22:07
Ynsabyñ jezasy -15/ romanyñ dowamy
ON BÄŞINJI BAP

Aladaly günler başlandy. Onda-da nähili hysyrdyly günler! Özbaşdak student çaglar yzda galdy. Indi günüň dogup-ýaşanyny bilip bolanok. «Telpegiňi aýlamankaň geçdi» diýilýän ähtimal şu günlerdir. Aýperiniň gatnawy öý-mekdep, mekdep-öý. Indi ony «Ýoldaş mugallyma», ýa-da Aýperi Döwletowna diýip atlandyrýarlar.
Aýperiniň işe başlap, körpeler bilen ýagty klasa dolan günem howa üýtgedi. Baglaryň başy şemala yrandy, kä ýerde, kä ýerde tylla sary ýaprak gaýyp, gökden ýere düşdi. Agaçlarda sallanyşýan, kiçijik çaga pökgüsi şekilli, dyp-dykyz, saň-gaty, depäňe düşse beýniňi çogdurjak, depip ýören bezzat oglanlaryň dili bilen aýtsaň, agaçlaryň ýumurtgalary tänip, höwürtgelerinden patylap gaçdy. Diýmek, güýz düşüpdir. Howa giňişligide aram-aram çaň buludy ýüzüni açýardy-da, sumat bolýardy. Sährada, bir ýerde sary ýelmi, çöp-çalamlary düýrläp tüweleý gorsanýardy. Diýmek, tomus paýawlanyp, çigrek güýz telpegini bulaýlap geldi diýsene! Çagalar suwdan çykdy. Terneler iki esse süýjedi. Garantgalara gargalar gondular. Olary hiç kim keseklemedi. Iň beterem, günüň bujagaz ýylpyldysyna osanlar çigreklije gijäniň, aýazly daňdanyň awy boldular. Ýolda-yzda «kühhe-de-kühhe» sesler eşidildi. Adamlar duýman durkalar sowukladylar. Kimler güýzüň bujagaz şatysynada taýyn däldigini bildirdi. Öňde-de ýagy ýaly gyş bardyr. Olam bir möwrütdir özün-ä.
Näme üçindir, güýz pasly Aýperä pasyllaryň seresi bolup görünýärdi. Ol – bu adamlaryň kellesini pitikläp, ýerindemi, dälmi diýip, synagdan geçirýän ala-baharyňam aşygydyr welin, güýzden aýratyn keýp alýardy. Puşkiniň söýen, kalbyny joşduram güýzi oňa-da ýakymlydy. Kim näme diýse-de, tomsy çyr-çyrşak, şire- şepbik hasaplaýardy. Gyşda bolsa üşek.
Şeýle arzyly güýzüň başlanmagam onuň göwün guşuna o diýen ganat bekletmedi. Mekdepde güni sagada, sagady minuta deňse-de, öýde içi gysdy. Jumagülden gelen haty gör, näçilenji sapar okaýşy? Setirleriň, harplaryň arasyndan Jumagülüň ýüzi görnüp durdy, dili sözleýärdi. Göreşjeň, gaýduwsyz, maksadyna okgunly hereket edýän gyzyň keşbi jümle-jümle janlanýardy. Ol ilkinji şowsuzlyklar barada ýazýardy, ýokdan bar etjek bolşy barada ýazýardy. Haty gysgady, tutan maksady welin, dowamlydy. Kalby ataşly, niýetinden el çekmezek jorasynyň ýürek ýylysyna ýugrulan hatyny garşy-garşy okasa-da Aýperiniň göwni galkmady. Näme üçin? Ýa günleriň keýpsiz dogup-ýaşyp durany üçinmi? Ýa özüniň ýekeligi, yşk heseri başa urýan ýaşa ýetse-de, başarnyksyzlygy üçinmi? Näme üçin? Näme üçin?
Näme üçinleriň sebäpkäri ýene Ýeňişmi? Bu at diline gelende, Aýperiniň ýüzi hem ýagtyldy, hem derrew gaşy bürüldi. Ýeňşiň gürüm-jürüm bolmagy, ýaňy bir sulhy alyp, el-ele berip ugran wagty, bimahal çak gelip erik gülüni talap giden nowruzy şekillendirdi.
Garşy-garşy sorap-idäp durmagam bigelşik. Öwez Akyýew dagy öýe gelip-gidende-de dil ýarmadylar ahyry. Özüň neneň sorajak! Jumagülem gaýta-gaýta, Ýeňşi soraýar. Zatdan bihabar».
Un gözläp, kendirik çeýneýän kör syçan kimin, Aýperi günde müň bir gaýra başyny kel-kele salyp, ham-hyýallarda agdy-döndi, beýnisini gazady. Gury derdini artdyrdy. «Aý, jähennem-le», diýen görnüşde ýazuw-bozuwyny goýup, şemallamaga giçlik köçä çykdy. Şol haladam gabat garşysyndan biri-biriniň barmagyndan tutan tanyş ýigidi gyz bilen çykdy. Ol gyzy tananokdy. Näler sowuljakdy welin, hiç hili eýläk-beýläk öwrülmäge maý, hajat bolmady.
– Salam, Aýperi! – ýigit alçaksyrap, ilki ýüzlendi. Aýperi bilen ol gyz baş atyp salamlaşdy. Soň ýigit yzyna garap: – Bu meň birwagt bile okan ýoldaşym – diýip tanyşdyrdy. Gyzyň öz göwnüne zat getirmezligi üçin, Aýperi hä, hawa diýen boldy. Emma onuň bilen gürrüňleşmek Aýperä ýokuş degýärdi. Düýbünden jynynyň almaýanyny zordan bildirmezlige salýardy.
– Ýeri, iş neneň?
Aýperiniň ol-a ol ekeni, bu mahal hiç kim bilen gepleşesi gelenokdy: «Öz ýoluňa gidiber-dä! Seňki neme? Nakyssyrap durmaň näme? Ýa gyzyňy maňa görkezjek bolýamyň? Men saňa bahylçylyk edemok ahyry. Tanşypsyň, taň edipsiň». Her niçigem bolsa, aňyrsy ot alyp dursa-da, ýuwmarlan boldy.
– Işläb-ä ýörüs.
Ýigidiň sowuk jogaba parh goýmazlygy Aýperini hasam odukdyrdy:
– Gezelenç etseň-ä ýör. Kino görsegem, göreris.
Aýperi neden: «Öň-ä kino görüp gülündik» diýipdi. Ýeke özi bolaýan bolsa, diýse-de diýerdi. Ýoldaşynyň hatyrasyny saklap dilini dişledi. Adyny-da dile getirip saklandy. Hatda onuň adyny agzamaga hem namys etdi. Bu ýüzüni alnanynam, sögüleninem bilmeýän oguşýan. Ýogsam aňyrsynda üşügi bar ýigit şondan soň ýüzbe-ýüz bolmadan gaçardy, utanardy. Gaýdyp neneň ýoldaşymyň gözüne görneýin diýerdi. Munuň bolsa azaryna-da däl. Häzir ol Aýperi gözüne gözläp duran çagy hem müýnüm bardyr öýdenok. Aýperi bolsa hälki berlen soraga bu öwrüp-çöwürmelerden soň jogap gaýtardy:
– Aý, ýok.
Ýigidiň ýene bir zat aýdasy geldi.
– Ol, ýeme, bi nä?!. – diýip, yzyny aýtman ýuwdundy. Onýança gyz golundan tutup, silkeledi.
– Gijä galýas, gideli-le!
Ikisi ýene gol tutuşyp gitdi.
«Şu dara-direlikde-de süwümsizligini etdi» – Aýperiniň has jany ýandy. Içinden köze gaçan ýag ýaly jyzyrdady: «Näme käkelejek bolýanyňa düşündim: «Ol ýeme, bi nä ýeke-le!» diýmek isläp, diýip bilmedik ýigit diýerler saňa. Men näme bolamda saňa näme? Saňa bigaýrat erkek diýerler. Belki, bu gyjyt berdigiňdir».
Şol wakadan soň Aýperi ony çalt, örän çalt unudypdy. Şondan soňam ony şeýle bir ýigrenipdi welin, hatda ömründe hiç kimi beýle ýigrenmändi. Öz joralary bilen mekdepdekä sözi azaşan wagtlary az bolmandy. Sanly günden ýene aralarynda hiç zat bolmadyk ýaly, äbe-jüýjedi. Studentkä-de ol-bu gyz, ol-bu oglan bilen tersleşipdi. Emma ýene ertesi, birigüni öňküligidi. Bir gezek Mamajandanam öler ýaly gaty gördi. Ol bu kursdaşy. Jumagül bilen tirkeşse-de, degişmegiň, gülüşmegiň serhedinden aňry geçmändi. Dogry, Jumagül alçaksyrap Aýperä her hili zat diýerdi. Onuň oýnuna öwrenişendenmi, häsiýetine belet bolanyndanmy, oýnuna oýun bilen jogap bererdi. Emma Mamajanyňky welin morta boldy, gaty morta boldy. Ol arakesmede ýeke özi oturan Aýperiniň ýanyna geldi-de:
– A gyz, bir ýigit seň bilen tanyşmak isleýär. Ikiňizi tanyşdyraýyn. Ýokary kursuň oglany ol – diýdi. Özem ony çyny bilen aýtdy. Şu ýerde Jumagül bolan bolsa, bu teklibem oňa aýdylan bolsa, ol goçak-goçak gülerdi-de Mamajanyň sustuny basardy. El çarpyp gülerdi. Yzyndanam: «Ýigit bolaýşyňy! Biriniň ýüzi bilen ýüzli boljak bolýar, biriniň sözi bilen sözli boljak bolýar. Gyzlar, eşidýäňizmi? Şeýle ýigit bilen haýsyňyz tanşasyňyz gelýär» diýip, kursdaşyny keýp edip gyzardardy. Onuň tersine, Aýperi allaniçigsi boldy, elden-aýakdan düşdi. Gaharyna beýlesine öwrüldi-de oturyberdi. Bu onuň öýkeledigidi. Mamajan şunça ýalbardy-ýakardy, ýazylmady. Şol wagt ol öz jorasynam, ol nätanyş ýigidem erbet ýigrendi. Soň ýene ýazyldy gidiberdi. Gaýdyp Mamajanam ol barada dil ýarmady, Aýperi hem onuň ara düşjek bolmasyny aýyplap durmady. Ýap-ýaňy duşan ýigidini welin...
Ol ýene bu pikir-oýundan daşlaşsa, serini Ýeňiş baradaky söwdaýa saldy. Ýöne bu hyýal-oýundan wagty bilen saplanyp bilmedi. Ýeňiş asylha göz öňünden aýrylmady. Eýsem Ýeňiş gyzy aldaýarmy? Nurnazar ýaly olam pak çykaýdymyka? Ýok, hiç haçanam Nurnazara syny oturmandy. Ýene Ýeňiş, Nurnazar! Ýene Nurnazar, Ýeňiş!.. Nurnazaryň çylkasyzlygy-da kilçikligi-de Aýperä ýaramandy. Gyzyň göwnüne getirişiçe, ol diňe bir zada gulluk edýärdi. Olam –  berim bilen ähli zady özüne bendilemek. Ýeri gelende namartlyk etmegem, ýoldaşyňy satmagam, taşlap gaçmagam onuň üçin hiç. Özi ýaşasa bolýar. Ol bu uly durmuşda bir özüni bilýär. Ol çylşyrymly ýaşaýyşda al salmak bilen utaryn öýdýär. Gyzyň haýyna-maýyna garaman, ýüregine düşüp, ahyr jadylaryn tamasyndan saplanmaýan adam ol. Ýok, ol asla erjellik däl, nakyslyk, öz-özüňi ýigrendirmek. Ýeri, Aýperi sen, onuň şol gylyklaryna belet bolsaňam, näme üçin ondan bütinleý ýüz öwrüp bilmediň?! Tirkeşdiňem, çagyran ýerine gitdiňem. Onuň bilen hergiz bir julbadan gopmajagyňam bildiň. Şonda-da döşünden itiberip, araňy çürt-kesik edip bilmän, janserek bolduň, Şeýle töwekgel netije gelip bilmezligiň, meseläni bir ýaňalyk edip bilmez- ligiň eýsem seniň ejizligiň dälmi? Bu, dogrusy, boýun alaý, söýgi meselesinde seniň gowşaklygyň. Ejeň aram-aram igenmegem şol gowşak tarapyň barlygy üçinmikä? Sen okuwda asgynjaklyk etmediň, işe başlap, ýüzüňe çirk getirmediň. Beýleki kärdeşleriň käte ýygnakda-zatda işe sowuk-salalygy sebäpli käýýelse, olaryň deregine özüň gyzardyň. «Şu ýagdaý mende bir gaýtalanaýmasyn» diýip, işiňe öňküdenem berk bolduň. Diýseň-diýmeseň Aýperi, seniň ýüzlekligiň bar. Köp ýerde, köp zatda adamlaryň ýüzüne gelip bileňok. Ýüzüne geläýmeli ýerde-de, ýene ýüzleklik edýäň. Bu häsiýetiň öz abraýyňa çapmaýandygyny bilip aňyrsyna-da geçýäň. Ýogsam, Nurnazar özüni äşgär edenden soň ýigrendiň, taň etdiň. Özüňden daşlaşdyrdyň. Ýeňiş näme? Birdenkä oňa ýüregiňi berdiň oturyberdiň. Ýeri, oýlanyşykly ädim ädeňde bolmadymy?
Aýperi şu ýerde aýňalan ýaly boldy-da, «ýogsa-da men üýtgeşik näme edipdirin» diýip, ýene bialaç öz oýy biçen boldy. Näçe oýlandygyça, şonça naçar ýürek odukdy. Şol haladam güýzüň ýalap-ogşap geçýän sowujak şemalynamy, ýa bolmasa, öz-özünden peselipmi, kirpiklere nem çaýyldy. Aýperi ony ne elýaglygy, ne-de aýasy bilen syldy.
Käte gözden ýaş damsa gowulygadyr.
Käte gözden daman ýaşyň kirpikleri arassalap, ýuwmasy bar.
Käte gözden daman ýaş derdi-gussany, gam-gubary egsermiş.
Ýöne ol ejizlik däldir.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 70 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: