21:04
Bon pour l'orient
BON POUR L’ORIENT

Fransuzlar XIX asyrda ýokary okuw jaýlarynda okaýan gündogarly talyplara ikinji derejeli bilim berlendigini ýañzytmak üçin gymmaty pes diplom beripdirler we diploma-da "şark üçin ýeterlik" (Şark - Gündogar -t.b.) diýen manyny berýän “bon pour l'orient” diýip bellik edipdirler!..
Gilom Perýe...
2004-nji ýyldan bäri Stambulda erkin žurnalistlik edýär. Makalalary "Le Monde" "Le Point", "Elle" ýaly gazet-jurnallarda çap edilýär. Lor Marşan...
2013-nji ýyldan bäri Fransiýanyñ "Le Figaro" gazetiniñ Türkiýedäki habarçysy bolup işleýär.
Gilom bilen Lor är-ayal.
Olar bilelikde "Türkiýe we ermeni salgymy. Genosidiñ yzyndaky ädimler" (“Türkiye ve Ermeni Hayaleti. Soykırımın İzinde Adımlar”/"Turkey and the Armenian Ghost: On the Trail of the Genocide") diýen kitaby ýazdylar. Türk diline edilen terjimesini "İletişim Yayınları" neşirýaty çap etdi.
Kitap barada aýtmanka, bu är-aýaly ýakyndan tanamagyñyzy maslahat berýärin.…
Bularyñ pikiriçe, kemalistler - faşist, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy (DKTR/KKTC) bolsa okkupasiýa astyndaky welaýat!
Fransiýanyñ Prezidentiniñ Türkiýä eden resmi saparynda oña "Trabzonspor" FK-nyñ oýunçysy Maluodanyñ beren köýnekçesini "Indi Gollandiýanyñ zibilleri bir gyra oklamak üçin geýmäge eşigi taýyn" diýip ýañsylajak derejedäki hetdini tanamazlaryñ biri.
Arda Turanyñ oýnaýan kluby "Atletico Madrid" FK-na futbolçylaryñ köýnekçesine "Azerbaýjan" ýazgyly reklamany bermek baradaky teklibine-de dil uzadyp bildiler!
Bu är-aýaly ermeni diasporasy eý görýär we olaryñ Ýewropa ýurtlaryna edýän mediýa saparlarynyñ çykdajysyny özi töleýär. Olar interwýu bolsun, fotosurat sergisi bolsun, sözde "genosid" bilen baglanyşykly geçirilýän dürli çäreler bolsun, tapawudy ýok - hemmesine gatnaşýarlar. Her pursatda Türkiýäniñ sözde "genosidi" kabul edip, ermenileriñ mal-mülküni yzyna bermäge çagyrýarlar.
Geñ görüp oturmañ, hut düýnüñ özünde olar Fransiýanyñ Türkiýedäki Medeni merkezinde "Ermeni genosidine" bagyşlap, toplanşyk geçirdiler!
Indi kitaply gürrüñe geçip bileris…

Sözde "şaýatlar"

Kitap on sekiz bölümden ybarat, hemmesinde-de şol bir hekaýat, şol bir heñ bar. Awtorlaryñ baran obasynyñ garrylary "bu ýerlerde garry ermeni ýaşaýar" diýip, bulary onuñ ýanyna ugradýarmyşlar, är-aýal hem ol garry bilen oturyp hemsöhbet bolýarmyşlar. Mejbury göç (deportasiýa) bolanda ýañy doglan, milleti bukulyp saklanan "şaýatlaryñ" hemmesi jemgyýetçiligiñ hüjüminden diýseñ gorkýarlarmyş, emma geñ göräýmeli, bu är-aýaly görenlerinde totyguş kimin saýrap, dilleri açylaýýarmyş we türkleriñ eden wagşylyklaryny iñ janly şekilde gürrüñ beriberýärlermiş!
Žurnalist är-aýal kesik kelleleriñ, garynlary ýarylan aýal-gyzlaryñ, derýalarda gark bolan bäbekleriñ depe saçyñy üýşüriji hekaýatlaryny hamana özleri gören ýaly ýazýarlar.
Ikisi-de hyýaly beýan ediş stilinde çen-çak bilenok. Dersim wakalaryny we Atatürk Türkiýesiniñ 1915-nji ýylda genosidçi türklerden gaçan ermenileri goran dersimli kürt taýpalaryna görkezen "sütemini" giñden beýan edýär! Türk esgerleriniñ Dersim etrabynda sünnet edilmedik erkek çagalary gözländiklerini togsan ýaşy sermelän we adyny mälim etmek islemedik birinden "eşdip" ýazýarlar!
Bu är-aýalyñ pikiriçe, "genosidiñ" bolandygy anyk. Şonuñ üçin "Türkiýäniñ we onuñ tarapdarlarynyñ" teklip edýän haýsydyr bir döwletiniñ komissiýa düzmeginiñ hajaty ýok.
Awtorlar kejeñeklik bilen "ýazuw çeşmeleri we barha elýeterli bolup barýan osmanly ýa-da hususanam nemes arhiwleri genosid bolandygyny subut etmäge ýeterlik" diýip ýazýarlar!
Özleri bolsa, osmanly beýlede dursun, nemes arhiwlerine, hatda "Deutsche Bank"-yñ arhiwine-de göz aýlan adamlar däl. Olaryñ maksady belli. Seretseñizläñ...
"Jöhitlere ölüm!" manysyny berýän “Mort Aux Juifs” ýaly oba ady bolan ýurduñ "žurnalist är-aýaly" Anadolyda baryp gören oba-kentlerini mydama öñki köne atlaryny tutup ýazýaer we dilimizde "suw-sil" deýin gürleýärler, atlary üýtgedilen oba atlarynyñ gülkünçdigini, hatda samsyklaçdygyny ýazýarlar.
"Ne bagtly türk men diýene!" (“Ne Mutlu Türküm Diyene!”) sözüne beýleki halklardan we ermenilerden özlerini ýokarda saýýan milletçi şygar hökmünde garaýarlar. Ýeri bu köpbilmiş fransiýaly är-aýal öz ýurdunyñ etniki gelip çykyşy boýunça katalaniýaly bolan premýer-ministriniñ "Fransuzdygymyz üçin buýsanmaga haklydyrys!" diýen sözüne nähili düşündiriş bererlerkä? Geçeliñ.
Afrikadaky fransuz koloniýalaryny agzabam oturmalyñ. Sarkoziniñ Alžirden ötünç soramajagy barada aýdan sözüni ýatdan çykardylarmyka?
Netijede... fransuz taryhçy Maksim Gauiniñ agzalan kitapdaky ýalñyşlyklary, nädogry maglumatlary birin-birin sanap geçendigine garamazdan, bu iki köpbilmişsireýän jikjikiden hiç hili garşylyklaýyn ses-seda çykmady.
Çünki maksat başga:
Napoleonyñ aýdyşy ýaly: "Pul... Pul... Pul..."

Zakaz bilen ýazylan kitap

Portugaliýada asly ermeni osmanly raýaty Galust Gulbenkýan tarapyndan gurlan bir fond bar. Bu fondyñ 2012-nji ýyldaky iş beýannamasynyñ "Ylmy barlaglar üçin goýulýan pullar" rubrikasynda Gilom Perýäniñ ady geçýär. Ermeni genosidi barada kitap ýazmaga taýýarlyk işleri üçin goýlan pul 3 müñ ýewro. Diýmek, är-aýalyñ ýazan kitaby zakaz edilipdi!
Ýeri, awtorlar kitabyñ minnetdarlyk sahypasynda Oral Çalyşlar, Jengiz Aktar ýaly birnäçe türk alymyna we jemgyýetçilik guramalaryna hoşallyk bildirip, özlerine pul beren Gulbenkýanyñ fonduny näme üçin agzamadylar?
Soñky wagtlar "türk döwleti tarapyndan satyn alynan fransuz inkärçileriñ" bardygyny öñe süren bu är-aýaldan soramak gerek: satyn alynanlar siziñ özüñiz dälmi eýse?
Bu är-aýala ýene birnäçe sowal:
Gulbenkýan fondy bilen nädip söwdalaşdyñyz?
Üç müñ ýewronyñ dine kitaby ýazmaga taýýarlyk işleri üçin goýlandygy ýazylypdyr, diýmek, soñam pul aldyñyzmy?
Göze-dile düşäýmesin diýip, onuñ bir bölegini kimleriñ agzyna dykdyñyz?
Bu toslama gürrüñdeşlikleri geçirip, kimdigini mälim etmedik "şaýatlaryñyza" pul berildimi?
Mal-mülkür emläkleriñ yzyna berilmegi baradaky sözüñizi zol-zol gaýtalamagyñyz eýse "Gulbenkýan fondunyñ" islegimi?
Zakaz bilen ýazylan kitap, eger siz dogrudanam hakyky žurnalist bolýan bolsanyz, öz göwnüñize jaýmy?
"Le Monde" gazetini esaslandyryjy Ýuber Býor-Meriniñ aýdan sözüni bilýärsiñizmi: "Bir wagtyñ özünde, hem pula, hem hakykata gulluk edip bilmersiñiz."
Emma... biziñ illere Şark diýilýär! Sypdyr sypdyrybildigiñçe...
Bon pour l'orient…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 16.12.2014 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 59 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gökböri   [Материал]
...biziñ illere Şark diýilýär! Sypdyr sypdyrybildigiñçe... Bon pour l'orient…

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: