldyryň titremezmi? Galpyldap gara janlary galýan däldirler. Şeýle pursatlarda adam günde näçe garraýarka? Marat Ýeňşe meňzejek boldy. Meňzäp bilmänine ökündi.
Marat aşagy ýumakla dönüp, oýkandy oturdy. Samolýot bolsa şol iňläp barýardy. Ony uçaryň goňras sesi-de, galňas bulutlaram, bulutlardan aňyrda ýalpyldap nur saçýan ýyldyzlar-da, alaň-açyk asman giňişligi-de gyzyklandyrmaýardy. Ony gaýta barha howsala basýardy. Salkynlyga garaman bassyr-bassyr derleýärdi. Ol puşman dermikä ýa bükgüldiň oýnumyka? Näme-de bolsa, gorky damarynyň çilik ýaly galany töweregine gaty bir bilinmese-de gözgyny bolup oturşy aşaklykdan ser salýan Ýeňşe welin mälimdi.
Tigirler ýere gülçüldänden Maradyň arkasyna sowuk şemal çaldy. Trapdan düşüp gelýärkä ýene gözleri ýüklenýän çemodandady, arman dünýäsi ýene daraldy. Wokzalyň öňündäki meýdançada ellerini arkasyna tutup pökgüje garynly milisioner aýlanyp ýördi. Marat ony gözi bilen iýäýjek boldy. Onuň seretmediksirän bolşuny! Adamlary itenek-çomanak edip ony Ýeňşe-de ümledi. Görsene, Ýeňşiň şol garny giňligi-dä! «Bolan-da näme?» «Häzir jürlewügüni çalyp geläýse, «bolanda näme?» diýäýmersiň! Marada bu keselden gutulmak ýok öýdýän. Çemodanyny aljak bolan çagy, iki talony deňeşdirdiler. Deňeşdiribersinler! Onuň öz goşuny özge bilen çalyşjak gümany ýok. Ýöne haýp pökgüje garyn milisioner jegebesini daraldaýýar. Marat oňa her näçe tiňkesini dikse-de, onuň şol gezmeläp ýörşüdi. «Bilgeşlin üns bermediksirän bolýan bolaýmasyn.»
Maradyň göwnüne ýok gümanlar gelýärdi.
Ikisi tirkeşip märekeden saýlandy. Gije garanky bolsa-da, wokzalyň töweregi ýagtydy. Duranyň bilen taksä entek-entek nobat ýeterli däldi. Boşlagrak ýere çykmagy amatlyrak gördüler. Bagyň garaňky kölgelerinden ýegşerilişip, ilerä tutdurdylar. Ne yzarlanma bardy, ne-de beýleki. Olar köçäni kesip geçeninde yzlaryndan bir göwräniň kölgeden-kölgä bukdaklaýanyny Ýeňiş gördi. Ädimlerini ýygjamlatdylar. Naharhananyň işigindäki köçe imisalady. Tüm-garaňkydy. Käte bir çyralaryny ýalpyldadyp, ýolagçy maşynlar geçip gidýärdi. Ikisi has-da – has bolup, agaçlaryň garaňky düýbünden ýagta çykanlarynda Marat zähresi ýarylan ýaly bolup hyrra yza serpikdi. Ýeňşem özüni ýitirmese-de, bada-bat gowşapdy. Çünki alnynda milisiýa formaly Bapken söm durdy. Ýeňiş goşuny ýerde goýdy.
– Äh-ä, ele düşmen öýtdüňizmi, kezzaplar! – ol göwresine haýbat, sözüne agram berdi. Ýeňiş Marada ýeser göz aýlady. Marat bolsa bütinleý pagyş-para bolup ysytma tutan kimin saňňyldaýardy. Pursatdan peýdalanyp, Ýeňiş çalasyn nämädir çemelenende Marat ökje göterdi. Onýança arka ýüzden gelen biri Bapkeni garaňky ýere ýazdy. Derrewem Maradyň yzyndan ýetip alyp geldi.
– Ýörüň! – diýip ikisini iki ýerden gyssady. Çem gelen maşyny saklap münenlerinde, Ýeňiş yzky aýnadan Bapkeniň yraň-daraň kakynjyrap turanyny görüp galdy. Onuň ýanyna ýene kimdir biri gelipdi. Ýanlarynda oturan bolsa Kostýady. «Öňüňizden adam çykarman diýse-de çykarypdyr-ow!»
Maşyn asfalt ýolda daz ýasaýardy. Kostýa öňde gaýşarylyp otyrdy. El sygar penjireden käte bir çiliminiň külüni kakýardy. Maradyň indi göwrümi giňäpdi. ýüzüniň reňki welin henizem durlanmandy. Ol nämedir diýmek isläp ebeteýini tapanokdy.
– Goçuň keýpi neneň?
– Goçuň keýpi size bagly.
– Saňa-da bagly boldy öýdýän.
Kostýa ho-ho-ho edip goçak güldi. Şofýor geňirgäp, ýalta seretdi. Kostýa çepine eglip, garşysyndaky aýnadan yzky zemmerdäki Marady synlady.
– Samolýota bolaňok öýdýän, Marat!
– Nämä bolmaýany belli – Ýeňiş degşip lal-jim oturan Marady hürsekledi.
– Şu ýerde saklaý! – Kostýa näme üçindir ýetmän togtady. Üçlügi çykaryp uzatdy-da – Gaýtargy gerek däl – diýdi. Çemodanyň birini göterip ugran Kostýa maşyn gidensoň: – Sizem şu ýerde garaşyň. Sürreklenişip barmalyň. Marat yzyndan garama-garama ýöresin. Elem boş bolsun. Ýüki. Ýeňiş, özüň göterersiň. Bu bolşy bilen masgara edermi, nädermi ol? –  diýdi.

* * *

Bapkene ýerinden galmaga hemaýat eden Öwez Akyýewdi. Ol kiçi leýtenantyň üsti-başyny kakyşdyrdy. Elýaglygyny uzadanda Bapken alman, öz kisesindäkisi bilen ýüz-gözüni süpürdi.
– Urdularmy?
– Urdular.
– Köpeý ogullary! – Rasul aga sögünjiredi. Onýança bir ýerden pat-pat edip Ýaýlym Abdyýew peýda boldy. Karapetýanyň gözüniň öňüniň gögüni görüp, içini çekdi.
– Jijim, özüňden gör.
– Tabşyryk nämeden ybarat? – Polkownik öz sözüne erk edip resmi sorady.
– Göz astyna almadan, yzarlamadan.
– A siz? – Öwez Akyýew Bapkene çiňerildi. Polkownigiň talap edijiligi kiçi leýtenantyň howuny basdy.
– Men olary gola saljak boldum.
Rasul aga söze goşulman, bir gyra çekilip, murtuny sypady. Akyýewiň gaharynyň geleni ýeke Bapken Şamoýewiçe däl, olara-da bellidi.
– Gola saljak bolmaly däl, han ogul, ädimme-ädim yzlaryna düşmeli. Gola saljak bolsak Rasul ikimiz görmän durusmy? Samolýotda gabap bilemzokmy, beýlede tora düşürip bilemzokmy? Maksat öýjügini çym-pytrak etmeli. Ol ikisini tutsaň, erte başga ikisi dörär. Ogurlanan puldan onsoň nädip uç-derek tapjak! Şeýdip, ser-sepil bolup ýörmämiz onça puly eýesine gaýtarmak dälmi? Çagalarynyň agzyndan kakyp bir bende ýygyp-süýşüren maýasynyň yzynda göz ýaş döküp otyr. Bizem özümize bolan ynamy gaçyrsak... Sen olardan özüňi gizlemelidiň. Size şeýle görkezme berilmedimi? – Öwez Akyýew maýora nazaryny öwürdi.
Maýor polkownik bilen bir julbadan gopdy.
– Diýmek, tabşyryk ýerine ýetirilmedi. Bu biziň üçin minus. Indiki maslahat? – Hiç kimden ses çykmady. Polkownigiň ýene özi gepledi: – Muny bölümde çözeliň.
Bölüme baransoňlar Öwez Akyýew gapdalyndan gelýän Rasul aga:
– Taýyrow, siz gaýdyberiň – diýdi.
Rasul aga aýak çekse-de yza dönmäge howlukmady.
– Gaýdyberiň, gaýdyberiň. Size näçe sagatdan bäri ýatuw ýok. Gana ukyňyzy almadyňyz. – Polkownik ýene sözüniň üstüni ýetirdi: – Nobatçy maşyny alyp gidäýiň!
– Çoh ýagşy, sag ol.
Öwez Akyýewiň kabinetine üýşüldi. Uzyn stoluň daşyna aýlandylar. Polkownik seýfinden şäheriň kartasyny çykardy, stola ýazdy. Gara, çal başlar bir-birine has ýakyn egildiler. Öwez Akyýew şäheriň günortasyna bakan uzaýan çyzyga barmagyny degrip:
– Şu ýerde «GAI-ň posty» barmy? – diýdi.
– Bar.
– A bu ýerde! – ondan sowarak ýoly görkezdi.
– Bolmaly.
Gat-gat jaýy alamatlandyrýan başga bir belgiden nazaryny sowman:
– Gözegçiligi şundan başlamaly. Awtoinspektorlary köpeltmeli, düşündiňizmi, inspektory – garşy-garşy hetjikledi. – Gozakly motorlary hökman ýanynda bolsun. Özem iki adam, iki adamdan. Ýaýlym Abdyýew bilen Bapken Şamoýewiçiň o taýda işi ýok. Tanamaklary ähtimal. Eger ara açyk bolsa, adamlaram şoňa görä goýlar. Sowal barmy?
Kimdir biri maňlaýynyň gasynyny ýazyp-bürüp durşuna:
– Çykalga belli, girelge näbelli –  diýdi.
– Mesele-de şonda. Baryş, gatnaw nokadyny bilsek, bolaýmajakmy? Ýene kimde? Ýokmy? Geliň, indi şol işe dahylly günäkär adamlaryň suratlaryna seredeliň.
Polkownik seýfinden dürli-dürli suratlary orta süýşürdi. Biriniň üstünde aýratyn durup:
– Şuňa biçak seresap boluň, pugta göz-gulak boluň! – diýip, işgärleriniň ýeke-ýeke ýüzüne seredip çykdy: – Suratlary häziriň özünde köpelderler. Ýanyňyza göterersiňiz soň orunbasaryna ýüzlenip:
– Ýoldaş podpolkownik, ertire çenli özüň ýolbaşçylyk etseň nädýär – diýdi: – Ertir ähli operasiýany öz üstüme alýan.
Wadim Sergeýew ylalaşdy.
Podpolkownik degişli adamlary alyp, tabşyrygyň ugruna çykdy. Awtoinspektoryň geýimine giren çinli-çinsiz milisionerleri her ýerde, her ýerde goýuşdyrdy. Gözegçilik edilmeli jaýyň gabat garşysynda goýlan adama ähtibarlygy sargady. Görer göze al salyp motoram sowarak goýdy. Ýeke-ýeke tükelledi. Birinji punktuň signalyna ikinji, ikinjiň duýduryşyna-da üçünji... garaşmalydy. Göz astyna alynýanlar görnüp ugranda jürlewük çalmalydy. Maşyny saklajak-togtatjak bolanyňda jürlewük çalman, el hereketinden peýdalanmalydy. Hudaýberdiýew köçesinde bolsa gatnawa dyngy ýokdy. Gije-girimem, daňdan uçurlaram hereket kesilenokdy. Aýaza daňylyp, aýak üste durmagyň hunabasam her zatça bar. Şatlama aýaz dabanyňdan depäňe ornaýar. Gijäniň bimaza şemaly sykylyklap, nirädir at gamçylaýar. Jaýlaryn töründe yşyklanýan çyralar biri-biriniň yzyndan öçdi. Ýolagçy gözleýän awtobuslaryň gatnawy seýrekledi. Yzarlanýan jaýyň öçügsi çyrasam sönüp, garaňka gark boldy. «Awtoinspektorlar» käte bir il gözüne ol-bu maşyny saklap goýberýärdiler. Ýuwaşrak sürmeklerini sargaýardylar. Golaýda bir ýerde awariýa bolandyr öýdüp, sürüjiler çaklaýardy. Köçäniň uzaboýuny syryp, ilerli-gaýraly oturan gat-gat jaýlar kem-kem uka batdy. Milisionerler aýak üstedi. Diňe üç aşa, dört aşa öýlerden öçügsije yşyk ýylpyldaýardy. Ähtimal, olaram bäbekli öýlerdir. Gije ýarymdan agyberende hereket juda seýrekledi. Diýmek, şäher bütinleý uklamasa-da, galapyn başlar ýassykda. Milisionerler bu eşretden dypa-dynç. Olar gözegçiligini dowam edýärler. Özgeleriň rahatlygyny gorap, öz rahatlygyny bozýarlar. Illeriň süýji ukusyny almalary üçin öz ukularyny haram edýärler. Indi olaryň çilimleriniň şemala uçganaklaýan ýylp-ýylpy görünýärdi. Maşyn duruzmak aladalary galypdy. Motorlaryny warladyp, heser bilen öwrüm edip gelmelerem ýok. Ähli adam ukudaka, olara tebil berip bolarmy? Olar oturyp-durup ýadadylar öýdýän. Seslenip akyp ýatan akaryň gyrasyndaky çaýyrlygy basgylap, ikibaka gezmelemäge başladylar. Biri ýabyň boýuny syryp, honda gitse, biri aýagyndan irip, motora çökdi. Onuň bilenem ynjalman, karar tapman, motory süpürmäge durdy. Gorjady. Motora duwlanyp-duwlanyp, gaýra ýüze äňetdi.
Gymyldy-hereket ýok. Ne aýak sesi bar, ne-de hümürdi. Akaryň şakgyldysyndan başga ses-semir gulaklara ilenok. Şol arada bili parawuzly maşyny assa sürüp, Wadim Sergeýew geçip gitdi. Hiç hili duýduryş bolmady.
– Gijäni çirim etmän geçirmeli boljak öýdýän – diýip, milisionerlerden biri burnunyň, aşagyna hüňürdedi. Beýleki sesini çykarman güýmenjesine ýapyşdy, oduny ýel öçürdi, ýene kükürt çakdy. Ýene şemal üfledi. Erine gysdyrylgy çilimini köweldibräk tutan aýasyna eltip, ahyr otlandy. Bularyňam, beýlekileriňem ukusy ýanypdy. Bu mahal asman gümmezinde möle öküziň gözüni ýatladýan ýyldyzlaryň ýagtysy kem-kem azalýardy. Gaýradan tilki guýruk bolup daň agaryp gelýärdi. Gün gyssap gelse, dagy nätsin atman!

Категория: Detektiw proza | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: