13:32
Sen kitap ýaz...

SEN KITAP ÝAZ..

Sen kitap ýaz,
Görülmedik kitap ýaz...
Çap edilmez öýdüp bolmasyn üýnüñ.
Ýyrtylan hatlar deý sowrulyp gitsin,
Kalba agram salýan ahmyrly düýnüñ.

Sen kitap ýaz,
Eşdilmedik kitap ýaz...
Geçmän ýatar öýtme kitap dükanda.
Göz ýetirsin hiç zat bilmeýänine,
Köpbilmişler goýan adyñ okanda.

Sen kitap ýaz,
Okalmadyk kitap ýaz...
Okamazlar öýdüp düşäýme ünjä.
Gör-de dur,
Bu şirin kyssañ owazy,
Ýaýylar Marguşdan Yspyhan, Genjä.

Bir kitap ýaz,
Menem okan badyma,
Ýazuw-pozuw bilen ara ýolaýyn.
Hem geçeýin seniñ dakjak adyña,
Sen kitap ýaz,
Gahrymany bolaýyn!

Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 239 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 4.7/6
Всего комментариев: 19
0
19 Dunyagozel   [Материал]
Sen kitap ýaz,
Gahrymany bolaýyn!

Şeýle ajaýyp sözi diňe atam ýazyp biler happy

Kitaby ýazsaňyz ilki bilen maňa beräýiň smile

0
18 Gumlygelin   [Материал]
Ajaýyp diýmekden başga sözem tapmadym.

0
17 Durdyyewа   [Материал]
Sen kitap ýaz,
Ýazylmadyk kitap ýaz.
Elleriñde syýa-galam bolayyn)
Ajap!

0
16 Adalat19   [Материал]
Gyzyň oglana aýdaýjak sözlerimi ýada men ýalňyşýan? Ajaýyp goşgy eken...

0
15 Ogulgerek   [Материал]
Bu'da benim hediyem heart

0
14 Ogulgerek   [Материал]
SEN KITAP ÝAZ...

Sen kitap ýaz,
Görülmemiş kitap ýaz...
Yayınlanmaz diye olmasın gam'ın.
Parçalanmış mesaj gibi savrulsun,
Kalbe keder veren pişmanlı dün'ün.

Sen kitap ýaz,
Duyulmamış kitap ýaz...
Geçmez diýe korkma kitap dükkanda.
Bışey bilmediğini anlasın cahil
Kitabın adını okuduğunda.

Sen kitap ýaz,
Okunmamış kitap ýaz...
Okumazlar diye duyma endişe.
Bak sen,
Tatlı öykümüzün yankısı,
Gider Merv'den Isfihana, Gence'ye.

Bir kitap ýaz,
Ben'se okuduğumda,
Şairlikle bağlılığmı keseyim.
Hem de vereceksen ver bana isim
Sen kitap ýaz,
Kahramanı olayım!

0
12 Nowgül   [Материал]
Jemlemesini haladym ajaýyp!!!

0
13 Hаwеrаn   [Материал]
Sen halan bolsañ gowydyr wacko

0
11 Nowgül   [Материал]
Gowy goşgy. Tuweleme, ylhamyňa bereket smile

0
9 Selbii   [Материал]
deal şeýdip kim ýazsa-da bizem okaysak şeýdipdaninim book blahblah

0
8 Bagabat   [Материал]
Her bir eserde bir doly aýdylmadyk pikir, ýormasy kyn syr, nämälimlik bolsa, ol özüneçekiji bolýar.
Sen kitap ýaz,
Gahrymany bolaýyn!
Mbäh! Güýçli aýdylypdyr. wizard

0
7 Selbii   [Материал]
Gõr-de dur,
Bu şirin kyssañ owazy,
Ýaýylar Marguşdan Yspyhan, Genjä.
Ajaýyp goşgy
angel1

0
6 Selbii   [Материал]
Men ýazsam bolonokmy biggrin

0
10 Hаwеrаn   [Материал]
Sen ýaz diýip ýazdym-da.. wacko

-1
5 Allanazar   [Материал]
Goşgy oňat, kitabyň ady H S bolmalymyka...

0
4 Garayolly   [Материал]
Ajayyp goshgy. Gaytalap, gaytalap, hezil edip okadym.

0
3 leyla   [Материал]
非常好

0
2 Akjemal   [Материал]
Sen kitap ýaz,
Gahrymany bolaýyn!
flower flower

0
1 Mahymm   [Материал]
Ajaýyp!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: