11:44
Ogluma ýazan hatlarym / 20-nji hat
20. Salam, eziz perzendim!

Ejeň nähoşlady. Üç günden bäri ol ýorgan-düşekli ýatyr. Bir hepdeläp aýagym agyrýar diýip gezdi, soňam ýykyldy. Onuň derdini ýeňletjek bolup, Olýa ikimiz elimizden gelenini edýäris. Wraç, bu ýaşlyk ýyllarynda görlen günüň netijesi diýýär. Ejemiziň bolsa görmedik güni ýok. Biziň ýaşlyk ýyllarymyzda Watanymyz garypdy, halk ähli tagallasyny sosializm gurmaga bagyş edýärdi. Biz, studentler her ýylyň üç aýyny meýdanda işlemeli bolýardyk, ol wagtlar işlerem häzirki ýaly däldi. Häzir ähli işi diýen ýaly maşyn edýär, o wagtlar bolsa zähmetiň ähli agramy ellere düşýärdi. Bir ýyl tutuş bir aýlap kartoşkany gyş ýygnamaly – doň ýerden lom bilen köwlemeli bolduk. Ana, şonda ejeň erbet sowuklady...
Sen gaýrat et-de, häziriň özünde oňa hat ýaz. Häzir oňa seniň her bir sözüň belli bahasy ýok.
Ene... Çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda bolgusyzja bolsa-da nämedir bir zat bilen ejemiň göwnüne degenim, uzynly gije ukudan goýanym, saçynyň agyna ak goşanym ýadyma düşeninde, häzir ýüregim gyýym-gyýym bolýar... Güýzüň ilki günleriniň agşamy şu günki ýaly ýadymda, gözýetimde bulutlar üýşüp, gök gürleýärdi, men ol wagt Poltawa, instituta gitjek bolup, şaýymy tutýardym. Kiçijik çemodanymy alyp, stansiýa tarap ýola düşdüm. Ejem o wagt öýde däldi, bakjada bir zat işleýärdi. Meniň stansiýa barýandygyma gözi düşdi, daşdan ýasalan surat ýaly, ene hasratynyň janly keşbi ýaly bolup dikeldi, Ejemiň: «Ýylyrak geýin, ýagyş ýagjak bolup dur ahyryn...» diýýän sesini eşidýärin. Men ýeke köýnekli gidip barýaryn, dünýäni sil alsa, topugymdan boljak däl, stansiýa çenli bolsa ýedi kilometr dagy bardy... Men yzyma dolanmadym, göwnümde galan kiçijik kine ýüregimi mynçgalaýardy, men kiçiräk bir zada gatyrganypdym... Gidip barýaryn, şol gidip barşyma-da birsyhly ejemiň: «Ýylyrak geýin, ýagyş ýagjak bolup dur ahyryn...» diýip, gygyrýanyny eşidýän ýaly. Ol bu sözlere näçe hasratlar siňdiripdi... Onuň gör, näçe zatlary aýdasy gelýärdi: näme üçin sen meň bilen hoşlaşaňok, ogul, näme üçin sen meni gujaklap ogşaňok, sen nämeden gatyrganýaň: mährem eneňe ýürekde kine saklamaweri...
Şol wagtdan bäri otuz ýyl geçdi. Ejemiň ýaşy ýetmişden agdy, garry adam nähili bagtly bolýan bolsa, ol hem şonuň ýaly bagtly – ýöne heniz-henizlerem: «ýylyrak geýin, ýagyş ýagjak bolup dur ahyryn...» diýen sözler birsyhly gulagyma gelip dur. Ejemiň göwnüne degen pursatlarym ýetginjeklik we irki ýaşlyk ýyllarynyň jümmüşine näçe çuň aralaşdygyňça bu zatlar şonça ýiti, şonça aýdyň ýada düşýär, wyždanymyň horlaýyşyny has çuňňur duýýan. Meniň eýýäm çal başym bar, şondada ejemiň öňünde özümi çaga ýaly duýýaryn, özi hem ýaşym geçdigiçe has çaga duýýaryn.
Ene – durmuşy ilkinji döredijidir. Oglum, saňa ömür berip, emdirenini, seniň öňüňde dünýäniň we ene diliň gözelligini açyp goýanyny, ýagşylyk-ýamanlyk, namyslylyk, binamyslyk hakyndaky ilkinji düşünjeleri ýüregiňe salanyňy hiç haçan unutmagyn. Aýal-ene – ýer ýüzündäki gözel zatlaryň baryny döredijidir, sebäbi ol Adamy döredijidir. Ejesini unudýan adam hakyky watançy bolup bilmez.
Enäniň ähli oý-pikirleriniň, aladasynyň, howsalasynyň çagalary hakda, olaryň ykballary hakda bolýandygyny sen ýatda sakla. Çagalarynyň ýüreklerinde we işlerinde ýagşylyk bolanynda – bu enäniň bagtydyr, ýamanlyk bolanynda bolsa – bu onuň hasratydyr.
Ýadyňda bolsun, her bir aýal enedir ýa-da geljekki enedir. Ol çagalaryna iň wepaly atanyň hem çekip-çydap bilmejek duýgularyny başdan geçirýär. Ol adam nesli baradaky jogapkärçiligini özüçe çuňňur, özüçe gözel duýýar. Enelik aýaly owadan hem paýhasly edýär. Aýal ene bolan wagtyndan başlap, onuň duýgusy özünden başga hiç kime başartmajak beýik asylly mana eýe bolýar. Äriniň käbir sypatlary – eger ol muňa mynasyp bolsa–ene üçin çagalarda beýanyny tapýar. Dünýädäki iň belent gözellik – zenan näzikligi gülläp ösýär. Eger siz, ýigitler, zenan näzikliginiň ähli çuňlugyna, ähli belentligine, maýyl ediji ähli güýjüne düşünip, olary duýsadyňyz, onda siz öz hyýaldyr etmişleriňizde ýüz esse asylly, arassa bolardyňyz.
Ene üçin ähli adam, şol sanda adamsy hem belli bir derejede öz çagalaryna öwrülýän, zenan mylaýymlygynyň bu iň ýokary ýüze çykmasy – her adamyň içki ruhy dünýäsini, onuň şatlykdyr gaýgylaryny duýmakdyr. Bu sypat gyzlara miras düşüp, ene bolmalaryndan has ozal olaryň özlerini alyp baryşlarynda ýüze çykýar. Gyzdaky zenan mylaýymlygynyň gadyryny bilmegi başar, onda geljekki enäni görmegi başar. Tebigat bilen jemgyýet oňa dünýädäki iň kyn döredijiligi – seni häzirkiň ýaly edip, häzirkiňden hem gowy edip gaýtalamagy, seniň ýüregiň urgusyny, paýhasyň uçgunyny geljege alyp gitmegi, özüniň we seniň gözelligiňi çagalara siňdirmegi tabşyrypdyr. Onuň zähmeti seniňkiden ep-esli çylşyrymlydyr. Onuň saglygyny, gözelligini, ömrüni aýap sakla. Adam nesliniň gözelliginiň beýany onuň öz gözelligindedir. Gyzyň göwnüne degmek, iň bolmanda zenandygy üçin oňa ýamanlyk etmek bolmaz. Gyzyň göwnüne degmek bilen, sen öz ejeňiň, ähli ejeleriň göwnüne degýänsiň. Seniň, aýala bolan garaýşyň – seniň kalbyň aýnasydyr.
Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni ykjam bagryma basyp, ogşaýaryn.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: